7-NJI MAKALA
15-NJI AÝDYM Ýehowanyň Nowbaharyna alkyş aýdyň
Geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!
«Sen örän geçirimli» (Zeb. 130:4).
ESASY PIKIR
Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler, meňzetmeler Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna düşünmäge kömek edýär we oňa minnetdarlygymyzy artdyrýar.
1. Adamyň ýürekden bagyşlandygyna düşünmek näme üçin kyn?
AÝDALY, siz biriniň göwnüne degdiňiz. Siz ötünç soranyňyzda, ol: «Men seni bagyşladym» diýýär. Şonda siziň arkaňyzdan agyr ýük aýrylan ýaly bolandyr. Emma ol sizi ýürekden bagyşladymyka? Belki, ol öýke-kinäni unudyp, özüni öňküsi ýaly alyp barýandyr. Ýa-da ol könäni ýatlamaly diýse-de, sizden gaçyp ýörýändir. Görşümiz ýaly, adamlaryň bagyşlaýşy dürli-dürli bolýan ekeni.
2. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimliligi barada näme diýilýär? (Çykgyda serediň).
2 Bikämil adamlaryň biri-birini bagyşlamagy hak Allanyň geçirimliliginden düýbünden tapawutlanýar. Hiç bir adam Ýehowa ýaly geçirimli bolup bilmeýär. Mezmurda Ýehowa barada: «Sen örän geçirimli, şonuň üçin adamlar saňa çuňňur hormat goýýarlar» diýilýära (Zeb. 130:4). Hawa, diňe hak Alla «örän geçirimlidir». «Örän geçirimli» diýen jümläniň Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «hakykatdan bagyşlaýan» diýen manysy bar. Mukaddes Kitaby ýazan pygamberler şu jümläni adamlara däl-de, diňe hak Alla degişli edip ulanypdyrlar. Hawa, diňe Ýehowa Hudaý hakykatdan bagyşlap bilýär.
3. Geçirimli Hudaý Ýehowa näme üçin taý geljek ýokdur? (Işaýa 55:6, 7).
3 Ýehowa adamy bagyşlansoň, onuň günäsini doly ýuwýar we mähriban gyzy, söwer ogly hökmünde kabul edýär. Ýehowa gaýta-gaýta bagyşlaýar we günämizi doly ýuwýar. Hawa, geçirimli Hudaýa taý geljek ýokdur! (Işaýa 55:6, 7-nji aýatlary okaň).
4. Ýehowanyň geçirimliligine düşünmek üçin näme etmeli?
4 Ýehowanyň bagyşlaýşy adamlaryňkydan düýbünden tapawutlanýar. Onda Ýehowanyň geçirimliligine nädip düşünip bileris? Ýehowa adamlary nädip bagyşlaýandygyny düşündirmek üçin Mukaddes Kitaba ençeme meňzetmeleri we deňeşdirmeleri ýazdyrdy. Olar bize Ýehowanyň günälerimizi doly ýuwýandygyna we adamlar bilen dostlaşmak isleýändigine düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy artdyrýar.
ÝEHOWA GÜNÄMIZI AÝYRÝAR
5. «Bagyşlamak» diýen ýewreý sözüniň nähili manysy bar?
5 Mukaddes Kitapda günä agyr ýüke meňzedilýär. Dawut patyşa muny şeýle suratlandyrýar: «Ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük kimin gerşimden basdy» (Zeb. 38:4). Hawa, Ýehowa toba edýän adamy doly bagyşlaýar (Zeb. 25:18; 32:5). «Bagyşlamak» diýen ýewreý sözi «galdyrmagy» we «götermegi» aňladýar. Göz öňüne getiriň, Ýehowa güýçli pälwan deý adamy iki bükýän günäni göterip alyslara zyňýar.
«Günälerimi bagyşladyň» (Zeb. 32:5).
6. Ýehowanyň günäleri nädip bagyşlaýandygyny suratlandyryň.
6 Ýehowa adamyň günäsini nähili uzaklyga zyňýar? Zebur 103:12-de: «Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» diýilýär. Hawa, gündogar günbataryň gapma-garşysy. Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, Ýehowa biziň günälerimizi göz öňüne getirip bolmajak uzaklyga zyňýar. Şu barada oýlananymyzda dünýämiz giňäp gidýär we kalbymyz rahatlanýar.
«Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrdyň» (Zeb. 103:12).
7. Ýehowa ynsanyň günäsini bir ýere ýygnaýarmy? (Mikaý 7:18, 19).
7 Ýehowa günäleri alyslara zyňansoň bir ýere üýşürip goýýarmy? Olara wagtal-wagtal seredip durýarmy? Hizkiýa patyşa Ýehowa Hudaýa: «Ähli günälerimi arkaňa atdyň» diýýär (Işa. 38:9, 17). Görşümiz ýaly, Ýehowa toba eden adamy bagyşlandan soňra onuň günälerine hiç haçan seretmeýär. Muny Mikaý pygamber hem tassyklaýar (Mikaý 7:18, 19-njy aýatlary okaň). Ol Ýehowanyň «günälerimizi... deňziň düýbüne atýandygyny» aýdýar. Gadymy döwürde adamlar gerekmejek, halamaýan zadyny deňze oklaýardylar. Şondan soň ony tapaýyn diýselerem tapyp bilmeýärdiler.
«Ähli günälerimi arkaňa atdyň» (Işa. 38:17).
«Sen ähli etmişlerimizi deňziň düýbüne atarsyň» (Mik. 7:19).
8. Biz nämeleri bildik?
8 Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler Ýehowanyň örän geçirimli Hudaýdygyny subut edýär. Ýehowa bizi bagyşlanda egnimizden agyr ýük aýrylan ýaly bolýar. Dawut pygamber: «Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! Ýehowanyň günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!» diýdi (Rim. 4:7, 8). Hawa, geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!
ÝEHOWA GÜNÄMIZ ÝUWÝAR
9. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimliligi nädip suratlandyrylýar?
9 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimliligini suratlandyrýan ýene bir deňeşdirme ýazylan. Ýehowa toba edýän adamlaryň günäsini töleg gurbany arkaly ýuwýar (Zeb. 51:7; Işa. 4:4; Ýer. 33:8). Ýehowa şeýle diýýär: «Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin. Günäleriňiz gyrmyzy mata ýaly bolsa-da, men olary ýüň kimin ak ederin» (Işa. 1:18). Gadymy döwürde egin-eşige degen tegmili aýyrmak gaty kyn bolýardy. Edil şonuň ýaly agyr günä eden adam ýazygym hiç haçan ýuwulmaz diýip ruhdan düşüp biler. Emma Ýehowa şu deňeşdirme arkaly adamyň günäsini ýuwanda, günäden nam-nyşan galmajakdygyny düşündirýär.
«Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, Men olary gar ýaly ak ederin» (Işa. 1:18).
10. Mukaddes Kitapdaky haýsy deňeşdirme Ýehowanyň örän rehimdar Hudaýdygyny subut edýär?
10 Geçen makalada bilşimiz ýaly, günä eden adam Ýehowanyň kada-kanunyny bozýar we Oňa bergidar bolýar (Mat. 6:12; Luka 11:4). Biz näçe günä etsek, şonça-da berginiň astynda galýarys. Biz öz güýjümiz bilen hiç haçan berginiň astyndan çykyp bilmeris. Emma rehimdar, geçirimli Hudaý adamy bagyşlansoň, ondan hasabat soramaýar we temmi bermeýär. Bergisi, ýagny günäsi geçilen adamyň begenjinden ýaňa ökjesi ýere degmese gerek.
«Bergilerimizi bagyşla» (Mat. 6:12, çykgyt).
11. «Süpürip aýyrmak» diýen jümle nämäni aňladýar? (Resullar 3:19).
11 Resullar 3:19-y okaň. Şu aýatda «bagyşlamak» diýen söz asyl nusgada «süpürip aýyrmagy» aňladýar. Ýehowa diňe bir bergimizi geçmän, ony süpürip aýyrýar. Hojaýyn hyzmatkäriniň bergisini geçende hasabat depderçesinden bergisiniň üstüni çyzýar. Emma hyzmatkäriniň näçe bergisiniň bolandygy barybir görnüp durýar. Gadymy döwürde kömür, gara sakgyç we suw garylyp syýa ýasalypdyr. Ony öl esgi bilen süpürip aýyrýan ekenler. Hojaýyn hyzmatkäriniň bergisini öl esgi bilen süpürip aýranda, onuň näçe bergisiniň bolandygyny hiç kim görüp bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň bergimiziň diňe bir üstüni çyzman, öl esgi bilen süpürip aýyrýar. Älemiň Eýesiniň günälerimizi süpürip aýyrýandygyny bilmek, biziň göwnümizi göterýär we ýüregimiz minnetdarlykdan püre-pür bolýar (Zeb. 51:9).
«Günäleriňiziň bagyşlanmagy (ýa-da: süpürilip aýrylmagy) üçin toba ediň» (Res. 3:19).
12. Gara bulut baradaky deňeşdirmäni düşündiriň.
12 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň biziň günälerimizi nädip bagyşlaýandygy barada ýene bir deňeşdirme getirilýär. Ýehowa: «Günäleriň üstüni bulut bilen, ýazyklaryňy gara bulut bilen örterin» diýýär (Işa. 44:22). Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme! Gara bulutdan günüň ýiti şöhlesi hem geçip bilmeýär. Ýehowa toba edýän adamyň günäsini hiç kim görmez ýaly gara bulut bilen örtýär.
«Günäleriň üstüni bulut bilen örterin» (Işa. 44:22).
13. Ýehowa bagyşlanda özümizi nähili duýýarys?
13 Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler bize Ýehowanyň örän geçirimli Hudaýdygyna düşünmäge kömek edýär. Ýehowa bizi bagyşlansoň özümizi günäkärläp ýörmeli däl. Ýehowa söwer Oglunyň gyrmyzy gany arkaly biziň günälerimizi ýuwýar. Ýehowa biziň bergimiziň üstüni diňe bir çyzman, ony süpürip aýyrýar. Jomart we geçirimli Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk etmek uly hormat!
ÝEHOWA BILEN DOSTLAŞÝARYS
Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlansoň, ýene-de onuň bilen dostlaşýarys (14-nji abzasa serediň).
14. Bize Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanmaga näme kömek edýär? (Surata serediň).
14 Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlansoň ýene-de onuň bilen dostlaşýarys we Oňa arassa ynsap bilen gulluk edýäris. Ýehowa bizden öýkeläp ýörmeýär ýa-da temmi berjek bolup amatly pursat gözlemeýär. Bize Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanmaga näme kömek edýär? Töwratda: «Men halkymyň etmişlerini bagyşlaryn, günälerini ýatlamaryn» diýilýär (Ýer. 31:34). Injilde bolsa: «Men... olaryň günälerini ýatlamaryn» diýilýär (Ýew. 8:12). «Ýatlamaryn» diýen söz nämäni aňladýar?
«Günälerini ýatlamaryn» (Ýer. 31:34).
15. Ýehowanyň «ýatlamaryn» diýmegi nämäni aňladýar?
15 Geliň, ilki bilen Mukaddes Kitapdaky «ýatlamak» diýen işligiň manysyny bileliň. Ýatlamak diňe bir geçmişde bolan waka hakda oýlanmagy däl-de, herekete geçmegi aňladýar. Isa pygamberiň ýanynda pürse çüýlenen jenaýatçy: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýdi. Isa oňa: «Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýdi (Luka 23:42, 43). Isanyň aýdan sözlerinden görnüşi ýaly, ol gökde Patyşa bolanda jenaýatçy hakda diňe bir oýlanman, ony direltmelidi. «Ýatlamak» diýlende belli bir herekete geçmegi aňladýan bolsa, «ýatlamazlyk» hiç hili hereket etmezligi aňladýar. Ýehowanyň «ýatlamaryn» diýmegi, bizi bagyşlansoň herekete geçmejekdigini, ýagny günämizi ýüzümize basmajakdygyny we temmi bermejekdigini aňladýar.
16. Ýehowa bizi nämeden azat edýär?
16 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bagyşlan adamy gulçulykdan azat bolan adama meňzedilýär. Hawa, biz bikämil bolansoň, «günäniň guludyrys». Emma geçirimli Hudaý Ýehowa bizi «günälerimizden azat etdi» (Rim. 6:17, 18; Ylh. 1:5). Hawa, Ýehowanyň azat eden adamy uludan dem alyp, asuda ýaşaýar.
«Siz günäden azat bolduňyz» (Rim. 6:18).
17. Günäli adamyň ýaralaryna näme melhem bolýar? (Işaýa 53:5).
17 Işaýa 53:5-de (okaň) günäkär agyr kesele uçran adama meňzedilýär. Ýehowanyň beren töleg gurbany biziň ýaralarymyza melhem bolýar (1 Pet. 2:24). Keseliň adama zyýan ýetirişi ýaly, günä-de Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar. Agyr keselinden gutulan adam özüni bagtly saýýar. Günäsi bagyşlanan adam hem Ýehowa bilen jana-jan dost bolýar we arassa ynsap bilen sežde edýär.
«Onuň ýaralary bize melhem boldy» (Işa. 53:5).
ÝEHOWA ÖRÄN GEÇIRIMLI HUDAÝ
18. Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler arkaly Ýehowa barada näme öwrendik? («Ýehowa nädip bagyşlaýar?» diýen çarçuwa serediň).
18 Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler bize geçirimli Ýehowa barada köp zatlary öwredýär. Ýehowa günäkär adamy doly bagyşlaýar we günäsini hiç wagt ýatlamaýar. Biz gökdäki Atamyz Ýehowa bilen jana-jan dost bolýarys. Ýehowa söýgüden doly we rehimdar Hudaý. Ol çagalaryny ýürekden bagyşlaýar. Emma şuny unutmaly däl: biz öz güýjümiz bilen däl-de, diňe Ýehowanyň ýagşylygy bilen günäden azat bolup bilýäris (Rim. 3:24).
19. a) Biz Ýehowa näme üçin minnetdar bolmaly? (Rimliler 4:8). b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
19 Rimliler 4:8-i okaň. Biz Ýehowanyň «örän geçirimlidigine» diýseň minnetdar (Zeb. 130:4). Emma ol bizden bir zady talap edýär. Isa pygamber: «Adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz» diýdi (Mat. 6:14, 15). Diýmek, biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, adamlary ýürekden bagyşlamaly. Munuň üçin näme etmeli? Indiki makala bu hakda jikme-jik gürrüň ederis.
46-NJY AÝDYM Ýehowa şükür
a «Örän geçirimli» diýen jümläniň Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «hakykatdan bagyşlaýan» diýen manysy bar. Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde şu wajyp pikir ýazylmandyr. Geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!