Sentýabr
1-nji sentýabr, duşenbe
Hudaýymyzyň... rehimdarlygy bilen säheriň ýagtysy üstümize nur saçar (Luka 1:78).
Ýehowa Isa pygambere adamlaryň kynçylygyny çözer ýaly güýç berdi. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda hiç bir adamyň edip bilmejek täsin gudratlaryny görkezdi. Adamlar günäli bolandygy üçin kösenip ýaşaýar, keselleýär we ölýär. Emma Isa pygamberiň günäniň gulçulygyndan adamlary azat etmäge güýji ýetýär (Mat. 9:1—6; Rim. 5:12, 18, 19). Ol «her dürli» keselli adamlary sagaldyp bilýärdi, hatda ölen adamlary direldýärdi (Mat. 4:23; Ýah. 11:43, 44). Isa pygamber tebigy betbagtçylyklaryň öňüni alyp bilýärdi, adamlaryň içinden jynlary hem çykarýardy (Mar. 4:37—39; Luka 8:2). Biz Ýehowa Hudaýa diýseň minnetdar, sebäbi ol biziň kynçylyklarymyzy çözmek üçin Isa pygambere güýç-kuwwat berdi. Hudaýyň Patyşalygy bize bol bereketleri berer. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda köp gudratlary görkezdi. Şeýdip, ol Patyşa bolanda adamlary gowy durmuşda ýaşatjakdygyny subut etdi. w23.04 sah. 3, 4, abz. 5—7
2-nji sentýabr, sişenbe
Ruh ähli zada, hatda Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünýär (1 Kor. 2:10).
Uly ýygnaklarda köp wagyzçy bolýar. Eger sizem uly ýygnakda gulluk edýän bolsaňyz, käte duşuşykda jogap bermäge gezek ýetýän däldir. Şeýle ýagdaýda siz: «Ýygnakda jogap bermesemem bolar-la» diýip, pikir etmegiňiz mümkin. Şeýle pikir etmek nädogry. Eger birnäçe jogaplary taýýarlasaňyz, duşuşygyň başynda jogap bermäge mümkinçiligiňiz bolmasa-da, soňunda jogap berip bilersiňiz. Şeýle-de «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlananyňyzda abzaslaryň esasy tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň. Şonda jogap bermäge has köp mümkinçiligiňiz bolar. Makalanyň käbir abzaslarynda çuň pikirler bolýar. Dogan-uýalara şol pikirleri düşündirmek kyn bolýar. Şol abzaslara gowy taýýarlansaňyz we goşmaça gözleg geçirseňiz gowy bolar. Sizde ýene-de jogap bermäge mümkinçilik dörär. Eger sizden birnäçe duşuşykda soramasalar näme? Onda ýygnakdan öň duşuşygy alyp barýan dogana haýsy abzaslara jogap bermek isleýändigiňizi aýdyp bilersiňiz. w23.04 sah. 21, 22, abz. 9, 10
3-nji sentýabr, çarşenbe
Ýusup... Ýehowanyň perişdesiniň aýdyşy ýaly, Merýeme öýlendi (Mat. 1:24).
Ýusup Allanyň her bir tabşyrygyny höwes bilen ýerine ýetirip, gowy maşgalabaşy boldy. Ýehowa Ýusuba maşgalasy babatda üç tabşyryk berdi. Ýusup durmuşyny düýpgöter özgertmeli bolsa-da, Ýehowanyň tabşyrygyny derrew ýerine ýetirdi (Mat. 1:20; 2:13—15, 19—21). Şeýdip, ol Merýemi goldady, gorady we aladasyny etdi. Merýem äriniň Ýehowanyň tabşyrygyny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini görende, ony ýürekden söýdi we uly hormat goýdy. Ärler, Ýusubyň göreldesine eýeriň we maşgalaňyz bilen bagly karara geleniňizde, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýeriň. Şonda siz aýalyňyzy ýürekden söýýändigiňizi we aladasyny edýändigiňizi görkezersiňiz. Durmuş guranyna 20 ýyl bolan wanuatuly uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ärimiň Ýehowanyň görkezmesine eýerip karara gelýändigini görenimde, oňa has-da hormat goýýaryn. Men özümi arkaýyn duýýaryn, sebäbi ärimiň hemişe dogry karara geljekdigine ynanýaryn». w23.05 sah. 21, abz. 5
4-nji sentýabr, penşenbe
Ol ýerden şaýol geçer, oňa Mukaddes ýol diýerler (Işa. 35:8).
Wawilondan watanyna dolanjak ýehudylar Ýehowanyň mukaddes halky bolmalydy (5 Mus. 7:6). Olar Ýehowany razy edip ýaşamak üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi. Ýehudylaryň ýurduna dolananyna onlarça ýyl bolupdy. Käbir ýehudylar Wawilonda dünýä inipdi. Wawilonlylaryň garaýşy we adatlary olaryň aňyna siňipdi. Nehemýa häkim käbir ýehudylaryň çagalarynyň ýewreý dilini bilmeýändigini görüp ör-gökden gelýär (5 Mus. 6:6, 7; Neh. 13:23, 24). Mukaddes Kitabyň ýazylan dilini bilmeýän çagalar nädip Ýehowany söýsün? Oňa nädip ýürekden sežde etsin? (Hyd. 10:3, 44). Görşümiz ýaly, ýehudylar durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi. Ysraýylda arassa sežde ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilýärdi. Şol sebäpli olara durmuşyny üýtgetmek kyn bolan däldir (Neh. 8:8, 9). w23.05 sah. 15, abz. 6, 7
5-nji sentýabr, anna
Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar (Zeb. 145:14).
Biz maksadymyza ýetmek üçin ynamly ädimleri ädýäris. Emma «garaşylmadyk ýagdaý» döräp biler (Nes. 9:11). Belki, kynçylykdan ýaňa ruhdan düşüp, tagalla etmäge güýjümiz bolmaz (Nak. 24:10). Ýa-da bikämillik sebäpli ýalňyşyp, aýagymyzyň taýmagy mümkin (Rim. 7:23). Belki-de, durmuşyň gaýgy-aladalary sebäpli ýadap, maksadymyzdan elimiz sowap biler (Mat. 26:43). Bize ýolumyzda çykýan böwetleri ýeňip geçmäge, ýykylsak-da aýaga galmaga näme kömek eder? Böwet ýoluň soňy däl. Mukaddes Kitapda biziň köp kynçylyklara duş geljekdigimiz ýazylan. Şeýle-de ol ýerde ählisini ýeňip geçjekdigimiz hem aýdylýar. Biz kynçylyklara garamazdan ýolumyzy dowam etsek, Ýehowany razy etmek isleýändigimizi subut ederis. Gökdäki Atamyz biziň maksadymyza ýetmek üçin edýän tagallamyzy görüp diýseň begenýändir. w23.05 sah. 30, abz. 14, 15
6-njy sentýabr, şenbe
Sürä görelde boluň (1 Pet. 5:3).
Ýaş doganlar, siz hem pioner bolup gulluk etseňiz, dürli medeniýetli, häsiýetli adamlar bilen işleşmegi we puly tygşytly sowmagy öwrenersiňiz (Flp. 4:11—13). Pioner bolsaňyz, guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak we Beýtelde gulluk etmek mümkinçiligiňiz bolar. Doganlar imandaşlaryna hyzmat etmek maksady bilen ýaşuly bolmaly. Mukaddes Kitapda ýaşuly bolmak isleýänleriň «gowy zady arzuw edýändigi» ýazylan (1 Tim. 3:1). Ilki hyzmatçy bolup gulluk etmeli. Hyzmatçylar ýaşululara uly kömek edýär. Emma ýaşulular-da, hyzmatçylar-da dogan-uýalara pesgöwünlik bilen kömek etmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli. w23.12 sah. 28, abz. 14—16
7-nji sentýabr, ýekşenbe
Heniz ýaş oglanka, atasy Dawudyň Hudaýyny agtaryp başlady (2 Tar. 34:3).
Ýoşyýa 16 ýaşlarynda hak Hudaý Ýehowany agtaryp başlaýar. Ol Ýehowany ýakyndan tanap, Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýärdi. Emma ýaş patyşa aňsat däldi, sebäbi Ýahudada köp adamlar butlara sežde edýärdi. Ýoşyýa arassa seždäni dikeltmegi ýüregine düwýär we aýgytly hereket edýär. Ol takmynan 20 ýaşlarynda Ýahudadan butlary we seždegähleri aýryp başlaýar (2 Tar. 34:1, 2). Siz heniz çaga bolsaňyz hem Ýoşyýanyň göreldesine eýeriň we Ýehowany gowy tanap, häsiýetleri barada oýlanyň. Şonda siz aýgytly ädim ädersiňiz we Ýehowa ömrüňizi bagyş edip suwa çümdürilersiňiz. Ömrüňizi Hudaýa bagyş edeniňizden soň durmuşyňyz düýbünden üýtgär. 14 ýaşynda suwa çümdürilen Luka şeýle diýýär: «Men şol günden soň Ýehowa sežde etmegi durmuşymda birinji orunda goýdum we Hudaýy begendirip ýaşamagy ýüregime düwdüm» (Mar. 12:30). Sizem ömrüňizi Hudaýa bagyş etseňiz köp bereketleri alarsyňyz we bagtly ýaşarsyňyz. w23.09 sah. 11, abz. 12, 13
8-nji sentýabr, duşenbe
Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt-ündew berýänlere hormat goýuň (1 Sel. 5:12).
Pawlus resul selaniklilere hat ýazanda, şol şäherde ýygnagyň döränine bir ýyl hem bolmandy. Ýaşulular tejribesizdi we ýalňyşýardy, emma olar hormata mynasypdy. Biz uly betbagtçylykda ýaşulularyň kömegine has-da mätäç bolarys, sebäbi Baş edara ýa-da filial bilen habarlaşyp bilmeris. Geliň, sagdyn pikirleneliň! Ýaşuly doganlaryň ýalňyşyna üns bermän, Ýehowanyň we Isa Mesihiň olar arkaly görkezme berýändigi hakda oýlanalyň. Tuwulga esgeriň kellesini goraýar. Edil şonuň ýaly, gutulyş umydy biziň pikirlerimizi goraýar. Eger biziň umydymyz berk bolsa, dünýäniň teklip edýän zatlaryny zir-zibil hasaplarys, göwnümizi giň tutarys we Ýehowa wepaly bolarys (Flp. 3:8). Gutulyş umydy kalbymyza rahatlyk berýär we gaýgy-hasrata döz gelmäge kömek edýär. w23.06 sah. 11, 12, abz. 11, 12
9-njy sentýabr, sişenbe
Akylsyz aýal galmagalçydyr, bilýän zady ýokdur (Nak. 9:13).
«Akylsyz aýal» hemmeleri öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma çakylygy kabul etmelimi ýa-da kabul etmeli däldigini her kimiň özi çözýär. «Akylsyz aýal» myhmanlaryna: «Ogurlanan suw süýjüdir» diýýär (Nak. 9:17). Ogurlanan suw nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk sowuk suwdan ganmak bilen deňeşdirilýär (Nak. 5:15—18). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk olaryň ikisine-de lezzet berýär we maşgala ojagyny berkidýär. Emma «ogurlanan suw» Hudaýyň öňünde günä hasaplanýar we döwletiň kanunyna-da garşy gelýär. Ahlaksyzlyk edýän adamlar ogrular ýaly haýasyz işleri gizlinlikde edýär. Onda ogurlanan suw haýsy manyda «süýji» bolup biler? Ahlaksyzlar ogrular ýaly edýän işini hiç kim görmeýär diýip pikir edýär, emma olar gaty ýalňyşýar. Ýehowa ähli zady görýär. Şeýle işleri edýän adamlaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin ogurlanan suwa süýji däl-de, ajy diýse bolar (1 Kor. 6:9, 10). w23.06 sah. 22, abz. 7—9
10-njy sentýabr, çarşenbe
Emma göwünli-göwünsiz etsem-de, şonda-da Hudaýyň öňünde borjumy ýerine ýetirmeli (1 Kor. 9:17).
Belki-de, siz suwa çümdürilen hem bolsaňyz, Ýehowa ýürekden doga edýän dälsiňiz ýa-da hoş habary wagyz etmäge höwesiňiz ýokdur. Bikämil adam käte özüni şeýle duýup bilýär. Emma siz: «Ýehowa menden razy däldir. Ol menden mukaddes ruhuny alan bolmaly» diýip pikir etmäň. Siz öňkiňiz ýaly Ýehowa yhlasly gulluk etmeýän bolsaňyz, Pawlus resul hakda oýlanyň. Ol Isa pygamberiň yzyna gyşarnyksyz eýerýärdi, emma käte wagyz etmäge höwesi bolmaýardy. Pawlus resul islegi bolmasa-da, hoş habary wagyz etmegi ýüregine berk düwüpdi. Siz erbet duýgularyň ýesiri bolmaň, gaýtam olary özüňize tabyn ediň. Siziň höwesiňiz bolmasa-da, Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň we adamlara wagyz ediň. Wagtyň geçmegi bilen, şol işleri höwes bilen edip başlarsyňyz (1 Kor. 9:16). w24.03 sah. 11, 12, abz. 12, 13
11-nji sentýabr, penşenbe
Ýygnaklary çyn ýürekden söýýändigiňizi... görkeziň (2 Kor. 8:24).
Biz dogan-uýalary söýsek we ýakyndan dostlaşsak, olar hem bizi söýer (2 Kor. 6:11—13). Şu günler ýygnaklarda dürli milletden we medeniýetden bolan dogan-uýalar Ýehowa agzybir gulluk edýär. Biz dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görsek, olary söýeris. Uly betbagtçylykda dogan-uýalary ýürekden söýmeli bolarys. Şol döwür Ýehowa bizi nädip gorar? Ýehowa gadymy Wawilonda ýaşan ysraýyllara şeýle görkezme berdi: «Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň, gapylaryňyzy gulplaň. Gaharym köşeşýänçä, az salym gizleniň» (Işa. 26:20). Belki, bizem uly betbagtçylykda şu görkezmä eýermeli bolarys. w23.07 sah. 6, 7, abz. 14—16
12-nji sentýabr, anna
Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr (1 Kor. 7:31).
Biz eglişikli bolmak üçin özümize şu soraglary bermeli: «Meni geçirimli, sabyrly, eglişikli adam hökmünde tanaýarlarmy ýa-da talapkär, gödek, kesir adam hökmünde tanaýarlar? Men adamlary ünsli diňläp, ýerlikli bolsa olaryň tekliplerini kabul edýärinmi?» Biz näçe eglişikli bolsak, şonça-da Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Paýhasly adam eglişikli bolýar. Ol durmuşda bolýan öwrümlere taýyn bolýar. Meselem, biziň agyr kesele ýolukmagymyz mümkin. Syýasy ýolbaşçylaryň çalyşmagy we ykdysadyýetiň pese düşmegi mümkin (Nes. 9:11). Belki-de, ýygnakdaky borçlarymyz üýtgäp biler. Şonda çydamly bolmaga dört maslahat kömek eder: 1) ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli, 2) geçmişiň bilen ýaşamaly däl, 3) dogry garaýyşda bolmaly we 4) adamlara ýagşylyk etmeli. w23.07 sah. 21, 22, abz. 7, 8
13-nji sentýabr, şenbe
Hudaý seni gowy görýär (Dan. 9:23).
Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alýar we ysraýyllary sürgün edýär. Olaryň arasynda Danyýar atly ýaş ýigit hem bardy. Wawilonyň emeldarlary Danyýaryň boý-syratyna, akyl-paýhasly ýigitdigine syn edip, atly-abraýly maşgaladandygyny bilip, oňa tälim berýärler we Wawilonyň ýokary gatlagynyň agzasy edip ýetişdirmek isleýärler (1 Şam. 16:7; Dan. 1:3, 4, 6). Ýehowa Danyýary berk imanlydygy üçin gowy görýär. Danyýar Wawilona sürgün edilende 20 ýaşlaryndady. Ýehowa ondan razydy. Hudaý ony özüne onlarça ýyl wepaly gulluk eden Nuh we Eýýup pygamberler bilen deň görýärdi (1 Mus. 5:32; 6:9, 10; Eýp. 42:16, 17; Hyz. 14:14). Hak Alla Danyýary ýaş wagtynda-da, gojalyk çagynda-da goldaýar we aman-esen saklaýar (Dan. 10:11, 19). w23.08 sah. 2, abz. 1, 2
14-nji sentýabr, ýekşenbe
Hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz (Efes. 3:18).
Eger siz owadan jaý satyn aljak bolsaňyz näme edersiňiz? Elbetde, satyn almankaňyz baryp, ýaşajak jaýyňyzy başdan-aýak barlarsyňyz. Mukaddes Kitaby ýüzleý däl-de, çuňňur okaýan adamy öýi satyn almazdan öň jikme-jik gözden geçirýän adama meňzetse bolýar. Eger siz Mukaddes Kitaby ýüzleý okasaňyz, diňe «esasy taglymatlaryny» bilersiňiz, emma çuňňur hakykatlara düşünmersiňiz (Ýew. 5:12). Şonuň üçin «öýe» giriň, «otaglaryny» gözden geçiriň. Mukaddes Kitapdaky wakalaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny biljek boluň. Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykatlara näme üçin ynanýandygyňyzy anyklajak boluň. Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin çuňňur gözleg geçirmeli. Pawlus resul hem imandaşlaryny «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmäge» höweslendirdi. Şonda olaryň «imany kök urar we berk bolar» (Efes. 3:14—19). Bizem Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. w23.10 sah. 18, abz. 1—3
15-nji sentýabr, duşenbe
Doganlarym, kynçylyklara döz gelip, sabyrly bolmakda Ýehowanyň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň (Ýak. 5:10).
Mukaddes Kitapda Hudaýa sabyrly gulluk eden hudaýhon adamlar hakda ýazylan. Siz şahsy okuw geçirip, olar hakda öwrenseňiz gowy bolar. Meselem, Dawut ýaş wagty Ysraýyla patyşa edip bellenýär, emma tagta geçýänçä köp ýyl garaşýar. Şimgon we Anna wada edilen Mesihi görýänçäler, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edýärler (Luka 2:25, 36—38). Şu wakalary okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Olara sabyrly bolmaga näme kömek etdi? Olar sabyrly bolup nähili bereket aldy? Men olaryň göreldesine nädip eýerip bilerin?» (1 Şam. 13:8—14). Şeýle-de siz sabyrly bolup bilmedik adamlar hakda okaň we şu sorag hakda oýlanyň: «Olar näme üçin sabyrly bolup bilmediler we nähili zyýan çekdiler?» w23.08 sah. 25, abz. 15
16-njy sentýabr, sişenbe
Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe göz ýetirdik (Ýah. 6:69).
Petrus resul Halypasyna wepaly boldy. Onuň Halypasy bilen dostlugyny hiç zat bozup bilmedi. Bir güni Isa özi baradaky pygamberligi aýdanda, köpler onuň manysyna düşünmediler we Isany terk edip gitdiler. Emma Petrus Isa: «Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär» diýdi (Ýah. 6:68). Isa pygamber ölmezinden öňki gije resullarynyň we Petrusyň özüni terk etjegini bilýärdi. Emma Isa Petrusyň soňra ýalňyşyndan sapak edinjekdigine we ömrüniň ahyryna çenli wepaly boljakdygyna ynanýardy (Luka 22:31, 32). Şeýle-de Isa pygamber «adamyň ýüreginiň yhlaslydygyna, ýöne bedeniniň ejizdigine» düşünýärdi (Mar. 14:38). Petrus resul Halypasyny tanamaýandygyny üç sapar aýtsa-da, Isa ony ýürekden bagyşlady. Ölümden direlenden soňra Isa ýörite Petrusyň ýanyna bardy we ony ruhlandyrdy (Mar. 16:7; Luka 24:34; 1 Kor. 15:5). Isanyň geçirimliligi, mähirli sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga kömek etdi. w23.09 sah. 22, abz. 9, 10
17-nji sentýabr, çarşenbe
Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! (Rim. 4:7).
Ýehowa özüne iman edýän adamlaryň günäsini doly bagyşlaýar, hiç haçan ýatlamaýar we hasabat soramaýar (Zeb. 32:1, 2). Şeýle adam imany arkaly Hudaýyň nazarynda dogruçyl we ýazyksyz hasaplanýar. Ybraýym, Dawut we beýleki pygamberler Hudaýa iman etmeýän döwürdeşlerinden düýbünden tapawutlanýardy. Elbetde, wepaly pygamberler hem günälidi, bikämildi. Emma Ýehowa olaryň sarsmaz imanyny görüp, ýazyksyz we dogruçyl hasaplady (Efes. 2:12). Pawlus resul Allatagala bilen dostlaşmak üçin, oňa ýürekden iman etmegiň wajypdygyny nygtap geçdi. Munuň şeýledigini Ybraýym we Dawut pygamberleriň durmuşy subut edýär. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowanyň dosty bolarys. w23.12 sah. 3, abz. 6, 7
18-nji sentýabr, penşenbe
Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen wagyz edeliň (Ýew. 13:15).
Biziň şu günler Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» bermäge mümkinçiligimiz bar. Biz Hudaýyň Patyşalyk işleriniň ilerlemegi üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp edýäris. Ýehowa iň gowy zadyňy berip sežde etmek biziň üçin uly hormat! Pawlus resul Hudaýa edýän seždämiziň dürli görnüşlerini agzaýar we olara sowuk-sala seretmezligi maslahat berýär (Ýew. 10:22—25). Meselem, ol Ýehowa doga etmegiň, gelejege bolan umydymyz hakda wagyz etmegiň we Ýehowanyň «gününiň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyrmak» üçin ýygnak duşuşyklaryna barmagyň wajypdygyny ýazdy. Ylham kitabynyň soňky baplarynda perişde iki gezek: «Hudaýa sežde et!» diýdi (Ylh. 19:10; 22:9). Geliň, Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasy baradaky hakykatlary hiç haçan unutmalyň we Beýik Hudaýymyza sežde etmekligi uly hormat saýalyň! w23.10 sah. 29, abz. 17, 18
19-njy sentýabr, anna
Birek-biregi söýeliň! (1 Ýah. 4:7).
Biz dogan-uýalar üçin janymyzy bermäge taýyn bolmaly. Emma biz Isa pygamberiň «köp adamlaryň söýgüsi sowar» diýen sözlerini ýadymyzdan çykarmaly däl (Mat. 24:12). Elbetde, Isa şägirtleriniň arasyndaky söýginiň däl-de, şu dünýädäki adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowajakdygyny göz öňünde tutdy. Emma biz seresap bolmasak, doňýürek adamlaryň täsirine düşüp bileris. Dogan-uýalaryň arasyndaky söýgi haýsy ýagdaýlarda sowap biler? Dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi bilmek üçin içki dünýämizi gowy barlamaly (2 Kor. 8:8). Petrus resul: «Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» diýdi (1 Pet. 4:8). Eger dogan-uýalaryň ýalňyşyna aşa köp üns bersek, olara bolan söýgimiz sowar. w23.11 sah. 10, 11, abz. 12, 13
20-nji sentýabr, şenbe
Biri-biriňizi söýüň (Ýah. 13:34).
Biz diňe käbir dogan-uýalary ýürekden söýsek, Isanyň tabşyrygyna eýerdigimiz bolmaz. Elbetde, dogan-uýalaryň hemmesi biziň üçin syrdaş, ýakyn dost bolup bilmez. Isa hem şägirtleriň arasynda Ýahýany iň ýakyn dosty hasaplady (Ýah. 13:23; 20:2). Eger Petrus resulyň «ýürekden söýüň» diýen maslahatyna eýersek, dogan-uýalary maşgala agzamyz, süýtdeş doganymyz ýaly gowy göreris (1 Pet. 2:17). Petrus resulyň dogan-uýalary «ýürekden söýüň» diýen maslahaty nämäni aňladýar? (1 Pet. 1:22). Bu jümle islegiň bolmasa-da, söýmäge tagalla etmelidigini aňladýar. Meselem, dogan-uýalaryň biri siziň göwnüňize degýär. Şonda siz ar aljak bolarsyňyzmy? Petrus Isa pygamberden bir wajyp hakykaty öwrendi, ýagny Hudaýyň ar alýanlary halamaýandygyny bildi (Ýah. 18:10, 11). Şonuň üçin Petrus şeýle diýdi: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň, biri-biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň, gaýtam... hoş sözleri aýdyň» (1 Pet. 3:9). Eger biz ýürekden söýsek, dogan-uýalar bilen sylaşykly, mähirli gepleşeris. w23.09 sah. 29, abz. 9—11
21-nji sentýabr, ýekşenbe
Aýallar... ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly (1 Tim. 3:11).
«Iki aýakly iki günde» diýleni, düýnki çaga goç ýigit bolýar, uly gyz bolup ýetişýär. Allatagala çagany öz-özünden ösüp ulalar ýaly edip ýaratdy. Emma onuň imany öz-özünden berkemeýär (1 Kor. 13:11; Ýew. 6:1). Munuň üçin Ýehowany gowy tanamaly we ýakyndan dostlaşmaly. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýagşy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ösdürmeli we gelejekki durmuşa taýýarlyk görmeli (Nak. 1:5). Allatagala Adam ata bilen How enäni ýaratdy (1 Mus. 1:27). Ol Adam ata erkek adama mahsus, How enä bolsa aýal maşgala mahsus häsiýetleri berdi. Şol sebäpli olar borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip bilýärdiler (1 Mus. 2:18). w23.12 sah. 18, abz. 1, 2
22-nji sentýabr, duşenbe
Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogluň... ady bilen suwa çümdüriň (Mat. 28:19).
Isa pygamber ähli adamlaryň hak Hudaýyň adyny bilmegini isleýärdi. I asyrdaky dini ýolbaşçylar: «Hudaýyň beýik ady mukaddesdir. Günäli adamlar onuň adyny tutmaga mynasyp däldir» diýýärdi. Emma Isa pygamber Mukaddes Kitaba ters gelýän pikirleri we däp-dessurlary inkär edýärdi. Bir gün Isa pygamber Gerasena welaýatyna barýar we bir adamyň içinden jynlary çykarýar. Adamlar jynly adamyň akyl-huşunyň ýerindedigini görüp juda gorkdular we Isadan başga ýere gitmegi haýyş etdiler (Mar. 5:16, 17). Isa pygamber halkyň Ýehowanyň adyny bilmegini isleýärdi. Şol sebäpli sagalan adama Ýehowanyň gudratly işlerini gürrüň bermegi tabşyrýar (Mar. 5:19). Isa pygamber bize Ýehowanyň adyny bütin ýer ýüzüne jar etmegi tabşyrdy (Mat. 24:14; 28:20). Biz şu tabşyrygy ýürekden ýerine ýetirsek, Beýik Patyşa Isany begendireris. w24.02 sah. 10, abz. 10
23-nji sentýabr, sişenbe
Meniň adym üçin köp kynçylyklara duş geldiňiz (Ylh. 2:3).
Şu günler Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak uly hormat, sebäbi dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Ýehowa bolsa imany berk dogan-uýalar arkaly bize kömek edýär (Zeb. 133:1). Ol maşgala ojagynda söýginiň sowamazlygy üçin öwüt-ündew berýär (Efes. 5:33—6:1). Allatagala bize gaýgy-gama döz geler ýaly düşünje hem akyldarlyk berýär. Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmeli. Näme üçin? Sebäbi dogan-uýalar bikämillik sebäpli göwnümize degip biler. Ýa-da günde-günaşa şol bir ýalňyşlyklary edip, biziň öz-özümizden göwnümiz geçýändir. Geliň, dogan-uýalar göwnümize degse-de, ýanýoldaşymyz tamamyzy ödemese-de we öz-özümizden göwnümiz geçse-de, Ýehowa wepaly gulluk edeliň. w24.03 sah. 14, abz. 1, 2
24-nji sentýabr, çarşenbe
Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).
Käbir dogan-uýalar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin elinde baryny edýärler. Olar Hoş habarçylar mekdebinde okaýarlar, wagyzçylaryň az ýerine göçýärler. Mümkinçiligiňiz bolsa, siz hem şeýle maksatlary goýuň. Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa janyny gaýgyrman gulluk edýän wepaly bendelerini söýýär (Res. 16:9). Siziň Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçiligiňiz bolmasa näme? Eger şeýle bolsa, özüňizden göwnüňiz geçmesin, ruhdan düşmäň, dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirmäň (Mat. 10:22). Kynçylyklar bilen göreşiň, Ýehowa wepaly gulluk ediň. Şonda Isa pygamberiň yzyna gyşarnyksyz eýerýändigiňizi subut edersiňiz (Zeb. 26:1). w24.03 sah. 10, abz. 11
25-nji sentýabr, penşenbe
Hudaý rehim edip, ähli günäleriňizi bagyşlady (Kol. 2:13).
Gökdäki Atamyz toba edýän adamlary bagyşlajakdygyny söz berýär (Zeb. 86:5). Eger siz günäňize ýürekden toba eden bolsaňyz, geçirimli Hudaý Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna ynamly bolup bilersiňiz. Biz Ýehowanyň talapkär we eglişik etmeýän Hudaý däldigine düşünmeli. Ýehowa bizden güýjümizden artyk zady talap etmeýär, gaýtam güýjümiziň ýetdiginden edýän gullugymyzy görüp begenýär. Mukaddes Kitapda Ýehowa jany-teni bilen gulluk eden adamlar hakda ýazylan. Pawlus resul ençeme ýyl hoş habary yhlasly wagyz etdi, müňlerçe kilometr ýol söküp, köp ýygnaklary döretdi. Günlerde bir gün Pawlusyň ýagdaýy düýbünden üýtgedi. Indi ol öňküleri ýaly köp wagyz edip bilmeýärdi. Ýehowa ondan närazy boldumy? Elbetde, ýok! Pawlus ýagdaýyna görä elinde baryny edip gulluk etdi, Ýehowa hem bereket berdi (Res. 28:30, 31). Şonuň ýaly biziňem ýagdaýymyz üýtgäp, Ýehowa öňkimiz ýaly gulluk edip bilmezligimiz mümkin. Emma Ýehowanyň näçe sagat gulluk edýändigimizi däl-de, näme üçin gulluk edýändigimizi has wajyp hasaplaýandygyny unutmalyň. w24.03 sah. 27, abz. 7, 9
26-njy sentýabr, anna
Isa daň atmanka turup, daşary çykdy. Çola ýere gidip, doga etdi (Mar. 1:35).
Isa pygamber doga etmek babatda şägirtlerine gowy görelde galdyrdy. Ol hemişe Atasyna doga edýärdi. Isa şäher-şäher we oba-oba aýlanyp hoş habary wagyz edýärdi. Şol sebäpli oňa doga etmek üçin wagt tapmak aňsat bolmaýardy (Mar. 6:31, 45, 46). Emma ol Atasyna doga etmek üçin säher bilen turýardy. Bir sapar ol wajyp karara gelmek üçin uzak gije doga etdi (Luka 6:12, 13). Ölüminiň öň ýanyndaky gijesi bolsa Atasynyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin gaýta-gaýta doga etdi (Mat. 26:39, 42, 44). Biz näçe işli bolsak-da, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowa doga-dileg etmek üçin wagt tapmaly. Belki-de, doga etmek üçin säher bilen turarys ýa-da gijräk ýatarys. Şeýdip, Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat saýýandygymyzy görkezeris. w23.05 sah. 3, abz. 4, 5
27-nji sentýabr, şenbe
Mukaddes ruhuň güýji bilen ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolýandyr (Rim. 5:5).
Şu günki aýatda «ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolýandyr» diýilýär. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde aýdylmagyna görä, Hudaýyň söýgüsi joşup akýan derýa ýaly, saýlanan mesihçileriň ýüregini doldurýar. Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme! Saýlanan mesihçiler Hudaýyň söýgüsine şübhelenmeýärler (Ýahd. 1). Ýahýa resul olaryň duýgusyny şeýle beýan edýär: «Atamyzyň söýgüsi hakda oýlanyp görüň. Ol bizi çagalary hasaplaýar» (1 Ýah. 3:1). Ýehowa diňe saýlanan mesihçileri söýýärmi? Ýok! Ol ähli adamlary söýgüsi bilen çoýýar. Bizem Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýäris. Hudaýyň söýýändigini görkezýän iň uly subutnama — töleg gurbany (Ýah. 3:16; Rim. 5:8). w24.01 sah. 28, abz. 9, 10
28-nji sentýabr, ýekşenbe
Seni çagyran günüm duşmanlarym gaçyp gitdi. Hudaý meniň tarapymda, muny anyk bilýärin (Zeb. 56:9).
Şu günki aýatda Dawuda gorkusyny ýeňmäge kömek eden zat hakda ýazylan. Dawut Ýehowanyň gelejekde etjek işleri hakda oýlanýardy. Ol Allatagalanyň halas etjegine şübhelenmeýärdi, sebäbi Ýehowa Dawuda Ysraýylyň patyşasy boljagyny wada beripdi (1 Şam. 16:1, 13). Dawut Ýehowanyň hemişe beren sözünde durýan Hudaýdygyny bilýärdi. Ýehowa size nämäni wada berýär? Elbetde, ol siziň duş gelýän kynçylyklaryňyzy häzir gudrat bilen aýyrmaz. Emma ol Jennetde adamzadyň durmuşyna awy gatýan ähli zady köki-damary bilen ýok eder (Işa. 25:7—9). Beýik Biribaryň ölen adamlary direltmäge, syrkaw adamlary sagaltmaga we duşmanlaryny ýok etmäge güýji ýetýär (1 Ýah. 4:4). w24.01 sah. 6, abz. 12, 13
29-njy sentýabr, duşenbe
Ýazygy ötülen, günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! (Zeb. 32:1).
Ömrüňizi Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen günüňizi ýatlaň. Siz Ýehowany söýýändigiňiz üçin şeýle wajyp ädimi ätdiňiz. Hakykaty tapandygyňyza näme ynandyrdy? Siz Ýehowa hakda bilim aldyňyz, oňa çuňňur hormat goýduňyz we ýürekden söýdüňiz. Siziň imanyňyz berkedi we günäleriňize toba etdiňiz. Siz erbet işleri goýup, Ýehowanyň islegine görä ýaşap başladyňyz. Allatagalanyň bagyşlandygyny duýanyňyzda bolsa ýüregiňiz giňäp gidendir (Zeb. 32:2). Siz ýygnak duşuşyklaryna her hepde bardyňyz we öwrenen zatlaryňyzy adamlara gürrüň berdiňiz. Siz suwa çümdürileniňizde bolsa, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp başladyňyz we ondan sowulmazlygy ýüregiňize berk düwdüňiz (Mat. 7:13, 14). Geliň, mundan beýlägem Ýehowa Hudaýa ýürekden wepaly bolalyň we kada-kanunlaryna eýereliň. w23.07 sah. 17, abz. 14; sah. 19, abz. 19
30-njy sentýabr, sişenbe
Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar (1 Kor. 10:13).
Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde beren wadaňyz hakda oýlansaňyz synaglarda berk durarsyňyz. Siz başga biriniň ýanýoldaşy bilen näz-kereşme edersiňizmi? Elbetde, ýok! Sebäbi siz erbetlik etmejekdigiňizi, ynsabyňyzy arassa saklajakdygyňyzy Ýehowa söz berdiňiz. Ahlaksyz pikirler adamy «zäherlese», ondan saplanmak kyn bolýar. Şol sebäpli «zäheriň» ýekeje damjasynam datmaň, «zalymlaryň ýoluna gadam basmaň» (Nak. 4:14, 15). Siz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany närazy edýän islendik zada dessine we çürt-kesik «ýok» diýersiňiz (Mat. 4:10; Ýah. 8:29). Synaglar, kynçylyklar size Isa pygamberiň şägirdidigiňizi subut etmäge we onuň «yzyna eýerýändigiňizi» görkezmäge mümkinçilik berýär. Siz Ýehowanyň goldajakdygyna doly ynamly bolup bilersiňiz. w24.03 sah. 9, 10, abz. 8—10