Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 132
  • Pasha näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pasha näme?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • «Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pasha baýramy bilen Ýatlama agşamynyň meňzeşligi we tapawudy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Isanyň bellejek soňky Pasha baýramy golaýlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 132
Gadymy döwürde Pasha naharyny iýýärler

Pasha näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Pasha (Pesah) — ýehudylaryň baýramy bolup, ol b. e. öň 1513-nji ýylda Hudaýyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edendigi mynasybetli bellenilýär. Bu wajyp wakany Hudaý ysraýyllylara ýewreý kalendary boýunça abyp (soňra nisan diýip atlandyrylan) aýynyň 14-ne bellemegi tabşyrdy (2 Musa 12:42; 3 Musa 23:5).

«Pasha» diýmek nämäni aňladýar?

«Pasha» sözi «pesah» diýen ýewreý sözünden alnyp, «sowlup geçmek» diýmegi aňladýar. Ol müsürlileriň ähli nowbahar ogullary öldürilende, ysraýyllylaryň nowbahar ogullarynyň halas edilendigini görkezýär (2 Musa 12:27; 13:15). Hudaý bu betbagtçylygy indirmezden öň, ysraýyllylara guzynyň ýa-da owlagyň ganyny gapynyň ikiýan we üstki söýelerine çalmagy tabşyrdy (2 Musa 12:21, 22). Hudaý gany görende, olaryň üstlerinden «sowlup geçip», öýlerine hem-de nowbahar ogullaryna betbagtçylyk indirmejekdigini aýdýar (2 Musa 12:7, 13).

Gadymy döwürde pashany nädip belleýärdiler?

Hudaý ysraýyllylara ilkinji Pashany nädip bellemelidigini aýtdya. Aşakda Mukaddes Kitapdan alnan onuň birnäçe aýratynlyklary getirilýär.

  • Gurbanlyk janlysy: Abyp (nisan) aýynyň 10-na her maşgala bir ýaşar guzyny (ýa-da owlagy) saýlap, ony 14-i güni öldürmelidi. Ilkinji Pashany bellänlerinde, ysraýyllylar janlynyň ganyny gapynyň ikiýan we üstki söýelerine çalyp, özüni bolsa tutuşlygyna otda bişirip iýmelidiler (2 Musa 12:3—9).

  • Pasha nahary: Pashany bellänlerinde, ysraýyllylar guzynyň (ýa-da owlagyň) etini hamyrmaýasyz çörek we ajy gök otlar bilen iýýärdiler (2 Musa 12:8).

  • Bellenilişi: Pashadan soň ysraýyllylar ýedi günüň dowamynda hamyrmaýasyz çörek iýip, Petir baýramyny belleýärdiler (2 Musa 12:17—20; 2 Taryh 30:21).

  • Tälim: Pasha döwri ene-atalar çagalaryna Ýehowa Hudaý barada gürrüň berýärdiler (2 Musa 12:25—27).

  • Syýahat: Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllylar Pashany bellemek üçin Iýerusalime gidip başladylar (5 Musa 16:5—7; Luka 2:41).

  • Başga däpler: Isa pygamberiň döwründe Pasha baýramçylygynda şerap içýärdiler we Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdýardylar (Matta 26:19, 30; Luka 22:15—18).

Pasha baýramy baradaky ýalan düşünjeler

Ýalan düşünje: Ysraýyllylar Pasha naharyny 15-nji nisanda iýýärdiler.

Delil: Hudaý öz halkyna guzyny gün ýaşandan soň, ýagny 14-nji nisan güni öldürmegi we ony şol agşam iýmegi tabşyrdy (2 Musa 12:6, 8). Ysraýylda gün ýaşandan soň, täze gün başlanýardy we ol ertesi agşama çenli dowam edýärdi (3 Musa 23:32). Görşümiz ýaly, ysraýyllylar guzyny nisan aýynyň 14-i güni öldürip, şol bada hem iýýärdiler.

Ýalan düşünje: Mesihçiler Pashany bellemeli.

Delil: Isa pygamber b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda Pashany belläninden soňra, täze baýram, ýagny Halypamyzyň agşam naharyny girizdi (Luka 22:19, 20; 1 Korinfliler 11:20). Indi Pashanyň ýerine şu baýramçylyk bellenilmelidi, sebäbi ol «Pashalyk guzymyz bolan Mesihiň» gurban hökmünde getiren janyny ýatladýardy (1 Korinfliler 5:7). Mesihiň töleg gurbany Pasha baýramynda getirilýän gurbanlyk janlysyndan has beýik, sebäbi ol ähli adamlary günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat edýär (Matta 20:28; Ýewreýler 9:15).

a Wagtyň geçmegi bilen, biraz üýtgeşiklik girizilmeli boldy. Meselem, ysraýyllylar ilkinji Pashany «çaltlyk bilen» bellemelidi, sebäbi olar Müsürden derrew çykmalydylar (2 Musa 12:11). Emma Wada edilen diýara girenlerinden soň, Pashany howlukmaç bellemegiň hajaty ýokdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş