Ýehowanyň Şaýatlary öň imandaşy bolan adam bilen özüni nähili alyp barýar?
Biz hemme adamlara ýagşylyk edýäris, hormat goýýarys, olary söýýäris. Eger Ýehowanyň Şaýatlarynyň biriniň Hudaýa gulluk etmäge bolan yhlasy gowşasa ýa-da gulluk etmegini bes etse, onuň halyndan habar alypa, gowy görýändigimizi aýdýarys. Hudaý bilen dostlugyny berkitmek üçin elimizde baryny edýäris (Luka 15:4—7).
Käbir ýagdaýlarda imandaşymyz etmesiz zady etse ýygnakdan çykarylýar (1 Korinfliler 5:13). Biz ony janymyz-tenimiz bilen gowy görýäris. Ýygnakdan çykarylmanka oňa kömek etmek üçin elimizde baryny edýäris. Ýöne ol ýygnakdan çykarylsa, Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerip, oňa öňki ýaly hormat goýýarys we söýgimizi görkezýäris (Markus 12:31; 1 Petrus 2:17).
Näme üçin ýygnakdan çykarylýar?
Mukaddes Kitapda imandaşymyz agyr günä etse we toba etmese ýygnakdan çykarylmalydygy aýdylýar (1 Korinfliler 5:11—13)b. Şeýle-de onda nähili işleriň agyr günä degişlidigi anyk ýazylan. Meselem, zyna etmek, arakhorlyk, adam öldürmek, maşgala agzalaryňa zorluk-sütem etmek, ogurlyk ýaly zatlar agyr günä hasaplanylýar (1 Korinfliler 6:9, 10; Galatýalylar 5:19—21; 1 Timoteos 1:9, 10).
Ýöne biz agyr günä eden adamy derrew ýygnakdan çykarmaýarys. Ýygnak ýaşulularyc oňa dogry ýola düşmäge kömek etmek üçin elinde baryny edýärler (Rimliler 2:4). Olar günä eden adam bilen mähirli, ýumşak gepleşýärler we sabyrly bolýarlar (Galatýalylar 6:1). Ýaşulularyň özüni şeýle alyp barmagy agyr günä eden adama ýalňyşyna düşünip, toba etmäge höweslendirip biler (2 Timoteos 2:24—26). Ýöne ýaşulular birnäçe gezek kömek etmek isleseler-de, günä eden adam Hudaýyň Sözündäki ýazgarylýan işleri etmegini goýmasa we toba etmese, ýygnakdan çykarylýar. Ýaşulular onuň mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýandygyny ýygnakda bildiriş edýärler.
Ýaşulular günäkär bilen mähirli, ýumşak gepleşýärler we sabyrly bolýarlar
Toba etmeýän günäkäriň ýygnakdan çykarylmagynyň nähili peýdasy bar? Birinjiden, ýygnakda hemmeler Hudaýyň ýokary ahlak kadalaryna eýererler we günä eden adamyň erbet täsirine düşmezler (1 Korinfliler 5:6; 15:33; 1 Petrus 1:16). Ýene bir peýdasy günäkär akylyna aýlanyp, eden işine toba edip biler (Ýewreýler 12:11).
Ýehowanyň Şaýatlary ýygnakdan çykarylan adam bilen özüni nähili alyp barýar?
Mukaddes Kitapda mesihçilere ýygnakdan çykarylan adam bilen «gatnaşmaň, hatda bir saçak başynda-da oturmaň» diýip görkezme berilýär (1 Korinfliler 5:11). Elbetde, biz ýygnakdan çykarylan adam bilen gatnaşmaýarys. Ýöne oňa asla ýüz bermän hem ýörmeýäris. Biz oňa hormat goýýarys. Onuň üçin ýygnagymyzyň gapysy hemişe açyk. Ýygnaga gelse, Ýehowanyň Şaýatlary ony mähirli garşylap bilerd. Şeýle-de ol ýaşululardan ýygnaga dolanar ýaly kömek hem sorap biler.
Agyr günä eden adam toba edip, yzyna dolanmak islese, ýygnaklara gelip bilýär
Ýygnakdan çykarylan adamyň ýanýoldaşy we çagalary Ýehowanyň Şaýady bolsa näme? Olar indi Ýehowa bilelikde sežde edip bilmeseler-de, ýakyn maşgala gatnaşyklary bozulmaýar. Olar bir öýde ýaşaýandyklary üçin öňki ýaly bir-biriniň aladasyny etmeli hem-de ýanýoldaşy we çagalary bilen özüni mähirli alyp barmaly.
Ýygnakdan çykarylan adam ýaşululara özünden habar tutmagy haýyş edip biler. Ýaşulular oňa birnäçe gezek çopançylyk idegini ederler, Mukaddes Kitap arkaly öwüt-ündew bererler, mähir bilen toba etmäge we Hudaýa dolanmaga höweslendirerler (Zekerýa 1:3). Eger ol günä etmegini goýup, toba edýändigini iş ýüzünde görkezse we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermek islese, Hudaýyň halkynyň arasyna goşulyp biler. Ýygnakdaky dogan-uýalar Korinf şäherinde ýaşan mesihçileriň göreldesine eýerip, toba eden adamy «ýürekden bagyşlap... göwünlik bererler» (2 Korinfliler 2:6—8).
Ýygnakdan çykarylan adamlar yzlaryna dolananda özlerini nähili duýdular?
Ýygnakdan çykarylyp, soňra yzyna dolanan käbir Ýehowanyň Şaýatlarynyň beren gürrüňleri:
«Ýygnakdan çykarylanyma ençeme ýyl geçipdi. Yzyma dolanmagy ýüregime düwenimde ýaşulularyň tä şu güne çenli nämeler edendigimi bilesi geler öýtdüm. Gaýtam olar: „Biziň üçin seniň mundan soňky etjek zatlaryň wajyp“ diýdiler. Şondan soň ýüregim ynjalaýdy» (Mariýa, ABŞ).
«Ýygnakdaky dogan-uýalar yzyma dolanandygyma gaty begendiler. Men özümi gerekli duýdum. Olar meni mähir bilen garşy aldylar, Ýehowanyňam, özleriniňem bagyşlandyklaryny duýmaga kömek etdiler. Geçeni geçdi bilip, diňe gelejege seretmäge höweslendirdiler. Ýaşulular hem aýaga galmagym üçin hemişe goldaýardylar, göwünlik berýärdiler. Olar Ýehowanyň henizem meni söýýändigine ynanmaga kömek etdiler» (Malkom, Sierra-Leone).
«Men Ýehowanyň halkyny güýçli söýýändigi üçin guramasyny ahlak taýdan arassa saklaýandygyna gaty begenýärin. Käbir adamlar ýygnakdan çykarylmagy zalymlyk hasaplasalar-da, aslynda, bu Hudaýyň adamlara bolan söýgüsini görkezýär. Men gökdäki Atamyň bizi söýýändigine we bagyşlaýandygyna diýseň begenýärin» (Sendi, ABŞ).
a Makalada erkek adam barada aýdylsa-da, aýdylýan zatlar aýal maşgala-da degişli.
b Biz öň agyr günä eden adamlara ýygnak gatnaşygyndan kesilenler diýýärdik. Ýöne häzir Mukaddes Kitapdaky has meňzeş sözi göz öňünde tutup, olara ýygnakdan çykarylanlar diýýäris.
c Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredýän we imandaşlarynyň aladasyny edip, ruhlandyrýan imany berk doganlar ýygnak ýaşulusy bellenýär. Olara edýän işleri üçin hak tölenmeýär (1 Petrus 5:1—3).
d Käbir ýagdaýlarda adam diňe bir ýygnakdan gitmän, eýsem imandaşlaryna zyýan ýetirip, olary ruhdan düşürjek bolýar. Käte bolsa imandaşlaryny Hudaýyň ýigrenýän işlerini etmäge iterip biler. Şeýle ýagdaýda biz Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerip, oňa «salam hem bermeýäris» (2 Ýahýa 9—11).