TERJIMEHAL
Ýehowa bilen syýahat
MEN 1951-nji ýylda Kanadanyň Kwebek welaýatynyň kiçijik Ruen şäherine bardym. Gapyny kakanymda uzyn boýly, 23 ýaşly Marsel Filtoa dogan açdy. Ol Gilead mekdebini gutarypdy we missioner bolup gulluk edýärdi. Men pioner bellenendigim hakdaky hatymy uzadanymda, ol gözüni tegelekläp: «Seniň bärdedigiňden ejeň habary barmy?» diýdi. Şol wagt 16 ýaşymdadym, boýum hem gysgajykdy.
HAKYKATY BILDIK
Ene-atam Şweýsariýadan Kanadanyň Ontario welaýatynyň Timmins şäherine göçýär. Ol ýerde kömür gazylyp alynýardy. 1934-nji ýylda men dünýä inipdirin. 1939-njy ýylda ejem Ýehowanyň Şaýatlarynyň «Garawul diňi» žurnalyny okap başlaýar. Biz ýedi dogandyk, ejem biziň ählimizi ýygnak duşuşyklaryna alyp giderdi. Biraz wagtdan ejem suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolýar.
Kakam muny halamady, ýöne ejem hakykat ýolundan sowulmazlygy berk ýüregine düwüpdi. 1940-njy ýyllarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi gadagan edilse-de, ejemiň imany gowşamady. Kakam ejeme sögýärdi, gygyrýardy, ýöne ejem kakama bir gezegem gaty-gaýrym söz aýtmady, hemişe sylag-hormat goýýardy. Ejemiň göreldesi çagalarynyň ýüreginde öçmejek yz galdyrdy. Şeýlelikde, biziň hemmämiz Ýehowanyň Şaýady bolduk. Soňabaka kakamyň hem ýüregi ýumşady.
UZAK WAGTLY GULLUK
1950-nji ýylyň tomsunda «Teokratiýanyň ösüşi» atly kongrese gatnaşdym. Men ol ýerde dünýäniň dört künjeginden gelen dogan-uýalar bilen tanyşdym we Gilead mekdebini gutaran dogan-uýalaryň beren gürrüňlerini diňledim. Meniň ýüregimde Ýehowa gulluk etmek islegi ot bolup tutaşdy. Men uzak wagtly gulluk etmegi maksat edindim. Öýe gelen badyma pioner gullugy baradaky arzany dolduryp, Kanadanyň filialyna iberdim. Filialdaky doganlar ilki bilen suwa çümdürilmelidigimi aýtdy. Men 1950-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda suwa çümdürildim. Bir aýdan soň men pioner gullugyna başladym. Doganlar meni Kapaskazing şäherine gulluk etmäge iberdiler. Ol şäher meniň önüp-ösen ýerimden örän uzakda ýerleşýärdi.
Andre Kwebekde wagyz edýär
Kwebekde ýaşaýan adamlar, esasan, fransuz dilinde gepleýärdi. 1951-nji ýylyň ýazynda filial komiteti fransuz dilinde gepläp bilýän wagyzçylary şol ýerde gulluk etmäge çagyrýar. Men hem iňlis, hem fransuz dilinde gepleýärdim, şol sebäpli çakylygy derrew kabul etdim. Filial meni Kwebegiň Ruen şäherinde gulluk etmäge belledi. Men şol şäherde hiç kimi tanamaýardym. Meniň elimde diňe barmaly ýerimiň salgysy bardy. Gürrüňimiň başynda gapyny uzyn boýly ýaş ýigidiň açandygyny aýdypdym. Men ol dogan bilen jana-jan dost boldum. Kwebek welaýatynda dört ýyl gulluk etdim. Men başda pioner, soňra ýörite pioner bolup gulluk etdim.
GILEAD MEKDEBI WE AŞYK-MAGŞUKLARYŇ DÖWRI
Kwebekde gulluk edip ýörkäm, meni Gilead mekdebiniň 26-njy klasyna okamaga çagyrdylar. Çakylygy okanymda, gözlerime ynanmadym. Mekdep Saut-Lansingde (Nýu-Ýork) geçirildi. Men mekdebi 1956-njy ýylyň 12-nji fewralynda tamamladym. Doganlar meni Günbatar Afrikanyň Ganab döwletine gulluk etmäge belledi. Men Gana gitmezimden öň resminamalarymy düzetmek üçin Kanada gitdim. Men resminamalar birki hepdede düzeler öýtdüm, ýöne munuň üçin ýedi aý gerek boldy.
Men Torontoda Krips doganyň öýünde ýaşadym. Doganyň Şeýla atly owadan gyzy bardy. Biz biri-birimize aşyk bolduk. Men toý tutmak barada pikirlenip başladym welin, resminamalarym taýyn boldy. Men Şeýla bilen doga etdim we toýy soňa goýmak kararyna geldik. Şeýlelikde, men Gana gaýtdym, ýöne biri-birimize hat ýazýardyk. Elbetde, Şeýladan aýra düşmek kyn boldy, emma biziň ikimizem gelen kararymyza ökünmedik.
Soňra men otluda, uçarda, ýük gämisinde bir aýlap ýol söküp, ahyry Gananyň Akkra şäherine bardym. Meni welaýat gözegçisi edip bellediler. Men Gana, Kot-d’Iwuara we Togolende (häzir Togo) aýlanyp dogan-uýalary ruhlandyrýadym. Men şol ýurtlara filialyň beren jip maşynynda aýlanýardym. Men gullugymy örän gowy görýärdim.
Hepdäniň ahyrynda etrap kongresi geçirilýärdi. Men kongresiň gowy geçirilmeginiň aladasyny edýärdim. Howa yssydy, Kongresler köşgi ýokdy. Ýöne doganlar bambuk we palma agaçlarynyň ýapraklaryndan bassyrma ýasadylar. Biz soýulmaly mallary agylda saklaýardyk. Sowadyjymyz bolmansoň, olary nahar bişirmezimiziň öň ýany soýýardyk.
Kongresde gyzykly wakalar hem bolýardy. Bir gezek Herb Jenninksc nutuk bilen çykyş etdi. Şonda bir sygyr ýüpünden boşap, kongres geçirilýän ýere girdi. Herb dogan sakga durdy, sygyr bolsa ikiýan ylgaýardy. Dadymyza dört dogan ýetişäýdi. Olar sygry tutup, kongres geçirilýän ýerden alyp gitdiler, dogan-uýalar el çarpyşyp ör turdular.
Men hepdäniň içinde obalara aýlanyp, «Täze dünýä jemgyýeti hereketde» filmini görkezýärdim. Men ony iki agaja ýa-da pürse berkidilen ak matada görkezýärdim. Oba ilaty filmi gaty gowy görýärdiler. Olaryň köpüsi filmi ömründe ilkinji gezek görýärdi. Olar filmde suwa çümdürilýän dogan-uýalary görenlerinde, begenişip el çarpyşýardylar. Olar dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybir halkdygyna göz ýetirdiler.
Toý tutan günümiz (Gana, 1959 ý.)
Men Afrikada iki ýyl gulluk edenimden soň, 1958-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen halkara kongrese gatnaşdym. Ol ýerde kimi görendirin öýdýärsiňiz? Elbetde, Şeýlany! Ol Kwebekde ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Biz biri-birimizi görüp begendik, hat ýazyşmak bir zat, didarlaşmak başga zat ekeni. Men Şeýla: «Maňa durmuşa çykarmyň?» diýdim. Ol razylaşdy. Şonda men Norrd dogana şeýle hat ýazdym: «Men Şeýla öýlenip, Ganada bileje gulluk etmek isleýärin. Toýdan öň Şeýla Gilead mekdebinde okasa bolarmy?» Norr dogan hem razylaşdy. Şeýla Gilead mekdebini okap, Gana geldi. Biz 1959-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Akkra şäherinde toý tutduk. Biz iki ýyl mundan öň toý tutup bilerdik, emma howlukmadyk. Ýehowanyň islegini birinji orunda goýanymyza hiç hili ökünmeýäris. Hawa, Ýehowa bize köp bereketleri berdi.
KAMERUNDAKY GULLUK
Kamerundaky Beýtelde işläp otyr
1961-nji ýylda bizi Kamerunyň filialyna bellediler. Men gözegçi bolup gulluk edýärdim we başagaýdym, köp zatlary öwrenmelidim. 1965-nji ýylda aýalym göwreli boldy. Men begenjegimem, gynanjagymam bilmedim. Kaka bolmak — uly jogapkärçilik. Aýalym ikimiz Kanada dolanyp, dünýä injek çagamyza terbiýe bermegi ýüregimize düwüpdik welin, şum habary eşitdik.
Aýalymyň çagasy düşdi. Biz gaty gynandyk. Lukman onuň oglanjykdygyny aýtdy. 50 ýyl geçdi, häzirem ýürek ýaram bitenok. Emma biz gullugymyzy taşlap gaýtmadyk, sebäbi Ýehowanyň tabşyran işlerini gymmat saýýardyk.
Men Şeýla bilen Kamerunda (1965 ý.)
Kamerundaky dogan-uýalar bitaraplygyny saklandygy üçin ýowuz yzarlamalara döz gelmeli boldy. Esasanam, prezident saýlawy geçirilende kyn bolýardy. 1970-nji ýylyň 13-nji maýynda Kamerunda wagyz işi gadagan edilýär. Biziň owadan Beýtel binamyz hökümetiň haýryna geçirilýär. Täze bina göçenimize bary-ýogy bäş aý bolupdy. Bir hepdäniň içinde ähli missionerler ýurtdan çykaryldy. Aýalym ikimiz Kamerundan gitmeli bolanymyza gaty gynandyk. Sebäbi dogan-uýalary gowy görýärdik we agyr synaglara nädip döz gelerkäler diýip alada edýärdik.
Biz Fransiýa bardyk we filialda alty aý gulluk etdik. Men Kamerundaky dogan-uýalaryň aladasyny edýän bölümde işleýärdim. Soňra Kamerundaky ýygnaklar Nigeriýanyň gözegçiligi astyna geçdi. Şonda biz 1970-nji ýylyň dekabrynda Nigeriýanyň filialyna bardyk. Dogan-uýalar gujak açyp garşy aldylar. Biz birnäçe ýyl yhlasly gulluk etdik.
KYNÇYLYKLAR
1973-nji ýylda aýalym bilen Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän kongrese bardym. Aýalym agyr keselden ejir çekýärdi. Ol gözlerine ýaş aýlap: «Andre, indi çydamok, kesel bar güýç-kuwwatymy aldy. Men yzyma dolanyp biljek däl» diýdi. Men mähriban aýalyma guwanýaryn. Ol Günbatar Afrikada 14 ýyldan gowrak wepaly gulluk etdi. Indi biz käbir zatlary üýtgetmelidik. Biz Ýehowa ýürekden doga etdik we näme edip, näme goýjakdygymyz hakda maslahatlaşdyk. Şeýlelikde, missoner gullugyny goýup, Kanada dolanmaly diýen karara geldik, sebäbi öýde aýalymyň has gowy aladasyny edip bilerdim. Dogrusyny aýtsam, ikimiz üçinem uzak wagtly gullugy goýmak aňsat bolmady.
Biz Kanadanyň Toronto şäherine göçdük. Ol demirgazykda ýerleşýärdi. Meniň köne dostum ulag satmak bilen meşgullanýardy. Men onuň ýanyna işe girdim. Şeýla bilen kireýne jaýda ýaşadyk we ulanylan goşlary satyn aldyk. Biz sada ýaşaýardyk, sebäbi uzak wagtly gulluk etmegi maksat edinýärdik. Emma biz maksadymyza tiz ýeteris öýtmeýärdik.
Ontarionyň Norwal şäherinde Kongresler köşgi gurulýardy. Men her hepdäniň şenbe güni gurluşyga gatnaşýardym. Doganlar maňa Kongresler köşgüniň gözegçisi bolmagy teklip etdi. Aýalymyň saglygy gün-günden gowulaşýandygy üçin, men olar bilen razylaşdym. Biz 1974-nji ýylyň iýunynda Kongresler köşgüne degişli jaýa göçdük. Biz ýene-de uzak wagtly gulluga başlanymyza örän begenýärdik.
Şeýla keselinden gutuldy, indi saglygy tut ýalydy. Iki ýyldan meni etrap gözegçisi edip bellediler. Biz Kanadanyň iň sowuk welaýatyny, ýagny Manitobadaky ýygnaklary idemelidik. Bäriniň aňzak gyşy bardy, emma mähirli dogan-uýalaryň söýgüsi bizi çoýýardy. Biz nirede gulluk edýäniň däl-de, Kime gulluk edýäniň wajypdygyna düşündik.
ÖMÜR PENDIM
Biz etrap gözegçisi bolup birnäçe ýyl gulluk etdik. 1978-nji ýylda bizi Kanadanyň Beýteline çagyrdylar. Men ömrüme pent bolan bir zady öwrendim. Bir gün men Monrealdaky ýörite duşuşykda fransuz dilinde bir ýarym sagatlyk nutuk bilen çykyş etdim. Gynansak-da, men diňleýjileri gyzyklandyryp bilmedim. Gulluk bölüminden bir dogan maňa maslahat berdi. Men içimden: «Ol meni birjigem öwmedi, diňe döwdi» diýdim. Men onuň bolşuny, maslahat berşini, äheňini halamadym, şeýdip, maslahaty kabul edip bilmedim. Biziň sözümiz azaşdy. Men yzyma ser salanymda, nutuk bilen gowy çykyş etmändigime düşünýärin. Men doganyň äheňine däl-de, maslahatyna üns bermelidim.
Kongresde edinen sapagym
Birki günden filial komitetinden bir dogan bolan ýagdaý barada sorady. Men ýalňyşandygymy, maslahaty kabul etmändigimi boýun aldym. Soňra maslahat beren dogandan ötünç soradym. Ol meni bagyşlady, onuň geçirimliligine diýseň begendim. Men: «Ýehowa, pesgöwünli bolmaga kömek et!» diýip, gaýta-gaýta doga etdim. Şu bolan waka meniň bütin ömrüme sapak boldy (Nak. 16:18). Men maslahat berlende öýkelemegiň deregine, derrew kabul etmegi ýüregime düwdüm.
Men 40 ýyldan bäri Kanadanyň Beýtelinde, 1985-nji ýyldan bäri bolsa, filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýärin. Ýehowa gulluk etmek uly hormat! 2021-nji ýylyň fewralynda mähriban aýalym aradan çykdy. Men ony gaty küýseýärin. Indi öz saglygym hem öwerlikli däl. Ýöne men bar güýjüm bilen Ýehowa gulluk edip şatlyk tapýaryn. Men Günüň nädip dogup, nädip ýaşanyny bilmeýärin (Nes. 5:20). Durmuşda ajy günlerem, süýji günlerem bolýar, ýöne men durmuşymdan razy. Men Ýehowa 70 ýyldan gowrak uzak wagtly gulluk etdim. Gadyrly ýaş dogan-uýalar, siziň üçin Ýehowa her gün doga edýärin. Siz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup, wagtyňyzy we güýjüňizi gaýgyrman Oňa gulluk ediň. Şonda durmuşda iň bagtly adam bolarsyňyz we kanagat taparsyňyz.
b Afrikanyň şu döwletine «Altyn kenar» diýilýärdi. 1957-nji ýyla çenli ol Angliýanyň golastynda boldy.
c «Garawul diňi» žurnalyndan Herbert Jenninksiň terjimehalyny okap bilersiňiz (w00-U 1/12).
d Neýton Norr guramanyň prezidentidi.