Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Iýun sah. 20—24
  • Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «PESGÖWÜNLI ADAMLAR» KIMLERI AŇLADÝAR?
  • DOGAN-UÝALARY BAŞYŇYZA TÄÇ EDIŇ
  • ÝÜREKDEN BAGYŞLAŇ
  • ÖÝKE-KINE SAKLAMAŇ
  • Biri-biriňizi bagyşlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Dogan-uýalar bilen agzybir boluň
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Biz näme üçin bagyşlamaly?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Iýun sah. 20—24

ÖWRENILÝÄN MAKALA 25

Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň

«Pesgöwünli adamlary kemsitmäň» (Mat. 18:10).

113-NJI AÝDYM Hudaýyň parahatlygy

MAZMUNYa

1. Ýehowa her birimiz üçin näme etdi?

ÝEHOWA siziň her biriňiz bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özi ätdi (Ýah. 6:44). Ýehowa milliardlarça adamlaryň içinden sizi saýlady. Hudaý siziň ýüregiňiziň päkdigini we ony razy edip ýaşamak isleýändigiňizi gördi (1 Tar. 28:9). Ýehowa sizi tanaýar, ýagdaýyňyza düşünýär we ýürekden söýýär. Muny bilip, başyň göge ýetýär!

2. Isa pygamber Hudaýyň her birimizi söýýändigini nädip düşündirdi?

2 Ýehowa sizi-de, dogan-uýalary-da gowy görýär. Isa pygamber Ýehowa Hudaýy çopana meňzetdi. Çopan ýüz goýundan biri ýitse näme edýär? Ol 99 goýny dagda goýup, ýiteni gözlemäge gidýär. Ony tapanda urup-sögmeýär, gaýtam ýürekden begenýär. Ýehowa hem biziň her birimizi ýürekden söýýär. Isa pygamber: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» diýdi (Mat. 18:12—14).

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biziň hiç birimiz dogan-uýalaryň göwnüne degmek islemeýäris. Biz dogan-uýalary öýkeletmez ýaly näme etmeli? Olar biziň göwnümize degse näme? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Geliň, ilki Matta 18-nji bapda aýdylýan «pesgöwünli adamlaryň» kimleri aňladýandygyny bileliň.

«PESGÖWÜNLI ADAMLAR» KIMLERI AŇLADÝAR?

4. «Pesgöwünli adamlar» kimleri aňladýar?

4 «Pesgöwünli adamlar» Isa pygambere iman edýänleri aňladýar. Olaryň arasynda çagalar, ýaşlar we garrylar bar. Olaryň ählisi «çaga ýaly» Isadan öwrenmäge taýyn (Mat. 18:3). Olar dürli welaýatdan bolsalar-da, medeniýeti, garaýşy, häsiýeti tapawutlansa-da, Isa pygambere iman edýärler. Isa hem olaryň ählisini ýürekden söýýär (Mat. 18:6; Ýah. 1:12).

5. Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degilse, Ýehowa nähili täsir edýär?

5 Ýehowa «pesgöwünli adamlary» gözüniň göreji ýaly goraýar. Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Biz eýjejik çagalary gowy görýäris, olary howpdan goramak isleýäris. Sebäbi çagalar ejiz bolýar, uly adamlar ýaly agy-garany saýgaryp bilmeýär. Kimdir biri çagajyklara gygyrsa ýa-da olary ursa, biziň gaharymyz gelýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa pesgöwünli adamlary, öz halkyny goraýar. Biri olaryň göwnüne degse, imanyny gowşatsa, Ýehowanyň gahary gelýär (Işa. 63:9; Mar. 9:42).

6. 1 Korinfliler 1:26—29-njy aýatlara görä, Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar?

6 Ýene haýsy sebäbe görä, Isa iman edýän adamlara pesgöwünli diýse bolar? Şu dünýäde baý, at-abraýly wewezipeli adamlara hormat goýulýar. Emma Isa pygambere iman edýän adamlary «äsgermeýärler», olary adam sanynda görmeýärler (1 Korinfliler 1:26—29-njy aýatlary okaň). Ýöne Ýehowa olary gymmatbaha dürdäne hasaplaýar.

7. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?

7 Ýehowa biziň ählimizi söýýär. Biz Hudaýy ýaňy-ýakynda tanasak-da, köp ýyldan bäri gulluk etsek-de, Ol biziň aladamyzy edýär. Ýehowa biziň ählimiziň gadyrymyzy bilýär. Bizem onuň göreldesine eýerip, «bütin dünýädäki doganlary söýmeli» (1 Pet. 2:17). Biz dogan-uýalaryň aladasyny etmeli we goldamaly. Käte aýdýan sözümiz we özümizi alyp barşymyz bilen dogan-uýalaryň göwnüne degip bileris. Emma biz: «Gaty görseň, gaty ýerde otur» diýip, biperwaý bolmaly däl. Gaýtam olaryň näme üçin öýkeländigine düşünjek bolmaly. Belki, olar çagalykda ene-atasynyň mährini görmän ulalandyr. Olar çagalykda kemsinip ulalansoň, sähel zada öýkeleýändir. Ýa-da olar ýaňy-ýakynda Ýehowa hakda bilim alyp başlandyr. Şonuň üçin dogan-uýalardan kämillige garaşýandyr. «Agzybire Taňry biýr» diýlişi ýaly, dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etmäge jan etmeli. Çalt gaharlanýan dogan-uýalar hem öz üstünde işläp, giň göwünli bolmaly. Şonda olar ýüreginde kine saklaman, dogan-uýalar bilen parahatlykda ýaşar.

DOGAN-UÝALARY BAŞYŇYZA TÄÇ EDIŇ

8. Şägirtleriň Isa beren soragyndan näme bilse bolýar?

8 Isa pygamber näme üçin «pesgöwünli adamlar» barada gürrüň berdi? Şägirtleri Isadan: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?» diýip sorady (Mat. 18:1). I asyrda ýehudylar şan-şöhraty we at-abraýy hemme zatdan ýokary tutupdyrlar. Bir taryhçy şeýle diýýär: «Adamlar bütin ömrüne sylag-hormat we şan-şöhrat gazanmak üçin ýaşapdyrlar».

9. Isa şägirtlerine näme maslahat berdi?

9 I asyrda ýehudylar özüni adamlardan ýokary saýýardylar. Isa şeýle garaýşyň şägirtleriniň aňyna siňendigini bilýärdi. Isa olara: «Kim uly bolsa, kiçi ýaly bolsun, kim ýolbaşçy bolsa, hyzmatkär bolsun» diýdi (Luka 22:26). Biz «başgalary özümizden ýokary saýsak» pesgöwünli bolarys (Flp. 2:3). Biz pesgöwünli bolsak, dogan-uýalaryň göwnüne degmeris.

10. Pawlus resul nähili maslahat berdi?

10 Biz dogan-uýalary özümizden ýokary saýmaly. Munuň üçin olaryň ençeme ýagşy häsiýetleriniň bardygyny we bizden has ökdedigini boýun almaly. Şeýle-de Pawlus resulyň korinflilere beren şu maslahatyna eýermeli: «Seniň başgalardan näme artykmaç ýeriň bar? Saňa ähli zady Hudaý bermedimi näme? Eger ähli zady Hudaý beren bolsa, onda näme üçin özüň gazanan ýaly öwünýärsiň?» (1 Kor. 4:7). Dogan-uýalaryň bizi şöhratlandyrmagyny ýa-da öwüp arşa çykarmagyny islemeýäris. Eger dogan ökde nutukçy bolsa ýa-da uýa Mukaddes Kitap okuwyny ökdelik bilen geçirýän bolsa, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly.

ÝÜREKDEN BAGYŞLAŇ

11. Isanyň patyşa we hyzmatkär baradaky mysalyndan näme öwrenýäris?

11 Isa resullaryna adamlaryň göwnüne degmeli däldigini aýdýar; soňra patyşa we hyzmatkär baradaky mysaly gürrüň berýär. Patyşa hyzmatkäriniň ummasyz bergisini geçýär. Ýöne hyzmatkär özüne ujypsyz karzy bolan adamdan bergisini bermegi talap edýär. Patyşa muny eşidip, rehimsiz hyzmatkäri türmä basýar. Biz mundan näme öwrenýäris? Isa pygamber: «Siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz» diýdi (Mat. 18:21—35).

12. Göwnümize degen adamy bagyşlamasak kimlere zyýan ýeter?

12 Hyzmatkäriň eden işi diňe özüne däl, başgalara-da zyýan ýetirdi. Birinjiden, ol karzyny üzüp bilmedik hyzmatkäri türmä basdyrýar, «bergisini berýänçä türmede sakladýar». Ikinjiden, «beýleki hyzmatkärler muny görüp, örän gynanýarlar». Edil şonuň ýaly, biziň hem özümizi alyp barşymyz dogan-uýalara zyýan ýetirip biler. Göwnümize degen dogany ýa-da uýany bagyşlamasak näme bolar? Birinjiden, biz ýüz bermän ýörsek, ol ruhdan düşer. Ikinjiden, dogan-uýalar hem aramyzda öýke-kinäniň bardygyny görüp gynanarlar.

Uýa Ýygnak jaýynda öýkeläp ýören uýa bilen ikiçäk gepleşýär. Suratlar: 1. Wagyz duşuşygynda dogan iki uýany wagza gitmäge belleýär. Öýkeli uýanyň onuň bilen wagyz edesi gelmeýär. 2. Uýalar şatlanyp bile wagyz edýärler.

Siz dogan-uýalardan öýkeleýärsiňizmi ýa-da ýürekden bagyşlaýarsyňyz? (13, 14-nji abzaslara serediň).c

13. Siz pioner uýanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

13 Biz göwnümize degen dogan-uýalary bagyşlamaly. Şonda hemmeler özüni gowy duýarlar. Geliň, pioner uýa Kristinab bilen bolan wakany bileliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir uýanyň aýdan sözleri ýüregime pyçak bolup sanjyldy. Onuň bilen wagyz edesim gelmedi. Şatlygym gaýga öwrüldi. Wagyz edere güýç-gurbatym galmady». Kristina kyn ýagdaýa düşdi, ýöne uýadan öýkelemedi we diňe özi hakda pikir etmedi. Ol 1999-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Ýürekden bagyşlaň» diýen makalany okaýar. Kristina makaladaky Mukaddes Kitaba esaslanýan maslahata eýerip, uýany ýürekden bagyşlaýar. Ol şeýle diýýär: «Biziň her birimiz ýagşy häsiýetleri ösdürmäge jan edýäris. Ýehowa hem bizi her gün höwes bilen bagyşlaýar. Men uýany bagyşlanymda, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy, ýene-de şatlanyp, wagyz edip başladym».

14. Matta 18:21, 22-nji aýatlara görä, Petrus resula näme etmek kyn boldy we biz Isanyň maslahatyna eýermek üçin näme etmeli?

14 Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlamagyň wajypdygyna düşünýäris. Ýöne käte ýürekden bagyşlamak kyn bolýar. Petrus resula-da bagyşlamak aňsat düşmändi (Matta 18:21, 22-nji aýatlary okaň). Dogan-uýalary ýürekden bagyşlamak üçin näme etmeli? Birinjiden, Ýehowanyň bizi her gün bagyşlaýandygy barada oýlanmaly (Mat. 18:32, 33). Biz gaýta-gaýta ýalňyşsak-da, Ýehowa bizi ýürekden bagyşlaýar (Zeb. 103:8—10). Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlamaga we «söýmäge borçly» (1 Ýah. 4:11). Ikinjiden, bagyşlamagyň berýän peýdasy hakda oýlanmaly. Göwnümize degen adamy ýürekden bagyşlasak, onuň derdine derman bolarys, ýygnakda agzybirligiň bolmagyna ýardam ederis, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we özümizi rahat duýarys (2 Kor. 2:7; Kol. 3:14). Üçünjiden, bagyşlamagy öwredýän Ýehowa Hudaýa doga-dileg etmeli. Şeýtanyň biziň aramyza çöp atmagyna ýol bermäliň (Efes. 4:26, 27). Ýehowa bil baglasak, Şeýtanyň toruna düşmeris.

ÖÝKE-KINE SAKLAMAŇ

15. Koloslylar 3:13-e görä, dogan-uýalar göwnümize degende näme etmeli?

15 Dogan-uýalaryň biri göwnüňize degip, ýüregiňize ýara salsa, näme edip bilersiňiz? Onuň bilen düşünişmek üçin eliňizde baryny ediň. Ýüregiňizi döküp, Ýehowa doga ediň, göwnüňize degen adamyň ýagşy häsiýetlerini görmäge kömek etmegini soraň. Göwnüňize degen adam üçin hem Hudaýa doga-dileg ediň (Luka 6:28). Şonda-da bagyşlamak kyn bolsa, onuň bilen ikiçäk gepleşiň. Ol göwnüňize bilgeşleýin degendir öýtmäň (Mat. 5:23, 24; 1 Kor. 13:7). Ony günäkärlemän, düşünişmezligi çözjek boluň. Eger ol ýaraşmak islemese näme? Ruhdan düşmäň, «sabyrly boluň» (Koloslylar 3:13-i okaň). Iň wajyby bolsa, öýke-kinäniň ýüregiňizde kök urmagyna ýol bermäň. Ýogsam Ýehowa bilen dostlugyňyz bozular. Goý, hiç zat sizi büdretmesin! Şonda Ýehowany ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz (Zeb. 119:165).

16. Biz näme etmäge jan etmeli?

16 Biz Ýehowa Hudaýa agzybirlikde sežde edip bilýändigimize begenýäris. Ählimiz «bir sürä» degişli we biziň «bir çopanymyz» bar (Ýah. 10:16). «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabynyň 153-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Agzybirligi saklamak üçin, sizem oňa öz goşandyňyzy goşmaga jan etmeli... Biz dogan-uýalara... Ýehowa ýaly garamagy öwrenmeli». Ýehowa biziň ählimizi eziz perzentleri hasaplaýar. Bizem dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Ýehowa biziň dogan-uýalary goldamak üçin edýän ähli tagallamyzy gymmat saýýar (Mat. 10:42).

17. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Biz imandaşlarymyzy ýürekden söýmeli. Dogan-uýalaryň öňünde «büdredýän daş ýa-da böwet» bolmaly däl (Rim. 14:13). Biz dogan-uýalary başymyzyň täji hasaplamaly we ýürekden bagyşlamaly. Geliň, dogan-uýalardan öýkelemäliň, «parahat ýaşamak hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň» (Rim. 14:19).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Matta 18-nji bapda aýdylýan «pesgöwünli adamlar» kimleri aňladýar?

  • Dogan-uýalary özümizden ýokary saýmaga näme kömek eder?

  • Dogan-uýalary bagyşlamak kyn bolsa näme etmeli?

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

a Biz bikämil bolandygymyz üçin köp ýalňyşýarys. Aýdýan sözümiz we özümizi alyp barşymyz bilen dogan-uýalaryň göwnüne degýäris. Şonda biz ýaraşmak üçin jan edýärismi? Ötünç soraýarysmy? Ýa-da biz: «Öýkelese, öýkeläp geçsin, maňa näme?!» diýýärismi? Belki, biziň özümiz öýkelekdiris. Dogan-uýalaryň her bir aýdýan sözüni göwnümize alýarysmy? «Meniň bolşum şeýle» diýip, özümizi aklaýarysmy? Ýa-da öz üstümizde işlemek üçin jan edýärismi?

b Käbir atlar üýtgedildi.

c SURAT: uýa beýleki uýadan gaty görýär. Olar ikiçäk gepleşip ýaraşýarlar we şatlanyp wagyz edýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş