OKYJYLARYŇ SOWALLARY
Isa pygamber Ýatlama agşamyny girizende 70 şägirdi nirededi? Olar Halypasy Isadan ýüz öwürdilermi?
Isa pygamber Ýatlama agşamyny girizende 70 şägirdi ýokdy. Elbetde, bu olaryň Halypasyndan ýüz öwrendigini ýa-da onuň yzyna eýermegi bes edendigini aňlatmaýar. Isa pygamber şu wajyp çäräni resullary bilen bellemek isledi.
Isa pygamber 12 resulyny hem, 70 şägirdini hem gowy görýärdi we olaryň ählisinden razydy (Luka 6:12—16). Isanyň şägirtleri köpdi, emma ol 12 adamy saýlap, «resullar» diýip at goýdy. Isa Jelilede «12 resulyny ýanyna çagyryp», «Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge we syrkawlary sagaltmaga iberdi» (Luka 9:1—6). Soňra Isa Ýahudada «70 şägirdini saýlap», olary oba-oba, şäher-şäher wagyz etmäge iberdi (Luka 9:51; 10:1). Şeýlelikde, obadyr şäherlerde köp adamlar Isa pygamberiň şägirdi boldy we Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etdiler.
Ýehudylar her ýyl Pasha baýramyny belleýärdi. Elbetde, Isa pygamberiň şägirtleri hem şu wajyp baýramçylygy maşgalasy bilen belländirler (2 Mus. 12:6—11, 17—20). Isa pygamberiň ölmeli güni golaýlaşýardy. Ol resullary bilen Iýerusalime gidýär. Emma Isa Ýahudada, Jelilede we Pereýada ýaşaýan ähli şägirtlerini Iýerusalime çagyryp, uludan Pasha baýramyny bellemek islemeýär. Ol şu wajyp çäräni diňe resullary bilen bellemek islän bolmaly. Isa pygamber olara: «Görgi görmänkäm, Pasha naharyny siziň bilen iýmegi arzuw edipdim» diýýär (Luka 22:15).
Isa pygamber Ýatlama agşamyny näme üçin diňe wepaly resullary bilen belledi? Ol tizden «dünýäniň günäsini ýuwýan Hudaýyň Guzusy» hökmünde öldürilmelidi (Ýah. 1:29). Iýerusalim şäherinde ýehudylar asyrlarboýy Hudaýa günä gurbanlygyny berýärdi. Isa pygamber «Hudaýyň Guzusy» hökmünde şol şäherde öldürilmelidi. Pasha baýramynda iýilýän guzy ýehudylara Müsür gulçulygyndan azat bolandygyny ýatladýardy (1 Kor. 5:7, 8). Emma Isa pygamber şirin janyny gurban edip, adamlary günäden we ölümden azat etmelidi. Isanyň töleg gurbany arkaly resullar täze dörejek mesihçiler ýygnagynyň «düýbi» bolmalydy (Efes. 2:20—22). Ylham kitabynda agzalýan mukaddes Iýerusalim şäheriniň düýbünde «12 daş bardy. Olarda Guzynyň 12 resulynyň ady ýazylgydy» (Ylh. 21:10—14). Hawa, wepaly resullar Ýehowanyň niýetiniň ýerine ýetmeginde wajyp orun tutýardy. Şol sebäpli Isa pygamber Pasha baýramyny we yz ýanyndan girizen Ýatlama agşamyny diňe resullary bilen belledi.
Isa pygamberiň 70 şägirdi we beýleki şägirtleri Ýatlama agşamynda ýokdy. Emma olar soňky demine çenli Halypasyna wepaly galsalar, ençeme bereketleriň eýesi bolardy. Olar Hudaýyň mukaddes ruhy bilen saýlandylar we Isa Mesihiň Ýatlama agşamynda wepaly resullary bilen baglaşan Patyşalyk ähtine degişli boldular. Mundan uly bereket bolmasa gerek! (Luka 22:29, 30).