Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 102
  • Mekdebi taşlaýsammykam?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mekdebi taşlaýsammykam?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Käbir ýaşlar näme üçin mekdebi taşlaýar?
  • Netijesi hakda oýlan
  • Dogry karara gel
  • Mekdebi taşlaýsammykam?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 102
Ýetginjek oglan mekdepden we klasdaşlaryndan ýadap gidip barýar.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Mekdebi taşlaýsammykam?

«Mekdebe gidesim gelenok». Seniňem mekdebi taşlasyň gelýärmi? Mekdebi ýigrenýän bolsaň, şu makaladaky maslahatlar saňa gowy kömek eder.

  • Käbir ýaşlar näme üçin mekdebi taşlaýar?

  • Netijesi hakda oýlan

  • Dogry karara gel

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Käbir ýaşlar näme üçin mekdebi taşlaýar?

Mugallymlaryň köpüsi, aşakdaky sebäplere görä käbir ýaşlaryň mekdebi taşlaýandygyny aýdýar:

  • Bahalary pes. «Näçe jan edip okasamam, barybir bahalarym pes».

  • Höwesi ýok. «Mekdepden hiç hili peýda ýok».

  • Pulsuzlyk. «Işläp, ene-atama kömek etmesem bolmaýar».

Netijesi hakda oýlan

Mukaddes Kitapda: «Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Şu maslahata nädip eýerip bilersiň? Netijesi hakda oýlanman mekdebi taşlasaň, ulalanyňda kösenersiň.

Şu soraglar hakda oýlan:

  • «Mekdebi taşlasam, ulalanymda iş tapyp bilerinmi?»

    «Sen haçanam bolsa bir gün işe girip, özüňi eklemeli bolýaň. Orta mekdebi tamamlamadyk adamy kimiň işe alasy geler?!» (Jemile).

  • «Mekdebi taşlasam, kynçylyklarda başymy çarap bilerinmi?»

    «Mekdep ýaşlary durmuş ýoluna taýýarlaýar. Adamlar bilen işleşmäge, olar bilen oňşukly ýaşamaga, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek edýär» (Döwlet).

  • «Mekdebi taşlasam, ulalanymda kösenmerinmi?»

    «Mekdepde öwrenýän zatlaryň häzir seniň üçin wajyp däl ýalydyr. Ýöne 23 ýaşap gapjygyňdaky puluňy sananyňda: „Matematikany okanym gowy bolupdyr“ diýersiň» (Aýna).

Dogry karara gel

  • Kömek sora. Mukaddes Kitapda: «Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar» diýilýär (Nakyllar 11:14). Jan edip okasaňam, bahalaryň pes bolsa ene-ataňdan, ulularyň birinden, mugallymlaryňdan kömek sora.

    «Gowy okamak üçin eliňde baryny edýäniňi mugallymyňa aýt. Şonda bar belanyň körügi mugallym ýaly görünmez. Kömek soramaga çekinmeseň, hemme zat gowy bolar» (Döwran).

  • Ýagdaýa hemmetaraplaýyn seret. Mukaddes Kitapda: «Öňüň gelenden soňuň geleni gowudyr» diýilýär (Nesihat 7:8). Mekdebi doly okasaň, öwrenen zatlaryň saňa gelejekde gerekli häsiýetleri we ukyplary ösdürmäge kömek eder.

    «Elbetde, mekdebi gutaranyňdan soň, düzme ýazmaly ýa-da synag tabşyrmaly bolmarsyň. Ýöne mekdepde öwrenen zatlaryňdan durmuşda ýüze çykan kynçylyklary ýeňmegi öwrenersiň» (Bägül).

    Ýetginjek oglan kenara ýetmedik gämiden düşjek bolýar. Klasdaşlary we mugallymy ony saklajak bolýar.

    Mekdebi taşlamak — kenara ýetmedik gämiden düşen ýaly. Soň ökünmegiň mümkin.

  • Ýedi ölçäp, bir kes. Mukaddes Kitapda: «Howlukýanlar garyp düşýär» diýilýär (Nakyllar 21:5). Mekdebi taşlamaga howlukma. Belki, başga çykalga bardyr.

    «Mekdep zähmetsöýer bolmagy, kynçylyklary ýeňmegi, adamlar bilen işleşmegi öwredýär. Umuman, mekdebiň peýdasy gaty kän, ony doly okap gutaranyňa degýär» (Berdi).

Jemläp aýtsak, mekdebi doly okap gutarsaň, ulalanyňda jogapkärli adam bolarsyň.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Anabella.

«Bir ýere işe girjek bolsaň: „Iň bolmanda, orta bilimiň bir barmy?“ diýip soraýarlar. Sebäbi başlan işini soňuna çenli edýän adamlary işe alýarlar. Şonuň üçin mekdebi taşlamasaň gowy bolar» (Anabella).

Kol.

«Elbetde, mekdepde kösenip okanyňdan ony taşlanyň aňsat görünýär. Ýöne durmuşda kynçylyklar bolar durar. Şonuň üçin olara häzirden döz gelmegi öwrenmeli. Mekdebem tüýs kynçylyklary ýeňmegi öwredýän ýer-dä» (Kol).

Brin.

«Elbetde, ulalaňsoň, mysal ýa-da mesele çözmek geregem bolmaz. Ýöne işleriňi gowy planlaşdyrmagy olary wagtynda etmegi we ir turmagy öwrenmeli bolarsyň. Mekdep şol häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär» (Brin).

Gaýtalamak. Mekdebi taşlaýsammykam?

  • Netijesi hakda oýlan. Mekdebi taşlasaň, gelejekde gowy iş tapmak, maksatlaryňa ýetmek, kynçylyklaryň hötdesinden gelmek kyn bolar.

  • Kömek sora. Jan edip okasaňam, bahalaryň pes bolsa ene-ataňdan, ulularyň birinden, mugallymlaryňdan kömek sora.

  • Ýagdaýa hemmetaraplaýyn seret. Mekdebiň peýdasy gaty köp. Sen ol ýerde diňe bir geçilýän temany däl-de, başga-da köp zatlary, işleriňi wagtynda etmegi, jogapkärli adam bolmagy öwrenýärsiň.

  • Ýedi ölçäp, bir kes. Mekdebi taşlamaga howlukma. Belki, başga çykalga bardyr.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş