Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýul sah. 8—13
  • Biz nädip maslahat bermeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz nädip maslahat bermeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MASLAHAT SORANLARYNDA NÄME ETMELI?
  • SORAMASALAR HEM MASLAHAT BERMELI BOLANDA NÄME ETMELI?
  • MASLAHATY HAÇAN WE NÄDIP BERMELI?
  • MASLAHAT ALMAGY HEM BERMEGI BAŞARALYŇ
  • Biz näme üçin maslahaty kabul etmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • «Ýüregi şatlandyrýan» maslahat bereliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Maslahata gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Siz nädip maslahat berýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýul sah. 8—13

29-NJY MAKALA

87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň!

Biz nädip maslahat bermeli?

«Gözüm sende bolar, öwüt-ündew bererin» (Zeb. 32:8).

ESASY PIKIR

Maslahat bermegi öwreneliň.

1. Maslahaty kim bermeli? Düşündiriň.

SIZ maslahat bermegi halaýarsyňyzmy? Käbirleri höwes bilen maslahat berýär. Käbirlerine bolsa maslahat bermeli diýse duran ýeri. Nähili bolaýanda-da, biziň hemmämiz ýeri gelende maslahat bermeli bolýarys. Sebäbi Isa şägirtleriniň biri-birini söýjekdigini aýtdy (Ýah. 13:35). Eger biz gerek wagty maslahat bersek, dogan-uýalary söýýändigimizi subut ederis. Mukaddes Kitapda hem «päk ýürekden çykan maslahatyň» dostlugy berkidýändigi aýdylýar (Nak. 27:9).

2. Ýaşulular nämäni bilmeli we näme üçin? («Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän maslahatlar» diýen çarçuwa serediň).

2 Esasanam, ýaşulular maslahaty nädip bermelidigini gowy bilmeli. Ýehowa Isa arkaly ýaşuly doganlara ýygnagyň aladasyny etmegi tabşyrdy (1 Pet. 5:2, 3). Olar ýygnakda Mukaddes Kitaba esaslanan nutuk bilen çykyş edýärler. Dogan-uýalara çopançylyk idegini edýärler. Şeýle-de Ýehowadan daşlaşanlara ýygnaga dolanmaga kömek edýärler. Ýaşulular hem, biz hem dogan-uýalara nädip gowy maslahat berip bileris?

Alyp baryjy ýumuş bilen çykyş edenlere «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýurasyndan maslahat berýär.

Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän maslahatlar

Alyp baryjy dogan ýygnakda ýumuş bilen çykyş edýän dogan-uýalara peýdaly maslahatlary berýär. Ol dogan-uýalaryň ýumuşlarynda getirilen sapaklara nädip eýerýändigine üns berýär.

Soňra çykyş eden dogany ýa-da uýany ýürekden öwýär. Eger dogan ýa uýa käbir zatlarda ökdeleşmeli bolsa, sypaýyçylyk bilen maslahat berýär. Onuň beren maslahaty diňe çykyş eden mesihçä däl-de, dogan-uýalaryň ählisine peýdaly (Nak. 27:17).

3. a) Biz maslahat bermegi kimden öwrenip bileris? (Işaýa 9:6; «Maslahat bereniňizde Isadan görelde alyň» diýen çarçuwa serediň). b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Mukaddes Kitapda maslahat beren adamlaryň mysallary ýazylan. Biz adamlara ökdelik bilen maslahat beren Isa pygamberden köp zatlary öwrenip bilýäris. Oňa «Akyldar Maslahatçy» diýilýär (Işaýa 9:6-ny okaň). Şu makalada üç soragyň jogabyny bileris. Birinjiden, bizden maslahat soranlarynda näme etmeli? Ikinjiden, soramasalar hem maslahat bermeli bolanymyzda näme etmeli? Üçünjiden, maslahaty haçan we nädip bermeli?

Maslahat bereniňizde Isadan görelde alyň

Isa näme üçin «Akyldar Maslahatçy» diýilýär we ondan nädip görelde alyp bileris?

  • Isa nähili maslahat bermelidigini bilýärdi. Ol özüniň däl-de, Ýehowanyň akyldarlygyna esaslanyp maslahat berýärdi. Şonuň üçin näme aýtmalydygyny gowy bilýärdi. Isa şägirtlerine: «Men öz pikirimi aýtmaýaryn» diýdi (Ýah. 14:10).

    Biziň üçin sapak. Biz köp zady bilýän ýa durmuşda köp zady gören bolsak-da, öz pikirimizi aýtman Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermeli.

  • Isa haçan maslahat bermelidigini bilýärdi. Ol şägirtlerine hemme zady bir gezekde däl-de, öz wagtynda öwretdi. Şeýle-de olara diňe düşünäýjek zatlaryny aýdýardy (Ýah. 16:12).

    Biziň üçin sapak. Biz «geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny ýatdan çykarmaly däl (Nes. 3:7). Eger maslahat berenimizde hemme zady birden aýtsak, onuň başy çaşar we ruhdan düşer. Şonuň üçin oňa diňe ýagdaýyna degişli zatlary aýtsak gowy bolar.

  • Isa nädip maslahat bermelidigini bilýärdi. Ol şägirtlerine pesgöwünli bolmagy gaýta-gaýta aýdypdy. Isa muny her gezegem gaharlanman, igenmän, ýumşaklyk bilen aýdýardy (Mat. 18:1—5).

    Biziň üçin sapak. Käte bizem şol bir maslahaty gaýta-gaýta bermeli bolýandyrys. Şonda Isadan görelde alyp ýumşak we mähirli bolsak, oňa maslahaty kabul etmek aňsat bolar.

MASLAHAT SORANLARYNDA NÄME ETMELI?

4, 5. Maslahat bermezden öň haýsy sorag hakda oýlanmaly? Mysal getiriň.

4 Sizden maslahat soranlarynda ilki bilen näme edýärsiňiz? Belki, siz dogany ýa-da uýany öwüp, oňa derrew kömek etjek bolýansyňyz. Ýöne maslahat bermezden öň şu sorag hakda oýlanmaly: men şu meselede oňa dogry maslahat berip bilerinmi? Köplenç şol meseleden başy çykýan adama ýüz tutmagy maslahat bersek gowy bolýar.

5 Aýdaly, siziň dostuňyz agyr keselleýär. Ol bejergi almak hakda gözleg geçirýär. Soňra haýsy bejergini almalydygy hakda sizden pikiriňizi soraýar. Belki, şonda pikiriňizi aýdasyňyz geler. Ýöne siz şol ugurdan bilim alan lukman däl. Şonuň üçin oňa belli bir bejergini almagy maslahat bermän, ökde lukmany tapmaga kömek edip bilersiňiz.

6. Maslahat bermezden öň näme etsek gowy bolar?

6 Bizden maslahat soranlarynda şol meseleden başymyz çyksa-da, maslahat bermäge howlukmaly däl. Sebäbi Nakyllar 15:28-de: «Dogruçyl adam oýlanyp jogap berýär» diýilýär. Biz oňa näme diýmelidigini anyk bilýänem bolsak, doga edip edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmeli we oýlanmaly. Şonda Ýehowanyň islegine gabat gelýän maslahaty bereris.

7. Natan pygamberiň wakasyndan näme öwrenýäris?

7 Geliň, Natan pygamber bilen bolan ýagdaý hakda gürrüň edeliň. Dawut patyşa Natan pygambere Ýehowa üçin ybadathana gurmak isleýändigini aýdýar. Natan hem şol bada Dawuda: «Göwnüň näme islese şony ediber» diýýär. Ýöne Natan pygamber ilki bilen Ýehowanyň pikirini bilmelidi. Sebäbi Ýehowa ybadathanany Dawudyň gurmagyny islemeýärdi (1 Tar. 17:1—4). Şu wakadan görnüşi ýaly, maslahat soranlarynda bir zat diýmezden öň pikirlensek paýhasly bolar (Ýak. 1:19).

8. Maslahat bermäge näme üçin howlukmaly däl?

8 Biz seresap bolmasak, ýalňyş maslahat berip bileris. Netijede, maslahatymyza eýerýän adam ýalňyş karara gelip, kösenmegi mümkin. Geliň, şonuň üçin maslahat bermäge howlukmalyň.

SORAMASALAR HEM MASLAHAT BERMELI BOLANDA NÄME ETMELI?

9. Ýaşulular maslahat bermezden öň nämä göz ýetirmeli? (Galatýalylar 6:1).

9 Käte ýaşuly doganlar «ýalňyş ädim» äden dogana ýa-da uýa maslahat bermeli bolýarlar (Galatýalylar 6:1-i okaň). Belki-de, ol entek agyr günä eden däldir, ýöne ýalňyşyp dogry ýoldan sowlandyr. Ýaşulular oňa ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmek isleýärler (Ýak. 5:19, 20). Dogan-uýalaryň gelýän kararlary biri-biriniňkiden tapawutlanyp biler, emma bu olaryň Ýehowany gynandyrýandygyny aňlatmaýar (Rim. 14:1—4). Şonuň üçin ýaşulular maslahat bermezden öň, doganyň ýa-da uýanyň ýalňyş ädim ädendigine doly göz ýetirmeli. Eger dogan ýa-da uýa Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýän işleri edýän bolsa, ýaşulular oňa nädip maslahat berip biler?

10—12. Ýaşulular maslahat bermeli bolanda näme etmeli? Mysal getiriň (Surata serediň).

10 Käte ýaşululara maslahat bermek aňsat bolmaýar. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, mesihçi özüniň ýalňyş ädim ädendigine düşünmezligi mümkin. Şonuň üçin ýaşulular maslahat bermezden öň, onuň ýüregini taýynlamaly.

11 Geliň, muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Daýhan ekin ekmezden öň ýeri agdaryp ýumşadýar, soňra tohum ekýär. Eken tohumy gögerer ýaly ony suwarýar. Edil şonuň ýaly, ýaşuly hem mesihçä maslahat bermezden öň onuň bilen ýürekden gyzyklansa, gowy görýändigini we gürrüňdeş bolmak isleýändigini aýtsa, ýüregini taýýarlar. Eger mesihçi ýaşulynyň mähir bilen aladasyny edýändigini görse, maslahaty gaşyny çytman kabul eder.

12 Gürrüňdeşlikde ýaşuly mesihçä hemmeleriň ýalňyşýandygyny, wagtal-wagtal maslahatyň gerek bolýandygyny ýatladyp biler (Rim. 3:23). Soňra mähirli hem-de sylaşykly gepleşip, Mukaddes Kitap arkaly nähili ýalňyş ädim ädendigini we ony düzetmek üçin näme etmelidigini düşündirip biler. Şeýdip, ýaşuly göçme manyda topragy ýumşadyp tohum eker. Gürrüňdeşligiň soňunda ýaşuly mesihçini ak ýürekden öwer we onuň bilen doga edip, göçme manyda eken tohumyny suwarar (Ýak. 5:15).

Daýhanyň gaty topraga tohum ekişi ýaly, ýaşuly hem bir dogana maslahat berýär. 1) Ýüregini taýýarlaýar: daýhanyň topragy ýumşadyşy ýaly, ýaşuly hem dogan bilen mähirli gepleşýär. 2) Tohum ekýär: daýhanyň tohum ekişi ýaly, ýaşuly hem dogana Mukaddes Kitap esasynda maslahat berýär. 3) Suwarýar: daýhanyň eken tohumyny suwaryşy ýaly, ýaşuly hem dogan bilen doga edýär.

Ýaşulular dogan-uýalara söýgüsini bildirmeli we maslahaty kabul etmäge kömek etmeli (10—12-nji abzaslara serediň).


13. Ýaşuly mesihçiniň maslahata düşünendigini nädip anyklap biler?

13 Käte mesihçi berlen maslahata doly düşünmän biler. Ýaşuly muny nädip anyklamaly? Ol sypaýyçylyk bilen esasy pikirleri nygtaýan käbir soraglary berip biler (Nes. 12:11). Eger mesihçi maslahata doly düşünmedik bolsa, ýaşuly ony düzeder.

MASLAHATY HAÇAN WE NÄDIP BERMELI?

14. Näme üçin gaharly wagtymyz maslahat bermeli däl?

14 Biziň ählimiz günäli, şonuň üçin islesek-islemesek bir-birimiziň göwnümize degýäris (Kol. 3:13). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, käte gaharymyz hem gelýär (Efes. 4:26). Ýöne biz gaharly wagtymyz maslahat bermeli däl, sebäbi «gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr» (Ýak. 1:20). Eger gaharly wagtymyz maslahat bersek, oduň üstüne ýangyç sepen ýaly ýagdaýy has-da kynlaşdyrarys. Biz pikirimizi we aýtmak isleýän zatlarymyzy şol wagt däl-de, köşeşenimizden soň aýtmaly.

15. Alyhuwdan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

15 Geliň, Eýýuba wagtynda maslahat beren Alyhuw hakda gürrüň edeliň. Eýýubyň dostlary oňa töhmet atýardylar. Eýýup bolsa özüni aklajak bolýardy. Alyhuwyň oňa ýüregi awaýardy. Ýöne Eýýubyň Hudaýy günäkärläp, özüni dogry hasaplaýandygyna gahary gelýärdi. Ol şonda-da Eýýubyň sözüni bölmän, soňuna çenli diňleýär. Soňra özüne gezek gelende Eýýup bilen sylaşykly gepleşip, ýumşaklyk bilen maslahat berýär (Eýp. 32:2; 33:1—7). Bizem Alyhuw ýaly maslahaty gaharly wagtymyz däl-de, köşeşenimizden soň bermeli we ýumşak, sylaşykly gepleşmeli (Nes. 3:1, 7).

Alyhuwyň Eýýuba ýüregi awaýar we ony sabyrly diňleýär.

Alyhuwyň Eýýuba gahary gelse-de, onuň bilen sylaşykly gepleşip, ýumşaklyk bilen maslahat berýär (15-nji abzasa serediň).


MASLAHAT ALMAGY HEM BERMEGI BAŞARALYŇ

16. Zebur 32:8-den näme öwrenýäris?

16 Ýehowa: «Öwüt-ündew bererin, gözüm sende bolar» diýýär (Zebur 32:8-i okaň). Ol bize hemişe kömek etjekdigini wada berýär. Ýehowa diňe bir maslahat bermän, oňa eýermegi hem öwredýär. Geliň, bizem Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalar paýhasly karara geler ýaly elimizden gelen kömegi gaýgyrmalyň.

17. Ýaşulularyň berýän maslahatlarynyň bize nähili peýdasy bar? (Işaýa 32:1, 2).

17 Kyn döwürde ýaşaýandygymyz üçin her birimize maslahat gerek bolýar (2 Tim. 3:1). Esasanam, ýaşulularyň Mukaddes Kitapdan berýän maslahatlary «gurak ýurtda çeşme kimin» teşne janymyzy gandyrýar we Ýehowa wepaly gulluk etmäge kömek edýär (Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň). Biz gulagymyza hoş ýakýan zatlary aýtman, gaýtam gerekli maslahaty berýän dogan-uýalara örän minnetdar. Olaryň berýän maslahaty «kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» (Nak. 25:11). Geliň, maslahaty almagy hem bermegi öwreneliň.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Maslahat soranlarynda näme etmeli?

  •  Soramasalar hem maslahat bermeli bolanda näme etmeli?

  •  Maslahaty haçan we nädip bermeli?

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş