Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 7
  • Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Meňzeş maglumat
  • Mekdebi taşlaýsammykam?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Mekdebi taşlaýsammykam?
    Ýaşlaryň sowallary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 7
Ýüzi salyk oglan mekdepde tekjeleriň ýanynda dur.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?

Belki, sen berk tutýan mugallymlar, deň-duşlaryň täsiri, başyňy çaşyrýan synaglar, kelläňi agyrdýan öý işleri sebäpli mekdebe gidesiň gelýän däldir. Seň ýagdaýyňa düşünse bolýara. 19 ýaşly Reýçelb şeýle diýýär:

«Nirä gitsemem, mekdebe gidesim gelenokdy. Mekdebe gidenimden, deňze gidenim, joralam bilen dynç alanym ýa-da öýleri arassalap, nahar bişirenimem gowudy».

Eger senem Reýçel ýaly pikirde bolsaň, onda mekdepde okaýan döwrüň özüňi edil türmede ýaly duýýansyň. Mekdebi gutarsam bolýar diýip, oňa zordan gatnaýansyň. Garaýşyňy üýtgetmek üçin näme edip bilersiň?

Bilýäňmi? Garaýşyňy üýtgetseň, kynçylyk dörände baş alyp çykmagy öwrenersiň we mekdebe höwes bilen gidersiň. Şeýle-de ulalaňda gerek boljak ukyp-başarnyklary ösdürersiň.

Mekdebe höwes bilen gider ýaly, şu zatlar hakda oýlan:

Depder bilen galam.

Bilim. Näçe köp bilim alsaň, işde ýa-da başga ýagdaýlarda kynçylyk dörände özüň çözüp bilersiň. Adamlara bagly bolmarsyň. Özüňe şeýle sorag ber: «Mekdebe gidesim gelmese-de, gitsem maňa näme peýdasy bar?»

Mukaddes Kitapdan maslahat: «Akyldarlyga ýapyş, akylyňy ýitirme» (Nakyllar 3:21).

Köpräk bilmek üçin «Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?» atly makalany okaň.

Gün tertibi.

Endikler. Mekdepde sen wagtyňy paýhasly ulanmagy, özüňe erk etmegi, tutanýerli we zähmetsöýer bolmagy öwrenersiň. Bu häsiýetler ulalansoňam saňa gerek bolar. Özüňe şeýle soraglary ber: «Mekdepde tutanýerli we işden gaçmaýan adam bolmagy nädip öwrenip bilerin? Men şularyň haýsysynyň üstünde has köp işlemeli?»

Mukaddes Kitapdan maslahat: «Agyr zähmetiň peýdasy köpdür» (Nakyllar 14:23).

Köpräk bilmek üçin «Wagtyňy nädip paýhasly ulanmaly?» atly makalany okaň.

Iki adam gürleşip dur.

Başgalar bilen gowy gatnaşmak. Synpdaşlaryň bilen gatnaşsaň adamlaryň ýagdaýyna düşünmegi we olara hormat goýmagy öwrenersiň. 23 ýaşly Joşuwa şeýle diýýär: «Taryh, himiýa, fizika sapaklaryny öwrenişiň ýaly, adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrenmegem wajyp. Bu ukyp saňa hemişe kömek eder». Özüňe şeýle sorag ber: «Mekdepde başgalar bilen gowy gatnaşmagy, hatda milleti, garaýşy meniňkiden tapawutlanýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy nädip öwrenip bilerin?»

Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ähli adamlar bilen parahat ýaşamaga jan ediň» (Ýewreýler 12:14).

Köpräk bilmek üçin «Gürrüňdeş bolmagy nädip öwrenmeli?» atly makalany okaň.

Ýoldan ýöräp barýan adam.

Gelejekde berjek peýdasy. Mekdepde sen haýsy ugurda ökdeligiňi anyklap, şoňa görä hünär saýlap bilersiň. Bruk atly gyz şeýle diýýär: «Okuwy gutarandan soň derrew işläp biler ýaly, haýsydyr bir ugurdan goşmaça okap bilersiň. Menem şeýle edipdim». Özüňe şeýle soraglary ber: «Mekdebi gutaranymdan soň özümi nädip eklärin? Saýlan hünärim boýunça işlär ýaly, haýsy sapaklary has gowy öwrenip bilerin?».

Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ýollaryňy dogrulasaň, ähli işleriň rowaçlanar» (Nakyllar 4:26).

a Makaladaky maslahatlar mekdepde däl-de, öýünde okaýan ýaşlar üçin hem peýdaly.

b Käbir atlar üýtgedildi.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

  • Medison.

    «Mekdepde berlen ýumşy topar bilen etmeli bolanynda, dürli adamlar bilen işleşýärsiň. Şeýdip, milleti, garaýşy meniňkiden tapawutlanýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrendim. Men synpdaşlarymy ýazgarman, mähirli gepleşýärdim. Şonuň üçin olar meni sylaýardy» (Medison).

  • Raýan.

    «Men synpdaşlarymyň gowy häsiýetlerine üns berýärdim. Olaryň özleri hem gowy adam bolmaga jan edýärdi. Şonuň üçin mümkinçilik dörese, olara Mukaddes Kitapdan ruhlandyryjy pikirleri paýlaşýardym» (Raýan).

  • Bruk.

    «Mekdepde başgalar bilen gowy gatnaşmagy öwrenýärsiň. Synpdaşlaryň bilen her gün görşensoň, olar bilen gepleşende näme aýtmaly, näme aýtmaly däldigini bilýärsiň. Sabyrlylyk, jomartlyk ýaly häsiýetleri ösdürýärsiň. Bedenterbiýe sapagynda topar bolup oýnalýan oýunlary oýnanyňda, topardaşlaryň bilen agzybir bolmagy öwrenýärsiň. Ýeke özüň bolsaň, muny öwrenip bolmaýar» (Bruk).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş