34-NJI MAKALA
3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym
Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynanyň
«Sen... ähli günälerimi bagyşladyň» (Zeb. 32:5).
ESASY PIKIR
Ýehowa geçirimli Hudaý, Ol ýürekden toba edýän adamy bagyşlaýar.
1, 2. Toba etsek, Ýehowa näme edýär we biz özümizi nähili duýarys? (Surata serediň).
DAWUT PATYŞA geçmişde eden günäleri sebäpli gam-gussa batypdy. Onuň goýberen ýalňyşlary göz öňünden gitmeýärdi (Zeb. 40:12; 51:3; sözbaşy). Ýöne ol ýürekden toba etdi, Ýehowa hem bagyşlady (2 Şam. 12:13). Günäsi geçilensoň, Dawudyň egninden agyr ýük aýrylan ýaly boldy (Zeb. 32:1).
2 Eger bizem günä etsek, Dawut ýaly toba edip Ýehowadan ötünç sorasak we ýalňyşymyzy gaýtalamazlyk üçin jan etsek, Ýehowa bizem bagyşlar (Nak. 28:13; Res. 26:20; 1 Ýah. 1:9). Şonda egnimizden agyr ýük aýrylan ýaly bolar. Ýehowa bizi bagyşlansoň, eden günälerimizi ýüzümize basmaýar. Dogrudanam, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyny bilmek göwnümizi göterýär (Hyz. 33:16).
Dawut patyşa Ýehowanyň geçirimlidigi hakda ençeme mezmurlary ýazdy (1, 2-nji abzaslara serediň).
3, 4. Jennifer suwa çümdürilse-de, özüni nähili duýýardy we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Käte Ýehowanyň günälerimizi bagyşlandygyna ynanmak kyn bolup biler. Muny Jennifer bilen bolan ýagdaýdan bilse bolýar. Ol kiçiliginden Ýehowany tanaýardy. Ýöne ýetginjek wagty erbet işleri edip, ikiýüzli ýaşap başlaýar. Birnäçe ýyl geçensoň, Jennifer toba edip durmuşyny üýtgedýär we suwa çümdürilýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ganygyzma adamdym, baýlyga kowalaşýardym, ahlaksyzlyk edýärdim we köp içýärdim. Men Ýehowanyň günälerimizi Isanyň töleg gurbany arkaly bagyşlaýandygyny bilýärdim, ýöne Onuň meni bagyşlandygyna känbir ynanmaýardym».
4 Käte size-de Ýehowanyň günäleriňizi bagyşlandygyna ynanmak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, Hudaýyň geçirimlidigi hakda oýlanyň. Ýehowa Dawudyň günälerini bagyşlady. Şondan soň ol özüni bagtly duýdy. Hudaý siziňem Dawut ýaly bagtly bolmagyňyzy isleýär. Şu makalada Ýehowanyň bagyşlaýandygyna näme üçin ynanmalydygyna we muňa nämäniň kömek edýändigine serederis.
ÝEHOWANYŇ BAGYŞLAÝANDYGYNA NÄME ÜÇIN YNANMALY?
5. Şeýtan bizi nämä ynandyrjak bolýar? Mysal getiriň.
5 Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynansak, Şeýtana aldanmarys. Şeýtan biziň Ýehowa gulluk etmegimizi islemeýär, şonuň üçin her zat edýär. Ol bizde Ýehowanyň bagyşlaýandygyna şübhe döretjek bolýar. Geliň, I asyrda Korinf ýygnagynda bolan ýagdaý hakda gürrüň edeliň. Mesihçileriň biri ahlaksyzlyk edip ýygnakdan çykarylýar (1 Kor. 5:1, 5, 13). Soňra ol günäsini boýun alyp toba edýär. Ýöne Şeýtan dogan-uýalaryň ony bagyşlaman, ýüz öwürmegini isleýärdi. Onuň bolsa: «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz» diýip pikir etmegini we ruhdan düşüp, Ýehowadan daşlaşmagyny isleýärdi. Şeýtan şu günlerem Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna şübhelendirip, oňa gulluk etmegimizi bes etdirjek bolýar. Ýöne biz «onuň her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris» (2 Kor. 2:5—11).
6. Öz-özümizi bagyşlamaga näme kömek edýär?
6 Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynansak, özümizi hem bagyşlarys. Ýehowany gynandyrsak, soňundan puşman edýäris (Zeb. 51:17). Eden işimize ökünsek, goýberen ýalňyşymyzy gaýtalamajak bolup jan edýäris (2 Kor. 7:10, 11). Emma biz toba edenimizden soňam özümizi günäkärläp ýörsek, ruhdan düşeris. Eger Ýehowanyň bizi hakykatdanam bagyşlaýandygyna ynansak, özümizi kötekläp ýörmeris. Ýehowanyň bizden razydygyny bilip, ýene-de oňa şatlanyp gulluk ederis (Kol. 1:10, 11; 2 Tim. 1:3). Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna ynanmaga näme kömek edip biler?
ÝEHOWANYŇ BAGYŞLAÝANDYGYNA YNANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?
7, 8. Ýehowa özi hakda näme diýdi we biz nämä ynanyp bileris? (2 Musa 34:6, 7).
7 Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanyň. Ýehowa Sinaý dagynda Musa pygambere häsiýetleri hakda aýtdya (2 Musa 34:6, 7-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň ençeme gowy häsiýetleri bolsa-da, Ol rehimdar, duýgudaş Hudaýdygyny aýtdy. Eger Ýehowa rehimdar bolsa, ýürekden toba edýän gullukçysyny bagyşlamazmy? Elbetde, bagyşlar! Ýehowa toba edýän gullukçysyny bagyşlamaz ýaly rehimsiz, doňýürek däl. Eger Ýehowa özüne rehimdar diýýän bolsa, onda Ol hakykatdanam rehimdar.
8 Biz Ýehowanyň sözlerine arkaýyn ynanyp bileris. Ol hiç haçan ýalan sözlemeýär (Zeb. 31:5). Geçmişde eden günäleriňiz sebäpli Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanyp bilmeýän bolsaňyz, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men duýgudaş, rehimdar Hudaý Ýehowanyň ýürekden toba eden her bir adamy bagyşlaýandygyna ynanýarynmy? Eger şuňa ynanýan bolsam, onda Ýehowanyň menem bagyşlaýandygyna ynanmaly dälmi näme?!»
9. Zebur 32:5-den Ýehowa barada näme öwrenýäris?
9 Ýehowanyň nädip bagyşlaýandygy hakda oýlanyň. Dawut Ýehowa: «Ähli günälerimi bagyşladyň» diýdi (Zebur 32:5-i okaň). «Bagyşlamak» diýen ýewreý sözüniň «götermek, alyp gitmek» diýen manysy bar. Ýehowa Dawudy bagyşlanda göçme manyda onuň günälerini göterip, alyp giden ýaly boldy. Şondan soň Dawudyň ýüki ýeňläp köşeşdi (Zeb. 32:2—4). Dogan-uýalar, ýürekden toba edeniňizden soň ökünip, ruhdan düşüp ýörmäň. Sebäbi Ýehowa sizi bagyşlap, egniňizden basýan agyr ýüküňizi aýyrdy. Siz Oňa Dawut patyşa ýaly şatlanyp gulluk edip bilýärsiňiz.
10, 11. Zebur 86:5-den Ýehowa barada näme öwrenýäris?
10 Zebur 86:5-i okaň. Dawut Ýehowa «geçirimli» diýdi. Ýalňyşanymyzda Ýehowa derrew gaharlanmaýar we ýürekden toba edýän adamy bagyşlamaga hemişe taýyn. Näme üçin? Zebur 86:5-iň ikinji böleginde Ýehowanyň «Özüni çagyrýanlardan wepaly söýgüsini gaýgyrmaýandygy» aýdylýar. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa gullukçylaryna wepaly söýgüsini görkezýär we olary hiç haçan taşlamaýar. Gullukçysy birden günä edäýende-de ýürekden toba etse, wepaly söýgüsini görkezmegini dowam edýär we ony doly bagyşlaýar (Işa. 55:7). Eger size Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynanmak kyn bolsa, şu soraglar hakda oýlanyň: «Men Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyna we toba eden her bir adamy bagyşlaýandygyna ynanýarynmy? Eger şuňa ynanýan bolsam, onda Ýehowadan ötünç sorap, toba edenimde menem bagyşlajakdygyna ynanmaly dälmi näme?!»
11 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygy aýdylýar (Zeb. 139:1, 2). Onuň bizi bagyşlaýandygyna düşünmek üçin Dawudyň başga bir mezmurda ýazan sözlerine seredeliň.
ÝEHOWA NÄMÄNI ÝADYNDA SAKLAÝAR?
12, 13. Ýehowa nämäni ýadynda saklaýar we bu Ony näme etmäge höweslendirýär? (Zebur 103:14).
12 Zebur 103:14-i okaň. Dawut Ýehowanyň ýürekden toba eden adamlary ýene näme üçin bagyşlaýandygyny düşündirdi. Ol Ýehowanyň «toprakdandygymyzy ýadynda» saklaýandygyny aýtdy. Diýmek, Ýehowa biziň ýalňyşjakdygymyzy bilýär. Geliň, Dawudyň sözlerine giňişleýin düşüneliň.
13 Dawut Ýehowanyň «nähili ýaradylandygymyzy bilýändigini» ýazdy. Bilşimiz ýaly, Ýehowa Adam atany toprakdan ýaratdy. Şonuň üçin hatda kämil adama-da iýmit, uky, dem almak zerur (1 Mus. 2:7). «Toprakdan ýaradylmak» diýen jümle ýene bir manyny öz içine alýar. Adam ata bilen How ene günä edensoň, olaryň nesli günäli dogulýar we günä garşy göreşmeli bolýar. Ýehowa-da muňa gowy düşünýär. «Toprakdandygymyz ýadynda» diýen sözler Ýehowanyň günälidigimizi diňe bir bilmän, eýsem hemişe duýgudaşlyk bildirýändigini görkezýär. Dawudyň sözlerine şeýle düşünse bolýar: Ýehowa biziň käte ýalňyşjakdygymyzy bilýär, ýöne ýürekden toba etsek, rehimdarlyk edip bizi bagyşlaýar (Zeb. 78:38, 39).
14. a) Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygy barada Dawut ýene näme diýdi? (Zebur 103:12). b) Ýehowanyň Dawudy bagyşlaýşyndan näme öwrenýäris? («Ýehowa bagyşlansoň bütinleý unudýar» diýen çarçuwa serediň).
14 Ýehowanyň bizi bagyşlandygyna ynanmaga ýene näme kömek edýär? (Zebur 103:12-ni okaň). Dawudyň aýdyşy ýaly, Ýehowa bizi bagyşlanda «gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar». Günüň dogýan tarapy bilen batýan tarapynyň aralygy şeýle bir uzak welin, olar hiç haçan bir nokada gelmeýär. Mundan Ýehowanyň bagyşlaýşy barada näme öwrenýäris? Bir kitapda şeýle düşündirilýär: «Hudaý günälerimizi bizden şeýle bir daşlaşdyrýar welin, olardan nam-nyşan, ys-kok galmaýar». Käte naharyň ýa-da başga bir zadyň ysyny alanymyzda geçmişde bolan waka ýadymyza düşýär. Emma Ýehowa günämizi bagyşlansoň, ony gaýdyp ýatlamaýar ýa-da ýüzümize basmaýar. Sebäbi ondan ne ys-kok, ne-de yz galdyrýar (Hyz. 18:21, 22; Res. 3:19).
15. Geçmişde eden günälerimiz sebäpli öz-özümizi bagyşlap bilmeýän bolsak näme etmeli?
15 Eger Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna ynanmak kyn bolýan bolsa, Dawudyň Zebur 103-nji bapda aýdan sözleri hakda oýlanyň. Geçmişde eden günäleriňiz sebäpli özüňizi bagyşlap bilmeýän bolsaňyz, onda şu zatlary ýadyňyza salyň: siziň günälidigiňiz Ýehowanyň ýadynda. Ýehowa eden işine ökünip toba edýän adamlary bagyşlaýar. Eger ýürekden toba etseňiz, sizem bagyşlar. Hudaý bagyşlansoň günäňizi ýatlamaýar, size-de ýatlatmaýar. Ýehowa siziň günäleriňiz hakda oýlanyp ýörmeýär, şonuň üçin sizem oýlanmaň (Zeb. 130:3). Biz Ýehowanyň bagyşlandygyna ynansak, öz-özümizi bagyşlarys we şadyýan gulluk ederis.
16. Geçmişde eden günäleriň hakda hemişe oýlanyp ýörmek näme üçin howply? Mysal getiriň (Surata serediň).
16 Geçmişde eden günäleriň hakda oýlanyp ýörmegiň howpludygyny görkezýän bir mysala seredeliň. Sürüji yzdan gelýän howpy görmek üçin aram-aram yzyny görkezýän aýnasyna seredýär. Ýöne ol ulagy hemişe şol aýna seredip sürse, heläkçilige uçrap bilýär. Edil şonuň ýaly, geçmişde goýberen ýalňyşlarymyz hakda käte oýlanmak, ony gaýtalamazlyga kömek edýär. Ýöne eden günälerimiz hakda hemişe oýlanyp ýörsek, şatlygymyzy ýitireris we Ýehowa yhlasly gulluk edip bilmeris. Sürüjiniň ulagy öňüne seredip sürşi ýaly, bizem bar ünsümizi Ýehowa gulluk etmäge gönükdirmeli. Şeýle-de täze dünýäde ruhdan düşürýän zatlaryň asla ýadymyza düşmejekdigi hakda oýlanmaly (Işa. 65:17; Nak. 4:25).
Sürüjiniň ulagy öňüne seredip sürşi ýaly, bizem geçmişde goýberen ýalňyşlarymyz hakda däl-de, aljak bereketlerimiz hakda oýlanmaly (16-njy abzasa serediň).
YNAMLY BOLMAK ÜÇIN ELIŇIZDE BARYNY EDIŇ!
17. Ýehowanyň söýýändigine we bagyşlaýandygyna näme üçin ynamly bolmaly?
17 Biz Ýehowanyň söýýändigine we bagyşlaýandygyna ynanmaly (1 Ýah. 3:19). Sebäbi Şeýtan Ýehowanyň bizi söýýändigine we bagyşlaýandygyna şübhelendirjek bolýar. Onuň maksady Ýehowa gulluk etmegimizi bes etdirmek. Şeýtan wagtynyň az galandygyny bilip, hasam güýçli topulýar (Ylh. 12:12). Dogan-uýalar, Şeýtana ýan bermän Ýehowa wepaly gulluk edeliň.
18. Ýehowanyň söýýändigine we bagyşlaýandygyna ynamly bolar ýaly näme edip bilersiňiz?
18 Ýehowanyň söýýändigine ynamly bolmak üçin geçen makaladaky maslahatlara eýeriň. Onuň bagyşlaýandygyna ynamly bolmak üçin häsiýetleri we gullukçylaryny bagyşlaýşy barada oýlanyň. Hudaýyň toprakdandygymyzy ýadynda saklaýandygyny, rehimdarlyk edýändigini ýatdan çykarmaň. Şeýle-de bagyşlanda jinnek ýaly yz galdyrmaýandygyny unutmaň. Şonda Ýehowanyň rehimdarlygyny görüp şatlanarsyňyz. Dawut ýaly ynam bilen: «Ýehowa, „günälerimi bagyşlaýandygyň“ üçin minnetdar» diýersiňiz (Zeb. 32:5).
1-NJI AÝDYM Ýehowanyň häsiýetleri
a «Ýehowa geçirimli Hudaý» diýen makalany okaň (w22.06 abz. 4—7).