Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp21 No. 3 sah. 9—11
  • Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KÖP ADAMLARYŇ SAÝLAN ÝOLY
  • PEÝDASY BARMY?
  • Gowy durmuş — her bir adamyň arzuwy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Gowy ýaşamagy öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Giriş
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Ýokary bilim we baýlyk bagtly edýärmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
wp21 No. 3 sah. 9—11
Bir gelin garry daýza awtobusda ýer berýär.

Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?

Asyrlarboýy köp adamlar «ýagşy adam bolsaň, görjegiň gowy bolar» diýen pikire uýýardylar. Meselem, Aziýa ýurtlarynda dabarasy dag aşan mugallym we filosof Konfusiý (b. e. öň 551—479-njy ýyllar) şeýle diýýär: «Özüňe edilmegini islemeýän zadyňy başgalara-da etme»a.

KÖP ADAMLARYŇ SAÝLAN ÝOLY

Şu günler köp adamlar sogap işleri etseler, gowy ýaşajakdygyna ynanýar. Olar edep-ekramly, päk wyždanly bolýar, adamlara sylag-hormat goýýar we jemgyýete peýda getirýär. Wýetnamda ýaşaýan Lin atly aýal şeýle diýýär: «Men dogruçyl bolsam, halal ýaşasam, adamlara ýagşylyk etsem, olar hem maňa ýagşylyk eder diýip pikir edýärdim».

Ol öýsüz-öwzarsyz adamlara nahar berýär.

Käbir adamlar dini ynançlaryna görä ýagşylyk edýär. Taýwanda ýaşaýan Şu-Ýun şeýle gürrüň berýär: «Maňa çagalygymdan: „Eger ýagşylyk etseň, iki dünýäň abat bolar, erbetlik edäýseň welin, o dünýäde ejir baryny çekersiň“ diýip öwretdiler».

PEÝDASY BARMY?

Gelin agşamara ýadaw halda oguljygyny ýatyrýar.

Ýagşy adamlary köpler gowy görýär, emma gynansak-da, olaryň sogap işleriniň gadyryny hemmeler bilmeýär. Gonkongda ýaşaýan Şi Pin şeýle gürrüň berýär: «Men adamlaryň ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermeýändigine göz ýetirdim. Men maşgalamy bagtly etmek üçin gije-gündiz zähmet çekdim, ýöne bary biderek boldy. Ärim oguljygym bilen meni taşlap gitdi».

Köpleri dindar adamlaryň ählisiniň halal ýaşamaýandygyna göz ýetirdiler. Ýaponiýada ýaşaýan Etsaka atly aýal şeýle gürrüň berýär: «Men bir dini topara goşuldym we ýaşlar üçin dini çäreleri geçirýärdim. Men dini ýolbaşçylaryň ahlaksyzlyk edýändigini, wezipeparazdygyny we buthana berilýän sadakalary öz bähbidine ulanýandygyny görenimde ör-gökden geldim».

«Men maşgalamy bagtly etmek üçin gije-gündiz zähmet çekdim, ýöne bary biderek boldy. Ärim oguljygym bilen meni taşlap gitdi» (Şi Pin, Gonkong).

Dindar adamlaryň käbiri edýän ýagşy işleriniň bela-beterden goramaýandygyna göz ýetirende lapykeç boldular. Wýetnamda ýaşaýan Wen şeýle gürrüň berýär: «Men her gün gül, gök önüm we iýer-içer ýaly zat satyn alyp, ata-babalarymyň guburynda goýardym. Men olardan maşgalamy howp-hatardan goramagyny we bereket bermegini dilärdim. Men ençeme ýyllap ýagşy işleri etdim, dini däp-dessurlary berjaý etdim, emma ärim agyr keselledi, daşary ýurtda okap ýören gyzym aradan çykdy».

HALAL ÝAŞAÝANLAR NÄME ÜÇIN BAGTLY BOLMAÝAR?

Ýagşylyk etmek wajyp, emma gowy ýaşamak üçin ýeterlik däl. Näme üçin? Geliň, pygamberler kitabynda näme aýdylýandygyny bileliň.

HALAL ÝAŞAÝANLARAM BAR, ÝAŞAMAÝANLARAM

«Bir günäkär edilen köp gowy zady zaýalap biler» (NESIHAT 9:18).

Siz ýagşy adam bolmak üçin eliňizde baryny etseňiz hem, özdiýenli adamlar sebäpli ejir çekmegiňiz mümkin. Meselem, koronawirus keseliniň ýaýran döwründe siz döwletiň kanunyna gulak asyp, adamlar bilen aradaşlygy sakladyňyz, emma käbirleri gulak asmady. Netijede, bir erbet adam sebäpli ençeme ýagşy adamlar ejir çekdi.

ADAMLAR KÄTE ÝAGŞYNY ÝAMANDAN SAÝGARMAÝAR

«Ýol bardyr, adama dogry görünýär, emma soňy ölüme eltýär» (NAKYLLAR 14:12).

Käbir adamlar başlan işiniň dogrudygyna ynanýar, soňra bolsa ýalňyşandygyna düşünýär. Olaryň niýeti gowy bolsa-da, soňy erbetlik bilen gutarýar. Taryha ser salsak, biz şuňa meňzeş ençeme wakalaryň şaýady bolýarys.

ADAM ÖZÜNE NÄMÄNIŇ GARAŞÝANDYGYNY BILMEÝÄR

«Siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz» (ÝAKUP 4:14).

Bu gün göreniň ertir ýok. Dogruçyl adamyň hem ömür tanapy duýdansyz kesilip biler. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri käbirleri adamlara kömek etmek üçin şirin janyny pida etdiler. Hytaýda ýaşaýan Li Tin atly gyzyň kakasy ulag heläkçiliginde aradan çykýar. Li Tin şeýle gürrüň berýär: «Ulag heläkçiliginde kakamdan başga hiç kim aradan çykmady. Meniň kakam zähmetsöýerdi, pespäl, akgöwünli adamdy. Şeýle gowy adamyň aradan çykandygyny hiç akylyma sygdyryp bilemok».

Görşümiz ýaly, sogap işleri edýän adamlar hem kösenýär. Onda gowy durmuşda ýaşamak üçin näme etmeli? Şu soragyň jogabyny bilmek üçin ynamdar kitaby okap görmeli. Şeýle kitaby nireden tapyp bolar?

a Köpräk bilmek üçin «Adamzat Hudaýyň gözleginde» (rus.) diýen kitabyň 7-nji babynyň 31—35-nji abzaslaryny okap bilersiňiz. Kitaby Ýehowanyň Şaýatlarynyň www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş