Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/10 sah. 25—28
  • Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýerli ýygnak
  • Bütindünýä gurama
  • Her bir çaganyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň
  • Sen şatlanyp bilersiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/10 sah. 25—28

Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň

ÇAGALAR bilesigeliji bolýar. Müsürde ilkinji Pesah gijesi ysraýylly çagalaryň: «Näme üçin guzy soýuldy?», «Näme üçin kakam gapynyň söýelerine gan çalýar?» we «Biz nirä barýarys?» diýen soraglary berendigini göz öňüne getiriň. Ýehowa şeýle soraglaryň ýaraýandygy, onuň ysraýylly atalara beren tabşyrygyndan görünýär. Ýehowa Pesah baýramyny bellemek babatda: «Çagalaryňyz sizden: «Bu baýram nämäni aňladýar?» diýip soranlarynda, siz olara: «Bu Rebbiň Pesahynyň gurbanlyk sadakasydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllylaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy» diýip jogap beriň» diýdi (Müs. çyk. 12:24—27). Soňra Ýehowa buýran «parzlary we hökümleri» barada çagalaryň berýän soraglaryna jogap bermegiň wajypdygyny ysraýylly ata-enelere ýatlatdy (Kan. tag. 6:20—25).

Görşümiz ýaly, Ýehowa çagalaryň hakyky sežde babatda berýän soraglaryna kanagatlandyryjy jogap almagyny isleýärdi. Ata-enesiniň berýän jogaplary çagalary Ýehowany Halasgär Hudaý hökmünde söýmäge höweslendirýärdi. Şu günlerem Ýehowa çagalardan şuny isleýär. Çagalar Hudaýy we onuň halkyny ýürekden söýer ýaly, ata-enesi olara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga we guramanyň biziň üçin nämeler edýändigine düşünmäge kömek etmeli. Çagalar Ýehowanyň guramasy barada jikme-jiklikleri biler ýaly, olara nädip kömek edip bolýandygyna seredeliň.

Ýerli ýygnak

Çagalar maşgalasynyň barýan ýygnagy bilen ýakyndan tanyşmaly. Munuň üçin siz, ata-eneler çagalaryňyzy ýygnak duşuşyklaryň ählisine alyp barmaly. Ysraýyllylar bu görkezmä eýerer ýaly, Ýehowa olara şeýle tabşyryk berdi: «Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary... ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler. Bu Kanuny bilmeýän olaryň çagalary hem... muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler» (Kan. tag. 31:12, 13).

Çagalar Ýehowanyň Sözüni bäbeklikden öwrenip başlap biler. Pawlus resul Timoteos barada: «Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýär» diýipdi (2 Tim. 3:15). Hatda kiçi çagalar hem ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlara düşünip ugraýar we Patyşalyk aýdymlaryny öwrenip başlaýar. Ýygnakda olar Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary ulanmagy hem-de aýap saklamagy öwrenýärler. Şeýle-de olar ýygnakda mesihçileriň biri-birini ak ýürekden söýýändigini duýýar. Isa şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35). Ýygnakdaky mähirli söýgi we howpsuzlyk çagalary özüne çekip, olara duşuşyklara yzygiderli barmaga hem-de ony durmuşynda esasy orunda goýmaga kömek eder.

Siz ýygnak duşuşyklaryna irräk baryp, gutaransoň hem biraz galsaňyz, çagalaryňyz dost tapyp biler. Olary diňe bir başga çagalar bilen däl, eýsem, dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen tanyşdyrsaňyz gowy bolar. Ýetginjekler uly ýaşly dogan-uýalar bilen tanyşsalar, tejribesi artar we paýhasly bolar. Gadymy döwürde Zakarýa Ýahudanyň ýaş patyşasy Uziýa «Hak Hudaýdan gorkmagy öwredip», gowy täsir etdi. Şu günlerem Ýehowa köp ýyldan bäri wepaly gulluk edýän dogan-uýalar ýaşlara gowy täsir edýär (2 Tar. 26:1, 4, 5). Siz Patyşalyk zalyna baranyňyzda kitaphananyň, bildiriş tagtasynyň we başga zatlaryň näme üçin niýetlenendigini çagalaryňyza düşündiriň.

Bütindünýä gurama

Ýygnagyňyzyň bütindünýä guramanyň 100 münden gowrak ýygnaklarynyň biridigini çagalara düşündirmeli. Guramanyň beýleki guramalardan tapawudyny, onuň ýerine ýetirýän işini we bu işi çagalaryň nädip goldap biljekdigini olara düşündiriň. Siz etrap, welaýat kongreslerine we aýlanýan gözegçiniň gelmegine näme üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyňyzy gürrüň beriň (28-nji sahypadaky «Maşgala okuwynda geçmeli temalar» atly bukja serediň).

Mümkinçiligiňiz bolsa, aýlanýan gözegçileri, missionerleri, beýtelçileri, pionerleri we doly wagt gulluk edýän başga-da gullukçylary myhmançylyga çagyryň. Olaryň çagalar üçin wagty ýokdur öýtmäň. Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar Isadan görelde alyp, çagalary güler ýüz bilen garşy alýar we olar bilen gepleşýär (Mar. 10:13—16). Çagalaryňyz olaryň gürrüňlerini diňläp, mukaddes gullugy şatlyk bilen ýerine ýetirýändigini görüp, doly wagt gulluk etmegi maksat goýup biler.

Çagalaryňyz Ýehowanyň guramasy bilen ýakyndan tanşar ýaly, siz ýene-de näme edip bilersiňiz? Ine, birnäçe maslahat: Maşgala okuwynda «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» atly kitaby öwreniň. Ýehowanyň gullukçylarynyň çuňňur söýgüsini, kiçigöwünliligini we wepalylygyny belläp geçiň. Ýehowa gullukçylary arkaly bütin dünýäde hoş habary nädip wagyz edýändigini görkeziň. Geçmişdäki we häzirki mysallardan wajyp sapak ediner ýaly, Ýehowanyň guramasynyň çykaran wideofilmlerine serediň. Mümkinçiligiňiz bolsa, ýurduňyzdaky ýa-da başga ýurtdaky filiallara, ýagny Beýtel öýüne baryň. Beýtele barsaňyz, I asyrdaky ýaly sadyk hem akylly hyzmatkäriň ýolbaşçylygynda Ýehowanyň ýerdäki guramasy ruhy iýmiti taýýarlaýandygy we bütin dünýädäki doganlara görkezme berýändigi çagalaryňyzda uly täsir galdyrar (Mat. 24:45—47; Res. iş. 15:22—31).

Her bir çaganyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň

Çagalaryňyza öwredende, Isanyň resullaryna öwredişini ýadyňyza salyň. Ol resullaryna: «Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz» diýdi (Ýahýa 16:12). Isa şägirtlerine köp maglumat bermeýärdi. Olar wajyp hakykaty gowy özleşdirer ýaly, ol kem-kemden öwredýärdi. Siz hem çagalaryňyza köp maglumat bermäň. Siz Ýehowanyň guramasy barada az-azdan, ýöne yzygider gürrüň berseňiz, olaryň mesihçiler ýygnagy hakynda bilmäge höwesi bolar. Çagalaryňyzyň düşünjesi artdygyça, olaryň bilýän zatlaryny gaýtalap, has giňişleýin düşündirse bolar.

Ýygnak duşuşyklary Hudaý bilen gatnaşygymyzy berkidýär, şol sebäpli oňa yhlasly gatnaşýan çagalar Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine berk garşy durup bilýär (Rim. 12:2). Çagalaryňyza Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek edip, şatlanjakdygyňyza biz ynanýarys. Ýehowanyň ýalkamagy bilen çagalar biziň gulluk edýän söýgüden doly Hudaýymyza we onuň guramasyna wepaly bolup biler.

[28-nji sahypadaky çarçuwa]

Maşgala okuwynda geçmeli temalar

Aşakda maşgala okuwynda Ýehowanyň guramasy barada geçmeli temalar berilýär.

▪ Ýerli ýygnagyň taryhyna serediň. Ýygnak haçan we nädip döredi? Ýygnak nähili Patyşalyk zallarynda geçirildi? Bulary ara alyp maslahatlaşanda, çagalaryňyzyň soragyna jogap berer ýaly, köp ýyldan bäri gulluk edýän dogany ýa-da uýany çagyrsaňyz gowy bolmazmy?

▪ Çagalara ýygnak duşuşyklaryň we kongresleriň maksadyny hem-de olaryň näme üçin peýdalydygyny düşündiriň.

▪ Ýehowanyň guramasynda dürli mekdepleriň näme maksat bilen geçirilýändigine serediň. Bu mekdepleri gutaran dogan-uýalaryň nähili üstünlikler gazanandygy barada gürrüň beriň.

▪ Çagalaryňyza her aý yzygiderli wagyz etmegiň wajyplygyny düşündiriň. «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabyndaky» bütindünýä hasabatyny görkezip, olaryň öz goşandyny nädip goşup bilýändigini aýdyň.

▪ Ýehowanyň guramasynda çagalaryň her dürli doly wagtly gulluga gatnaşyp bilýändigine serediň. Bu babatda «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 10-njy babynda gowy maglumat berilýär.

▪ Ýygnakda berilýän görkezmelere näme üçin eýermelidigine çagalara düşünmäge kömek ediň. Ujypsyz zatlarda-da näme üçin Ýehowanyň guramasyndan garaşsyz hereket etmeli däldigini olara düşündiriň. Çagalar ýaşulularyň görkezmesine eýerip, ýygnagyň düzgün-tertibine nädip ýardam edýändigini aýdyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş