Anton Petrus/Moment via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Ýene jahan urşy bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Soňky 30 ýylyň içinde köp adamlar halkara gatnaşyklar berkedi diýip pikir edýärdi. Ýöne häzirki bolýan wakalar munuň beýle däldigini görkezýär.
«Ysraýyl bilen Hezbolla Liwanyň serhedinde söweşip başladylar. Şonuň üçin adamlar Gazadaky uruş sebäpli goňşy ýurtlarda-da uruş turar diýip biynjalyk bolýarlar» (Reuters, 6-njy ýanwar, 2024).
«Eýranyň ýolbaşçylygynda birnäçe harby toparlar käbir ýerlere hüjüm edýär. Eýran ýene-de ýadro ýaragyny ýasap başlady. Russiýa bilen Hytaý hem ony goldaýar. Bu bolsa günbatar ýurtlaryna uly kynçylyk döredýär» («The New York Times», 7-nji ýanwar, 2024).
«Russiýa Ukraina hüjüm etmegini dowam edýär. Urşuň ýetirýän zyýany gün-günden artýar» (UN habarlary, 11-nji ýanwar, 2024).
«Hytaýyň ykdysadyýeti ösýär, harby güýçleri barha güýçlenýär. Taýwan Hytaýdan garaşsyz bolmak isleýär. Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynly gatnaşyk aňsatlyk bilen urşa eltip biler» («The Japan Times», 9-njy ýanwar, 2024).
Mukaddes Kitapda halkara gatnaşyklaryň erbetleşjekdigi barada aýdylýarmy? Bolýan wakalar jahan urşuna eltip bilermi?
Käbir wakalar Mukaddes Kitapda pygamberlik edilipdi
Mukaddes Kitapda şu günler bolýan uruşlaryň her biri hakda aýratyn aýdylmaýar. Ýöne bütin dünýäde uruşlaryň köp boljakdygy we «ýer ýüzünden parahatlygyň aýryljakdygy» barada ýazylan (Ylham 6:4).
Danyýar pygamberiň kitabynda «dünýäniň soňunda» käbir ýurtlaryň baştutanlarynyň dünýäde iň güýçli döwlet bolmak üçin bir-biri bilen «çaknyşjakdygy» aýdylýar. Munuň üçin olar harby güýçlerini berkidip, ummasyz pul harçlaýarlar (Danyýar 11:40, 42, 43).
Tizden boljak söweş
Mukaddes Kitapda gowy durmuş başlamazyndan öň dünýäniň ýagdaýynyň erbetleşjekdigi hakda pygamberlik edilen. Isa pygamber şeýle diýipdi: «Şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Matta 24:21). «Uly betbagtçylyk» Armageddon söweşi, ýagny «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweş» bilen tamamlanar (Ylham 16:14, 16).
Ýöne Armageddon söweşi heläkçilik däl-de, gutulyş getirer. Şol söweşde Allatagala ýer ýüzünde uruşlaryň bolmagyna sebäp bolýan ynsan hökümetlerini ýok eder. Armageddon söweşi arkaly nädip parahatlygyň dikeldiljekdigi barada bilmek üçin aşakdaky makalalary okap bilersiňiz: