Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Mart sah. 24—29
  • Biri-biriňizi ýürekden söýüň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biri-biriňizi ýürekden söýüň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PARAHATLYGY DIKELDIŇ
  • ALA TUTMAŇ
  • MYHMANSÖÝER BOLUŇ
  • Myhmansöýer bolmak örän wajyp
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Başdaky söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Dogan-uýalary ýürekden söýüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Öz edýän işleriňize şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Mart sah. 24—29

ÖWRENILÝÄN MAKALA 13

Biri-biriňizi ýürekden söýüň

«Biri-biriňizi ak ýürekden söýüň» (1 Pet. 1:22).

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

MAZMUNYa

Isa wepaly resullary bilen gepleşýär.

Isa pygamber ýerdäki ömrüniň soňky gijesi «biri-biriňizi söýüň» diýip maslahat berdi (1, 2-nji abzaslara serediň)

1. Isa şägirtlerine nähili anyk tabşyryk berdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

ISA PYGAMBER ýerdäki ömrüniň soňky gijesi şägirtlerine anyk tabşyryk berip: «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň» diýdi. Soňra sözüni şeýle dowam etdi: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýah. 13:34, 35).

2. Biri-birimizi söýmek näme üçin wajyp?

2 Isa hemmeleriň şägirtlerini tanajakdygyny aýdypdy. Munuň üçin olar Isanyň göreldesine eýerip ýürekden söýmelidiler. Isanyň aýdan sözleri I asyrda-da, şu günler hem ýerine ýetýär. Hawa, nähili kynçylyk bolsa-da, birek-biregi söýmek örän wajyp!

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Adamzat nesline miras geçen bikämillik sebäpli birek-biregi ýürekden söýmek kyn bolmagy ahmal. Muňa garamazdan, biz Isa Mesihiň göreldesine eýermeli. Şu makalada biz söýgi häsiýetiniň parahatlygy dikeltmäge, ala tutmazlyga we myhmansöýer bolmaga kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Makalany okanyňyzda: «Kynçylyklara garamazdan, biri-birini söýýän dogan-uýalardan näme öwrenip bilerin?» diýip, özüňize sorag beriň.

PARAHATLYGY DIKELDIŇ

4. Matta 5:23, 24-nji aýatlara görä, göwnümize degen dogan-uýalar bilen näme üçin ýaraşmaly?

4 Isa göwnümize degen dogan ýa-da uýa bilen ýaraşmagyň örän wajypdygyny aýtdy (Matta 5:23, 24-nji aýatlary okaň). Ol Hudaýyň göwnünden turmak islesek, hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolmalydygymyzy nygtap geçdi. Biz dogan-uýalar bilen ýaraşmak üçin jan etsek, Ýehowa örän begenýär. Ýöne biz öýke-kine saklap, ýaraşmak üçin tagalla etmesek, Alla seždämizi kabul etmez (1 Ýah. 4:20).

5. Mark dogana ýaraşmak näme üçin kyn boldy?

5 Bize parahatlygy dikeltmek kyn bolup biler. Näme üçin? Geliň, Markb bilen bolan wakany bileliň. Bir dogan Marky ýazgaryp, dogan-uýalara ol hakda erbet zatlary aýdanda, oňa gaty agyr degdi. Şonda Mark näme etdi? Ol şeýle ýatlaýar: «Men gahardan ýaňa ýarylaýjak boldum». Soňra Mark öz bolşuna ökünip, parahatlygy dikeltmek üçin dogandan ötünç soramak isleýär. Emma beýleki dogan onuň bilen ýaraşmak islemeýär. Mark ilkibaşda: «Eger ol ýaraşmak islemese, meniň munça tagalla etmegim näme gerek?» diýip oýlanýar. Emma etrap gözegçisi Marka ýan bermezligi maslahat berýär. Indi Mark näme eder?

6. a) Mark parahatlygy dikeltmek üçin nähili tagalla etdi? b) Mark dogan Koloslylar 3:13, 14-nji aýatlardaky maslahata nädip eýerdi?

6 Mark öz garaýşy barada çuňňur oýlananda, pesgöwünli däl-de, özüne çendenaşa göwni ýetýändigini bilýär. Ol garaýşyny üýtgetmelidigine düşünýär (Kol. 3:8, 9, 12). Mark ýaňky doganyň ýanyna baryp, özüni gödek alyp barandygy üçin pesgöwünlilik bilen ýene-de ötünç soraýar. Şeýle-de Mark oňa hat ýazyp, bolan zatlara gynanýandygyny, ýene-de dost bolmak isleýändigini aýdýar we gowy görýän zadyny sowgat berýär. Gynansak-da, dogan Marky bagyşlaman öýkeläp gezýär. Ýöne Mark ýan bermän, Isanyň doganyňy söýmek we bagyşlamak baradaky tabşyrygyna eýerýär (Koloslylar 3:13, 14-nji aýatlary okaň). Belki-de, parahatlygy dikeltmek üçin edýän tagallamyz netijesiz bolup biler. Ýöne biz Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ýürekden söýsek, olary bagyşlarys we ýaraşmak üçin Hudaýa doga ederis (Mat. 18:21, 22; Gal. 6:9).

Surat: uýa öýkelän jorasy bilen ýaraşmak üçin elinde baryny edýär. 1. Öýkelän uýa jorasynyň jaňyny almaýar. 2. Öýkelän uýa jorasynyň sowgadyny kabul etmeýär. 3. Jorasy öýkelän uýany gowy görýändigini aýdýar.

Ýaraşmak üçin köp tagalla etmeli (7, 8-nji abzaslara serediň)c

7. a) Isa nähili maslahat berdi? b) Uýa nähili kyn ýagdaýa düşýär?

7 Isa adamlaryň bize näme etmegini isleýän bolsak, olara hem şeýle etmegi maslahat berdi. Şeýle-de ol diňe bizi söýýänleri söýmeli däldigimizi aýtdy (Luka 6:31—33). Ýygnakdaky dogan-uýalaryň biri salamlaşman, sizden gaçyp ýörse, özüňizi erbet duýarsyňyz gerek?! Lara uýa hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir uýa hamala meni görmeýän ýaly, hemişe salamlaşman geçip giderdi. Men hiç zada düşünmeýärdim. Özümi örän erbet duýýardym, hatda ýygnaga-da barasym gelmeýärdi». Lara ilkibaşda: «Men günäkär däl. Onsoňam, dogan-uýalar hem onuň özüni alyp barşyny geň görýärler» diýip oýlanýar.

8. Lara parahatlygy dikeltmek üçin näme etdi?

8 Lara parahatlygy dikeltmek üçin aýgytly ädimleri ädýär. Ol Ýehowa doga edýär we uýa bilen gepleşmek kararyna gelýär. Uýalar özara gepleşdiler we ýaraşyp, biri-birini gujakladylar. Göräýmäge, hemme zat gülala-güllük ýalydy. Lara şeýle gürrüň berýär: «Ýöne uýa ýene-de özüni öňküsi ýaly alyp bardy. Men ruhdan düşdüm». Lara şol uýa bilen ýaraşsa, özüni bagtly duýaryn öýdýär, ýöne ol uýany söýüp, «ýürekden bagyşlamagyň» iň esasy zatdygyna göz ýetirýär (Efes. 4:32—5:2). Lara ýürekden söýýän mesihçiniň «ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýändigine... ähli zada döz gelýändigine, ähli zada ynanýandygyna, ähli zada umyt edýändigine, ähli zada çydaýandygyna» düşünýär (1 Kor. 13:5, 7). Şondan soň Lara kän alada etmeýär. Wagtyň geçmegi bilen şol uýa ýene-de Lara bilen gowy gatnaşyp başlaýar. Dogan-uýalar bilen parahatlygy dikeltmek üçin jan etseňiz we olary ýürekden söýseňiz, «söýýän we parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar» (2 Kor. 13:11).

ALA TUTMAŇ

9. Resullar 10:34, 35-nji aýatlara görä, näme üçin adamlary ala tutmaly däl?

9 Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar (Resullar 10:34, 35-nji aýatlary okaň). Biz hiç kimi ala tutman, Hudaýyň perzentleridigimizi subut edýäris we «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen tabşyryga eýerip, dogan-uýalar bilen parahatlykda ýaşaýarys (Rim. 12:9, 10; Ýak. 2:8, 9).

10, 11. Rut erbet duýgularyny nädip ýeňip bildi?

10 Belki-de, käbirimize adamlary ala tutmazlyk aňsat bolmasa gerek. Geliň, Rut uýa bilen bolan wakany bileliň. Ol ýetginjekkä kyn ýagdaýy başdan geçirýär. Rutuň maşgalasyna başga halkdan bir aýal ýamanlyk edýär. Rut şol günleri ýatlap: «Men şol ýurdy ýigrendim. Tutuş halkyny-da, dogan-uýalary-da şol aýal ýaly erbet hasapladym» diýýär. Rut erbet duýgularyny nädip ýeňip bildi?

11 Rut nädogry garaýşyny üýtgetmelidigine düşünýär. Ol «Ýyllyk kitabyndan» şol ýurduň wagyz hasabatyny we dogan-uýalar bilen bolan wakalary okaýar. Rut şeýle gürrüň berýär: «Men şol ýurduň halkyna dogry garaýyşda bolmak üçin jan etdim. Ol ýerdäki dogan-uýalaryň Ýehowa yhlasly gulluk edýändigine göz ýetirdim. Şonda men olaryň hem bütindünýä doganlygyň agzasydygyna düşündim». Ýöne Rut has köp tagalla etmelidigine göz ýetirýär. Ol şeýle diýýär: «Şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalara duşanymda, mähirli salamlaşmak üçin elimde baryny edýärin. Olar bilen gepleşip, has ýakyndan tanaýaryn». Rutuň tagallasy ýerine düşdümi? Ol: «Wagtyň geçmegi bilen erbet duýgularym ýitirim boldy» diýýär.

Ýygnak jaýynda iki maşgala telefona seredip gülýär. Aňyrda üç ýaş dogan gyzykly gürrüň edýär. Garry dogan bilen hiç kim gepleşmeýändigi üçin ýüzüni sallap barýar.

Eger biz «bütin dünýädäki doganlary söýsek», hiç kimi ala tutmarys (12, 13-nji abzaslara serediň)d

12. Sara näme bilen göreşmelidi?

12 Käbir adamlar ala tutýandygyny özleri hem bilýän däldir. Meselem, Sara adamlary ala tutmaýaryn diýýärdi, sebäbi adamlary milletine, baý ýa-da garypdygyna, guramada edýän borçlaryna görä toparlara bölmeýärdi. Ýöne Sara: «Görüp otursam, men adamlary ala tutýan ekenim» diýýär. Sara medeniýetli maşgalada terbiýe alandygy üçin, diňe özi ýaly ýokary bilimli adamlar bilen gatnaşýardy. Hatda ol bir gezek dogana: «Men diňe ýokary bilimli dogan-uýalar bilen dostlaşýaryn, başgalar bilen gatnaşmaýaryn» diýýär. Hawa, Sara garaýşyny üýtgetmelidi. Oňa näme kömek etdikä?

13. Biz Sara bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

13 Etrap gözegçisi Sara garaýşyny düzetmäge kömek etdi. Sara şeýle gürrüň berýär: «Ol Hudaýa wepaly gulluk edýändigimi, ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary berýändigimi we Mukaddes Kitaby gowy bilýändigimi aýdyp, meni öwdi. Soňra ol Hudaý barada bilimimiz artdygyça, has-da kiçigöwünli, pespäl we rehimdar adam bolmalydygymyzy düşündirdi». Etrap gözegçisiniň sözleri Sara güýçli täsir edýär. Sara: «Men dogan-uýalary ýürekden söýüp, mähirli bolmagyň wajypdygyna düşündim» diýýär. Şondan soň Saranyň dogan-uýalara bolan garaýşy üýtgeýär. Ol: «Dogan-uýalaryň haýsy häsiýetlerini Ýehowanyň gowy görýändigini bilmek üçin jan etdim» diýýär. Sara bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Biz bilimimize buýsanyp, dogan-uýalary äsgermezçilik etmeli däl. Eger «bütin dünýädäki doganlary söýsek», hemmelere deň garap, ala tutmarys (1 Pet. 2:17).

MYHMANSÖÝER BOLUŇ

14. Ýewreýler 13:16-a görä, Ýehowa myhmansöýer adamlara nähili garaýar?

14 Ýehowa myhmansöýer adamlary örän gowy görýär (Ýewreýler 13:16-ny okaň). Eger biz myhmansöýer bolsak, esasanam, mätäç adamlara kömek etsek, Alla muny seždämiziň bir bölegi hasaplaýar (Ýak. 1:27; 2:14—17). Şonuň üçin Mukaddes Kitapda «myhmansöýer boluň» diýip maslahat berilýär (Rim. 12:13). Myhmansöýer bolsak, dogan-uýalary gowy görýändigimizi, aladasyny edýändigimizi we dostumyz hasaplaýandygymyzy görkezeris. Biz olary çaýa, nahara çagyrsak, wagtymyzy bile geçirsek, Ýehowa begener (1 Pet. 4:8—10). Ýöne myhmansöýer bolmaga päsgel berýän zatlar hem bar.

Uýa gurluşyk işine gatnaşýan är-aýaly myhman alýar.

«Men myhman çagyrmaýardym, ýöne garaýşymy üýtgetdim we köp şatlyk tapýaryn» (16-njy abzasa serediň)e

15, 16. a) Näme üçin käbirleri myhman çagyryp bilmeýär? b) Edit uýa myhmansöýer bolmaga näme kömek etdi?

15 Biz mümkinçiligimiziň çäklidigi ýa-da medeniýetimiz sebäpli myhman çagyryp bilýän däldiris. Geliň, dul galan Edit uýa hakda bileliň. Ol Ýehowanyň Şaýady bolmanka, adamlary myhmançylyga çagyrmaýardy, sebäbi özüne garanyňda başgalaryň myhman çagyrmaga köp mümkinçiligi bar diýip pikir ederdi.

16 Edit Ýehowanyň Şaýady bolansoň garaýşyny üýtgedýär. Ol myhmansöýer bolmak üçin birnäçe ädimleri ädýär. Edit şeýle gürrüň berýär: «Täze ýygnak jaýy gurlup başlanda, ýaşuly dogan bir är-aýalyň gurluşyga kömek etmäge geljekdigini aýtdy. Olary iki hepdelik myhman almagy menden haýyş etdi. Şonda men Ýehowanyň sareptaly dul aýala bereket berendigi hakda oýlandym» (1 Pat. 17:12—16). Edit är-aýaly myhman alýar. Ol nähili bereketlere eýe bolýar? Edit şeýle diýýär: «Olaryň gelenine örän begendim we diňe iki hepde däl, iki aý galmaklaryny haýyş etdim. Şeýdip, olar bilen ýakyndan dostlaşdym». Şeýle-de Edit uýa ýygnakdaky dogan-uýalar bilen hem dostlaşýar. Häzir ol pioner bolup gulluk edýär we wagyzdan soň dogan-uýalary çaýa çagyrýar. Edit şeýle diýýär: «Men bermekden şatlyk tapýaryn. Şeýle-de myhmansöýer bolup, köp bereketlere eýe bolýaryn» (Ýew. 13:1, 2).

17. Luka dogan nämä düşündi?

17 Belki, biz dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýandyrys. Ýöne has-da myhmansöýer bolmak üçin näme edip bileris? Meselem, Luka dogan bilen aýaly myhmansöýerdi. Olar ene-atasyny, dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny we etrap gözegçisi bilen aýalyny myhmançylyga çagyrýardylar. Ýöne Luka şeýle diýýär: «Biz diňe öz dostlarymyzy myhmançylyga çagyrýan ekenik». Luka we aýalyna has-da myhmansöýer bolmaga näme kömek etdi?

18. Luka bilen aýalyna has-da myhmansöýer bolmaga näme kömek etdi?

18 Luka dogan bilen aýaly Isanyň: «Siz özüňizi söýýänleri söýseňiz, başgalardan näme tapawudyňyz bar?» diýen sözleri barada oýlanyp, nädogry garaýşyny üýtgedýärler (Mat. 5:45—47). Olar ähli adamlara ýagşylyk edýän Ýehowanyň göreldesine eýermelidigine göz ýetirýärler. Indi Luka bilen aýaly kimi myhmançylyga çagyrmadyk bolsalar, şol dogan-uýalary öýüne çagyrýarlar. Luka şeýle diýýär: «Ählimiz hezil etdik, ruhlandyk, Ýehowa we dogan-uýalara has-da ýakynlaşdyk».

19. Isanyň hakyky şägirdidigimizi nädip subut edip bileris we siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

19 Biz dogan-uýalary ak ýürekden söýsek, parahatlygy dikelderis, adamlary ala tutmarys we myhmansöýer bolarys. Şeýle-de erbet duýgularymyzy ýeňip, dogan-uýalary ak ýürekden söýsek, bagtly bolarys we Isanyň hakyky şägirdidigimizi subut ederis (Ýah. 13:17, 35).

BIRI-BIRIMIZI AK ÝÜREKDEN SÖÝSEK NÄDIP...

  • parahatlygy dikelderis?

  • adamlary ala tutmarys?

  • myhmansöýer bolarys?

88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret

a Isa şägirtleriniň söýgi häsiýetinden tanaljakdygyny aýtdy. Biz dogan-uýalary söýsek, parahatlygy dikelderis, ala tutmarys we myhmansöýer bolarys. Ýöne muny etmek hemişe aňsat däl. Şu makalada biri-birimizi ak ýürekden söýmäge kömek edýän peýdaly maslahatlary bileris.

b Şu makaladaky käbir atlar üýtgedildi.

c SURATLAR: Uýanyň ýaraşmak üçin eden ilkinji tagallasy puja çykýar, ýöne ol ýan bermeýär. Ol ýürekden söýmegini dowam edýär we parahatlygy dikeldýär.

d SURAT: Ýygnak jaýynda garry dogana hiç kim üns bermeýär.

e SURAT: Uýa başda myhman almaga çekinýär. Soňra garaýşyny üýtgedip, myhmansöýerlik bildirýär we köp şatlyk tapýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş