Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Maý sah. 26—31
  • Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ADYNY GÖTERJEK HALK»
  • «SIZ MENIŇ ŞAÝATLARYM»
  • ÝEHOWANYŇ ADYNY AKLAMAGA GOŞANT GOŞUŇ
  • Isa Ýehowanyň adyny nädip aklady?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • «Ýehowanyň adyny wasp ediň!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • «Kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Maý sah. 26—31

23-NJI MAKALA

2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa

Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?

«Ýehowa şeýle diýýär: „Siz meniň şaýatlarym“» (Işa. 43:10).

ESASY PIKIR

Ýehowanyň adyny aklamak üçin her birimiz öz goşandymyzy goşmaly.

1, 2. Isa Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagy hemme zatdan wajyp hasaplaýandygyny nädip görkezdi?

ISA PYGAMBER üçin Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmakdan wajyp zat ýokdy. Hiç kim Isa ýaly Ýehowanyň adyny aklamak üçin köp iş etmedi. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa Ýehowanyň adyny mukaddes etmek we Onuň gowy hökümdardygyny subut etmek üçin ölmäge-de taýyndy (Mar. 14:36; Ýew. 10: 7—9). Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda Isa Patyşalygy Atasyna gaýtaryp, Onuň adyny doly aklar (1 Kor. 15:26—28). Isa pygamberiň eden işleri Ýehowany bütin jany-teni bilen söýýändigini subut edýär.

2 Isa pygamber ýer ýüzüne Atasynyň adyndan geldi (Ýah. 5:43; 12:13). Ol şägirtlerine Atasynyň adyny tanatdy (Ýah. 17:6, 26). Isa adamlara Hudaýyň akyldarlygy bilen öwredýändigini we Onuň güýji arkaly gudrat görkezýändigini aýdýardy (Ýah. 10:25). Isa Ýehowadan «öz adynyň... hatyrasyna olary (şägirtlerini) goramagy» haýyş etdi (Ýah. 17:11). Dogrudanam, Isa Atasynyň adyny jar etmek üçin hemme zada taýyndy. Köpler özüni Isanyň şägirdi hasaplaýar. Ýöne olar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilmeýärler ýa-da bilseler-de ony tutmaýarlar. Eýsem şeýle adamlara Isanyň hakyky şägirdi diýip bolarmy?

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerýäris, Ýehowanyň adyna hormat goýýarys (1 Pet. 2:21). Şu makalada Ýehowanyň «Patyşalyk baradaky hoş habary... wagyz edýänleri» adyny göterýän halk edip saýlandygy hakda gürrüň ederis (Mat. 24:14). Şeýle-de her birimiziň Ýehowanyň adynyň aklanmagyna nädip goşant goşup biljekdigimize serederis.

«ADYNY GÖTERJEK HALK»

4. a) Isa pygamber göge galmanka şägirtlerine nähili tabşyryk berdi? b) Biz haýsy soragyň jogabyny bileris?

4 Isa pygamber göge galmazdan öň şägirtlerine: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýdi (Res. 1:8). Diýmek, hoş habar diňe bir Ysraýylda däl-de, ähli ýerde wagyz edilmelidi. Dünýäniň dürli künjegindäki adamlar Isanyň şägirdi bolmalydy (Mat. 28:19, 20). Isa pygamber: «Men hakda wagyz edersiňiz» diýdi. Onda hoş habary eşidip, şägirt bolan adamlar diňe Isa hakda wagyz etmelidimi ýa-da Ýehowanyň hem adyny jar etmelidimi? Geliň, şu soragyň jogabyny bilmek üçin Resullar 15-nji bapdan bir waka seredeliň.

5. Iýerusalimdäki resullar bilen ýaşulular ähli adamlaryň Ýehowanyň adyny bilmelidigini nädip görkezdiler? (Surata serediň).

5 B. e. 49-njy ýylynda resullar we ýaşulular Iýerusalimde sünnetlenmek meselesine seredýärler. Gürrüňdeşligiň soňunda Isa pygamberiň inisi Ýakup şeýle diýýär: «(Petrusyň) birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär». Soňra ol Amos pygamberiň sözlerine salgylanyp şeýle diýýär: «Şonda beýleki adamlar hem meniň adymy göterýän ähli milletler bilen birlikde Ýehowany ýürekden gözlärler» (Res. 15:14—18). Hoş habary eşidip Isanyň şägirdi bolan adamlar diňe bir Ýehowanyň adyny bilmän, eýsem Onuň adyny götermelidiler. Diýmek, olar adamlara Hudaýyň adynyň Ýehowadygy hakda wagyz etmelidi we Ýehowanyň gullukçysy hökmünde tanalmalydy.

Ýakup Iýerusalimde käbir resullar hem-de ýaşulular bilen gürrüň edýär. Doganlaryň ikisi golýazmany açyp diňläp otyr.

I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahaty mesihçileriň Hudaýyň adyny götermelidigine doly göz ýetirýärler (5-nji abzasa serediň).


6, 7. a) Isa pygamber ýer ýüzüne näme üçin geldi? b) Onuň ýere gelmeginiň esasy sebäbi näme?

6 Isanyň ady «Ýehowa halas edýär» diýmegi aňladýar. Ýehowa Isa arkaly iman edýän adamlary halas eder. Isa pygamber ýer ýüzüne adamzady halas etmäge gelipdi (Mat. 20:28). Ol töleg gurbanyny berip, ähli adamlara günäden azat bolmaga we ebedi ýaşamaga ýol açdy (Ýah. 3:16).

7 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Erem bagynda Adam ata bilen How ene Ýehowa garşy çykdy. Olar hem özlerini, hem nesillerini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi (1 Mus. 3:6, 24). Isa pygamber Adam atanyň nesline ebedi ýaşaýşy bermek üçin janyny töleg hökmünde berdi. Ýöne ol ýer ýüzüne adamlary halas etmekden has wajyp iş üçin gelipdi. Ol Atasynyň adyny aklamalydy (1 Mus. 3:4, 5). Eger Ýehowanyň ady aklansa, onda adamzat nesli hem halas bolardy. Isa pygamber Ýehowanyň wekili we Onuň adyny göterýär. Şonuň üçin ol Ýehowanyň adyny aklap biljek ýeke-täk şahsyýetdi.

Özüne Isanyň şägirdi diýýän adamlar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilmeýärler. Eýsem olara Isanyň hakyky şägirdi diýip bolarmy?

8. Isa iman edýänler nämäni boýun almalydy?

8 Isa iman eden adamlaryň ählisi, ýehudylar hem, başga milletler hem, Ýehowanyň Halasgärdigini boýun almalydy (Ýah. 17:3). Olar Isanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň adyny götermelidi we Onuň adynyň hökman aklanmalydygyna düşünmelidi. Sebäbi olaryň gutulyşy şoňa baglydy (Res. 2:21, 22). Isanyň şägirtleri diňe Isa barada däl-de, Ýehowa barada hem bilim almalydy. Isa pygamber ýöne ýere dogasyny şeýle sözler jemlemändi: «Men olara adyňy tanatdym, ýene-de tanadaryn. Şonda meni söýşüň ýaly, olar hem adamlary söýerler, men hem olar bilen agzybir bolaryn» (Ýah. 17:26).

«SIZ MENIŇ ŞAÝATLARYM»

9. Ýehowanyň adyna hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

9 Isanyň hakyky şägirtleri Ýehowanyň adyny aklamak üçin elinde baryny etmeli (Mat. 6:9, 10). Olar üçin Ýehowanyň ady älem-jahanda iň beýik at bolmaly. Munuň üçin olar Ýehowanyň adyna hormat goýýandygyny diňe bir aýtman, eýsem iş ýüzünde hem görkezmeli. Biz Ýehowanyň adyny aklamak we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin näme edip bileris?

10. Işaýa 42—44-nji baplarda nähili mesele gozgalýar? (Işaýa 43:9; 44:7—9; surata serediň).

10 Işaýa 42—44-nji baplarda Ýehowanyň adynyň aklanmagyna goşant goşup bilýändigimiz aýdylýar. Şol baplara görä, göçme manyda kazyýet işi geçirilýär. Şonda Ýehowa ýalan taňrylara özleriniň hakykydygyny subut etmelidigini aýdýar. Şeýle-de, Ýehowa olara çokunýan adamlary şaýatlyk etmäge çagyrýar. Ýöne hiç kimden ses-seda çykmaýar (Işaýa 43:9; 44:7—9-njy aýatlary okaň).

Surat: perişdeler bütin dünýäde Ýehowanyň adyny aklaýan adamlara syn edýärler. 1) Är-aýal stendli wagyz edýär. 2) Ýaş uýa klasdaşyna jw.org saýtynyň salgysyny berýär. 3) Dogan metroda bir oglana wagyz edýär. 4) Ýüzi maskaly polisiýa işgärleri dogany tussag edýärler. 5) Hassahanada ýatan uýa lukmana gan baradaky garaýşyny düşündirýär.

Biz sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyny subut edýäris (10, 11 abzaslara serediň).


11. Ýehowa halkyna näme diýip ýüzlenýär? (Işaýa 43:10—12).

11 Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň. Ýehowa halkyna ýüzlenip: «Siz meniň şaýatlarym... Men hak Hudaý» diýýär. Soňra: «Menden başga Hudaý barmy?» diýýär (Işa. 44:8). Biz şu soraga ikirjiňlenmän «ýok» diýip jogap berýäris. Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyny sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen görkezýäris. Ýer ýüzünde Ýehowa diýen ada taý geljek at ýokdur. Şeýtan bize näçe hüjüm etse-de, biz Ýehowany söýýäris we diňe oňa wepaly bolýarys. Şeýdip, onuň adynyň aklanmagyna goşant goşýarys.

12. Işaýa 40:3, 5-nji aýatlardaky sözler nädip ýerine ýetdi?

12 Ýehowanyň adyny aklap, Isanyň göreldesine eýerýäris. Işaýa pygamber biriniň «Ýehowa üçin ýol taýýarlajakdygyny» aýdypdy (Işa. 40:3). Şol pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Suwa çümdürýän Ýahýa Ýehowanyň adyndan gelen we Ýehowanyň ady bilen geplän Isa pygamber üçin ýol taýýarlapdy (Mat. 3:3; Mar. 1:2—4; Luka 3:3—6). Işaýa pygamber: «Ýehowa şöhratlanar» diýip hem pygamberlik etdi (Işa. 40:5). Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Isa pygamber Ýehowanyň wekili hökmünde ýer ýüzüne geldi. Ol Ýehowanyň tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdi welin, göýä ýer ýüzüne Ýehowa gelen ýaly boldy (Ýah. 12:45).

13. Isadan nädip görelde alyp bileris?

13 Isa ýaly bizem Ýehowanyň Şaýatlary. Biz Onuň adyny göterýäris we beýik işleri hakda adamlara gürrüň berýäris. Biz adymyza mynasyp ýaşar ýaly, Isanyň Ýehowanyň adyny aklamak üçin eden işleri hakda adamlara gürrüň bermeli (Res. 1:8). Isa pygamber Ýehowanyň adyny göterýän iň beýik şaýat. Biz onuň göreldesine eýerýäris (Ylh. 1:5). Ýehowanyň adyny aklamaga her birimiz nädip goşant goşup bileris?

ÝEHOWANYŇ ADYNY AKLAMAGA GOŞANT GOŞUŇ

14. Biz näme üçin Ýehowanyň adyna buýsanýarys? (Zebur 105:3).

14 Biz Ýehowanyň adyna buýsanýarys (Zebur 105:3-i okaň). Ýehowa öz adyny buýsanç bilen göterýän halkyna guwanýar (Ýer. 9:23, 24; 1 Kor. 1:31; 2 Kor. 10:17). Ýehowanyň adyny götermek we aklamak biziň üçin uly hormat. Biz işdeşlerimize, klasdaşlarymyza we goňşy-golamlarymyza Ýehowanyň Şaýadydygymyzy aýtmaga utanmaýarys. Şeýtan bize adamlaryň ýanynda dil ýardyrmajak bolýar (Ýer. 11:21; Ylh. 12:17). Sebäbi onuň özi hem, tarapdarlary hem Ýehowanyň adynyň hemişelik unudylmagyny isleýär (Ýer. 23:26, 27). Ýöne biz Ýehowany söýýändigimiz üçin onuň ady hakda hemmelere gürrüň berýäris (Zeb. 5:11; 89:16).

15. Ýehowanyň adyny çagyrmak näme aňladýar?

15 Biz Ýehowanyň adyny çagyrýarys (Ýow. 2:32; Rim. 10:13, 14). Ýehowanyň adyny çagyrmak diňe bir Onuň adyny bilmegi ýa-da tutmagy aňlatmaýar. Ýehowa biziň Atamyz, biz Oňa bil baglaýarys, kömek we görkezme soraýarys (Zeb. 20:7; 99:6; 116:4; 145:18). Biz Ýehowanyň ady we ajaýyp häsiýetleri hakda bütin ýer ýüzüne jar edýäris. Adamlaryň Ýehowa bilen dostlaşmagy üçin olara günäsine toba edip, durmuşyny üýtgetmäge kömek edýäris (Işa. 12:4; Res. 2:21, 38).

16. Şeýtanyň ýalançydygyny nädip subut edip bileris?

16 Biz Ýehowanyň adynyň hatyrasy üçin ejir çekmäge taýyn (Ýak. 5:10, 11). Biz kynçylyklarda Ýehowa wepaly bolsak, Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis. Eýýup pygamberiň günlerinde Şeýtan Ýehowa gulluk edýän adamlary aýyplap: «Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer» diýdi (Eýp. 2:4). Ol: «Adamlar Ýehowa öz peýdasy üçin gulluk edýär. Eger olaryň başyna betbagtçylyk inse, Ýehowadan ýüz öwrer» diýip töhmet atdy. Ýöne Eýýup pygamber Ýehowa wepaly bolup, Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etdi. Indi gezek biziňki. Şeýtan kynçylyklar sebäpli näçe ruhdan düşürjek bolsa-da, biz Ýehowadan asla ýüz öwürmeris. Sebäbi Ýehowanyň öz adynyň hatyrasyna bizi gorajakdygyna birjik-de şübhelenmeýäris (Ýah. 17:11).

17. 1 Petrus 2:12-ä görä Ýehowanyň adyny arşa galdyrmak üçin näme etmeli?

17 Biz Ýehowanyň adyny arşa galdyrýarys (Nak. 30:9; Ýer. 7:8—11). Biz Ýehowanyň adyny göterýän halk, Onuň Şaýatlary. Biziň özümizi alyp barşymyz Hudaýyň adyny ýa arşa galdyrýar, ýa-da ysnat getirýär (1 Petrus 2:12-ni okaň). Şonuň üçin biz her bir aýdýan sözümiz we edýän hereketimiz bilen Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaga jan edýäris. Şeýlelikde, bikämil bolsak-da Ýehowanyň adyny arşa galdyrmaga goşant goşýarys.

18. Ýehowanyň adyny aklamagy hemme zatdan wajyp hasaplaýandygymyzy ýene nädip görkezip bileris? (Çykgyda serediň).

18 Biz Ýehowanyň adyny aklamagy öz abraýymyzdan wajyp hasaplaýarys (Zeb. 138:2). Ýehowany razy edip ýaşaýandygymyz üçin käte adamlar kemsidip ýa-da üstümizden gülüp bilera. Isa Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin hatda jenaýatçy hökmünde öldürilmäge-de taýyndy. Ol masgaraçylykly ölüme döz geldi, öz abraýy hakda çendenaşa alada etmedi (Ýew. 12:2—4). Onuň maksady Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmekdi (Mat. 26:39).

19. Siz Hudaýyň ady üçin nämelere taýyn we näme üçin?

19 Biz Ýehowanyň adyna buýsanýarys, onuň Şaýady bolmagy uly hormat hasaplaýarys. Biz Ýehowanyň adyny aklamak üçin öz abraýymyzdan geçmäge, hatda masgaraçylyga döz gelmäge taýyn. Geliň, Şeýtan näçe hüjüm etse-de, Ýehowanyň adyny hemişe şöhratlandyralyň. Şonda Isadan görelde alyp, Ýehowanyň adyny aklamaga goşant goşarys.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Mesihçiler Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagy näme üçin wajyp hasaplaýar?

  •  Biz göçme manydaky haýsy kazyýet işine gatnaşýarys?

  •  Ýehowanyň adyny aklamagy wajyp saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

10-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdyň

a  Eýýup pygamber ogul-gyzyndan jyda düşende, mal-mülkünden mahrum bolanda «günä etmedi ýa-da bolan zatlar üçin Hudaýy günäkärlemedi» (Eýp. 1:22; 2:10). Emma Eýýuby üç dosty aýyplanda, ol öz abraýy hakda alada edip, «oýlanman gepledi». Eýýup Ýehowanyň adyny aklamagyň deregine, öz abraýyny gorajak boldy (Eýp. 6:3; 13:4, 5; 32:2; 34:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş