Oktýabr
1-nji oktýabr, çarşenbe
Gökden inýän akyldarlyk bolsa... gulak asmaga taýyndyr (Ýak. 3:17).
Size gulak asmak kyn bolýarmy? Dawut patyşa Ýehowa ýalbaryp: «Mende saňa gulak asmaga isleg döret» diýip doga etdi (Zeb. 51:12). Dawut patyşa Ýehowany ýürekden söýse-de, käte oňa gulak asmak kyn bolýardy. Käte bize-de gulak asmak kyn bolýar. Birinjiden, biz bikämil bolandygymyz üçin gulak asmazlyk ganymyza siňen. Ikinjiden, Şeýtan Iblis özi ýaly bizi hem gozgalaňçy bolmaga iterýär (2 Kor. 11:3). Üçünjiden, gulak asmaýan adamlaryň garaýşy «howa» ýaly bütin dünýä ýaýran (Efes. 2:2). Biz diňe bir bikämillik bilen göreşmän, Şeýtan Iblise we bu dünýäniň täsirine garşy göreşmeli bolýarys. Şonuň üçin biz Ýehowa we onuň erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaga jan etmeli. w23.10 sah. 6, abz. 1
2-nji oktýabr, penşenbe
Sen bolsa gowy şeraby şu wagta çenli bermän goýupsyň (Ýah. 2:10).
Biz Isa pygamberiň görkezen ilkinji gudratyndan pesgöwünli bolmagy öwrenýäris. Isa suwy şeraba öwrendigi üçin özüni öwüp arşa çykarmady. Ol pesgöwünlidi we edýän her bir işi üçin gökdäki Atasyny şöhratlandyrýardy (Ýah. 5:19, 30; 8:28). Biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýerip pesgöwünli bolmaly we edýän ösüşlerimize öwünmeli däl, gaýtam Gudratygüýçli Hudaýa gulluk edýändigimize buýsanmaly (Ýer. 9:23, 24). Ýehowa güýç-kuwwat bermedik bolsa, biz hiç bir zady başarmazdyk. Şonuň üçin, geliň, her gün gökdäki Atamyzy şöhratlandyralyň (1 Kor. 1:26—31). Biz dogan-uýalara edýän kömegimizi gaýta-gaýta agzap, özümizi öwüp arşa çykarmaly däl. Esasy zat, edýän ýagşy işlerimizi Ýehowa görýär we gadyryny bilýär (Matta 6:2—4-nji aýatlary deňeşdiriň; Ýew. 13:16). Geliň, pesgöwünli bolmak üçin elimizde baryny edeliň! Şonda Ýehowany her gün razy edip ýaşarys (1 Pet. 5:6). w23.04 sah. 4, abz. 9; sah. 5, abz. 11, 12
3-nji oktýabr, anna
Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň (Flp. 2:4).
Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Başgalaryň... peýdasyny gözläň» diýip maslahat berdi. Biz ýygnakda şu maslahata nädip eýerip bileris? Biz dogan-uýalaryň hem jogap bermek isleýändigini unutmaly däl. Göz öňüne getiriň, siz dostlaryňyz bilen gürrüňdeş bolýarsyňyz. Şonda olara gezek bermän, diňe özüňiz gepläp oturarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz dostlaryňyzyň sözüni bölmän, berýän gürrüňini ünsli diňlärsiňiz, ýogsam olar özlerini sylanmaýan ýaly duýarlar. Edil şonuň ýaly, biz ýygnakda dogan-uýalara köpräk jogap berer ýaly mümkinçilik döretmek isleýäris (1 Kor. 10:24). Gysga jogap bersek, başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik dörederis. Ikinjiden, gysga jogap berseňiz hem abzasdaky hemme pikirleri aýtmaly däl. Ýogsam dogan-uýalara aýdara zat galmaz. w23.04 sah. 22, 23, abz. 11—13
4-nji oktýabr, şenbe
Men bulary ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin we hoş habaryň hatyrasy üçin etdim (1 Kor. 9:23).
Biz adamlara ýagşylyk etmeli. Ýagşylyk etmegiň iň gowy usuly hoş habary wagyz etmekdir. Biz adamlara wagyz edenimizde eglişikli bolmaly. Biz medeniýeti, dini garaýşy we terbiýesi dürli-dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Pawlus resul hem wagyz edende eglişikli bolmak babatda gowy görelde galdyrdy. Isa pygamber Pawlusa diňe ýehudylara däl-de, «başga halkalara» wagyz etmegi tabşyrdy (Rim. 11:13). Şeýlelikde, Pawlus ýewreýlere, greklere, atly-abraýly adamlara, garyp-gasarlara, daýhanlara, döwlet işgärlerine we patyşalara wagyz etdi. Pawlus adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin «her kese her zat boldy» (1 Kor. 9:19—22). Ol wagyz edýän adamlarynyň medeniýetini, dini garaýşyny we terbiýesini göz öňünde tutýardy. Bizem Pawlus resulyň göreldesine eýerip eglişikli bolsak we adamlaryň ýagdaýyna görä teklibimizi üýtgetsek, olaryň ýüregine täsir ederis. w23.07 sah. 23, abz. 11, 12
5-nji oktýabr, ýekşenbe
Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam hemmeler bilen ýumşak bolmaly (2 Tim. 2:24).
Ýumşak adam ejiz däldir, güýçlüdir! Şeýle adama garşy çykanlarynda, ol dargursak bolmaýar, özüni rahat alyp barýar. Mukaddes Kitapda ýumşaklyk häsiýetiniň «mukaddes ruhuň miwesidigi» aýdylýar (Gal. 5:22, 23). «Ýumşak» diýen grek sözi, ýabany atlary eldekileşdirilende ulanylýar. Eldekileşdirilen atlara baş öwredilenden soňra eýesine gulak asýar we ejiz däl-de, has-da güýçli bolýar. Biz nädip hem güýçli, hem mylakatly bolup bileris? Elbetde, ynsan muny öz güýji bilen başarmaz. Şol sebäpli giň göwünli, ýumşak bolar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy sorap doga etmeli. Dogan-uýalara garşy çykanlarynda, olar özlerini sypaýy alyp barandyklary üçin köpleriň garaýşy üýtgedi (2 Tim. 2:24, 25). w23.09 sah. 15, abz. 3
6-njy oktýabr, duşenbe
Dileg etdim, Ýehowa-da dilegimi eşitdi (1 Şam. 1:27).
Ýahýa resul gökde 24 ýaşulynyň Ýehowanyň tagtynyň öňünde sežde edýändigini görýär. Olar Allatagalany wasp edip: «Sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň!» diýýär (Ylh. 4:10, 11). Perişdeler Ýehowanyň huzurynda her gün hyzmat edýär we Ýaradany gowy tanaýar. Şeýle-de olar Ýehowanyň edýän işlerinden Onuň ýagşy häsiýetlerini görýär. Görşümiz ýaly, perişdelerde Ýehowany şöhratlandyrmaga ençeme sebäpler bar (Eýp. 38:4—7). Biz doga edenimizde Ýehowany şöhratlandyrmaly we Ony söýýändigimizi, hormat goýýandygymyzy aýtmaly. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowanyň häsiýetlerini görjek bolmaly (Eýp. 37:23; Rim. 11:33). Şonda doga edenimizde Ýehowanyň haýsy häsiýetini gowy görendigimizi aýdyp bileris. Şeýle-de biziň we dogan-uýalaryň aladasyny edýändigi hem-de pena bolýandygy üçin Ýehowa alkyş aýtmaly (1 Şam. 2:1, 2). w23.05 sah. 3, 4, abz. 6, 7
7-nji oktýabr, sişenbe
Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşaň (Kol. 1:10).
1919-njy ýylda Hudaýyň halky «Beýik Wawilonyň» ýesirliginden azat boldy. Şol ýyl Ýehowa akýürekli adamlara dogry ýoldan ýöremäge kömek etmek üçin «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi (Mat. 24:45—47; Işa. 35:8). «Mukaddes ýoluň» gurluşygyna goşant goşan adamlaryň tagallasy ýerine düşdi. Bu ýoldan ýöreýän adamlar indi Hudaýyň niýetine has gowy düşünýärler (Nak. 4:18). Emma olar Hudaýyň kada-kanunyna görä ýaşamak üçin durmuşyny üýtgetmeli. Ýehowa olardan bir gijäniň içinde düzelmegi talap etmeýär, gaýtam halkyny ýuwaş-ýuwaşdan arassalaýar. Biz gelejekde Ýehowany her gün razy ederis we bagtly ýaşarys. Her bir çekilen ýoly abatlap durmaly. «Mukaddes ýoluň» abatlaýyş işi 1919-njy ýyldan bäri dowam edýär. Netijede, ençeme akýürekli adamlar ýalan diniň gulçulygyndan azat bolýar. w23.05 sah. 17, abz. 15; sah. 19, abz. 16
8-nji oktýabr, çarşenbe
Men seni terk etmerin (Ýew. 13:5).
Ýolbaşçylyk maslahatynyň her bir agzasy dürli komitetlerde gulluk edýän doganlara köp zatlary öwredýär. Şol doganlar häzirden guramada köp borçlary ýerine ýetirýär. Olar saýlanan mesihçiler göge alnandan soň hem Hudaýyň halkynyň ýürekden aladasyny eder. Diýmek, uly betbagtçylygyň ahyrynda saýlanan mesihçileriň ählisi göge alnandan soň, ýer ýüzünde ýaşajak adamlar Hudaýa arassa sežde ederler. Olar Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda Ýehowany razy edip ýaşarlar. Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny milletleriň üýşmegi Hudaýyň halkyna topular (Hyz. 38:18—20). Ýöne üstünlik gazanmaz, arassa seždäni ýok edip bilmez, sebäbi Ýehowa halkyny gorar. Ýahýa resul görnüşinde «uly märekäniň» «uly betbagtçylykdan» sag-aman çykyp gelýänini görýär (Ylh. 7:9, 14). Hawa, Gudratygüýçli Ýehowa halkyny halas eder! w24.02 sah. 6, abz. 13, 14
9-njy oktýabr, penşenbe
Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň (1 Sel. 5:19).
Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli? Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilemeli, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we gurama bilen deň ýöremeli. Şonda «mukaddes ruhuň miwesini» ösdürip bileris (Gal. 5:22, 23). Ýehowa bize mukaddes ruhuny bolluk bilen berýär. Emma biz «içimizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmekden» seresap bolmaly. Ýehowa mukaddes ruhuny arassa pikirlenýän we ýagşy işleri edýän adamlara berýär. Eger biz erbet zatlaryň pikirini etsek we günäli işlere baş goşsak, Ýehowa mukaddes ruhuny bermez (1 Sel. 4:7, 8). Şeýle-de biz Hudaýyň mukaddes ruhuny almak üçin «pygamberliklere biperwaý garamaly däl» (1 Sel. 5:20). «Pygamberlik» diýlende, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly aýdýan habarlary göz öňünde tutulýar. Olara Ýehowanyň gününiň tizden geljekdigi we wagtyň az galandygy hakdaky pygamberlikler hem degişli. Biz: «Armageddon şu golaýda gelmez» diýip arkaýynlaşmaly däl. Gaýtam her gün «ýagşy işleri edip, Hudaýa wepaly bolmaly» we Ýehowanyň gününi çaltlandyrmaly (2 Pet. 3:11, 12). w23.06 sah. 12, 13, abz. 13, 14
10-njy oktýabr, anna
Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr (Nak. 9:10).
Elektron enjamyňa birdenkä ahlaksyz suratlar çyksa näme etmeli? Ondan derrew ýüzüňi sowmaly, sebäbi biz Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýan hiç bir zat etmek islemeýäris. Käbir suratlar pornografiýa degişli bolmasa-da, ahlaksyz höwesleri oýarýar. Biz şeýle suratlara-da seretmeli däl, sebäbi ahlaksyzlyga ýüregimizde hiç hili orun bermek islemeýäris (Mat. 5:28, 29). Taýlandda ýaşaýan ýaşuly dogan Deýwid şeýle gürrüň berýär: «Käbir suratlar pornografiýa gönüden-göni degişli bolmaýar. Emma men: „Eger olara seretsem, Ýehowa gynanmazmy?“ diýip oýlanýaryn. Şeýdip, paýhasly karara gelip bilýärin». Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorksak, hemişe paýhasly bolarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr» diýilýär. w23.06 sah. 23, abz. 12, 13
11-nji oktýabr, şenbe
Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň (Işa. 26:20).
Aýatdaky «içki otaglar» diýen jümle ýygnak duşuşyklaryny aňladýan bolmaly. Bizem dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etsek, gökdäki Atamyz beren sözünde durar we penasynda aman saklar. Şonuň üçin dogan-uýalaryň ýalňyşyna ýöne bir çydap ýörmän, olary ýürekden söýmeli. Sebäbi uly betbagtçylykda imandaşlaryny ýürekden söýýän adam halas bolar. «Ýehowanyň beýik gününde» ähli adamlar, şol sanda Hudaýyň halky hem ejir çeker (Sep. 1:14, 15). Eger biz şol güne öňünden taýýarlyk görsek, kalbymyz rahat bolar we dogan-uýalary goldap bileris. Şonda biz her hili kynçylyklara çydarys, ejir çekýän dogan-uýalara duýgudaşlyk bildireris we elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Biz imandaşlarymyzy ýürekden söýüp, olar üçin janymyzy orta goýmaga taýyn bolarys. Şonda Ýehowa bize ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Ol ýerde gaýgy-aladamyz ýat bolar, göwünlerimiz şat bolar (Işa. 65:17). w23.07 sah. 7, abz. 16, 17
12-nji oktýabr, ýekşenbe
Hudaý sizi... berkider, güýç berer we çydamly eder (1 Pet. 5:10).
Mukaddes Kitapda hudaýhon adamlaryň güýç-kuwwatlydygy ýazylan. Emma käte güýçli pälwanlar hem ejizleýär. Bir gezek Dawut pygamber «dag ýaly güýçlüdim» diýýär. Başga bir gezek bolsa «örän gorkdum» diýýär (Zeb. 30:7). Şimşon serdar Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwatly bolup, adaty ynsanlaryň başarmajak işlerini etdi. Ýöne ol Hudaýyň mukaddes ruhundan mahrum bolansoň güýç-kuwwatdan gaçyp, «beýleki adamlar ýaly boldy» (Ser. 14:5, 6; 16:17). Diýmek, hudaýhon adamlar Allatagalanyň goldawy bilen güýç-kuwwatly bolupdyrlar. Pawlus resul Ýehowanyň berýän güýç-kuwwaty bolmasa hiç zady başarmajakdygyna düşünýärdi (2 Kor. 12:9, 10). Ol ýaramansoň ejizleýärdi (Gal. 4:13, 14). Käte bolsa Pawlus resula ýagşy işleri etmek kyn bolýardy (Rim. 7:18, 19). Ol gelejegini hem alada edip ruhdan düşýärdi (2 Kor. 1:8, 9). Emma Pawlus «ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi, sebäbi Ýehowa wepaly bendesine güýç-kuwwat berip goldaýar. w23.10 sah. 12, abz. 1, 2
13-nji oktýabr, duşenbe
Ýehowa ýürege seredýär (1 Şam. 16:7).
Dogan-uýalar, eger siziň käte özüňize göwnüňiz ýetmese, Ýehowanyň sizi hakykata getirendigi hakda pikirleniň (Ýah. 6:44). Belki, siz: «Ýehowa meniň nämämi haladyka?» diýip oýlanýansyňyz. Unutmaň, Ýehowa sizi özüňizden hem gowy tanaýar, ýagşy häsiýetiňizi görýär (2 Tar. 6:30). Şonuň üçin Ýehowa: «Siz meniň dürdänäm!» diýende şübhelenmäň, ýürekden ynanyň (1 Ýah. 3:19, 20). Käbirleri geçmişde eden günälerini ýatlap, özünden göwni geçýär (1 Pet. 4:3). Käbirleri bolsa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etseler-de, ejizläp ýalňyşlyk goýberýär. Sizem özüňizi şeýle duýýarsyňyzmy? Siz: «Ýehowa meni bagyşlamaz» diýip pikir edýärsiňizmi? Onda geçmişde şeýle duýgular bilen göreşen Hudaýa wepaly adamlar hakda oýlanyň. Pawlus resul bikämillik sebäpli goýberýän ýalňyşlary hakda oýlananda özüni erbet duýýardy (Rim. 7:24). Elbetde, ol günäsine toba edipdi, suwa çümdürilipdi. Emma geçmişi hakda pikirlenende özüni dereksiz duýdy we «resullaryň iň kiçisidigini», «günäkärleriň... iň erbedidigini» aýtdy (1 Kor. 15:9; 1 Tim. 1:15). w24.03 sah. 27, abz. 5, 6
14-nji oktýabr, sişenbe
Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni taşladylar (2 Tar. 24:18).
Ýaşlar, Ýehoýaş patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýärsiňiz? Siz Ýehowany söýýän we ony razy edýän adamlar bilen dostlaşyň. Siz diňe öz deň-duşlaryňyz bilen dostlaşmalydyryn öýtmäň. Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaşdan has uludy. Emma olar jana-jan dost boldular. Biri bilen dostlaşmazdan öňürti şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Ol meniň Ýehowa imanymy berkidýärmi? Meni Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýärmi? Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary hakda gürrüň etmegi halaýarmy? Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarmy? Men ýalňyşanymda düzedýärmi ýa-da diňe gulagyma hoş ýakýan zatlary aýdýar?» (Nak. 27:5, 6, 17). Ýaşlar, Ýehowany söýmeýän adamlardan arany açyň, emma hak Allany söýýänlere gujak açyň (Nak. 13:20). w23.09 sah. 9, 10, abz. 6, 7
15-nji oktýabr, çarşenbe
Men Alfa we Omega (Ylh. 1:8).
Alfa grek elipbiýiniň birinji harpy, omega bolsa soňky harpy. Ýehowa özüne «Alfa we Omega» diýmek bilen başlan işini hökman tamamlajakdygyna kepil geçýär. Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradandan soňra: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň» diýdi (1 Mus. 1:28). Şonda Ýehowa «Alfa» diýen ýaly boldy. Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil, gulak asýan neslinden dolmalydy. Ýehowa niýetini gelejekde amala aşyranda «Omega» diýen ýaly bolar. Ýehowa «gögi, ýeri we olardaky bar zady» ýaradandan soňra wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçdi. Ýedinji günüň ahyrynda Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti doly amala aşar (1 Mus. 2:1—3). w23.11 sah. 5, abz. 13, 14
16-njy oktýabr, penşenbe
Ýehowa üçin ýol taýýarlaň! Allamyz üçin çölüň üstünden şaýoluny çekiň (Işa. 40:3).
Wawilondan azat bolan ýehudylar watanyna dolanmak üçin dört aýlap ýöremelidi, emma Ýehowa olaryň ýolundan ähli böwetleri aýyrjakdygyny wada berdi. Hudaýa wepaly ýehudylar watanyna dolanmak we arassa seždäni dikeltmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Wawilonda Ýehowa sežde eder ýaly ýekeje ybadathana-da ýokdy. Ol ýerde Musanyň kanuny boýunça gurbanlyk berer ýaly ne ruhanylar bardy, ne-de gurbanlyk ojagy. Şeýle-de Wawilonda ýehudylara garanda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar köpdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunyny äsgermeýärdiler. Şol sebäpli hudaýhon ýehudylar watanyna dolanjak we arassa seždäni dikeltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. w23.05 sah. 14, 15, abz. 3, 4
17-nji oktýabr, anna
Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň (Efes. 5:8).
«Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmek» üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhy gerek. Näme üçin? Sebäbi ahlaksyzlykdan doly dünýäde päk ýaşamak aňsat däl (1 Sel. 4:3—5, 7, 8). Mukaddes ruh bize Hudaýyň pikirine garşy gelýän ahlaksyz zatlara we filosofiýa garşy göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýagtylygyň miwesi bolan «gowulyk we dogruçyllyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Efes. 5:9). Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin doga etmeli. Isa pygamber Ýehowanyň dileýänlere mukaddes ruhuny berjekdigini aýtdy (Luka 11:13). Biz dogan-uýalar bilen ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany wasp edip, alkyş aýdanymyzda mukaddes ruhuny alýarys (Efes. 5:19, 20). Mukaddes ruh biziň durmuşymyza täsir edende, Ýehowany hemişe razy edip ýaşarys. w24.03 sah. 23, 24, abz. 13—15
18-nji oktýabr, şenbe
Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar (Luka 11:9).
Siz sabyrly adam bolmak isleýärsiňizmi? Munuň üçin Hudaýa doga ediň. Sabyrlylyk häsiýeti mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Şonuň üçin biz Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga-dileg etmeli. Eger bize sabyrly bolmak kyn bolsa, onda Hudaýa «gaýta-gaýta» dileg etmeli (Luka 11:13). Şeýle-de Ýehowanyň islegine düşünmek üçin kömek soramaly. Hawa, biz sabyrly bolmak üçin Hudaýdan kömek sorasak we öz üstümizde işlesek, mukaddes ruhuň miwesi bolan sabyrlylyk häsiýetini ösdüreris. Mukaddes Kitapdaky wakalary okap oýlanyň. Mukaddes Kitapda Allany razy eden sabyrly adamlaryň wakalary ýazylan. Eger biz şol wakalary okap oýlansak sabyrly bolup bileris. w23.08 sah. 22, abz. 10, 11
19-njy oktýabr, ýekşenbe
Torlaryňy taşla (Luka 5:4).
Isa pygamber Petrusa Ýehowanyň goldajakdygyny, aladasyny etjekdigini aýtdy. Isa ölümden direlenden soňra Petrusa we beýleki resullara gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek etdi (Ýah. 21:4—6). Şonda Petrus Ýehowanyň iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ýürekden ynandy. Ol we beýleki resullar «Hudaýyň Patyşalygyny» durmuşynda birinji ýerde goýdy (Mat. 6:33). Indi Petrus köp wagtyny balyk tutmaga däl-de, wagyz etmäge sarp etdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Petrus resul müňlerçe adamlara hoş habary wagyz etdi (Res. 2:14, 37—41). Ol samariýalylara, başga milletlere Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. 8:14—17; 10:44—48). Hawa, Ýehowa Petrus arkaly ähli halklardan özüne dürdäneleri ýygnady. w23.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 11
20-nji oktýabr, duşenbe
Eger gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, sizi çapym-çapym ederin (Dan. 2:5).
Wawilonlylaryň Iýerusalimi weýran edenine iki ýyl geçipdi. Şonda Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol akyldarlary çagyryp, düýşi we onuň ýorgudyny aýdyp bermegi talap edýär. Eger olar başarmasa, ölüm jezasyny berjekdigini aýdýar. Danyýar aýgytly hereket etmelidi (Dan. 2:3—5). Eger ol haýal-ýagallyk etse, janyndan mahrum bolardy. Ol «patyşanyň huzuryna baryp, düýşi ýormak üçin wagt bermegi haýyş edýär» (Dan. 2:16). Muny etmäge berk iman we batyrgaýlyk gerekdi, sebäbi Mukaddes Kitapda öň Danyýaryň düýş ýorandygy hakynda hiç zat aýdylmaýar. Ol dostlaryna «gögüň rehimdar Hudaýyndan patyşanyň syryny açyp bermegi babatda dileg etmegi haýyş edýär» (Dan. 2:18). Ýehowa olaryň dogalaryna jogap berýär. Şeýdip, Danyýar patyşanyň düýşüni ýorýar we öz janyny, dostlarynyň janyny halas edýär. w23.08 sah. 3, abz. 4
21-nji oktýabr, sişenbe
Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).
Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda oýlanyň. Sabyrly adamyň kalby rahat bolýar we özüni bagtly duýýar. Ol göwnüçökgünlige düşmeýär, gahar-gazabyň, gaýgy-aladanyň döredýän keselleri bilen syrkawlamaýar. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýar, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýar. Göwnüne degseler çalt gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar we dawalaşmaýar (Zeb. 37:8; Nak. 14:29). Iň esasy zat bolsa, sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerýär we onuň bilen ýakyndan dostlaşýar. Sabyrlylyk jan-saglygyň girewi, ynsan ömrüniň bezegi! Bize hemişe sabyrly bolmak aňsat bolmaýar, emma Ýehowanyň kömegi bilen sabyrly adam bolup bileris. Biz täze dünýä sabyrly garaşýarys we mezmurçynyň şu sözlerine goşulýarys: «Ýehowa hudaýhonlara, ýagşylyk etmegine garaşýanlara nazar salýar» (Zeb. 33:18). Geliň, mundan beýläk hem sabyr-takatly bolmagy ýüregimize düweliň! w23.08 sah. 22, abz. 7; sah. 25, abz. 16, 17
22-nji oktýabr, çarşenbe
Iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir (Ýak. 2:17).
Ýakup birinji mysalynda baýlary töre geçirýän, garyplary bolsa äsgermeýän ikiýüzli adam barada gürrüň berýär. Ol Hudaýa iman edýärin diýse-de, imanyny iş ýüzünde görkezmeýär (Ýak. 2:1—5, 9). Ýakup ikinji mysalynda hor-homsy ýaşaýan imandaşyny görse-de, kömek etmeýän adam hakda gürrüň berýär. Ol adam hem Hudaýa iman edýärin diýýär, emma imanyny iş ýüzünde görkezmeýär (Ýak. 2:14—16). Soňra Ýakup şägirt Rahaw hakda gürrüň berýär (Ýak. 2:25, 26). Rahaw Ýehowanyň ysraýyl halkynyň Howandarydygy hakda eşidýär we oňa ýürekden iman edýär (Ýuşa 2:9—11). Ol janyny howp astyna salyp, ysraýyllardan iki adamy duşman elinden halas edýär we imanyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýlelikde, bikämil we ýat halkdan bolan aýal Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl hasaplanýar. Rahawyň wakasy imany iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny ýene bir gezek subut edýär. w23.12 sah. 5, 6, abz. 12, 13
23-nji oktýabr, penşenbe
Imanyňyz hem kök ursun we berk bolsun (Efes. 3:17).
Biz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlary bilen çäklenmän, «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünmeli» (1 Kor. 2:9, 10). Muňa Hudaýyň mukaddes ruhy kömek edýär. Eger biz çuňňur şahsy okuwyny geçirsek, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. Meselem, siz gadymy döwürde Ýehowanyň wepaly adamlara nähili ýagşylyk edendigini, şu günler size nähili bereket berýändigi hakda oýlanyň. Ýa-da Ýehowanyň ysraýyllara sežde etmek bilen bagly beren düzgünleri we mesihçiler ýygnagynyň nädip sežde edýändigi hakda gözleg geçiriň hem-de olary deňeşdiriň. Şeýle-de Isa pygamberiň ömri we gullugy bilen bagly ýerine ýeten pygamberlikler hakda barlag geçiriň. Şol temalar esasynda şahsy okuw geçirmäge «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» kömek eder. Siz çuňňur şahsy okuwyny geçirseňiz şatlygyňyz artar, Ýehowa imanyňyz berkär we Ony has gowy tanarsyňyz (Nak. 2:4, 5). w23.10 sah. 18, 19, abz. 3—5
24-nji oktýabr, anna
Biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr (1 Pet. 4:8).
Aýatdaky «ýürekden söýmek» diýen işlik sözme-söz «örtmek» diýmegi aňladýar. Petrus resul aýadyň ikinji böleginde doganyny ýürekden söýýän adamyň onuň «günäleriniň üstüni ýapýandygyny» aýtdy. Göz öňüne getiriň, siziň öýüňizde hantagta bar. Onuň ýüzi gopuk, çyzyk-çyzyk. Siz hantagtanyň ýarysyny mata bilen ýapyp, ýarysyny ýapman goýarsyňyzmy? Siz ýekeje gopugy ýa-da çyzygy görünmez ýaly, hantagtany tutuşlygyna mata bilen ýaparsyňyz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalary ýürekden söýseňiz, olary birki sapar däl-de, hemişe bagyşlarsyňyz. Biz dogan-uýalary söýsek, kyn hem bolsa olary ýürekden bagyşlarys (Kol. 3:13). Şeýdip, biz Ýehowany söýýändigimizi we razy etmek isleýändigimizi subut ederis. w23.11 sah. 11, 12, abz. 13—15
25-nji oktýabr, şenbe
(Şapan) kitaby... patyşanyň öňünde okap başlady (2 Tar. 34:18).
Ýoşyýa patyşa 26 ýaşlarynda ybadathanada bejeriş we abatlaýyş işlerini geçirýär. Şonda Ýehowanyň Musa arkaly beren kanun kitaby tapylýar. Kanun kitabyny patyşa okap berýärler. Ýoşyýa Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär (2 Tar. 34:14, 19—21). Ýaşlar, siz Mukaddes Kitaby okamagy halaýarsyňyzmy? Siz Mukaddes Kitaby her gün okap bilýärsiňizmi? Halaýan aýatlaryňyzy ýazyp alýarsyňyzmy? Ýoşyýa 39 ýaşlarynda uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol Ýehowadan görkezme soramagyň deregine özüne bil baglady. Şeýlelikde, onuň gelen nädogry karary öz başyna ýetdi (2 Tar. 35:20—25). Biz Ýoşyýanyň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? Biz Mukaddes Kitaby köp ýyldan bäri okaýan bolsak-da, ýaş ýa-da garry bolsak-da, Ýehowa bil baglamaly. Munuň üçin Hudaýa doga edip, görkezme soramaly, Mukaddes Kitaby okamaly we imany berk dogan-uýalar bilen maslahatlaşmaly. Şonda biz uly ýalňyşlary goýbermeris, görjegimiz gowluk, kalbymyz rahat bolar (Ýak. 1:25). w23.09 sah. 12, 13, abz. 15, 16
26-njy oktýabr, ýekşenbe
Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (Ýak. 4:6).
Ýaş uýalar, siz gadymy döwürde Ýehowany ýürekden söýen gelin-gyzlaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Olar «ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolan» zenanlardyr (1 Tim. 3:11). Şeýle-de siz ýygnagyňyzda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edýän uýalaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ýaş uýalar, siz ýygnagyňyzdaky berk imanly gelin-gyzlaryň sanawyny düzüp bilersiňiz. Soňra olaryň haýsy häsiýetini halaýandygyňyzy we şol häsiýeti nädip ösdürip biljekdigiňizi ýazyň. Imany berk mesihçi pesgöwünli bolýar. Ol Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşýar. Pesgöwünli uýa baştutanlyk düzgünine ýürekden tabyn bolýar. Sebäbi ony Ýehowanyň ýola goýandygyna düşünýär (1 Kor. 11:3). Şu düzgüne tabyn bolýan uýa ýygnagyň we maşgalasynyň agzybirligine uly goşant goşýar. w23.12 sah. 18, 19, abz. 3—5
27-nji oktýabr, duşenbe
Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir (Efes. 5:28).
Ýehowa siziň gelniňizi söýmegiňizi, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip durmagyňyzy, duýgularyna düşünmegiňizi we imanyny berkitmegiňizi isleýär. Pikirleniş ukybyny ösdürseňiz, gelin-gyzlar bilen özüňizi sylaşykly alyp barsaňyz, ynamdar adam bolsaňyz, gowy ýanýoldaş we aladaçyl maşgalabaşy bolarsyňyz. Belki, siz öýleneniňizden soň kaka bolmak islärsiňiz. Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, aladaçyl ata bolup bilersiňiz (Efes. 6:4). Ýehowa söwer ogluny gowy görýändigini we ondan razydygyny aýtdy (Mat. 3:17). Siz hem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyň we her bir edýän ýagşy işi üçin öwüň. Şeýle-de ogul-gyzlaryňyzyň imanyny berkidiň. Siz aladaçyl ata bolmaga häzirden taýýarlanyp bilersiňiz. Munuň üçin maşgala agzalaryňyzyň, dogan-uýalaryň imanyny berkidiň we olara öwgüli sözleri aýdyň (Ýah. 15:9). w23.12 sah. 28, 29, abz. 17, 18
28-nji oktýabr, sişenbe
Ýehowa sizi asuda zamanda ýaşadar (Işa. 33:6).
Hudaýyň halky ähli adamlar ýaly keselleýär, kyn ýagdaýlary başdan geçirýär. Üstesine-de, olary Ýehowa iman edýändikleri üçin yzarlaýarlar we garşy çykýarlar. Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylygyny gudrat bilen aýyrmaýar. Emma goldajakdygyny söz berýär (Işa. 41:10). Kynçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abansa-da, Ýehowanyň goldawy bilen paýhasly kararlara geleris, oňa wepaly bolarys we ýürekden şatlanarys. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň parahatlygynyň» kalbymyza rahatlyk berjekdigi aýdylýar (Flp. 4:6, 7). Ýehowa dostlaryna parahatlyk berýär. Olaryň kynçylygy başyndan agdyk bolsa-da, kalby rahat bolýar we asuda ýaşaýar. Hudaýyň parahatlygy «ynsan düşünjesinden ýokarydyr». Biz oňa doly düşünip bilmeýäris. Siz Hudaýa ýalbaryp doga edeniňizde, özüňizi rahat duýýarsyňyzmy? Diýmek, siziň ýüregiňizde «Hudaýyň parahatlygy» bar. w24.01 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 4
29-njy oktýabr, çarşenbe
Men Ýehowa alkyş aýdaryn! Janym-tenim bilen mukaddes adyny wasp ederin (Zeb. 103:1).
Ýehowany söýýän adamlar onuň adyny wasp edýärler we şöhratlandyrýarlar. Dawut patyşa «mukaddes adyny wasp ederin» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol Allanyň diňe bir adyny däl-de, onuň at-abraýyny, gudratly işlerini we ajaýyp häsiýetlerini göz öňünde tutdy. Dawut patyşa Ýehowanyň adyny «jany-teni» bilen şöhratlandyrmak isleýärdi. Edil şonuň ýaly, lewiler hem joşup Ýehowa alkyş aýdýardylar. Olar Ýehowanyň mukaddes adyny näçe taryplasalar-da, bärden gaýdýandyklaryny pesgöwünlik bilen boýun alýardylar (Neh. 9:5). Biz hem olaryň göreldesine eýerip, Ýehowany wasp etsek, ol ýürekden şatlanar. w24.02 sah. 9, abz. 6
30-njy oktýabr, penşenbe
Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).
Ýehowa maksadyňyza ýetip bilmeýändigiňiz üçin sizi dereksiz adam hasaplamaýar (2 Kor. 8:12). Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Hudaý... işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Hawa, Ýehowa siziň ýagşy işleriňizi unutmaýan bolsa, onda geçmişiňize ser salyp, gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Meselem, siz Ýehowa bilen dostlaşdyňyz, hoş habary yhlasly wagyz etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Siz şu maksatlaryňyza ýeten bolsaňyz, indiki maksatlaryňyza hem hökman ýetersiňiz. Ýehowa bize maksadymyza ýetmäge kömek eder. Ýöne maksadyňyza ýetmek üçin barýan ýoluňyzda Ýehowanyň berýän kömegini we bereketlerini görjek boluň. Maksadyňyza ýetmek üçin eliňizde baryny ediň (2 Kor. 4:7). Şonda Ýehowa Atamyz size gelejekde bol bereketleri berer (Gal. 6:9). w23.05 sah. 31, abz. 16—18
31-nji oktýabr, anna
Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz we Allanyň wekilidigime iman etdiňiz (Ýah. 16:27).
Ýehowa wepaly bendelerini söýýär we olardan razy bolýar. Ýehowa Isa pygamberi söýýändigini we ondan razydygyny iki sapar aýdýar (Mat. 3:17; 17:5). Siz Ýehowanyň: «Men senden razy» diýen sesini eşitmek isleýärsiňizmi? Elbetde, siz gökden Ýehowanyň sesini eşitmersiňiz. Emma Injilden Isa pygamberiň aýdan sözlerini okasaňyz, Ýehowanyň sesini eşidip bilersiňiz. Sebäbi Isa pygamber Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerdi. Siz Injilden Isa pygamberiň bikämil şägirtlerine mähir bilen aýdan sözlerini okanyňyzda, göýä, Ýehowa şol sözleri size aýdan ýaly kabul ediň (Ýah. 15:9, 15). Kynçylyklaryň bolmagy Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Gaýtam Ýehowany söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýak. 1:12). w24.03 sah. 28, abz. 10, 11