Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Mart sah. 20—25
  • «Iman arkaly ýaşaň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Iman arkaly ýaşaň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • IŞ SAÝLANYMYZDA
  • ÝANÝOLDAŞ SAÝLANYMYZDA
  • GÖRKEZME BERLENDE
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowany begendirýän karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Mart sah. 20—25

12-NJI MAKALA

119-NJY AÝDYM Imanyňy berkit

«Iman arkaly ýaşaň»

«Biz görýän zatlarymyz bilen däl-de, iman arkaly ýaşaýarys» (2 Kor. 5:7).

ESASY PIKIR

Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň.

1. Pawlus resul öldüriljekdigini bilse-de näme üçin durmuşyndan razydy?

PAWLUS RESUL özüniň tizden öldüriljekdigini bilse-de, durmuşyndan razydy. Ol: «Ýaryşyň soňuna çenli ylgadym, imanymy gowşatmadym» diýdi (2 Tim. 4:6—8). Pawlus bütin ömrüne Ýehowa gulluk edip ýaşandygyna ökünmedi, sebäbi Hudaýy razy edýändigine düşünýärdi. Bizem Pawlus ýaly Ýehowany razy etmek üçin dogry karara gelmeli. Ýöne muny nädip edip bileris?

2. «Iman arkaly ýaşaýan» adam näme edýär?

2 Pawlus mesihçilere «görýän zatlary bilen däl-de, iman arkaly ýaşamalydygyny» aýtdy (2 Kor. 5:7). «Görýän zatlary bilen» ýaşaýan adam görýän, eşidýän we duýýan zatlary boýunça karara gelýär. «Iman arkaly ýaşaýan» adam bolsa karara gelende Ýehowa doly bil baglaýar. Ol Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna we gulak asýan adamlara Ýehowanyň bereket berjekdigine ynanýar (Zeb. 119:66; Ýew. 11:6).

3. Iman bilen ýaşamagyň nähili peýdasy bar? (2 Korinfliler 4:18).

3 Biz käbir ýagdaýlarda görýän zatlarymyza görä karara gelmeli bolýarys. Ýöne diňe görýän we eşidýän zatlarymyza görä karara gelsek ýalňyşarys. Sebäbi şol zatlaryň nädogry bolmagy ahmal. Nädogry bolmasa-da, irde-giçde Hudaýyň islegine garşy gelýän zady ederis (Nes. 11:9; Mat. 24:37—39). Iman bilen ýaşasak, karara gelenimizde «Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek bolarys» (Efes. 5:10). Hudaýa gulak assak, kalbymyz rahat bolar we asuda ýaşarys (Zeb. 16:8, 9; Işa. 48:17, 18). Şeýle-de biz iman bilen ýaşasak, uzak ömür süreris (2 Korinfliler 4:18-i okaň).

4. Iman arkaly ýaşaýan adamy nädip tanap bolýar?

4 Iman arkaly ýaşaýan adamy nädip tanap bolýar? Ol karara gelende diňe görýän we eşidýän zatlaryny göz öňünde tutman, Ýehowadan maslahat sorap, Oňa doly bil baglaýar. Şu makalada iman bilen ýaşaýan adamyň iş saýlanda, ýanýoldaş saýlanda we guramanyň görkezmesine eýerende nädip karara gelýändigine serederis. Şeýle-de onuň dogry karara gelmek üçin nämeleri göz öňünde tutýandygyny bileris.

IŞ SAÝLANYMYZDA

5. Biz iş saýlanymyzda nämä üns berýäris?

5 Biz özümizi we maşgalamyzy eklemek üçin işlemeli bolýarys (Nes. 7:12; 1 Tim. 5:8). Käbir kärhanalaryň we edaralaryň aýlygy ýokary bolýar. Şol ýerde işleýän adamlar gerek zadyny arkaýyn alyp bilýär, hatda gara güni üçin pul süýşürip bilýär. Käbir adamlar bolsa az aýlyk tölenýän ýerde işleýär. Olaryň diňe zerur zatlaryny satyn almaga gurby çatýar. Elbetde, her bir adamyň gowy aýlykly ýerde işläsi gelýär. Ýöne iş saýlanymyzda diňe tölenýän haka üns bersek ýalňyşarys.

6. Iman arkaly ýaşaýan adam iş saýlanda nämeleri göz öňünde tutýar? (Ýewreýler 13:5).

6 Eger biz iman bilen ýaşasak, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýan işe girmeris. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: eger şu işe girsem, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etmeli bolarynmy? (Nak. 6:16—19). Ýehowa sežde etmäge päsgel berermi? Ýa-da maşgalamdan uzak wagt aýra düşmeli bolarynmy? (Flp. 1:10). Eger biz şu soraglara «hawa» diýip jogap bersek, başga iş tapmaýan hem bolsak şol işe girmeris. Sebäbi biz iman arkaly ýaşaýarys, Ýehowanyň aç-hor etmejekdigine, gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirjekdigine ynanýarys (Mat. 6:33; Ýewreýler 13:5-i okaň).

7, 8. Hawýer iman arkaly ýaşaýandygyny nädip subut etdi? (Surata serediň).

7 Günorta Amerikada ýaşaýan Hawýera atly dogan iman arkaly ýaşamagyň wajypdygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Meni işleýän kärhanamda ýokary wezipä bellejek boldular. Onuň aýlygy öňkimden iki esse köpdi, tüýs meniň diýýän işimdi». Ýöne Hawýeriň pioner bolup gulluk edesi gelýärdi. Hawýer şeýle diýýär: «Men başlyk bilen iş hakynda gürleşmäge barmalydym. Başlygyň ýanyna barmazdan öň, Ýehowa doga edip kömek soradym, sebäbi maňa nämäniň gerekdigini Ýehowanyň gowy bilýändigine ynanýardym. Elbetde, meniň wezipeli, köp aýlykly işde işläsim gelýärdi, ýöne pioner gullugyna päsgel berse, şol işe girmezligi ýüregime düwdüm».

8 Hawýer şeýle gürrüň berýär: «Başlyk maňa işden soň galyp işlemeli boljakdygymy aýtdy. Men sypaýyçylyk bilen Hudaýa gulluk edýändigim üçin köp wagtymy alýan işde işläp bilmejekdigimi aýtdym». Şeýdip, Hawýer wezipeli işden ýüz öwürýär we iki hepdeden pioner gullugyna başlaýar. Hawýer şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa meniň dogalaryma jogap berdi. Men şol ýylyň ahyrynda ýarym günlük iş tapdym. Indi arkaýyn pioner bolup gulluk edýän. Men Ýehowa köpräk gulluk edip bilýändigime, dogan-uýalara kömek edýändigime begenýän».

Başlygy dogana ýokary wezipä bellemek isleýändigini aýdýar.

Size ýokary wezipeli iş teklip etseler, Ýehowa bil baglap dogry karara gelersiňizmi? (7, 8-nji abzaslara serediň).


9. Biz Treýzordan näme öwrenýäris?

9 Eger biziň işimiz iman arkaly ýaşamaga päsgel berýän bolsa näme etmeli? Geliň, Kongoda ýaşaýan Treýzor bilen bolan waka seredeliň. Treýzor şeýle diýýär: «Men wezipeli işe bellediler. Ol iş her kime ýetdirmeýärdi, men öňkimden üç esse köp gazanýardym». Treýzor işden soň galyp işleýändigi üçin ýygnaklara yzygider baryp bilmeýärdi. Üstesine-de, işdeşleri oňa işde bolýan ogurlygyň üstüni ýapdyrjak bolýardylar. Treýzoryň işden çykasy gelýärdi, ýöne ol işsiz galaryn diýip gorkýardy. Oňa Ýehowa bil baglamaga näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Habakuk 3:17—19-njy aýatlar işden çyksam-da, Ýehowanyň aladamy etjekdigine ynandyrdy. Şeýlelikde, men işden çykdym. Işdeşlerimiň köpüsi wezipeli işde işlemek we köp pul gazanmak üçin ähli zatdan, hatda maşgalasyndan we Hudaýdan geçmäge taýyndy. Men iş üçin Ýehowa bilen dostlugymy bozmadygyma begenýärin. Bir ýyldan soň, Ýehowa maňa has gowy iş tapyp berdi. Meniň gazanýan aýlygym köp bolmasa-da, zerur zatlarymy almaga ýetýär, Hudaýa-da köpräk gulluk edip bilýärin. Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsaň, ol aladaňy edýär. Az wagt pulsuz kösensek-de, Ýehowa aç-hor etmeýär». Dogan-uýalar, Ýehowanyň wadalaryna iman etsek, oňa bil baglap karara geleris we köp bereket alarys.

ÝANÝOLDAŞ SAÝLANYMYZDA

10. Dogan ýa-da uýa ýanýoldaş saýlanda nädip ýalňyşyp biler?

10 Ýehowa adamy maşgala gurmak islegi bilen ýaratdy. Aýdaly, bir uýanyň durmuşa çykasy gelýär. Belki, ol doganyň häsiýetine, daş keşbine, at-abraýyna, gazanjyna, borçlaryny ýerine ýetirişine we aladasyny edişine üns bererb. Elbetde, ýanýoldaş saýlanyňda şu zatlara üns bermeli. Ýöne uýa diňe şu zatlary göz öňünde tutup karara gelse, görýän zatlary boýunça ýaşadygy bolar.

11. Ýanýoldaş saýlanymyzda iman arkaly ýaşaýandygymyzy nädip görkezip bileris? (1 Korinfliler 7:39).

11 Ýehowa durmuş gurmak meselesinde maslahatyna gulak asýan ýaşlara guwanýar. Olar Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýerip, «ýaşlyk höwesi geçenden» soň durmuş gurýarlar (1 Kor. 7:36). Olar berk imanly mesihçileriň arasyndan ýanýoldaş gözleýärler, sebäbi şeýle mesihçiler heniz maşgala gurmanka Ýehowanyň ärlerden we aýallardan edýän talabyna görä ýaşaýarlar (Nak. 31:10—13, 26—28; Efes. 5:33; 1 Tim. 5:8). Olar 1 Korinfliler 7:39-daky (okaň) «diňe Halypamyzyň şägirdi bilen maşgala gurmaly» diýen tabşyryga eýerýärler we suwa çümdürilmedik adam bilen duşuşmaýarlar. Olar iman arkaly ýaşaýarlar we özüni ýeke duýmaz ýaly Ýehowanyň hemmetaraplaýyn aladasyny etjekdigine ynanýarlar (Zeb. 55:22).

12. Biz Rozadan näme öwrenýäris?

12 Kolumbiýada pioner bolup gulluk edýän Roza hakda gürrüň edeliň. Işde oňa Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bir oglan üns berip başlaýar, Roza hem ony gowy görýär. Ol şeýle diýýär: «Ol gowy oglandy, goňşy-golamlaryna kömek edýärdi, içmeýärdi, çekmeýärdi. Ol meniň aladamy edýärdi, men ony gowy gördüm. Ýehowanyň Şaýady bolmasa-da, onuň gowy häsiýetleri bardy. Ol maňa gowy ýanýoldaş bolup biler diýip pikir etdim. Şol döwürler özümi ýeke duýýardym, durmuşa çykasym gelýärdi. Mesihçileriň arasynda bolsa özüme mynasyp ýanýoldaş tapmaýardym. Şonuň üçin ol ýigide „ýok“ diýmek kyn boldy». Roza görýän zatlary boýunça ýaşasa, ol oglan bilen duşuşyp başlasa, Ýehowa bilen dostlugynyň bozuljakdygy hakda oýlandy. Şeýdip, Roza oglan bilen arasyny doly kesdi we Ýehowa has köp gulluk edip başlady. Şondan köp wagt geçmänkä, ony «Hoş habarçylar mekdebinde» okamaga çagyrdylar we ýörite pioner edip bellediler. Roza şeýle diýýär: «Ýehowa maňa köp ýagşylyk edip ýüregimi şatlykdan püre-pür etdi». Elbetde, Roza uýanyňky ýaly ýagdaýda iman arkaly karara gelmek aňsat däl, emma biz Ýehowa gulak assak hiç haçan ökünmeris.

GÖRKEZME BERLENDE

13. Görýän zatlary boýunça ýaşaýan mesihçi görkezmä nähili seslenýär?

13 Biz ýygnak ýaşulularyndan, etrap gözegçilerinden, filial komitetiniň agzalaryndan we Ýolbaşçylyk maslahatyndan görkezme alýarys. Eger görkezmäniň näme üçin berlendigine düşünmesek näme? Onda berlen görkezmäniň dogrudygyna şübhelenmegimiz mümkin, hatda görkezmäni beren doganlardan kemçilik gözlemegimiz mümkin.

14. Iman arkaly ýaşaýan mesihçi görkezmelere nähili seslenýär? (Ýewreýler 13:17).

14 Eger biz iman arkaly ýaşasak, guramany Ýehowanyň dolandyrýandygyna we hemme zady görýändigine ynanarys. Şeýlelikde, biz berlen görkezmä derrew we höwes bilen eýereris (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Biz gulak assak ýygnagyň agzybirligine goşant goşarys (Efes. 4:2, 3). Şeýle-de ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil bolsa-da, olaryň görkezmesine eýersek, Ýehowa hökman bereket berer (1 Şam. 15:22). Eger guramada düzetmeli bir zat bar bolsa, Ýehowanyň ony öz wagtynda düzetjekdigine ynamly bolup bileris (Mik. 7:7).

15, 16. Kewin dogan iman arkaly ýaşaýandygyny nädip görkezdi? (Surata serediň).

15 Geliň, iman arkaly ýaşamagyň peýdalydygyny görkezýän bir waka seredeliň. Perunyň döwlet dili ispan dili bolsa-da, köpler keçua dilinde gepleýärdi. Dogan-uýalar köp ýyllaryň dowamynda keçua dilinde gepleýän adamlary gözläp tapýardylar. Emma soňra doganlar döwletiň kanunyny göz öňünde tutup, wagyz etmek babatda täze görkezme berýär (Rim. 13:1). Dogan-uýalar şu usul arkaly wagyz etseler, keçua dilinde gepleýän adamlary tapyp bilmeris öýdüp alada edýärler. Ýöne olar şonda-da täze görkezmä ýürekden eýerýärler, Ýehowa-da olaryň tagallasyna ak pata berýär. Şeýlelikde, olar öňküden hem köp keçua  dilinde gepleýän adamlary tapýarlar.

16 Keçua dilindäki ýygnakda gulluk edýän ýaşuly dogan Kewin görkezmäniň näme üçin berlendigine düşünmeýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men: „Indi keçua dilinde gepleýän adamlary nädip taparkak?“ diýip biynjalyk boldum. Men Nakyllar 3:5 hakda oýlandym. Şonda Musa pygamber ýadyma düşdi. Ýehowa Musa pygambere ysraýyl halkyny Müsürden çykaryp, Gyzyl deňzine tarap alyp gitmegi tabşyrýar. Şonda ysraýyllar duzaga düşen ýalydy. Emma Musa Ýehowa gulak asýar. Ýehowa hem halkyny gudrat bilen halas edýär» (2 Mus. 14:1, 2, 9—11, 21, 22). Kewin görkezmä eýerip, täze usul bilen wagyz edip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň bereket berişine haýran galdym. Biz öň uzakly gün aýlanyp birki adam bilen gürrüňdeş bolup bilýärdik. Indi bolsa keçua dilinde gepleýän adamlaryň köp ýerine baryp wagyz edýäris. Netijede, biz köp adam bilen gürrüňdeş bolýarys, gaýtadan ideg edýäris we Mukaddes Kitapdan okuw geçýäris. Ýygnaklara gelýänleriň sany hem köpeldi». Hawa, Ýehowa iman arkaly ýaşaýan adamlara hemişe bereket berýär.

Keçua dilinde gepleýän adam wagyzçy är-aýala şol dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerini salgy berýär.

Köp adamlar dogan-uýalara keçua dilinde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerini salgy berýär (15, 16-njy abzaslara serediň).


17. Şu makaladan näme öwrendiňiz?

17 Biz makalada üç ýagdaýda iman arkaly ýaşamak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň etdik. Emma biz başga ýagdaýlarda-da, meselem, dynç almak, bilim almak we çaga terbiýelemek ýaly meselelerde-de iman arkaly ýaşamaly. Eger biz diňe görýän zatlarymyza esaslanyp karara gelsek ýalňyşarys. Emma Ýehowa gulak asyp, aladamyzy etjekdigi baradaky wadalaryna ynanyp karara gelsek, Hudaý bilen dostlugymyz bozulmaz we köp peýda alarys. Şeýdip, biz «elmydama we ebedilik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris» (Mik. 4:5).

BIZ NÄDIP... IMAN ARKALY ÝAŞAP BILERIS?

  •  iş saýlanymyzda

  •  ýanýoldaş saýlanymyzda

  •  görkezme berlende

156-NJY AÝDYM Iman bilen

a Käbir atlar üýtgedildi.

b Makalada durmuş gurmak isleýän uýa hakda gürrüň edilse-de, ondaky maslahatlar öýlenmek isleýän dogana-da degişli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş