Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýul sah. 2—7
  • Biz näme üçin maslahaty kabul etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz näme üçin maslahaty kabul etmeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HAÝSY HÄSIÝETLERI ÖSDÜRMELI?
  • KIM GOWY MASLAHAT BERIP BILER?
  • ÇYNDANAM MASLAHAT GEREK BOLSA NÄME ETMELI?
  • NÄME ÜÇIN HER KIMIŇ ÖZI KARARA GELMELI?
  • MASLAHAT SORAP, PAÝHASLY KARARA GELIŇ
  • Biz nädip maslahat bermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Hudaýhon gojalaryň öwüt-nesihaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýul sah. 2—7

28-NJI MAKALA

88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret

Biz näme üçin maslahaty kabul etmeli?

«Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar» (Nak. 13:10).

ESASY PIKIR

Maslahaty ýürekden kabul etmegi öwreneliň.

1. Paýhasly karara gelip, onuň peýdasyny görer ýaly näme etmeli? (Nakyllar 13:10; 15:22).

HER bir adam dogry karara gelip, onuň peýdasyny görmek isleýär. Mukaddes Kitapda hem maksat-myrada ýetmek üçin maslahatlaşmalydygy aýdylýar (Nakyllar 13:10; 15:22-nji aýatlary okaň).

2. Ýehowa näme söz berýär?

2 Bize iň gowy maslahaty Ýehowa berýär. Şonuň üçin biz Ondan akyldarlyk dilemeli. Ýehowa: «Gözüm sende bolar, öwüt-ündew bererin» diýip wada berýär (Zeb. 32:8). Diýmek, Ýehowa her birimize peýdaly boljak maslahaty berýär we oňa eýermäge kömek edýär.

3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Şu makalada dört soragyň jogabyny bileris. Birinjiden, maslahaty kabul etmek üçin haýsy häsiýetleri ösdürmeli? Ikinjiden, kim gowy maslahat berip biler? Üçünjiden, bize çyndanam maslahat gerek bolsa näme ederis? Dördünjiden, näme üçin her bir adamyň özi karara gelmeli?

HAÝSY HÄSIÝETLERI ÖSDÜRMELI?

4. Maslahaty kabul eder ýaly haýsy häsiýetleri ösdürmeli?

4 Biz maslahaty kabul etmek üçin pesgöwünli we pespäl bolmaly. Biz hemme zady bilmeýändigimiz üçin maslahata mätäçdigimizi boýun almaly. Eger pesgöwünli we pespäl bolmasak, Ýehowanyň kömegini kabul edip bilmeris. Onuň Mukaddes Kitap arkaly berýän maslahatlary bir gulagymyzdan girip, beýlekisinden çykar (Mik. 6:8; 1 Pet. 5:5). Ýöne biz pälimizi pes tutsak, Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly berýän maslahatyny şol bada kabul ederis we oňa eýereris.

5. Dawudy haýsy zatlar tekepbir edip bilerdi?

5 Geliň, Dawut patyşa hakda gürrüň edeliň. Ol ukyp-başarnykly adamdy, patyşa bolmanka, ökde sazanda diýip tanalýardy. Ol hatda patyşa-da saz çalyp berýärdi (1 Şam. 16:18, 19). Ýehowa Dawudy patyşa bellänsoň, oňa mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwat berdi (1 Şam. 16:11—13). Ençeme duşmanlary gyran, hatda äpet Jaludy öldüren Dawudyň ady halkyň dilinden düşmeýärdi (1 Şam. 17:37, 50; 18:7). Eger Dawut ukyp-başarnygyna buýsanan bolsa, başgalaryň maslahatyny kabul etmezdi. Ýöne Dawut pesgöwünli adamdy.

6. Dawudyň hemişe maslahaty kabul edendigini nireden bilýäris? (Surata serediň).

6 Dawut patyşa bolansoň hem, dost-ýarlarynyň maslahatyny kabul edýärdi (1 Tar. 27:32—34). Ol gerek ýerinde aýal maşgalanyň hem maslahatyny diňleýärdi. Meselem, bir gezek Dawut zalym, gödek, özüni bilýän Nabaly we onuň ildeşlerini gyrjak bolýar. Şonda Abygaýyl Dawudyň öňünden çykyp, oňa paýhasly maslahat berýär. Dawut hem pesgöwünlik bilen oňa gulak asyp, gan dökmekden saklanýar (1 Şam. 25:2, 3, 21—25, 32—34).

Abygaýyl dyza çöküp, Dawut patyşa ýalbarýar. Dawut hem ony ünsli diňleýär.

Dawut patyşa pesgöwünli bolup, Abygaýylyň maslahatyna gulak asýar (6-njy abzasa serediň).


7. Biz Dawutdan näme öwrenýäris? (Nesihat 4:13; surata serediň).

7 Belki, bizem Dawut ýaly ukyp-başarnyklydyrys ýa-da durmuş tejribämiz köpdür. Nähili bolaýanda-da, biz: «Özüm gowy bilýän, maňa maslahat gerek däl» diýip pikir etmeli däl. Gaýtam peýdaly maslahaty kim berse-de, Dawut ýaly kabul etmeli (Nesihat 4:13-i okaň). Şonda ýalňyşyp, ökünip ýörmeris we başgalara zyýan ýetirmeris.

Surat: 1) Ýaşulular maslahat etmek üçin görüşýär, olaryň biri gödek gepleýär. 2) Soňra ýaş ýaşuly gödek gepleşen dogana maslahat berýär.

Peýdaly maslahaty kim berse-de, ony kabul etmeli (7-nji abzasa serediň)c.


KIM GOWY MASLAHAT BERIP BILER?

8. Ýonatan Dawuda näme üçin gowy maslahat berip bilýärdi?

8 Biz Dawut patyşadan ýene bir wajyp zady öwrenýäris. Ol Ýehowa bilen dostlugy berk hem-de ýagdaýa gowy düşünýän adamlaryň maslahatyna eýerýärdi. Meselem, Dawut Şawul patyşadan gaçyp ýördi. Ol Şawulyň niýetini bilmek üçin Ýonatana sala salýar we onuň beren maslahatyny diňleýär. Ýonatan näme üçin Dawuda gowy maslahat berip bilýärdi? Sebäbi onuň Ýehowa bilen dostlugy berkdi we kakasy Şawuly gowy tanaýardy (1 Şam. 20:9—13). Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

9. Biz kimden maslahat soramaly? Düşündiriň (Nakyllar 13:20).

9 Biz Ýehowa bilen dostlugy berk we ýagdaýa gowy düşünýän, tejribeli adamdan maslahat sorasak gowy bolara (Nakyllar 13:20-ni okaň). Aýdaly, dogan özüne mynasyp ýanýoldaş saýlamak isleýär. Oňa kim gowy maslahat berip biler? Elbetde, öýlenmedik dosty Mukaddes Kitaba esaslanyp gowy maslahat berip biler. Ýöne dogany gowy tanaýan we Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän är-aýal has gowy maslahat berip biler. Olar dogana diňe bir Mukaddes Kitabyň maslahatlaryny maşgalada nädip ulanmalydygyny däl-de, öz durmuşynda öwrenen zatlaryny hem gürrüň bererler.

10. Biz näme barada gürrüň ederis?

10 Biz maslahaty kabul etmek üçin haýsy iki häsiýetiň gerekdigine we kimiň gowy maslahat berip biljekdigine seretdik. Indi bolsa hakykatdan hem maslahat gerek bolsa näme etmelidigi we her kimiň özüniň karara gelmelidigi hakda gürrüň edeliň.

ÇYNDANAM MASLAHAT GEREK BOLSA NÄME ETMELI?

11, 12. a) Mesihçi nämeden seresap bolmaly? b) Rehobam patyşa karara gelmeli bolanda näme etdi?

11 Käte mesihçi karara gelenden soňra başgalardan maslahat soraýar. Aslynda, oňa maslahat gerek däl, ol gelen kararyny makullajak adamy gözleýär. Şeýle mesihçi Rehobam patyşa bilen bolan wakadan sapak edinip biler.

12 Süleýman patyşa aradan çykansoň, ogly Rehobam Ysraýylyň patyşasy bolýar. Şol wagt halk bolelinlikde ýaşaýardy. Ýöne halk Rehobamyň ýanyna gelip, kakasy Süleýmanyň gerdenine goýan agyr ýüküni ýeňletmegi haýyş edýär. Rehobam hem halka üç günden gelmegi tabşyrýar. Soňra ol kakasy Süleýmana hyzmat eden ýaşulular bilen maslahatlaşýar. Ol maslahat sorap dogry edýär (1 Pat. 12:2—7). Ýöne ýaşulularyň beren maslahatyna eýermeýär. Sebäbi ol näme etjekdigini eýýäm çözen bolmaly we ýaşulular onuň bilen razylaşar öýdendir. Ýaşululardan garaşany çykmansoň, Rehobam özi bilen deň-duş ýigitlerden maslahat soraýar. Ýaş ýigitleriň beren maslahaty Rehobamyň gulagyna hoş ýakýar (1 Pat. 12:8—14). Rehobam olara gulak asyp, halka gödek jogap berýär. Halk hem Rehobama garşy çykyp, başga birini patyşa belleýär. Şeýdip, Rehobam başyna belany satyn alýar (1 Pat. 12:16—19).

13. Bize hakykatdanam maslahat gerek bolsa näme ederis?

13 Rehobam patyşadan näme sapak edinip bileris? Biz entek karara gelmänkäk maslahat soramaly we berlen maslahata ýürekden eýermeli. Biz özümizi barlamak üçin şu soraglar hakda oýlanyp bileris: men karara gelmezden öň maslahat soraýarynmy? Berlen maslahat gulagyma ýakmasa-da eýerýärinmi?

14. Maslahat soranymyzda nämäni ýatdan çykarmaly däl? Mysal getiriň (Surata serediň).

14 Aýdaly, dogana gowy aýlykly iş teklip edýärler. Ol karara gelmezinden öň bir ýaşuludan maslahat soraýar. Dogan gürrüňiniň arasynda iş sapary bilen uzak wagtlap öýünden gitmeli boljakdygyny aýdýar. Ýaşuly dogan oňa Hudaýyň öňünde diňe maşgalasyny eklemäge däl-de, esasan, olaryň ruhy taýdan aladasyny etmäge borçludygyny ýatladýar (Efes. 6:4; 1 Tim. 5:8). Dogan ýaşulynyň beren maslahatyny halamaýar. Ol gulagyna hoş ýakýan jogaby eşitjek bolup, beýleki dogan-uýalardan hem maslahat soraýar. Aslynda, dogana maslahat gerek däldi. Ol diňe pikirini makullajak adam gözleýärdi. Dogan-uýalar, ýüregimiziň mekirdigini unutmalyň (Ýer. 17:9). Käte halamaýan maslahatymyz bize iň gerekli maslahat bolup biler.

Uýa birnäçe dogan-uýadan maslahat soraýar. Ol özüni makullajak adamy gözleýär.

Bize çyndanam maslahat gerekmi ýa-da diňe özümizi makullajak adamy gözleýärismi? (14-nji abzasa serediň).


NÄME ÜÇIN HER KIMIŇ ÖZI KARARA GELMELI?

15. Biz näme etmeli däl we näme üçin?

15 Ýehowa her bir adamyň özüniň karara gelmegini isleýär (Gal. 6:4, 5). Bilşimiz ýaly, paýhasly adam Mukaddes Kitapdan gözleg geçirýär we Hudaýa imany berk dogan-uýalardan maslahat soraýar. Biz kimden maslahat sorasak-da, karara özümiz gelmeli. Käbir mesihçiler dost-ýarlaryndan: «Sen meniň ýerime bolan bolsaň näme ederdiň?» diýip soraýar. Käbirleri bolsa öz ýagdaýy hakda pikirlenmän, başgalar näme eden bolsa, şony hem edýärler.

16. Korinfdäki ýygnakda nähili mesele ýüze çykdy we dogan-uýalar nähili karara gelmelidi? (1 Kor. 8:7; 10:25, 26).

16 I asyrda Korinfdäki bazarda butlara gurban berlen mallaryň eti satylýardy. Mesihçiler şol etden iýmeli ýa iýmeli däldigini çözmelidi. Pawlus resul olara: «Biz butlaryň peýdasyzdygyny we Allanyň ýeke-täkdigini bilýäris» diýip ýazdy (1 Kor. 8:4). Şonuň üçin käbir mesihçileriň şol eti satyn alyp iýmäge ynsaby çatýardy, käbirleriniň bolsa muňa ynsaby ýol bermeýärdi (1 Kor. 8:7; 10:25, 26-njy aýatlary okaň). Pawlus resul korinflilere başgalara derek ýa-da başgalaryňka meňzeş karara gelmegi maslahat bermedi. Şu meselede her kimiň özi karara gelmelidi. Sebäbi «her biri eden işleri üçin Hudaýyň öňünde jogap bermelidi» (Rim. 14:10—12).

17. Biz näme üçin başgalaryň gelen karary boýunça hereket etmeli däl? Mysal getiriň (Surata serediň).

17 Korinf ýygnagyndaky ýaly mesele bizde-de ýüze çykyp biler. Meselem, her bir mesihçi ganyň fraksiýalary bilen bagly bejergileri almaly ýa-da almaly däldigini özi çözmelib. Elbetde, ganyň fraksiýalaryna doly düşünmek aňsat däl, ýöne şonda-da karara özümiz gelmeli (Rim. 14:4). Eger biz başgalara seredip olaryňky ýaly karara gelsek, hiç haçan paýhasly bolmagy öwrenmeris. Ýöne Mukaddes Kitabyň prinsiplerine görä özümiz karara gelsek, düşünjeli bolarys (Ýew. 5:14). Ýöne biz şu meselede Mukaddes Kitapdan gözleg geçirsek-de, käbir prinsiplere düşünmesek, imany berk dogan-uýalardan maslahat sorap bileris.

Surat: 1) Dogan gansyz bejergi almak hakdaky ynanç haty doldurmak üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 39-njy sapagyny okaýar we «Gan meselesinde nädip dogry karara gelmeli?» diýen wideony görýär. 2) Soňra ol imany berk dogan bilen bir aýat esasynda gürrüňdeş bolýar.

Mukaddes Kitapdan gözleg geçirsek-de, käbir prinsiplere düşünmesek, imany berk dogan-uýalardan maslahat sorap bileris (17-nji abzasa serediň).


MASLAHAT SORAP, PAÝHASLY KARARA GELIŇ

18. Ýehowa nädip aladamyzy edýär?

18 Ýehowa biziň paýhasly karara geljekdigimize ynanýar. Munuň üçin ol bize Mukaddes Kitaby we ondaky prinsiplere düşünmäge kömek edýän dogan-uýalary berdi. Şeýdip, ol çagalaryny söýýän Ata ýaly aladamyzy edýär (Nak. 3:21—23). Biz Ýehowa nädip minnetdar bolup bileris?

19. Biz Ýehowany nädip begendirip bileris?

19 Çagalary ruhy taýdan ösüp, agy-garany saýgarmagy öwrense we Ýehowa wepaly ogul-gyz bolup ýetişse, ene-atalaryň begenjinden ýaňa aýagy ýere degmeýär. Edil şonuň ýaly, gowy mesihçi bolmaga jan etsek, Mukaddes Kitabyň, dogan-uýalaryň berýän gowy maslahatlaryna eýersek we paýhasly karara gelsek Ýehowa-da begenýär.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Maslahaty kabul etmek üçin haýsy häsiýetleri ösdürmeli?

  •  Bize çyndanam maslahat gerek bolsa näme etmeli?

  •  Näme üçin her kimiň özi karara gelmeli?

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

a Käte mesihçiler pul, saglyk we şuňa meňzeş meselelerde Ýehowa gulluk etmeýän adamlardan hem maslahat sorap biler.

b Köpräk bilmek üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 39-njy sapagynyň 5-nji sözbaşysyna we «Köpräk biliň» bölümine serediň.

c SURATYŇ BEÝANY: ýaşuly dogan başga bir ýaşula duşuşykda gödek gepläni üçin maslahat berýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş