Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Aprel sah. 30—sah. 31 abz. 4
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Nika bozuljak bolanda...
    Maşgala bagtynyň syry
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Aprel sah. 30—sah. 31 abz. 4

Okyjylaryň sowallary

Mesihçi Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da, ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, täze maşgala gursa, dogan-uýalar onuň nikasyna nähili garamaly?

Ýygnagyň garaýşyna görä, mesihçi ýanýoldaşyndan aýrylyşyp, täze maşgala gursa, onuň öňki nikasy bozulýar we täze guran maşgalasy kanuny hasaplanýar. Muňa düşünmek üçin, geliň, Isa pygamberiň aýrylyşmak we maşgala gurmak barada näme diýendigine seredeliň.

Dogan ýygnakda är-aýala seredýär.

Isa pygamber Matta 19:9-da: «Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» diýdi. Biz mundan iki zady öwrenýäris: 1) mesihçi Mukaddes Kitap boýunça ýeke-täk sebäbe görä, ýagny ýanýoldaşy zyna etse, onuň bilen aýrylyşyp bilýär; 2) mesihçi Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da, aýaly bilen aýrylyşsa we başga birine öýlense zyna edýära.

Onda erkek adam zyna etse we aýaly bilen aýrylyşsa, Mukaddes Kitap oňa başga biri bilen maşgala gurmaga rugsat berýärmi? Ýok! Şeýle ýagdaýda bigüna aýaly ärini bagyşlap hem bilýär ýa-da onuň bilen aýrylyşyp hem bilýär. Eger aýaly ärini bagyşlamasa we onuň bilen aýrylyşsa, olaryň ikisi hem täze maşgala gurup bilýär.

Belki, bigünä aýaly maşgala ojagyny dargatmajak bolup, zyna eden ärini bagyşlar. Ýöne şonda-da äri aýaly bilen aýrylyşsa näme? Şeýle ýagdaýda äriniň Mukaddes Kitap boýunça täze maşgala gurmaga haky ýok, sebäbi bigünä aýaly ony bagyşlapdy. Eger ol Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny äsgermän, başga birine öýlense, ýene-de zyna edýär. Şol sebäpli ýygnak ýaşululary onuň eden günäsine seretmek üçin ýene-de düzediş komitetini düzer (1 Kor. 5:1, 2; 6:9, 10).

Mesihçi Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da täze maşgala gursa, ýygnakdaky dogan-uýalar onuň nikasyna nähili garamaly? Mukaddes Kitaba görä, mesihçiniň öňki nikasynyň henizem güýji barmy? Bigünä aýal henizem ärini bagyşlap maşgalasyny dikeldip bilermi? Mesihçiniň täze maşgalasyna zynaly nika diýse bolarmy?

Öňler ýygnagyň garaýşyna görä, mesihçiniň bigünä ýanýoldaşy diri bolsa, maşgala gurmadyk bolsa we ahlaksyzlyk etmedik bolsa, onuň täze guran maşgalasy zynaly nika hasaplanýardy. Ýöne Isa pygamber aýrylyşmak we täze maşgala gurmak barada aýdanda, bigünä tarap hakda agzamady. Ol erkek adamyň Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da, aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, onuň zyna edýändigini aýtdy. Erkek adamyň täze maşgala gurandygy üçin öňki nikasy bozulýar.

«Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» (Mat. 19:9).

Şeýle ýagdaýda bigüna aýaly äri bilen ýaraşmalymy ýa-da ýaraşmaly däldigini çözüp bilmeýär. Şol sebäpli ol: «Ärimi bagyşlaýynmy ýa-da bagyşlamaýyn?» diýip alada edip ýörmeýär. Şeýle-de ýygnak täze maşgalany zynaly nika hasaplamaýarb.

Biz erkek adamyň aýalyna ikilik edip, onuň bilen aýrylyşandygy hakda gürrüň etdik. Eger äri zyna etmän aýaly bilen aýrylyşyp, täze maşgala gursa näme? Ýa-da äri aýaly bilen aýrylyşansoň, ahlaksyzlyk etse we aýaly ýaraşmak islese-de, başga birine öýlense näme? Eger äri aýaly bilen aýrylyşyp, täze maşgala gursa zyna edýär we onuň öňki nikasy bozulýar. Onuň täze nikasy bolsa kanuny hasaplanýar. 2006-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rus.) 30-njy sahypasynda şeýle diýilýär: «Erkek adam täze maşgala gurdy. Indi ol nikasyny bozup, öňki aýalyna dolanyp bilmeýär. Sebäbi ol zyna edip, öňki aýaly bilen aýrylyşdy we täze maşgala gurdy».

Biziň zynaly nika garaýşymyz üýtgän hem bolsa, maşgala ojagyny mukaddes saýýarys we zynany agyr günä hasaplaýarys. Erkek adam Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da, aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense zyna edýär. Şeýle ýagdaýda düzediş komiteti düzülýär. (Eger ol uýa öýlense, onuň üçin hem düzediş komiteti düzülýär). Erkek adamyň täze maşgalasy zynaly nika hasaplanmasa-da, ol ýagşy at gazanýança köp ýyllaryň dowamynda ýygnakda jogapkärli borçlary alyp bilmez. Ýaşulular dogana hormatly borçlary ynanmazdan öň, onuň öňki aýalynyň we çagalarynyň ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Sebäbi ol aýalyna ikilik edipdi we çagalaryny taşlap gaýdypdy (Mel. 2:14—16).

Görşümiz ýaly, mesihçi Mukaddes Kitap boýunça haky bolmasa-da, aýrylyşyp täze maşgala gursa, köp kynçylyklary döredýär. Şol sebäpli biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, maşgala ojagyny mukaddes hasaplamaly (Nes. 5:4, 5; Ýew. 13:4).

a Şu makalada erkek adamyň zyna edýändigi we aýalyň bigünä tarapdygy aýdylýar. Emma Markus 10:11, 12-nji aýatlara görä, Isanyň aýdan sözleri erkege-de, aýala-da degişli.

b Biz öň bigünä ýanýoldaşy diri bolsa, maşgala gurmadyk bolsa we ahlaksyzlyk etmedik bolsa erkek adamyň täze maşgalasyny zynaly nika hasaplaýardyk.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş