Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 79
  • Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüregindemi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüregindemi?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaýyň Patyşalygy nämedir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Hudaýyň hoş habary
Başgalary
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 79
Göçme manyda adamyň ýüregindäki Hudaýyň Patyşalygynyň şekili

Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüregindemi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Ýok. Hudaýyň Patyşalygy mesihçileriň ýüreginde däla. Mukaddes Kitapda onuň nirede ýerleşýändigini aýdyň görkezmek üçin «gögüň Patyşalygy» diýilýär (Matta 4:17). Geliň, bu Patyşalygyň gökden höküm sürýän hakyky hökümetdigini Mukaddes Kitabyň nädip görkezýändigine seredeliň.

  • Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlary, raýatlary we kanunlary bolup, ol Hudaýyň isleginiň gökde we ýerde amala aşmagyna gözegçilik edýär (Matta 6:10; Ylham 5:10).

  • Hudaýyň hökümetinde, ýagny Patyşalygynda ýer ýüzündäki «halklar, milletler we uruglar» hökümdarlyk eder (Danyýar 7:13, 14). Bu hökümetiň raýatlary bolsa-da, oňa Hudaýyň özi hökümdarlyk edýär (Zebur 2:4—6; Işaýa 9:7).

  • Isa wepaly şägirtleriniň gökdäki Patyşalykda özi bilen bile «tagtlarda oturjakdygyny» aýtdy (Luka 22:28, 30).

  • Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlary bar we ol tizden olary ýok eder (Zebur 2:1, 2, 8, 9; 110:1, 2; 1 Korinfliler 15:25, 26).

Mukaddes Kitap gökdäki Patyşalygyň adamyň ýüreginde bolmalydygyny öwretmeýär. Ýöne ol «Patyşalyk baradaky habaryň», ýagny «hoş habaryň» biziň ýüregimize täsir edip bilýändigini we etmelidigini görkezýär (Matta 13:19; 24:14).

«Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir» diýmek näme?

Köp adamlar Luka 17:21-nji aýatdan Patyşalygyň nirede ýerleşýändigine doly düşünmediler. Meselem, Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde: «Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir» diýilýär (Araz Parwiş, 1994). Bu aýada dogry düşünmek üçin onuň kontekstine giňişleýin seretmeli.

Isa garşy çykan dini ýolbaşçylar

Hudaýyň Patyşalygy Isany öldürmek islän zalym duşmanlaryň ýüreginde däldi

Isa bu sözleri dini ýolbaşçylara, ýagny özüne garşy çykyp, ölüme höküm etmek isleýän fariseýlere aýdypdy (Matta 12:14; Luka 17:20). Dogrudanam, olaryň zalym ýüreklerinde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýärmi? Isa olara: «Ýüregiňiz ikiýüzlülikden we kanunsyzlykdan doludyr» diýdi (Matta 23:27, 28).

Mukaddes Kitabyň başga bir terjimelerinde Isanyň Luka 17:21-däki sözleri «Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzdadyr» diýip terjime edilen (Täze dünýä terjimesi). Gökdäki Patyşalyk fariseýleriň «arasyndady», sebäbi Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Mesih olaryň ýanyndady (Luka 1:32, 33).

a Hristian buthanalarynyň köpüsinde Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüreginde diýip öwredilýär. Meselem, ABŞ-nyň «The Southern Baptist Convention» atly ensiklopediýasynda «Hudaýyň Patyşalygynyň adamyň ýüreginiň we durmuşynyň bir bölegidigi» aýdylýar. Şonuň ýaly, Rim papasy Benedikt XVI «Nazaretli Isa» diýen kitabynda «Hudaýyň Patyşalygynyň ýüregiňi diňlemek arkaly gelýändigini» nygtap geçýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş