13-NJI MAKALA
4-NJI AÝDYM «Ýehowa meniň Çopanym»
«Ýehowanyň eli» gysga däl
«Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?» (4 Mus. 11:23).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň hemişe zerur zadyňyzy ýetirjegine iman ediň.
1. Musa ysraýyllary Müsürden çykaranda Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
ÝEWREÝLER kitabynda berk imanly adamlaryň atlary ýazylan. Olaryň iň tanymaly Musa pygamber (Ýew. 3:2—5; 11:23—25). Ol ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanda Hudaýa imanynyň berkdigini görkezdi. Ol Müsür faraonyndan we onuň uly goşunyndan gorkmady. Musa Ýehowa bil baglap, ysraýyl halkyny Gyzyl deňizden geçirdi we ymgyr çölde ýol görkezdi (Ýew. 11:27—29). Ysraýyllaryň köpüsi Ýehowanyň aladasyny etjegine şübhelendiler, emma Musa Hudaýa bil baglaýardy. Ýehowa Musanyň tamasyny puç etmedi. Ol gudrat bilen gurak çölde halkynyň iýjek-içjegini ýetirip durdya (2 Mus. 15:22—25; Zeb. 78:23—25).
2. Ýehowa näme üçin Musadan: «Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?» diýip sorady? (4 Musa 11:21—23).
2 Musa pygamberiň Hudaýa imany berkdi. Ýöne ysraýyllaryň Müsürden azat bolanyna bir ýyl geçip-geçmänkä, ol Ýehowanyň halka «bir aýlap et iýdirerin» diýen wadasyna şübhelendi. Sebäbi Musa çäge syrap ýatan çölde millionlarça adama ýeterlik et tapyp boljagyny hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Şonda Ýehowa Musadan: «Näme, Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?» diýip sorady (4 Musa 11:21—23-nji aýatlary okaň). Aýatdaky «Ýehowanyň eli» diýen jümle Hudaýyň mukaddes ruhuny, ýagny güýjüni aňladýar. Başgaça aýdanyňda, Ýehowa Musa şeýle diýjek boldy: «Heý-de, meniň başarmajak zadym barmy?!»
3. Ýehowanyň Musa pygambere beren soragy hakda oýlanmak näme üçin wajyp?
3 Ýehowanyň siziň we maşgalaňyzyň gerek-ýarak zadyny ýetirjegine şübhelenen wagtyňyz bolupdymy? Onda makaladaky pikirler size Ýehowa bil baglap ýaşamaga kömek eder. Biz Hudaýyň goldawyna şübhelenen Musa pygamberiň we ysraýyllaryň wakasyna serederis. Şeýle-de Ýehowanyň eliniň gysga däldigine düşünmäge kömek edýän Mukaddes Kitabyň käbir aýatlaryna serederis.
MUSA BILEN YSRAÝYLLARDAN SAPAK EDINIŇ
4. Halkyň köpüsi Ýehowanyň aladasyny etjekdigine näme üçin şübhelendi?
4 Ysraýyllar Ýehowanyň aladasyny etjegine näme üçin şübhelendiler? Müsürden ysraýyllar bilen birtopar gelmişekler hem çykyp gaýtdylar. Olar birnäçe aý bäri çölüň içinden geçip gelýärdiler (2 Mus. 12:38; 5 Mus. 8:15). Gelmişekler mannadan halys irip zeýrenip başladylar, ysraýyllar hem olara goşulyp naladylar (4 Mus. 11:4—6). Şeýlelikde, olar Müsürde iýen zatlaryny küýsäp başladylar. Musa halkyň nalyşyndan ýadap, olara eti özi bermelidir öýtdi (4 Mus. 11:13, 14).
5, 6. Gelmişekler ysraýyllara nähili täsir etdi we biz şu wakadan näme öwrenýäris?
5 Halkyň arasynda ýaşaýan gelmişekler Ýehowanyň iýjek-içjegini ýetirip durýandygyna şükür etmedi. Gynansak-da, ysraýyllar hem olara meňzäp gadyrbilmez boldy. Eger bizem seresap bolmasak, gadyrbilmez adamlar ýaly Ýehowanyň berýän zatlaryna şükür etmän köp zat isläris. Biz gowy ýaşan günlerimizi ýatlap ýa-da başgalaryň durmuşyna göz gyzdyryp, hatda Ýehowadan nägile bolmagymyz mümkin. Emma biz nähili ýaşasak-da, barymyza kaýyl bolsak bagtly bolarys.
6 Ysraýyllar Ýehowanyň wadasy hakda oýlanmalydy. Ýehowa olara çölde gowy durmuşda ýaşatjakdygyny däl-de, süýt we bal akýan ýurtda bolelin ýaşatjakdygyny wada beripdi. Bizem ysraýyllar ýaly häzir özümizde ýok zatlar hakda oýlanyp ruhdan düşmän, gaýtam Ýehowanyň täze dünýäde ähli arzuwlarymyzy hasyl etjekdigi hakda oýlanmaly. Şeýle-de Ýehowa her gün bil baglap ýaşamaga kömek edýän aýatlar hakda pikirlenmeli.
7. Ýehowanyň eliniň gysga däldigine näme üçin ynanyp bileris?
7 Ýehowa Musa pygambere «Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?» diýende, diňe bir golunyň güýç-kuwwatlydygyny däl-de, eýsem uzadan ýerine ýetýändigini hem düşündirjek boldy. Dogrudan-da, Ýehowanyň goly gysga däl. Ol ymgyr çölde ysraýyllara näçe iýjek diýse et berip bilýärdi. Ol muny «güýç-kuwwatly goly bilen (sözme-söz: güýç-kuwwatly goluny uzadyp)» subut etdi (Zeb. 136:11, 12). Dogan-uýalar, sizem kyn günleri başdan geçireniňizde Ýehowanyň güýç-kuwwatly goluny uzadyp kömek etjekdigine şübhelenmäň (Zeb. 138:6, 7).
8. Biz ysraýyllardan näme sapak edinýäris? (Surata serediň).
8 Ýehowa beren sözünde durup, halkyna bolluk bilen bedene berdi. Emma ysraýyllar Ýehowa minnetdar bolman açgözlük etdiler. Olaryň garny doýsa-da, gözi doýmady, gije-gündiz bedene ýygnady. Ýehowanyň «açgözlük eden» halka gahary gelip, olara temmi berdi (4 Mus. 11:31—34). Bizem açgözlügiň duzagyna düşmez ýaly seresap bolmaly. Biz baý bolsak-da, garyp bolsak-da, Ýehowa we Isa bilen dostlugymyzy berkidip, «gökde baýlyk ýygnamaly» (Mat. 6:19, 20; Luka 16:9). Şonda Ýehowanyň gerek zatlarymyzy hökman ýetirjekdigine ynamly bolarys.
Ysraýyllar näme etdiler we biz olardan näme sapak edinýäris? (8-nji abzasa serediň).
9. Biz nämä ynamly bolup bileris?
9 Ýehowa şu günlerem güýç-kuwwatly goluny uzadyp halkyna kömek edýär. Emma bu biziň hemişe zada zar bolman, bolelin durmuşda ýaşajakdygymyzy aňlatmaýar. Käte biz pulsuzlykdan köseneris, islän zadymyzy almaga ýagdaýymyz bolmazb. Emma gapjygymyzda pul bolmasa-da, Ýehowa hemişe ýanymyzda bolar. Geliň, 1) pulsuzlykdan kösenenimizde, 2) garrylyk çagymyzy alada edenimizde Ýehowanyň eliniň gysga däldigine ynamly bolmalydygymyz hakda gürrüň edeliň.
PULSUZLYKDAN KÖSENENIMIZDE
10. Biz haýsy ýagdaýlarda pulsuzlykdan kösenmegimiz mümkin?
10 Dünýäniň soňy golaýlaşýar. Şonuň üçin köp ýurtlaryň ykdysadyýeti pese düşýär. Biziň ýurdumyzda hem syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi, uruşlaryň, tebigy betbagtçylygyň bolmagy ýa-da ýokanç keseliň ýaýramagy mümkin. Şol sebäpli işden çykarylmagymyz, köp zadymyzy ýitirmegimiz, hatda öýümizi goýup gitmeli bolmagymyz mümkin. Şeýle-de biz ýaşaýan ýerimizde iş tapman kösenip: «Maşgalamy eklemek üçin daşary ýurda işlemäge gidäýsemmikäm?» diýip, oýlanyp başlamagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bil baglap karara gelmäge näme kömek eder?
11. Pulsuzlykdan kösenenimizde näme etmeli? (Luka 12:29—31).
11 Gaýgy-aladany ýeňmegiň iň gowy usuly Ýehowa doga etmekdir (Nak. 16:3). Ýehowadan dogry karara geler ýaly akyldarlyk we kyn ýagdaýlarda çendenaşa alada etmez ýaly kalbyňyza parahatlyk diläň (Luka 12:29—31-nji aýatlary okaň). Baryňyza kaýyl bolup ýaşamagy öwrener ýaly Hudaýa gaýta-gaýta doga ediň (1 Tim. 6:7, 8). Şeýle-de pulsuzlykdan köseneniňizde edebiýatlardan gözleg geçirseňiz, gowy maslahatlary taparsyňyz. Köp dogan-uýalara jw.org saýtyndaky wideolar we makalalar kömek etdi.
12. Maşgalasyny goýup işlemäge gitjek bolýan mesihçi haýsy soraglar hakda oýlanmaly?
12 Käbirleri maşgalasyny goýup başga ýere işlemäge gidýärler. Emma olaryň köpüsi şeýle karara gelenine ökünýärler. Dogan-uýalar, iş saýlanyňyzda diňe gazanjak puluňyz hakda däl-de, şol işiň Ýehowa bilen dostlugyňyzy bozup biljekdigi hakda hem oýlanyň (Luka 14:28). Özüňize şeýle soraglary beriň: men başga ýere gidip işlesem, aýalym bilen aram sowaşmazmy? Men baran ýerimde yzygider ýygnaklara gatnaşyp ýa-da wagyz edip bilerinmi? Eger çagaňyz bar bolsa, onda şu wajyp sorag hakda oýlanyň: men maşgalamy goýup başga ýere gitsem, çagalarymy nädip «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyp» bilerin? (Efes. 6:4). Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän dogan-garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy diňlemäň, gaýtam Ýehowanyň öwredişi ýaly ýaşaňc. Günbatar Aziýada ýaşaýan Toni dogana daşary ýurtda gowy aýlykly işde işlemegi birnäçe sapar teklip edýärler. Toni Ýehowa doga edip, aýaly bilen maslahatlaşandan soň daşary ýurda gitmän, çykdajysyny azaldyp, baryna kaýyl bolup ýaşamak kararyna gelýär. Toni geçen günlerini ýatlap şeýle diýýär: «Men birnäçe adama Ýehowany tanamaga kömek etdim we çagalaryma Ýehowany söýüp, oňa şatlyk bilen gulluk etmegi öwretdim. Biz Matta 6:33-däki sözlere görä ýaşasak, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine göz ýetirdik».
GARRYLYK ÇAGYMYZY ALADA EDENIMIZDE
13. Garran çagymyz kösenip ýaşamaz ýaly häzirden näme edip bileris?
13 Biz gelejegimizi alada edip: «Garran çagym maňa kim sereder, nädip eklenerin?» diýmegimiz mümkin. Şonda Ýehowanyň eliniň gysga däldigine ynanýandygymyz ýa-da ynanmaýandygymyz mälim bolar. Mukaddes Kitapda ertirki gün kösenmez ýaly zähmetsöýer bolmalydygymyz maslahat berilýär (Nak. 6:6—11). Paýhasly adam agyr güni üçin ýagdaýynyň ýetdiginden pul süýşürýär. Mukaddes Kitapda hem: «Pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar» diýilýär (Nes. 7:12). Emma biz ertirki güni alada edip, puluň yzynda hars urmaly däl.
14. Gelejegimiz hakda biynjalyk bolanymyzda Ýewreýler 13:5-däki sözler nädip kömek edýär?
14 Isa pygamber «Hudaýyň öňünde baý bolman» özi üçin pul toplaýan adamyň akylsyzdygyny aýtdy (Luka 12:16—21). Sebäbi hiç kim ertir näme boljagyny bilmeýär (Nak. 23:4, 5; Ýak. 4:13—15). Üstesine-de Ýehowa iman edýändigimiz üçin biz köp kynçylyklara duş geleris. Isa pygamber şägirtleriniň «ähli zadyndan geçmeli» boljakdygyny aýtdy (Luka 14:33). I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçiler köp zadyndan höwes bilen geçdiler (Ýew. 10:34). Şu günler köp dogan-uýalar olaryň göreldesine eýerýär. Syýasata goşulmaýandygy, saýlawlarda ses bermeýändigi üçin olary işden çykarýarlar (Ylh. 13:16, 17). Şonda dogan-uýalara Ýehowa bil baglamaga näme kömek edýär? Olar Ýehowanyň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasyna 100 göterim ynanýarlar (Ýewreýler 13:5-i okaň). Biz ertirki gün üçin gurbumyzyň çatdygyndan pul süýşürsek-de, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda Ýehowanyň kuwwatly goluny uzadyp kömek etjekdigine doly ynanýarys.
15. Mesihçi ene-atalar çagalaryny nähili maksat bilen ulaltmaly? (Surata serediň).
15 Käbir ýurtlarda är-aýallar: «Garran çagymyz bizi eklär» diýip çaga edinýärler. Olar çagalaryna «pensiýa» ýaly seredýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda: «Çagalar ene-atasyna däl-de, ene-atalar çagalaryna miras galdyrýar» diýilýär (2 Kor. 12:14). Elbetde, ene-atalar garran çagy çagalaryndan pul ýa-da başga-da gerek zatlaryny sorap biler, çagalary hem olara höwes bilen kömek eder (1 Tim. 5:4). Emma mesihçi ene-atalar çagalaryny «garran çagymyz sereder, eklär» diýip däl-de, «Ýehowa wepaly gulluk eder» diýip ulaltsalar has bagtly bolar (3 Ýah. 4).
Wepaly mesihçiler gelejegi hakda biynjalyk bolanda Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýerýär (15-nji abzasa serediň)d.
16. Ene-atalar çagalaryna öz gününi görmegi nädip öwredip biler? (Efesliler 4:28).
16 Ene-atalar, çagalaryňyza öz başyny çaramagy we göreldäňiz bilen Ýehowa bil baglamagy öwrediň. Çagalaryňyz kiçi bolsa-da, öýüň käbir işlerini etdiriň (Nak. 29:21; Efesliler 4:28-i okaň). Olary mekdepde gowy okamaga höweslendiriň. Edebiýatlardan Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda gözleg geçiriň we çagalara bilim almak meselesinde dogry karara gelmäge kömek ediň. Şeýtseňiz, çagalaryňyz hünär öwrenip öz gününi özi görer we Ýehowa köpräk gulluk eder, hatda pioner gullugyna hem başlar.
17. Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine näme üçin ynanmaly?
17 Biz Gudratygüýçli Ýehowanyň aç-hor etmejegine doly ynamly bolup bileris, sebäbi Onuň bize kömek edesi gelýär, kömek etmäge güýji hem ýetýär. Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, biz Ýehowa has köp bil baglamaly bolarys. Şonuň üçin Ýehowanyň zerur zatlarymyzy ýetirip durjakdygyna doly ynanalyň. Ýehowanyň eli gysga däl, ol islendik wagt, islendik ýerde kuwwatly goluny uzadyp aladamyzy eder.
150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar
a «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz (w23.10).
b «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz (w14 15/9).
c «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez» diýen makalany okaň (w14 15/4).
d SURATYŇ BEÝANY: är-aýal gyzy bilen jaňlaşýar. Olaryň gyzy äri bilen Ýygnak jaýynyň gurluşygyna gatnaşýar.