Çykgyt
d 2 Patyşalar 20:1 Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere weset et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2 Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi. 3 «Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.