Sen ýygnak duşuşyklarynda abatlaýarmyň?
«Bir ýere üýşüşeňizde... ählisi abatlama üçin bolsun» (1 KOR. 14:26).
1. 1 Korintoslylar 14-nji baba görä, ýygnak duşuşyklarynyň esasy maksady näme?
«ÝYGNAK duşuşuşygy meni nähili ruhlandyrdy!» Ýygnakdan soň sen şeýle diýipmidiň? Elbetde, aýdansyň! Ýygnak duşuşyklarynyň ruhlandyrýandygy geň galdyrmaýar. I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem ýygnak duşuşyklarynyň esasy maksady ähli mesihçileri ruhy taýdan berkitmek. Pawlus resul mesihçiler ýygnagynyň esasy maksadyny Korintoslylara ýazan birinji hatynda nygtap geçdi. Ol 1 Korintoslylaryň 14-nji babynda birnäçe gezek ýygnak duşuşuklarynyň maksady «ýygnagy abatlamaly» diýýär (1 Korintoslylar 14:3, 12, 26-njy aýatlary okaň)a.
2. a) Ýygnaklar nädip abatlanýar? b) Biz haýsy soraga serederis?
2 Biz ýygnak duşuşyklarynyň, ilki bilen, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly abatlanýandygyna düşünýäris. Şol sebäpli, her bir duşuşygyň başynda biz gökdäki Atamyz Ýehowa ýürekden doga edip, mukaddes ruhy arkaly ak pata bermegini dileýäris. Ýöne ýygnakdaky ähli mesihçiler mümkin boldugyndan duşuşyga gatnaşyp abatlap biler. Şonuň üçin her hepde ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, şypa bermek we ruhlandyrmak üçin nähili ädimler ädip bileris?
3. Ýygnak duşuşyklary näme üçin wajyp?
3 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, duşuşyklar babatda ýygnagy alyp barýan doganyň ýadynda saklamaly käbir aýratynlyklara seredeliň. Şeýle-de biz ýygnakdaky ähli dogan uýalaryň duşuşyklara barýanlaryň hemmesini nädip ruhlandyryp bilýändigine serederis. Biz muňa biperwaý garamaýarys, çünki duşuşyklarymyz mukaddesdir. Hakykatdan-da, Ýehowa sežde edenimizde, duşuşyklara gatnaşmak we jogap bermek wajyp (Zeb. 26:12; 111:1; Iş. 66:22, 23).
Duşuşykda Mukaddes Ýazgylary öwrenýäris
4, 5. «Garawul diňi» näme maksat bilen öwrenilýär?
4 Biziň ählimiz her hepde «Garawul diňini» öwrenip, doly peýda almak isleýäris. Bu duşuşygyň esasy maksadyna aýdyň düşünmek üçin, geliň, «Garawul diňi» žurnalyna we öwrenilýän makalalara girizilen käbir düzedişlere seredeliň.
5 2008-nji ýylyň «Garawul diňiniň» 15-nji ýanwar aýynda çykan sanyndan başlap, žurnalyň daşyna käbir düzedişler girizildi. Siz şoňa üns berdiňizmi? Suratdaky diňiň aşagynda açyk duran Mukaddes Ýazgylara üns beriň. Bu «Garawul diňini» näme üçin öwrenýändigimizi görkezýär. «Garawul diňi» arkaly biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýäris. Her hepde «Garawul diňini» öwrenende, Nehemýanyň döwründäki ýaly Hudaýyň Sözi «düşündirilýär» we onuň «manysy açylýar» (Neh. 8:8; Iş. 54:13).
6. a) «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşyga nähili düzedişler girizildi? b) «Okaň» diýlen aýatlar babatda nämäni unutmaly däl?
6 Mukaddes Ýazgylar esasy kitabymyz bolany üçin «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşyga düzedişler girizildi. Öwrenilýän makalalarda käbir aýatlar «okaň» diýip görkezilýär. Ýygnak duşuşyklarynda aýatlar okalanda, Mukaddes Ýazgylardan yzarlamak her birimize maslahat berilýär (Res. iş. 17:11). Näme üçin? Hudaýyň maslahatyny Mukaddes Ýazgylardan görende, bu bize güýçli täsir edýär (Ýew. 4:12). Şonuň üçin aýat sesli okalmazdan öň, ýygnagy alyp barýan dogan, hemmeler aýatlary tapyp, yzarlap biler ýaly ýeterlikli wagt bermeli.
Imanyňy bildirmek üçin ýeterlikli wagt berildi
7. «Garawul diňini» öwrenende, bizde nähili mümkinçilik bar?
7 «Garawul diňinde» öwrenilýän makalalara uzynlygy babatda ýene bir düzediş girizildi. Soňky ýyllarda, makalalar gysgaldyldy. Şol sebäpli «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşykda abzaslary okamaga az wagt, jogap bermäge bolsa köp wagt berilýär. Indi biz ýygnaklarda soraglara jogap berip, getirilen aýatlary düşündirmäge, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegiň paýhaslydygy barada mysallary gysgaça gürrüň berip, imanynymyzy bildirmäge mümkinçiligimiz köp. Şeýle-de suratlary düşündirmäge biraz wagt sarp etmeli (Zebur 22:22; 35:18; 40:9-njy aýatlary okaň).
8, 9. «Garawul diňi» duşuşygyny alyp barýan doganyň nähili borjy bar?
8 Emma «Garawul diňi» duşuşygy geçirilende, dogan-uýalar gysga jogap berse we ýygnagy alyp barýan dogan köp gürlemese, birnäçe jogaplar üçin berlen wagt peýdaly geçer. Duşuşyk hemmeleri abatlar ýaly, ýygnagy alyp barýan dogana özüniň we dogan-uýalaryň berýän jogaplaryny sazlaşdyrmaga näme kömek eder?
9 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin bir mysala seredeliň. Gowy geçirilýän «Garawul diňi» duşuşygyny, göze ýakymly çemene meňzetse bolar. «Garawul diňi» duşuşygynda birnäçe berilýän jogaplar uly çemeniň köp güllerden bogulşy kimindir. Çemendäki gülleriň ululygy we reňki dürli-dürli bolşy ýaly, duşuşykda berilýän ençeme jogaplaryň aýdylyşy hem-de uzynlygy birmeňzeş bolmaýar. Bu babatda ýygnagy alyp barýan dogan barada näme diýse bolar? Onuň käwgt berýän jogaplaryny, çemeni bezeýän ýaşyl ýapraklara meňzetse bolýar. Şol ýapraklar köp bolman, gaýtam çemeniň gurluşyny we bitewüligini bezeýär. Şonuň ýaly-da ýygnagy alyp barýan dogan köp geplemeli däldigini unutman, dogan-uýalara Hudaýy şöhratlandyrmaga ýardam etmeli. Hawa, duşuşykda ençeme dogan-uýalar jogap berende we ýygnagy alyp barýan dogan gowy taýýarlan käbir pikirleri belläp geçende, biri-biriniň sözüniň üstüni dolduryp, sözlerden boglan owadan çemen kimin bolup, ýygnaga gatnaşýanlaryň ählisiniň göwnüni göterer.
«Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny... hödürläliň»
10. I asyryň mesihçileri ýygnak duşuşyklaryna nähili garaýardy?
10 Pawlus resulyň 1 Korintoslylar 14:26—33-nji aýatlarda aýdan sözleri, I asyrda ýygnaklaryň nähili geçirilendigine düşünmäge kömek edýär. Bir alym bu aýatlary şeýle düşündirýär: «Irki mesihçileriň ýygnagy barada belläp geçmeli esasy zat, ýygnaga barýanlaryň ählisi diýen ýaly oňa gatnaşmagy özüne hormat saýyp, öz goşandyny goşmaga borçludygyny duýýardy. Ýygnaga gelýän adam diňe bir diňlemek ýa-da bir zat almak üçin däl-de, eýsem bermek üçin gelýärdi». Diýmek, I asyryň mesihçileri ýygnak duşuşyklaryna imanyny bildirmäge mümkinçilik hökmünde garaýardy (Rim. 10:10).
11. a) Ýygnagy esasanam näme abatlaýar we näme üçin? b) Haýsy maslahatlar gowy jogap bermäge kömek edýär? (Çykgyda seret).
11 Duşuşyklarda imanymyzy bildirip, biz ýygnagy «abatlaýarys». Elbetde, sen ýygnaga näçe ýyl gatnaşýandygyňa garamazdan, dogan-uýalaryň berýän jogaplaryndan lezzet alýansyň. Biz gartaşan, wepaly mesihçileriň ýürekden berýän jogaplaryny eşidip tolgunýarys, aladaçyl ýaşulularyň paýhaslylyk bilen gözegçilik edýändigine begenýäris. Şeýle-de çagalaryň Ýehowa bolan söýgüsini bildirmek üçin öz islegi bilen berýän jogabyna ýylgyranymyzy duýman galýarys. Biziň her birimiz soraglara jogap berip, ýygnakdaky dogan-uýalary abatlaýarysb.
12. a) Musa bilen Ýeremiýanyň mysalyndan biz näme öwrenýäris? b) Soraglara jogap berip biler ýaly, doga etmegiň näme ähmiýeti bar?
12 Käbir adamlar çekinjeň bolany üçin, olara jogap bermek örän kyn bolýar. Senem çekinjeň bolsaň, ýeke däldigiňi unutma. Hudaýyň wepaly gullukçylary Musa we Ýeremiýa pygamber hem adamlar bilen gepleşmäge çekinýändigini aýdypdy (Müs. çyk. 4:10; Ýerem. 1:6). Gadymy döwürde Ýehowanyň şol gullukçylara märekäniň öňünde Ony şöhratlandyrmaga kömek edişi ýaly, Hudaý saňa-da öwgi gurbanlaryny hödürlemäge ýardam eder (Ýewreýler 13:15-i okaň). Soraglara jogap bermäge çekinmez ýaly, Ýehowa saňa nädip kömek edip biler? Birinjiden, ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlan. Onsoňam, ýygnaga gitmezden öň, batyrgaýlyk bilen jogap bermek üçin Ýehowa doga et (Flp. 4:6). Sen Ýehowadan «Onuň islegine görä» näme dileseň-de, jogap berjekdigine şübhelenme (1 Ýahýa 5:14; Sül. tym. 15:29).
Ýygnaklaryň maksady «abatlamak, nesihat we göwünlik bermek»
13. a) Ýygnak duşuşyklary dogan-uýalara nähili täsir etmeli? b) Ýygnagyň ýaşululary üçin haýsy sorag örän wajyp?
13 Pawlus resul ýygnak duşuşyklarynyň esasy maksady «abatlamak, nesihat we göwünlik bermek» diýdic (1 Kor. 14:3). Şu günler mesihçi ýaşulular duşuşyklaryň dogan-uýalaryň ruhuny göterýändigine we göwünlik berýändigine nädip göz ýetirip biler? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Isa direlenden soň, duşuşygy nädip geçirendigine seredeliň.
14. a) Isa resullaryny duşuşyga çagyrmazdan öň, nähili wakalar boldy? b) Isa resullarynyň «ýanyna gelip» gürleşende, olar näme üçin begendi?
14 Ilki bilen, şol duşuşykdan öň bolan waka seredeliň. Isa öldürilmeginden öň, onuň resullary «Ony taşlap, gaçyp gitdiler» we pygamberlik edilişi ýaly her kim «öý-iline dagap gitdi» (Mar. 14:50; Ýahýa 16:32). Isa direlensoň, ruhdan düşen resullaryny ýörite duşuşyga çagyrdyd. Şeýlelikde, «on bir şägirt Jelilä— Isanyň aýdan dagyna» bardy. Resullar şol ýere baranda «Isa hem ýanlaryna gelip» gürleşdi (Mat. 28:10, 16, 18). Resullary Isanyň özi çagyrandygyna olaryň nähili begenendigini göz öňüne getiriň! Isa olar bilen näme hakynda gürleşdi?
15. a) Isa näme barada gürrüň etdi we näme diýmedi? b) Bu duşuşyk resullara nähili täsir etdi?
15 Isa: «Ähli ygtyýar... Maňa berildi» diýýär. Soňra ol şägirtlerine: «Gidiň-de... şägirt ediň» diýip, tabşyrýar. Şeýle-de Isa söýgi bilen olara: «Soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýýär. (Mat. 28:18—20). Isanyň näme etmändigine üns berdiňizmi? Ol resullary bilen duşuşanda käýemedi, imanlarynyň gowşandygy üçin müňkürlenmedi we utandyrmady. Gaýtam, Isa direlensoň, şägirtlerine wajyp tabşyryk berip, özüniň hem Atasynyň olary söýýändigini görkezdi. Isa resullarynyň ýanyna baranda, olara nähili täsir etdi? Olar bu duşuşykdan soň abatlandy, nesihat aldy, göwni göterildi we ýene-de «ders berip... hoş habary wagyz edip» başlady (Res. iş. 5:42).
16. Ýaşulular ýygnak duşuşyklary alyp baranda, Isanyň göreldesine eýerip, nädip dogan-uýalary ruhlandyryp biler?
16 Şu günlerem ýaşulular ýygnaklarda Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary Ýehowanyň elmydama söýýändigine ynandyryp biler (Rim. 8:38, 39). Ýaşulular ýygnakda doganlaryň kemçiligine däl-de, gowy häsiýetlerine üns berýär. Olar doganlaryň niýeti babatda müňkürlenmeýär. Gaýtam, olaryň aýdýan sözleri Ýehowany söýýän we dogrulyk etmek isleýän dogan-uýalara bolan garaýşyny görkezýär (1 Sel. 4:1, 9—12). Elbetde, ýaşulular käwagt tutuş ýygnagy düzetmek üçin maslahat bermeli bolýar, emma birnäçe adamy düzetmeli bolanda, maslahat ýekelikde berilse gowy bolar. Ýaşulular ýygnagy alyp baranda, olaryň maksady ýerlikli wagty öwgüli sözler aýtmaly (Iş. 32:2). Ýygnaga gelen ähli dogan uýalar dynçlyk tapyp, güýç alar ýaly, ýaşulular ýygnak duşuşykdan soň hem olara öwgüli sözleri aýtmaga tagalla etmeli (Mat. 11:28; Res. iş. 15:32).
Ýygnak duşuşyklary howpsuz ýer
17. a) Şu günler ýygnak duşuşyklarynyň howpsuz ýer bolmagy näme üçin wajyp? b) Ýygnak duşuşyklary abatlar ýaly sen näme edip bilersiň? («Ýygnakda özüňi we başgalary abatlamagyň on usuly» diýen çarçuwa seret).
17 Şeýtanyň dünýäsi gitdigiçe has zalymlaşýar. Biz mesihçiler ýygnagynyň ählimiz üçin teselli tapýan howpsuz ýeri bolar ýaly, tagalla etmeli (1 Sel. 5:11). Birnäçe ýyl mundan öň äri bilen agyr synagy başdan geçiren bir uýa şeýle diýýär: «Biz ýygnakda Ýehowanyň mähirli goluny duýýardyk. Dogan-uýalarymyzyň arasynda bolanda ýükümizi Ýehowanyň üstüne taşlap, ýüregimiz giňeýärdi» (Zeb. 55:22). Ýygnaga barýanlaryň ählisi şeýle ruhlanyp, göwni göterilip bilýär. Şol sebäpli, geliň, ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalary abatlamak üçin elimizden gelenini edeliň.
a I asyryň ýygnak duşuşyklaryndaky käbir zatlaryň bes ediljekdigi öňünden aýdylypdy. Meselem, biz «başga dillerde geplemeýäris» we «pygamberlik etmeýäris» (1 Kor. 13:8; 14:5). Emma Pawlusyň bize beren nesihaty ýygnak duşuşyklaryny nähili geçirmelidigine has gowy düşünmäge kömek eder.
b 2003-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňiniň» 19—22-nji sahypalarynda ýygnak duşuşyklarynda gowy jogap bermek üçin maslahatlar berilýär.
c «Ruhlandyrmak» bilen «göwni götermegiň» tapawudy U. Ýe. Waýnyň «Täze ähtdäki sözleriň düşündiriş sözlügine» görä, «göwni götermek» diýlip terjime edilen grek sözi «ruhlandyrmakdan has mähirli duýgyny» aňladýar (Ýahýa 11:19-y deňeňdiriň).
d Pawlus resul Isa «bäş ýüzden köp dogana birden göründi» diýende, şol wakany göz öňüne tutan bolmaly (1 Kor. 15:6).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýygnak duşuşyklary näme üçin wajyp?
• Duşuşyklarda jogap bersek, näme üçin «ýygnagy abatlaýarys»?
• Isanyň şägirtleri bilen duşuşygyndan biz näme öwrenýäris?
[22, 23-nji sahypadaky çarçuwa]
ÝYGNAKDA ÖZÜŇI WE BAŞGALARY ABATLAMAGYŇ ON USULY
Öňünden taýýarlan. Ýygnakda geçiljek materiala öňünden taýýarlansaň, duşuşyk gyzykly geçer we saňa gowy täsir eder.
Ýygnaga yzygiderli bar. Ýygnaga dogan-uýalar yzygiderli barsa, imandaşlar ruhlanýar, şol sebäpli sen hem ýygnaga barsaň, olara gowy täsir eder.
Ýygnaga wagtynda gel. Eger sen duşuşyk başlamazdan öň gelseň, başda aýdylýan aýdyma we doga goşulyp bilersiň. Bular hem Ýehowa sežde etmegi aňladýar.
Edebiýatlary al. Geçilýän materialy yzarlap, olara gowy düşüner ýaly, Mukaddes Ýazgylary we geçiljek edebiýatlary ýanyň bilen al.
Ünsüňi sowma. Meselem, telefona gelen SMS-leri duşuşyk geçirilýän wagty däl-de, soň oka. Her zadyň öz wagty bar.
Duşuşyga gatnaş. Soraglara köpräk jogap berseň, imanyňy bildirip, dogan-uýalary örän ruhlandyrýarsyň we abatlaýarsyň.
Gygaça jogap ber. Gysgaça jogap berseň, birnäçe dogan-uýalara hem jogap bermäge mümkinçilik berersiň.
Ýumuşlary ýerine ýetir. Teokratik gulluk mekdebinde we gulluk duşuşygynda çykyş etmeli bolanyňda, öňünden gowy taýýarlan hem-de berlen ýumşuňy ýerine ýetirjek bol.
Öwgüli sözler aýt. Duşuşykda çykyş edenleri ýa-da jogap berenleri öwüp, eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildir.
Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bol. Ýygnak duşuşygy başlamazdan öň we soň ýöne bir oturman, dogan-uýalary abatlamak üçin mähirli gürleş. Şeýtsek şatlanarys we bize peýdaly bolar.