Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Aprel sah. 20—25
  • Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA ÝOL GÖRKEZÝÄR
  • ÝEHOWA ZADA ZAR ETMEÝÄR
  • ÝEHOWA BIZI GORAÝAR
  • ÝEHOWA GÖWÜNLIK BERÝÄR
  • ÝEHOWA HIÇ HAÇAN ÝEKE GOÝMAZ
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Jomart adam bagtlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Aprel sah. 20—25

17-NJI MAKALA

99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar

Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar

«Men saňa... kömek ederin» (Işa. 41:10).

ESASY PIKIR

Ýehowa dört usul arkaly kömek edýär.

1, 2. a) Kynçylyklarda ýeke däldigimizi näme subut edýär? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

AGYR günler başymyza inende özümizi harasat gopýan deňizde ýeke galan adam ýaly duýýandyrys. Kynçylyklar äpet tolkunlar kimin üstümize abanýandyr. Emma biz kyn günlerde Ýehowanyň ýanymyzdadygyny unutmaly däl. Ol biziň duş gelýän kynçylyklarymyzy diňe bir görmän, olary ýeňip geçmäge kömek etjekdigini wada berýär. Ýehowa wepaly bendelerine mähir bilen: «Men saňa... kömek ederin» diýýär (Işa. 41:10).

2 Şu makalada Ýehowanyň haýsy dört usul arkaly kömek edýändigine serederis. 1) Ol ýol görkezýär, 2) zerur zatlarymyzy ýetirýär, 3) goraýar, 4) göwünlik berýär. Durmuşda apy-tupan ýaly kynçylyklar bolsa-da, Ýehowa bizi ýeke goýmajakdygyny, terk etmejekdigini, gözden salmajakdygyny söz berýär.

ÝEHOWA ÝOL GÖRKEZÝÄR

3, 4. Ýehowa bize nädip ýol görkezýär? (Zebur 48:14).

3 Zebur 48:14-i okaň. Ýehowa adamlaryň özbaşdak dogry ýoly saýlap bilmejekdigine düşünýär. Şonuň üçin ol wepaly gullukçylaryna Mukaddes Kitabyň sahypalary arkaly dogry ýoly görkezýär (Zeb. 119:105). Ýehowa Sözi arkaly häzirden bagtly ýaşar ýaly dogry karara gelmäge we ýagşy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýära. Meselem, Ol bize geçirimli, dogruçyl bolmagy we adamlary ýürekden söýmegi öwredýär (Zeb. 37:8; Ýew. 13:18; 1 Pet. 1:22). Biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürsek, aladaçyl ene-ata, mähirli, wepaly ýanýoldaş we ýürekdeş dost bolup bileris.

4 Ýehowa Mukaddes Kitaba biziňki ýaly kynçylyklary we duýgulary başdan geçiren adamlaryň wakalaryny ýazdyrdy (1 Kor. 10:13; Ýak. 5:17). Olar ýöne bir erteki däl, durmuşda bolan wakalar. Eger biz Mukaddes Kitabyň gahrymanlary hakda okasak we göreldesine eýersek, iki peýda alarys. Birinjiden, kynçylyklaryň diňe biziň başymyza inmeýändigine düşüneris. Geçmişde ýaşan wepaly adamlar kynçylyklara duş geldiler we Hudaýyň kömegi bilen ýeňip geçdiler (1 Pet. 5:9). Ikinjiden, bizem kynçylyklary ýeňip geçmegi öwreneris (Rim. 15:4).

5. Ýehowa kimler arkaly ýol görkezýär?

5 Ýehowa dogan-uýalar arkaly hem ýol görkezýärb. Meselem, etrap gözegçileri dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin yzygider ýygnaklary idäp durýarlar. Olaryň nutuklary dogan-uýalaryň imanyny berkidýär we ýygnakda agzybirligiň bolmagyna kömek edýär (Res. 15:40—16:5). Ýaşulular bolsa dogan-uýalaryň Ýehowa bilen dostlugyny berkitmek üçin elinde baryny edýär (1 Pet. 5:2, 3). Ene-atalar çagalaryna Ýehowany söýmegi, paýhasly karara gelmegi we gowy endikleri ösdürmegi öwredýär (Nak. 22:6). Berk imanly uýalar bolsa ýaş uýalara görelde bolýar, gerek ýerinde maslahat berýär we olary öwüp ruhlandyrýar (Tit. 2:3—5).

6. Ýehowanyň maslahatyna eýermek üçin näme etmeli?

6 Ýehowa bize ýol görkezmek üçin öz tarapyndan hemme zatlary etdi. Ýöne biz öz gezegimizde näme edip bileris? Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlarda: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma» diýilýär. Eger biz şu maslahata eýersek, ähli işlerimizde üstünlik gazanarys, köp kynçylyklaryň öňüni alarys we asuda, parahat ýaşarys. Biz Ýehowa öz wagtynda söýgi bilen berýän maslahatyna örän minnetdar (Zeb. 32:8).

ÝEHOWA ZADA ZAR ETMEÝÄR

7. Ýehowa zerur zatlarymyzy nädip ýetirýär? (Filipililer 4:19).

7 Filipililer 4:19-y okaň. Biz Ýehowa müňde bir şükür! Atamyzyň kömegi bilen iýjegimiz, geýjegimiz, ýaşar ýaly ýerimiz bar. Ol biziň çekýän zähmetimizi bereketleýär (Mat. 6:33; 2 Sel. 3:12). Elbetde, her günki zerur zatlaryň hakda biynjalyk bolmak adaty zat, ýöne Ýehowa biziň çendenaşa alada etmezligimizi isleýär (Mat. 6:25). Sebäbi gökdäki Atamyz bizi hiç haçan ýeke goýmaz. Ol agyr günde aç-hor etmez (Mat. 6:8; Ýew. 13:5). Biz Ýehowanyň: «Men seni terk etmerin» diýen sözlerine doly ynanyp bileris.

8. Ýehowa Dawuda nädip kömek etdi?

8 Geliň, Ýehowanyň Dawut pygambere eden kömegi hakda gürrüň edeliň. Dawut Şawul patyşadan gaçyp, ýigitleri bilen dag-düzlerde ýaşamaly boldy. Şonda Ýehowa olaryň iýjek-içjegini ýetirip durdy. Dawut garran çagy Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlanyp şeýle diýdi: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym, Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni, zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni» (Zeb. 37:25). Gadyrly dogan-uýalar, siz hem Ýehowanyň wepaly bendeleriniň zerur zatlaryny ýetirýändigine ençeme sapar şaýat bolan bolsaňyz gerek.

9. Ýehowa gurakçylykda we tebigy betbagtçylykda halkynyň nädip aladasyny edýär? (Surata serediň).

9 Tebigy betbagtçylyk ýa-da gurakçylyk bolanda Ýehowa halkynyň zerur zatlaryny ýetirýär. Meselem, I asyrda Iýerusalimde açlyk bolýar. Şonda başga ýerde ýaşaýan dogan-uýalar olaryň zerur zatlaryny ýetirýär (Res. 11:27—30; Rim. 15:25, 26). Hudaýyň halky şu günlerem imandaşlaryna jomartlyk bilen kömek edýär. Meselem, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän dogan-uýalary goldamak üçin iýip-içgi, egin-eşik, däri-derman iberýärler. Gurluşykçylar bolsa dogan-uýalaryň ýykylan öýlerini we Ýygnak jaýlaryny dikeldýärler. Şeýle-de ejir çeken we ýakynlary aradan çykan dogan-uýalary ruhlandyryp göwünlik berýärlerc.

Surat: Doganlar Malawidäki tebigy betbagtçylykdan kösenen dogan-uýalara iýip-içgi, egin-eşik, däri-derman iberýärler we ruhlandyrýarlar. 1) Ýurduň köp bölegini suw alýar. 2) Geýj Fligl dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýar. 3) Doganlar ulagdan azyk önümleri düşürýär.

Tebigy betbagtçylyk ýa-da gurakçylyk bolanda Ýehowa nädip göwünlik berýär? (9-njy abzasa serediň)e.


10, 11. Boris bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

10 Ýehowa özüne sežde etmeýän adamlara-da ýagşylyk edýär. Bizem Atamyzyň göreldesine eýerip, Hudaýa iman etmeýän adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli, sebäbi ýagşylyk ýerde ýatmaýar (Gal. 6:10). Muny Ukrainada ýaşaýan mekdep müdiri Boris bilen bolan waka subut edýär. Ol Ýehowanyň Şaýady däldi, ýöne mekdebinde okaýan Şaýatlar bilen mähirli gepleşýärdi we olaryň ynanjyna hormat goýýardy. Borisiň şäherinde uruş turýar, ol ýurduň parahat ýerine göçmek isleýär. Şonda doganlar oňa kömek edýär. Boris Ýatlama agşamyna gatnaşýar. Ol doganlaryň eden kömegi hakda şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlary maňa uly ýagşylyk etdi, men olara diýseň minnetdar!»

11 Biz hem gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerip, Hudaýa iman etmeýän adamlara-da söýgimizi görkezýäris (Luka 6:31, 36). Biz olaryň ýagşy edim-gylymymyzy görüp, Isa Mesihiň şägirdi bolar diýip umyt edýäris (1 Pet. 2:12). Ýöne olar hakykaty kabul etse-de, etmese-de, biz ýagşylyk edip, bermekden şatlyk tapýarys (Res. 20:35).

ÝEHOWA BIZI GORAÝAR

12. Ýehowa halkyny nädip gorar? (Zebur 91:1, 2, 14).

12 Zebur 91:1, 2, 14-nji aýatlary okaň. Hiç kim we hiç zat biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup bilmez. Ýehowa hatda Şeýtana-da arassa seždäni hapalamaga ýol bermez (Ýahýa 17:15). Biz «uly betbagtçylykda» Ýehowa wepaly bolup, täze dünýä sag-aman geçjekdigimize ynamly bolup bileris, sebäbi Ýehowa sözünde durup bizi gorar (Ylham 7:9, 14).

13. Ýehowa biziň her birimizi nädip goraýar?

13 Ýehowa biziň her birimizi nädip goraýar? Ol Mukaddes Kitap arkaly ýagşyny-ýamany saýgarmagy öwredýär (Ýew. 5:14). Biz Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşasak, Hudaý bilen dostlugymyz bozulmaz, jan-saglygymyzy gorarys (Zeb. 91:4). Şeýle-de Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly hem goraýar (Işa. 32:1, 2). Biz Ýehowany söýýän, onuň prinsipleri boýunça ýaşaýan adamlaryň arasynda bolanymyzda ruhlanýarys we dünýäniň täsirine garşy göreşip bilýäris (Nak. 13:20).

14. a) Ýehowa kynçylyklarymyzy näme üçin gudrat bilen aýyrmaýar? b) Ýehowa Zebur 9:10-da näme wada berýär? (Çykgyda serediň).

14 Geçmişde Ýehowa käbir gullukçylaryny gudrat bilen ölümden halas etdi, emma ol hemişe şeýle gudratlary görkezmeýärdi. Mukaddes Kitapda hemmeleriň «garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýandygy» aýdylýar (Nes. 9:11). Ýehowa taryhyň dowamynda Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin käbir gullukçylarynyň yzarlanmagyna, hatda öldürilmegine ýol berdi (Eýp. 2:4—6; Mat. 23:34). Ýehowa şu günlerem kynçylyklary gudrat bilen aýyrmaýar, emma biz onuň wepaly bendelerini hiç haçan terk etmejekdigine ynamly bolup bilerisd (Zeb. 9:10).

ÝEHOWA GÖWÜNLIK BERÝÄR

15. Hudaýa doga etmek, Mukaddes Kitaby okamak we ýygnaklara barmak nädip göwünlik berýär? (2 Korinfliler 1:3, 4).

15 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň. Biz käte gaýgy-gama batýandyrys, hasrat çekýändiris. Dogan-uýalar, belki, sizem ruhdan düşüp özüňizi ýeke duýýansyňyz, ýagdaýyňyza hiç kim düşünmeýän ýalydyr. Ýöne ýagdaýyňyza kim düşünmese-de, Ýehowa düşünýär. Ol diňe bir siziň ýürek derdiňizi görmän, eýsem göwünlik hem berýär. Eger Hudaýa ýüregiňizi döküp doga etseňiz, Ol size «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny» berer (Flp. 4:6, 7). Şeýle-de Hudaýyň Sözüni okasaňyz ýüregiňiz giňär. Mukaddes Kitapda ýazylan Ýehowanyň mähirli sözleri, akyldarlygy we berýän umydy göwnüňizi galkyndyrar. Her hepde ýygnaklara barsaňyz, dogan-uýalaryň güler ýüzüni görüp, ruhlandyryjy jogaplaryny we nutuklary diňläp güýjüňize güýç goşular.

16. Natan bilen Priskillanyň wakasyndan näme öwrenýäris?

16 Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly göwünlik berýändigini ABŞ-da ýaşaýan Natan bilen Priskillanyň wakasy subut edýär. Birnäçe ýyl mundan öň olar wagyzçylaryň az ýerine göçýär. Natan: «Biz Ýehowa edenimizi ugruna eder, azabymyz ýerine düşer diýip pikir edýärdik» diýýär. Emma är-aýal ol ýere baranda keselleýär, iş tapman kösenýär. Soňra olar yzyna dolanmaly bolýar, ýöne öýüne gelensoň hem pulsuzlykdan kösenýär. Natan şeýle diýýär: «Men: „Ýehowa näme üçin tagallamyza bereket bermedi? Men nirede ýalňyşlyk goýberdimkäm?“ diýip biynjalyk bolýardym». Emma Natan bilen Priskilla biraz wagtdan soň Ýehowanyň kyn günde taşlamandygyna göz ýetirýär. Natan şeýle diýýär: «Şol döwür Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly ruhlandyrdy, akyldarlyk berdi we ýol görkezdi. Biz kynçylyklar hakda däl-de, Ýehowanyň berýän kömegi hakda oýlandyk. Şonda örän ruhlandyk we Ýehowanyň gelejekde-de kömek etjekdigine ynamymyz artdy».

17. Helga uýa nädip göwünlik tapdy? (Surata serediň).

17 Ýehowa bize dogan-uýalar arkaly hem göwünlik berýär. Geliň, Wengriýada ýaşaýan Helga uýa hakda gürrüň edeliň. Ol onlarça ýyl dürli kynçylyklara döz geldi. Helga özüni çäresiz, dereksiz duýýardy. Emma Ýehowa ony ýygnaklar arkaly ruhlandyrdy. Helga şeýle diýýär: «Men işleýärdim, ýarawsyz ogluma seredýärdim. Derdim başymdan agdykdy. Men: „Mundan artyk güýjüm ýok“ diýen wagtym Ýehowa dadyma ýetişýärdi. 30 ýylyň dowamynda Ýehowa meni ýekeje günem taşlamady. Ol maňa her gün göwünlik berýärdi. Ýehowa köplenç ýygnakda dogan-uýalaryň mähirli, ruhlandyryjy we peýdaly jogaplary arkaly derdime derman bolýardy. Dogan-uýalar maňa iň zerur wagty SMS, minnetdarlyk hatyny ýazýardylar we öwýärdiler».

Surat: Dogan-uýalar garry dogana göwünlik berýärler. 1) Ol çagalaryň çeken suratyna seredýär. 2) Bir dogan oňa SMS ýazýar. 3) Är-aýal oňa pizza hem-de azyk önümlerini getirýär. 4) Bir dogan oňa jaň edýär. 5) Ýaşajyk uýa oňa Jennetiň hem-de ýolbarsyň suratyny çekip berýär.

Ýehowa bize dogan-uýalar arkaly nädip göwünlik berýär? (17-nji abzasa serediň).


18. Biz nädip ähli adamlara göwünlik berip bileris?

18 Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip dogan-uýalara göwünlik bermeli. Nädip? Biz olary ünsli diňlemeli, mähirli gepleşmeli we el kömegini bermeli (Nak. 3:27). Biz Hudaýa iman etmeýän adamlara-da göwünlik berip bileris. Belki, goňşularymyzyň ýakyny aradan çykandyr ýa-da olar keselländir. Şonda olaryň öýüne baryp, hal-ýagdaýyny sorap gürrüňdeş bolup bileris we Mukaddes Kitapdan umyt berýän aýatlary okap bileris. Geliň, «göwünlik berýän Hudaý» Ýehowanyň göreldesine eýerip diňe bir imandaşlarymyza däl, Ýehowany tanamaýan adamlara-da göwünlik bereliň. Şonda olaryň ýüregi ýumşap, Ýehowany has gowy tanamak islär (Mat. 5:16).

ÝEHOWA HIÇ HAÇAN ÝEKE GOÝMAZ

19. Ýehowa nädip aladamyzy edýär we onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

19 Ýehowa her bir gullukçysynyň ýürekden aladasyny edýär. Ol bizi kyn günde taşlamaýar. Edil çagasynyň daşynda kökenek bolýan ene-ata ýaly, Ýehowa-da biziň mähir bilen aladamyzy edýär. Ol bize ýol görkezýär, zerur zatlarymyzy ýetirýär, goraýar we göwünlik berýär. Biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip ähli adamlary goldamaly we göwünlik bermeli. Elbetde, biziň hem başymyza kyn günler gelip biler, ýöne Ýehowanyň bizi hiç haçan ýeke goýmajakdygyna ynamly bolup bileris. Ol: «Gorkma, men seniň bilendirin» diýip wada berýär (Işa. 41:10). Gör, nähili ajaýyp wada! Arkadagymyz Ýehowa bilen özümizi hiç haçan ýeke duýmarys.

ÝEHOWA NÄDIP . . .

  •  ýol görkezýär?

  •  zerur zatlarymyzy ýetirýär?

  •  goraýar we göwünlik berýär?

100-NJI AÝDYM Myhmansöýer bolalyň

a «Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!» diýen makalany okaň (w11 15/4).

b «Ýehowanyň görkezmesine eýereliň» diýen makalany okaň (w24.02 abz. 11—14).

c JW.ORG saýtyna girip, gözleg diýen ýerine «tebigy betbagtçylyk» diýip ýazyň we ejir çekenlere edilýän kömek hakda okaň.

d «Okyjylaryň sowallaryny» okaň (w17.02).

e SURATYŇ BEÝANY: doganlar Malawidäki tebigy betbagtçylykdan kösenen dogan-uýalara iýip-içgi, egin-eşik, däri-derman iberýärler we ruhlandyrýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş