28-nji oktýabr, sişenbe
Ýehowa sizi asuda zamanda ýaşadar (Işa. 33:6).
Hudaýyň halky ähli adamlar ýaly keselleýär, kyn ýagdaýlary başdan geçirýär. Üstesine-de, olary Ýehowa iman edýändikleri üçin yzarlaýarlar we garşy çykýarlar. Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylygyny gudrat bilen aýyrmaýar. Emma goldajakdygyny söz berýär (Işa. 41:10). Kynçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abansa-da, Ýehowanyň goldawy bilen paýhasly kararlara geleris, oňa wepaly bolarys we ýürekden şatlanarys. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň parahatlygynyň» kalbymyza rahatlyk berjekdigi aýdylýar (Flp. 4:6, 7). Ýehowa dostlaryna parahatlyk berýär. Olaryň kynçylygy başyndan agdyk bolsa-da, kalby rahat bolýar we asuda ýaşaýar. Hudaýyň parahatlygy «ynsan düşünjesinden ýokarydyr». Biz oňa doly düşünip bilmeýäris. Siz Hudaýa ýalbaryp doga edeniňizde, özüňizi rahat duýýarsyňyzmy? Diýmek, siziň ýüregiňizde «Hudaýyň parahatlygy» bar. w24.01 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 4
29-njy oktýabr, çarşenbe
Men Ýehowa alkyş aýdaryn! Janym-tenim bilen mukaddes adyny wasp ederin (Zeb. 103:1).
Ýehowany söýýän adamlar onuň adyny wasp edýärler we şöhratlandyrýarlar. Dawut patyşa «mukaddes adyny wasp ederin» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol Allanyň diňe bir adyny däl-de, onuň at-abraýyny, gudratly işlerini we ajaýyp häsiýetlerini göz öňünde tutdy. Dawut patyşa Ýehowanyň adyny «jany-teni» bilen şöhratlandyrmak isleýärdi. Edil şonuň ýaly, lewiler hem joşup Ýehowa alkyş aýdýardylar. Olar Ýehowanyň mukaddes adyny näçe taryplasalar-da, bärden gaýdýandyklaryny pesgöwünlik bilen boýun alýardylar (Neh. 9:5). Biz hem olaryň göreldesine eýerip, Ýehowany wasp etsek, ol ýürekden şatlanar. w24.02 sah. 9, abz. 6
30-njy oktýabr, penşenbe
Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).
Ýehowa maksadyňyza ýetip bilmeýändigiňiz üçin sizi dereksiz adam hasaplamaýar (2 Kor. 8:12). Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Hudaý... işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Hawa, Ýehowa siziň ýagşy işleriňizi unutmaýan bolsa, onda geçmişiňize ser salyp, gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Meselem, siz Ýehowa bilen dostlaşdyňyz, hoş habary yhlasly wagyz etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Siz şu maksatlaryňyza ýeten bolsaňyz, indiki maksatlaryňyza hem hökman ýetersiňiz. Ýehowa bize maksadymyza ýetmäge kömek eder. Ýöne maksadyňyza ýetmek üçin barýan ýoluňyzda Ýehowanyň berýän kömegini we bereketlerini görjek boluň. Maksadyňyza ýetmek üçin eliňizde baryny ediň (2 Kor. 4:7). Şonda Ýehowa Atamyz size gelejekde bol bereketleri berer (Gal. 6:9). w23.05 sah. 31, abz. 16—18