Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp21 No. 3 sah. 12—14
  • Gowy ýaşamagy öwredýän kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gowy ýaşamagy öwredýän kitap
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES KITAP
  • Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
    Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
  • Maşgala kömek edýän maslahatlar
    Oýanyň! — 2018
  • Siz gelejege nähili garaýarsyňyz?
    Siz gelejege nähili garaýarsyňyz?
  • Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
wp21 No. 3 sah. 12—14
Bir adam Mukaddes Kitaby okap otyr.

Gowy ýaşamagy öwredýän kitap

Geçen makalalardan bilşimiz ýaly, adamlar gowy ýaşamak üçin dürli usullary ulandylar. Käbirleri palçylara ýüz tutdular, käbirleri ýokary bilim aldylar, baýadylar, başgalary bolsa ýagşy işleri etdiler. Bularyň ählisi nädogry ugry görkezýän kompasa meňzeýär. Şol kompas boýunça ýörän adamlar lapykeç boldy. Onda dogry ýoly görkezýän kompas barmy? Elbetde, bar!

MUKADDES KITAP

Köpleri wajyp karara gelmezden öň çal saçly gojalardan we pähim-parasatly adamlardan maslahat soraýar. Edil şonuň ýaly, bizem bagtly bolmak üçin adamlardan has köp ýaşan we has akyldar Allatagaladan maslahat soramaly. Onuň maslahatlary 3 500 ýyl mundan öň gadymy golýazmalara ýazylyp başlandy. Şol golýazmalara Mukaddes Kitap diýilýär.

Mukaddes Kitabyň maslahatlarynyň peýdalydygyna näme üçin ynanyp bileris? Sebäbi ol hak Allanyň ylhamy bilen ýazyldy. Töwratda Allatagala «Owaldan Bar Bolan» we «ebedilik bar» bolan diýilýär (Danyýar 7:9; Zebur 90:2). Ol «asmany döreden, Ýeri ýaradan» hak Hudaýdyr (Işaýa 45:18). Ol bize adynyň Ýehowadygyny mälim edýär (Zebur 83:18).

Mukaddes Kitap adamzady ýaradan hak Allanyň Sözüdir. Allatagala Mukaddes Kitaby belli bir halk üçin däl-de, hemme adamlar üçin ýazdyrdy. Onuň maslahatlarynyň gadyr-gymmaty hiç haçan gaçmaz. Mukaddes Kitap iň köp dile terjime edilen we ýaýradylan kitapdyra. Ony dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar öz ene dilinde okap köp peýda alýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

«Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (RESULLAR 10:34, 35).

Ene-ata çagalaryny jany-teni bilen söýýär. Olary howp-hatardan goramak üçin öwüt-nesihat berýär. Ýehowa hem söýgüden doly Ata hökmünde bize kömek etmek we goramak üçin Mukaddes Kitap arkaly maslahat berýär (2 Timoteos 3:16). Biz Onuň Sözüne ynanyp bileris, sebäbi Ol bizi ýaratdy. Allatagala bize nämäniň gerekdigini özümizden hem gowy bilýär.

MUKADDES KITAP — YNAMA MYNASYP

Surat: 1) otluda barýan ýigit telefonyndan kitap okaýar. 2) Onuň telefonynda Mukaddes Kitap açyk dur.

Biz Mukaddes Kitaba doly ynanyp bileris. Sebäbi dünýäniň ýagdaýy, adamlaryň gylyk-häsiýeti hakda 2 000 ýyl mundan öň ýazylan pygamberlikler gözümiziň alnynda ýerine ýetýär.

DÜNÝÄNIŇ ÝAGDAÝY

«Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar» (LUKA 21:10, 11).

ADAMLARYŇ GYLYK-HÄSIÝETI

«Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän... adamlar bolar» (2 TIMOTEOS 3:1—5).

Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler jikme-jik ýerine ýetýär. Siz hem Gonkongda ýaşaýan Liýunyň aýdan sözleri bilen ylalaşsaňyz gerek. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler gadym döwürde ýazylypdyr. Hiç bir adam gelejekde boljak zatlary ençeme asyr öň jikme-jik, takyk aýdyp bilmeýär. Diýmek, Mukaddes Kitaby adamlardan has paýhasly we öňdengörüji hak Hudaý ýazdyran bolmaly».

Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine şek-şübhe ýok, sebäbi ondaky pygamberlikleriň ýüzlerçesi eýýäm ýerine ýetdib. Ýehowa şeýle diýýär: «Men Hudaý, meniň ýaly ýok. Soňunda näme boljagyny öňünden aýdypdym» (Işaýa 46:9, 10). Şol sebäpli siz Mukaddes Kitapda gelejek barada aýdylan zatlaryň dogrudygyna doly ynamly bolup bilersiňiz.

MUKADDES KITABYŇ ŞU GÜNLER WE GELEJEKDE BERJEK PEÝDASY

Är-aýal çagalary bilen tebigatda el tutuşyp barýar.

Şu günler Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýerýän adamlar köp peýda alýar. Geliň, ondaky käbir maslahatlara seredeliň.

PUL WE IŞ

«Biraz dynç almak agyr zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr» (NESIHAT 4:6).

MAŞGALA

«Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun» (EFESLILER 5:33).

OŇŞUKLY ÝAŞAMAK

«Gahar-gazaba münme, ruhdan düşüp, egri ýola sowulma» (ZEBUR 37:8).

Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýersek gowy durmuşa umyt edip ýaşarys. Mukaddes Kitapda Allatagalanyň gowy durmuşy peşgeş berjekdigi hakda ýazylan.

ASUDA WE PARAHAT DURMUŞ

«Ýumşaklar... parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (ZEBUR 37:11).

GOWY JAÝ WE ÝOKUMLY IÝMIT

«Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler» (IŞAÝA 65:21).

KESELÇILIK WE ÖLÜM BOLMAZ

«Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (YLHAM 21:4).

Eşretli durmuşyň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

a Mukaddes Kitabyň terjime edilişi we ýaýradylyşy hakda köpräk bilmek üçin www.jw.org saýtynyň TAGLYMATLAR > TARYH WE MUKADDES KITAP diýen bölümine giriň.

b Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap Hudaýyň sözümi ýa-da ynsan sözi?» (rus.) diýen kitabyň 9-njy babyny okap bilersiňiz. Kitaby Ýehowanyň Şaýatlarynyň www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz. EDEBIÝATLAR > KITAPLAR WE BROŞÝURALAR bölümine giriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş