Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es25 sah. 77—87
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Her günki aýady okalyň — 2025
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, anna
  • 2-nji awgust, şenbe
  • 3-nji awgust, ýekşenbe
  • 4-nji awgust, duşenbe
  • 5-nji awgust, sişenbe
  • 6-njy awgust, çarşenbe
  • 7-nji awgust, penşenbe
  • 8-nji awgust, anna
  • 9-njy awgust, şenbe
  • 10-njy awgust, ýekşenbe
  • 11-nji awgust, duşenbe
  • 12-nji awgust, sişenbe
  • 13-nji awgust, çarşenbe
  • 14-nji awgust, penşenbe
  • 15-nji awgust, anna
  • 16-njy awgust, şenbe
  • 17-nji awgust, ýekşenbe
  • 18-nji awgust, duşenbe
  • 19-njy awgust, sişenbe
  • 20-nji awgust, çarşenbe
  • 21-nji awgust, penşenbe
  • 22-nji awgust, anna
  • 23-nji awgust, şenbe
  • 24-nji awgust, ýekşenbe
  • 25-nji awgust, duşenbe
  • 26-njy awgust, sişenbe
  • 27-nji awgust, çarşenbe
  • 28-nji awgust, penşenbe
  • 29-njy awgust, anna
  • 30-njy awgust, şenbe
  • 31-nji awgust, ýekşenbe
Her günki aýady okalyň — 2025
es25 sah. 77—87

Awgust

1-nji awgust, anna

Dogruçylyň derdi köpdür, emma Ýehowa ähli derdinden gutarýar (Zeb. 34:19).

Şu günki aýatdan 1) dogruçyl adamlaryň kynçylyklara uçraýandygyny we 2) Ýehowanyň olara kömek etjekdigini bilse bolýar. Allatagala kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär? Ol ýagdaýa dogry baha bermäge kömek edýär. Ýehowa wepaly bendelerine şatlanyp gulluk etjekdigini aýdýar, ýöne gudrat bilen olaryň kynçylygyny aýyrjagyny wada bermeýär (Işa. 66:14). Şeýle-de Ýehowa bize Jennetde aljak bereketlerimiz we ebedi bagtly ýaşajagymyz hakda oýlanmaga höweslendirýär (2 Kor. 4:16—18). Şeýdip, Ýehowa bize kynçylyklara döz gelip, wepaly bolmaga kömek edýär (Agy 3:22—24). Biz gadymy döwürde we şu günler Ýehowa bil baglan adamlaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Biziň başymyza duýdansyz kynçylyklar inip biler. Biz Ýehowa bil baglasak, ol bizi kynçylyklardan alyp çykar (Zeb. 55:22). w23.04 sah. 14, 15, abz. 3, 4

2-nji awgust, şenbe

Ýokary häkimiýetlere tabyn boluň (Rim. 13:1).

Ýusup bilen Merýem patyşanyň çykaran permanyna gulak asyp gowy görelde galdyrdy (Luka 2:1—6). Şol döwri Rim imperatory Awgust ilat ýazuwyny geçirmeli diýen perman çykarýar. Ýusup bilen Merýem 150 km ýol söküp, Beýtullahama barmalydy. Elbetde, aýy-güni dolup oturan Merýeme belentli-pesli uzak ýoly geçmek aňsat däldi. Birden Merýeme ýa-da göwresindäki çaga bir zat bolaýsa näme? Birden onuň burgusy tutsa näme? Merýem Hudaýyň wada eden Mesihini dünýä indermeli ahyryn. Ýusup bilen Merýem şu zatlary bahana edip, patyşanyň çykaran permanyna gulak asman bilerdi. Olar kyn hem bolsa patyşanyň permanyna gulak asdylar. Ýehowa-da olara ak pata berdi. Merýem sag-amanja Beýtullahama bardy. Sagdynja bäbejigi dünýä inderdi we Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşdy (Mik. 5:2). w23.10 sah. 8, abz. 9; sah. 9, abz. 11, 12

3-nji awgust, ýekşenbe

Biri-birimizi has-da ruhlandyralyň (Ýew. 10:25).

Siz ýygnakda jogap bermäge çekinýärsiňizmi? Onda ýygnaga gowy taýýarlanyň (Nak. 21:5). Näçe gowy taýýarlansaňyz, şonça-da ynamly jogap berersiňiz. Şeýle-de berýän jogaplaryňyz gysga bolsun (Nak. 15:23; 17:27). Şonda kän aljyramarsyňyz. Ýygnaga gowy taýýarlanan dogan-uýalar öz sözi bilen gysga jogap berýärler. «Garawul diňindäki» maslahatlara eýereniňizden soň hem ýygnakda jogap bermäge çekinýän bolsaňyz näme? Ýehowanyň siziň edýän tagallaňyzy gymmat saýýandygyny unutmaň (Luka 21:1—4). Ol sizden başarmajak zadyňyzy talap etmeýär (Flp. 4:5). Siz näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň, maksat goýuň we aljyramaz ýaly Ýehowa doga ediň. Belki, siz ýygnakda gysga jogap bermegi maksat goýup bilersiňiz. w23.04 sah. 21, abz. 6—8

4-nji awgust, duşenbe

Sowudy... tuwulgany geýeliň (1 Sel. 5:8).

Pawlus resul mesihçileri söweşe taýyn we ähli ýaraglaryny dakynan esgere meňzedýär. Gulluk borjuny ýerine ýetirýän esger hemişe söweşe taýýar bolýar. Edil şonuň ýaly, mesihçiler hem Hudaýyň gününe taýýar bolmaly. Munuň üçin olar egnine iman we söýgi sowudyny, başyna umyt tuwulgasyny geýmeli. Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Iman we söýgi sowudy hem mesihçileriň göçme manydaky ýüregini goraýar. Şol sowut Ýehowa ýürekden gulluk etmäge we Halypamyz Isanyň yzyna gyşarnyksyz eýermäge kömek edýär. Imany berk adam Ýehowanyň sylaglajakdygyna şübhelenmeýär we Isa Mesihiň tabşyryklaryny ýürekden ýerine ýetirýär (Ýew. 11:6). Biz yzarlamalara mertlik bilen döz gelýän we pulsuzlykdan kösense-de, Ýehowa wepaly bolýan dogan-uýalaryň göreldesine eýersek, kynçylyklarda imanymyz gowşamaz. Şeýle-de baryna kaýyl bolup ýaşaýan we Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan mesihçiler barada oýlansak, baýlygyň duzagyna düşmeris. w23.06 sah. 10, abz. 8, 9

5-nji awgust, sişenbe

Buluda seredýän hasyl ormaz (Nes. 11:4).

Özüne erk edýän adam duýgularyna we etjek işlerine erk edip bilýär. Şeýle adam kyn bolsa-da, höwesi bolmasa-da, maksadyna ýetmek üçin jan edýär. Özüňe erk etmek — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi. Şonuň üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga ediň (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23). Amatly wagta garaşmaň. Amatly wagta garaşsaňyz, maksadyňyza hiç haçan ýetip bilmersiňiz. Eger adam maksadyna köp wagtlap ýetip bilmese höwesi gaçar. Şol sebäpli käbir maksatlara ýetmek üçin tiz ýetip bolýan maksatlary goýmaly. Aýdaly, siz Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň birini ösdürjek bolýarsyňyz. Ýöne unutmaň, ýagşy häsiýeti bir günde ösdürip bolmaýar. «Az bolsun, uz bolsun» diýlişi ýaly, siz kiçi ädimleri ädiň we şol häsiýeti her gün görkezmäge jan ediň. Ýa-da siz Mukaddes Kitaby her gün okamagy maksat goýýarsyňyz. Käbir baplaryň uly bolandygy üçin Mukaddes Kitaby okamaga höwesiňiz bolýan däldir. Belki, siz şeýle baplary birnäçe bölege bölüp okarsyňyz. w23.05 sah. 29, abz. 11—13

6-njy awgust, çarşenbe

Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar (Nak. 4:18).

Soňky günlerde Ýehowa halkyna bolluk bilen ruhy iýmiti berýär we «Mukaddes ýoldan» ýöremäge kömek edýär (Işa. 35:8; 48:17; 60:17). Mukaddes Kitapdan okuw geçýän her bir adam «Mukaddes ýoldan» ýöräp başlaýar. Olaryň käbiri başda aýgytly ädimleri ätseler-de, soňra ýoldan sowulýarlar. Käbirleri bolsa tä pellehana ýetýänçäler «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler. Saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny alanda pellehana ýeter (Ylh. 2:7). Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar bolsa Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda pellehana ýeterler. Eger siz «Mukaddes ýoldan» ýöreýän bolsaňyz yzyňyza seretmäň we pellehana ýetýänçäňiz badyňyzy gowşatmaň. w23.05 sah. 17, abz. 15; sah. 19, abz. 16—18

7-nji awgust, penşenbe

Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris (1 Ýah. 4:19).

Siz Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansaňyz, ömrüňizi oňa höwes bilen bagyş edersiňiz (Zeb. 116:12—14). Mukaddes Kitapda «her bir gowy we kämil sowgady» Ýehowanyň berýändigi aýdylýar (Ýak. 1:17). Ýehowa adamzat üçin ýeke-täk Ogluny gurban berdi. Mundan gymmatly sowgat ýok bolsa gerek! Siz töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşarsyňyz we ebedi ýaşamaga umyt edersiňiz (1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowanyň beren bereketlerine, esasanam, töleg gurbanyna minnetdar bolsaňyz, ömrüňizi oňa höwes bilen bagyş edersiňiz (5 Mus. 16:17; 2 Kor. 5:15). w24.03 sah. 5, abz. 8

8-nji awgust, anna

Dogrulyk ýolunda ýöreýän Ýehowadan gorkýar (Nak. 14:2).

Gadym döwürlerde Lut atly dogruçyl adam ýaşaýardy. Ol «zalym adamlaryň haýasyzlygyny görüp ejir çekýärdi», sebäbi Hudaýyň şeýle işleri ýigrenýändigini bilýärdi (2 Pet. 2:7, 8). Lut döwürdeşleriniň täsirine düşmedi. Ol Ýehowadan gorkýardy we ony ýürekden söýýärdi. Şu günlerem adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny äsgermän ýaşaýar. Eger biz Ýehowadan gorksak we ony ýürekden söýsek, şu dünýäniň akymy bilen gitmän, ahlak taýdan arassa ýaşarys. Ýehowa Nakyllar kitaby arkaly öwüt-ündew berip, bize ahlak kadalary boýunça ýaşamagy öwredýär. Aýal diýmän, erkek diýmän, garry diýmän, ýaş diýmän — biziň ählimiz şol maslahatlara eýersek, Ýehowany her gün razy edip ýaşarys we köp bereket alarys. Ýehowadan gorkýan adam günäli işleri etmeýär we erbet adamlar bilen dostlaşmaýar. w23.06 sah. 20, abz. 1, 2; sah. 21, abz. 5

9-njy awgust, şenbe

Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, her gün yzyma düşsün (Luka 9:23).

Belki, size dogan-garyndaşlaryňyz garşy çykandyr. Ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmak üçin köp zatlaryňyzdan geçensiňiz (Mat. 6:33). Eger şeýle bolsa, siziň geçen zatlaryňyzy Ýehowanyň görýändigine ynamly boluň (Ýew. 6:10). Siz Isa pygamberiň aýdan şu sözleriniň dogrudygyna göz ýetirensiňiz: «Meniň hatyram üçin, hoş habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam häzirki yzarlamalara garamazdan, 100 esse köp öýleri, doganlary, uýalary, ejeleri, çagalary, mellekleri alar, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» (Mar. 10:29, 30). Ýehowanyň berýän bereketleri biziň geçýän islendik zadymyzyň öwezini artygy bilen dolýar (Zeb. 37:4). w24.03 sah. 9, abz. 5

10-njy awgust, ýekşenbe

Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).

Ýahudada güýçli açlyk bolýar. Şonda Siriýanyň Antakyýa şäherinde ýaşaýan dogan-uýalar «Ýahudada ýaşaýan doganlaryna elinden gelen kömegi etmek islediler» (Res. 11:27—30). Hawa, olar Ýahudadan uzakda ýaşasalar-da, dogan-uýalara kömek etmegi ýüregine düwdüler (1 Ýah. 3:17, 18). Tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara duýgudaşlyk bildirmek üçin näme etmeli? Siz ýaşululardan nähili kömegiň gerekdigini soraň. Belki, siz tebigy betbagtçylyk bolan ýerde kömek edersiňiz, pul sadakasyny berersiňiz ýa-da ejir çeken dogan-uýalar üçin doga edersiňiz. Şol döwür dogan-uýalar ýaşaýyş üçin zerur zatlaryny tapyp bilmez. Eger dogan-uýalara duýgudaş bolsak, Patyşamyz Isa zalym dünýäni höküm etmäge gelende bize örän guwanar we Patyşalygy miras berer (Mat. 25:34—40). w23.07 sah. 4, abz. 9, 10; sah. 6, abz. 12

11-nji awgust, duşenbe

Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn (Flp. 4:5).

Isa pygamber hem Ýehowanyň göreldesine eýerip eglişikli boldy. Ol «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin» ýer ýüzüne gelipdi. Bir aýal Isa pygamberiň ýanyna gelip gyzynyň içinden jyny çykarmagy haýyş edýär. Ol aýal ysraýyllardan däldi. Emma Isa pygamber oňa duýgudaşlyk bildirip gyzyny sagaltdy (Mat. 15:21—28). Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edýärkä: «Kim... menden ýüz öwürse, men hem... ondan ýüz öwrerin» diýdi (Mat. 10:33). Emma Petrus resul üç sapar Isany tanamaýandygyny aýtdy. Şonda Isa ondan ýüz öwürdimi? Elbetde, ýok! Sebäbi ol Petrusyň toba edýändigini, Hudaýa ýürekden iman edýändigini bilýärdi. Isa pygamber direlenden soňra Petrusyň ýanyna baryp, ony bagyşlandygyny we ýürekden söýýändigini aýtdy (Luka 24:33, 34). Ýehowa Hudaýam we Isa pygamberem eglişikli bolmak babatda gowy görelde galdyrdy. Ýehowa biziňem eglişikli bolmagymyzy isleýär. w23.07 sah. 21, abz. 6, 7

12-nji awgust, sişenbe

Indi ne ölüm... bolar (Ylh. 21:4).

Biz adamlara Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny nädip düşündirip bileris? Birinjiden, Ýehowanyň hut özi wada berdi. Ylham kitabynda şeýle diýilýär: «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi». Akyldar Ýehowa niýetini amala aşyrmak isleýär we onuň muňa güýji-de ýetýär. Ikinjiden, Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine şeýle bir ynamly welin, ony ýerine ýeten ýaly öten zamanda aýdýar. Ol: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr... Sözüm berjaý boldy!» diýýär. Üçünjiden, Ýehowa başlan işini hökman tamamlar we Ol: «Men Alfa we Omega» diýýär (Ylh. 21:6). Hawa, Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny we hiç zady başarmaýandygyny subut eder. Eger biri: «Siz ertekä ynanýarsyňyz» diýse, oňa Ylham 21:5, 6-njy aýatlary hem okap beriň. Olarda Ýehowanyň beren wadasynda durjakdygyna kepil geçýän ençeme subutnamalar bar (Işa. 65:16). w23.11 sah. 7, abz. 18, 19

13-nji awgust, çarşenbe

Nesliňden ägirt uly millet dörederin (1 Mus. 12:2).

Ýehowa 75 ýaşly Ybraýyma şol wadany berýär. Ybraýym Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetendigini gördümi? Ybraýym Hudaýyň gudraty bilen ogly Yshak dünýä inýänçä 25 ýyl garaşdy. Agtyklary Esaw bilen Ýakup dünýä inýänçä bolsa 60 ýyl garaşdy (Ýew. 6:15). Ol nesliniň uly millet bolanyny we wada edilen ýurdy miras alanyny görmedi. Ybraýym şonda-da soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy (Ýak. 2:23). Ybraýym pygamber Jennetde direlende Hudaýa sabyrly gulluk edendigini we ýer ýüzi neslinden bereket alandygyny bilip örän begener, başy göge ýeter (1 Mus. 22:18). Biz mundan näme öwrenýäris? Belki, biz Ýehowanyň ähli wadasyny ýerine ýetirendigini görüp bilmeris. Emma Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip sabyrly bolsak, Ýehowa şu günler bize bereket berer, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşy sylag berer (Mar. 10:29, 30). w23.08 sah. 24, abz. 14

14-nji awgust, penşenbe

Uzyýanyň Ýehowa gulluk eden döwri hak Hudaý ony goldardy (2 Tar. 26:5).

Uzyýa tagta çykanda pesgöwünli oglandy. Ol «hak Hudaýdan gorkýardy». Uzyýa 68 ýyl ömür süren bolmaly (2 Tar. 26:1—4). Ýehowa ony ömrüniň köp böleginde goldady. Uzyýa köp duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazandy we Iýerusalimiň diwarlaryny berkitdi (2 Tar. 26:6—15). Ol hak Allanyň berýän goldawyna örän minnetdar bolandyr (Nes. 3:12, 13). Uzyýa patyşa bolansoň hemişe adamlara buýruk berýärdi. Şol sebäpli ol islän zadymy etmäge hakym bar diýip pikir eden bolmaly. Bir gün Uzyýa Ýehowanyň ybadathanasyna girip, tütetgi ojagynda tütetgi ýakjak bolýar. Emma kanuna görä, patyşanyň tütetgi ýakmaga haky ýokdy (2 Tar. 26:16—18). Baş ruhany Azarýa Uzyýany saklajak bolýar. Emma patyşanyň gahary gelip, gany depesine urýar. Gynansak-da, Uzyýa hak Allanyň öňünde ýygnan abraýyny ýele sowurýar we Ýehowa ony heýwere keseline uçradýar (2 Tar. 26:19—21). Uzyýa patyşa pesgöwünli bolan bolsa, onuň durmuşy düýbünden başgaça bolardy. w23.09 sah. 10, abz. 9, 10

15-nji awgust, anna

Sünneti goldaýanlardan gorkup, başga milletliler... bilen gepleşmegini goýdy (Gal. 2:12).

Petrus resul Ýehowanyň mukaddes ruhuny alsa-da, saýlanan mesihçi bolsa-da, ýalňyşlyk goýberýärdi. Meselem, b. e. 36-njy ýylynda Ýehowa Petrusy başga milletli Korneliýiň öýüne iberýär. Şeýlelikde, Korneliýe we bütin maşgalasyna Ýehowanyň mukaddes ruhy inýär. Petrus Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna we başga milletli adamlary öz halkyna goşmak isleýändigine düşündi (Res. 10:34, 44, 45). Ol başga milletler bilen gatnaşyp, bir saçak başynda oturyp iýip içýär. Emma käbir ýehudylar başga milletler bilen gatnaşmagy makul bilmeýärdi. Günlerde bir gün Antakyýadan ýehudylar gelýär welin, Petrus başga milletler bilen gepleşmegini goýýar. Pawlus resul onuň ikiýüzlüligini görüp, hemmeleriň öňünde käýeýär we maslahat berýär (Gal. 2:13, 14). Petrus öýkeläp ýörmän maslahaty kabul edýär. w23.09 sah. 22, abz. 8

16-njy awgust, şenbe

Hudaý... çydamly eder (1 Pet. 5:10).

Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny ýürekden etmek isleýänsiňiz. Eger özüňizi barlasaňyz, siz henizem köp zatlaryň üstünde işlemelidigiňizi anyklarsyňyz, ýöne ruhdan düşmäň, Halypamyz sizi hemişe goldamaga taýyn (1 Pet. 2:3). Petrus resulam: «Hudaý size doly tälim berer, berkider» diýdi. Petrus özüni Hudaýyň Oglunyň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi (Luka 5:8). Ýöne Ýehowanyň we Isanyň goldawy bilen soňky demine çenli wepaly galdy. Şeýlelikde, ol «Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedilik Patyşalygyna... girmek» hormatyna eýe boldy (2 Pet. 1:11). Gör, nähili uly sylag! Eger bizem Petrusyň göreldesine eýersek, Ýehowa wepaly bolarys, onuň tälimini alarys we ebedi ýaşaýşa ýeteris. Şonda biziň «imanymyz maksadymyza ýetmäge, ýagny halas bolmaga kömek eder» (1 Pet. 1:9). w23.09 sah. 31, abz. 16, 17

17-nji awgust, ýekşenbe

Ýeri-gögi... Ýaradana sežde ediň! (Ylh. 14:7).

Gadymy döwürdäki çadyryň howlusynyň daşyna zygyr matadan perde tutulandy. Ol ýerde ruhanylar borjuny ýerine ýetirýärdi. Howluda gurbanlyk ojagy we içi suwly legen bardy. Ruhanylar borjuna başlamazdan öň legendäki suwa ýuwunýardylar (2 Mus. 30:17—20; 40:6—8). Şu günler saýlanan mesihçiler ýer ýüzünde ruhy ybadathananyň içki howlusynda gulluk edýärler. Ruhy ybadathanadaky suwly legen nämäni aňladýar? Ol saýlanan mesihçileriň we «uly märekäniň» ahlak hem-de ruhy taýdan arassa bolmalydygyny aňladýar. «Uly märeke» Ýehowa nirede sežde edýär? Ýahýa resul olaryň «tagtyň... öňünde» durandygyny gördi. Diýmek, olar ruhy ybadathananyň daşky howlusynda «gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler» (Ylh. 7:9, 13—15). Hawa, biz Ýehowa Atamyza ruhy ybadathanada arassa sežde etmek üçin beren ornuna örän minnetdar! w23.10 sah. 28, abz. 15, 16

18-nji awgust, duşenbe

Hudaýyň wadasyna imany... güýç-kuwwat berdi (Rim. 4:20).

Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly biziň güýjümize güýç goşýar (Işa. 32:1, 2). Şol sebäpli gaýgy-aladaňyzy we biynjalyk edýän zatlaryňyzy ýaşululara gürrüň beriň. Olaryň maslahatyny minnetdarlyk bilen kabul ediň. Eziz Atamyz ýaşuly doganlar arkaly siziň derdiňize derman bolar. Mukaddes Kitabyň wadalaryna bolan umydymyz güýjümize güýç goşýar. Biziň köpümiz ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýäris, käbirmiz bolsa gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge umyt edýäris (Rim. 4:3, 18, 19). Biziň umydymyz kynçylyklara döz gelmäge, hoş habary wagyz etmäge we ýygnakdaky borçlarymyzy ýerine ýetirmäge güýç berýär (1 Sel. 1:3). Pawlus resula-da umydy kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi. Ony «her tarapdan gysyp-gowurdylar», «aljyraňňy ýagdaýa» saldylar, «yzarladylar», «urup-ýençdiler», hatda ol «ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy» (2 Kor. 4:8—10). Ýöne ol umydy hakda oýlanyp kynçylyklara döz geldi (2 Kor. 4:16—18). Pawlus gelejekde aljak sylagy hakda oýlanýardy. Ol gökdäki Patyşalykda höküm sürmelidi. Pawlus resul umydy hakda oýlananda «içki dünýäsi günsaýyn täzelenýärdi». w23.10 sah. 15, 16, abz. 14—17

19-njy awgust, sişenbe

Ýehowa halkyna güýç-kuwwat berýär, Ýehowa halkyna parahatlyk berýär (Zeb. 29:11).

Doga edenimizde jogap almasak, Ýehowanyň doga-dilegimize jogap berilmeli wagtymy ýa däldigi hakda oýlanyp görüň. Biz doga-dilegimize derrew jogap almak isleýäris, emma Ýehowa haçan jogap berilmelidigini gowy bilýär (1 Pet. 5:6, 7). Biz doga-dilegimize jogap almasak, Ýehowa «ýok» diýip jogap berendir öýtmegimiz mümkin. Aslynda, Ýehowa «ýok» däl-de, «häzir wagty däl» diýip jogap berendir. Meselem, bir dogan agyr derdinden gutulmak üçin Hudaýa doga edýär. Ýöne ol derdinden gutulmaýar. Eger Ýehowa ony gudrat bilen keselinden sagaltsa, Şeýtan doganyň Ýehowa wepalydygyny şübhä goýup: «Ol Hudaýa agyr derdinden sagaldandygy üçin gulluk edýär» diýerdi (Eýp. 1:9—11; 2:4). Aslynda, Ýehowa adamlary ähli derdinden sagaltjak gününi belledi (Işa. 33:24; Ylh. 21:3, 4). Biz şol güne çenli gudrat bilen sagalarys öýtmeli däl. Gaýtam biz: «Kyn ýagdaýa döz gelmäge we soňuna çenli wepaly bolmaga kömek et» diýip, Ýehowa doga etmeli. Şonda ol bize güýç-kuwwat we kalbymyza rahatlyk berer. w23.11 sah. 24, abz. 13

20-nji awgust, çarşenbe

Günälerimize görä jeza bermez, ýalňyşymyza görä temmi bermez (Zeb. 103:10).

Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi, emma ol Ýehowa bil baglady. Onuň gözleri kör bolsa-da, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik gözledi (Ser. 16:28—30). Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Piliştlilerden ar alaýyn» diýdi. Hak Hudaý Şimşonyň dilegini eşitdi we onuň güýjüni gaýtaryp berdi. Şimşon jaýy saklaýan iki sütüni itekledi welin, tutuş jaý märekäniň üstüne ýykyldy. Şimşonyň şol gün öldürenleri bütin ömrüne öldürenlerinden köp boldy. Şimşon eli bilen edenini egni bilen çekdi. Emma ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmegi ýüregine düwüpdi. Biz bikämil adam. Şol sebäpli ýalňyşmagymyz, käýinç eşitmegimiz, hatda borjumyzy ýitirmegimiz mümkin. Emma özümizden göwnümiz geçmeli däl, sebäbi Ýehowa bizi bagyşlamaga taýyn (Zeb. 103:8—9). Biz ýalňyşlyk goýbersek-de, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris. w23.09 sah. 6, abz. 15, 16

21-nji awgust, penşenbe

Çydamly bolsak, Hudaýy razy ederis, Hudaýy razy etsek, umytly bolarys (Rim. 5:4).

Ýehowa biziň kyn ýagdaýlarda çydamly bolup, wepaly galýandygymyza begenýär we razy bolýar. Kynçylyklarda çydamly bolup, Hudaýy razy etmek biziň üçin uly bagt (Zeb. 5:12). Ybraýym pygamber kyn ýagdaýlara döz geldi we Hudaýy razy etdi. Ýehowa hem ony dosty we dogruçyl adam hasaplady (1 Mus. 15:6; Rim. 4:13, 22). Siz hem Hudaýy razy edip bilersiňiz. Allatagala siziň edýän işiňizi, borjuňyzy däl-de, çydamlylygyňyzy we wepalylygyňyzy görüp razy bolýar. Siz ýaşyňyza, ýagdaýyňyza, ukyp-başarnygyňyza garamazdan, kyn ýagdaýlarda çydamly bolup bilersiňiz. Siz synaglarda Hudaýa wepaly bolýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, Allatagala sizden razy. Muny bilmek siziň güýjüňize güýç goşar we umydyňyzy berkider. w23.12 sah. 11, abz. 13, 14

22-nji awgust, anna

Batyrgaý bol (1 Pat. 2:2).

Ýaş doganlar, siz adamlar bilen gepleşmegi başarmaly. Munuň üçin diňe özüňiz geplemän, adamy ünsli diňläň. Onuň duýgularyna we pikirine düşünjek boluň (Nak. 20:5). Şeýle-de adamyň äheňinden, ýüz-gözünden we hereketinden näme diýjek bolýandygyny aňjak boluň. Emma telefon eliňizden düşmese, günuzyn ýazyşyp otursaňyz, adamlar bilen gepleşmegi hiç haçan öwrenmersiňiz. Şonuň üçin mümkinçilikden peýdalanyp, adamlar bilen gepleşjek boluň (2 Ýah. 12). Doganlar özüni we maşgalasyny ekläp bilmeli (1 Tim. 5:8). Eliňizde hünäriňiz bolsa hiç haçan hor bolmarsyňyz (Res. 18:2, 3; 20:34; Efes. 4:28). Şeýle-de ýalta bolman, zähmetsöýer boluň we tabşyrylan işi kemini goýman ediň. Şonda size iş tapmak we başlygyňyzyň ynamyny gazanmak aňsat bolar. w23.12 sah. 27, abz. 12, 13

23-nji awgust, şenbe

Ýehowanyň güni ogrynyň gije gelşi ýaly geler (1 Sel. 5:2).

Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň güni» diýlende, hak Hudaýyň duşmanlaryna jeza berip, öz halkyny halas eden güni göz öňünde tutulýar. Taryha ser salsak, Ýehowanyň käbir halklara jeza berendiginiň şaýady bolýarys (Işa. 13:1, 6; Hyz. 13:5; Sep. 1:8). Tizden syýasy ýolbaşçylar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilona hüjüm eder. Şonda Ýehowanyň güni başlar we Armageddon söweşi bilen tamamlanar. Biz Ýehowanyň gününde halas bolmak üçin häzirden taýýarlyk görmeli. Isa pygamber hem şägirtlerine «taýyn bolmagy» maslahat berdi (Mat. 24:21; Luka 12:40). Asyl nusgada şu jümle dowamly hereketi aňladýar. Diýmek, biz her gün Ýehowanyň gününe taýýar bolmaly. Pawlus resul selaniklilere ýazan birinji hatynda Ýehowanyň beýik gününe taýýar bolmaga kömek edýän ençeme mysallary aýtdy. Pawlus resul Ýehowanyň gününiň I asyrda gelmejekdigini bilýärdi (2 Sel. 2:1—3). Ýöne ol dogan-uýalara Ýehowanyň güni, göýä ertir geljek ýaly taýyn bolmagy maslahat berdi. w23.06 sah. 8, abz. 1, 2

24-nji awgust, ýekşenbe

Eziz doganlarym, berk we tutanýerli boluň (1 Kor. 15:58).

1978-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 60 gatly beýik bina guruldy. Adamlar depesi asmana ýetip duran binany görenlerinde haýran galyp: «Ýer titremäniň köp bolýan şäherinde şeýle beýik bina nädip ýykylman durarka?» diýip oýlanýardylar. Ökde gurluşykçylar binany berk we maýyşgak edip gurdular. Şol sebäpli ol güýçli sarsgynda hem ýykylman durup bilýär. Mesihçileri hem şeýle berk bina meňzetse bolar. Näme üçin? Durmuşda bolýan sarsgynlarda ýykylmaz ýaly, berk we maýyşgak bina ýaly bolmaly. Şonda Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolanlarynda berk durarys. Ýehowa hemişe gulak asarys we imandan dänmeris. Şeýle-de biz gerek ýerinde «maýyşgak», ýagny paýhasly we eglişikli bolarys (Ýak. 3:17). Bizde şu häsiýetler bolsa, öte berk bolmarys ýa-da çendenaşa eglişik etmeris. w23.07 sah. 14, abz. 1, 2

25-nji awgust, duşenbe

Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz (1 Pet. 1:8).

Isa uly adam bolup ýetişende, Şeýtan ony ençeme gezek synady, hatda Ýehowa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:1—11). Şeýtan töleg tölenmez ýaly Isa günä etdirjek bolýardy. Isanyň synaglary munuň bilen gutarmady. Duşmanlar ony yzarladylar we öldürjek boldular (Luka 4:28, 29; 13:31). Isa şägirtleriniň ýalňyşlaryna we dawa-jenjellerine çydamaly boldy (Mar. 9:33, 34). Duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, gamçylap urdular we jenaýatçy hökmünde ölüme höküm etdiler (Ýew. 12:1—3). Isany pürse çüýlänlerinde, Ýehowa ondan goragyny aýyrdy. Indi ol öz güýji bilen jebir-jepaly ölüme döz gelmelidi (Mat. 27:46). Isa pygamber töleg tölemek üçin köp ejir çekdi. Isanyň şirin janyny biziň üçin gurban berendigi hakda oýlansak, ony ýürekden söýeris. w24.01 sah. 10, 11, abz. 7—9

26-njy awgust, sişenbe

Howlugýanlar garyp düşýär (Nak. 21:5).

Sabyrly bolsak düşünişmezligi çalt çözeris we dogan-uýalaryň sözüni bölmän diňläris (Ýak. 1:19). Biz ýygnagyň parahatlygyna goşant goşarys. Dartgynly ýagdaýlarda göwne degiji we gödek sözleri aýtmarys. Dogan-uýalar göwnümize degse gaharlanmarys. Gaýtam «sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýereris (Kol. 3:12, 13). Sabyrly adam gowy karara gelýär. Ol oýlanman, howlukmaç hereket etmegiň deregine gözleg geçirýär we bar bolan teklipleriň içinden iň gowusyny saýlaýar. Meselem, siz iş gözleýärsiňiz we Ýehowa edýän seždäňizi birinji orunda goýmaga päsgel berýän iş tapýarsyňyz. Siz işe girmezden öň şu sorag hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Işe girsem, maşgalama we Ýehowa bilen dostlugyma nähili täsir eder?» Biz sabyrly bolsak, ýalňyş kararlara gelmeris. w23.08 sah. 22, abz. 8, 9

27-nji awgust, çarşenbe

Emma bedenimde başga bir kanun bar. Ol aňymdaky kanun bilen söweşip, bedenimdäki günäniň kanunyna ýesir edýär (Rim. 7:23).

Eger günä garşy göreşmek ruhdan düşürip, güýç-kuwwatdan gaçyrýan bolsa, ömrüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde beren wadaňyz hakda oýlansaňyz, günä garşy aýgytly göreş alyp bararsyňyz. Näme üçin? Ömrüni Ýehowa bagyş eden adam özünden geçmäge taýyn bolýar. Ol Ýehowanyň islegine garşy gelýän maksatlaryna we etsem-petsemlerine «ýok» diýýär (Mat. 16:24). Ol synaga duş gelende «etsemmikäm, etmesemmikäm» diýip, oýlanyp oturmaýar. Ol synagdan öň Ýehowa wepaly bolmagy ýüregine düwendigi üçin günäli höweslere çürt-kesik «ýok» diýýär we günäniň duzagyna düşürjek «ähli gapylary» ýapýar. Ol Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany razy edip ýaşaýar. Eýýup pygamber çekip-çydardan agyr synaglara duş gelende: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» diýdi (Eýp. 27:5). w24.03 sah. 9, abz. 6, 7

28-nji awgust, penşenbe

Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine, Hudaýy ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr (Zeb. 145:18).

Söýgüden doly Ýehowa bizi goldar (2 Kor. 13:11). Ol her birimizi ýürekden söýýär. «Ýehowa bil baglaýanlar mährinden ganar» (Zeb. 32:10). Ýehowanyň söýgüsi hakda näçe köp oýlansak, ony şonça-da gowy tanarys, ýakyndan dostlaşarys, ýürekden doga ederis, söýgüsine mätäçdigimizi aýdarys we gaýgy-aladamyzy gürrüň bereris. Şeýle-de Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigine we kömege taýyndygyna şübhelenmeris (Zeb. 145:19). Aýazly gyşda oduň adama ýylylyk berişi ýaly, Ýehowa-da bizi söýgüsi bilen çoýýar. Hawa, Ýehowa gudratygüýçli, «wepaly söýgä baý» Hudaý. Goý, Ýehowanyň söýgüsi maşgala ojagyňyzy çoýsun! Geliň, mezmurçynyň «men Ýehowany söýýärin» diýen sözlerine goşulalyň! (Zeb. 116:1). w24.01 sah. 31, abz. 19, 20

29-njy awgust, anna

Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).

Ýehudylar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilýärdiler. Şol sebäpli Isa pygamber Atasyny tanatmak üçin diňe bir onuň adyny aýtman, ýagşy häsiýetlerini gürrüň berýär (Ýah. 1:17, 18). Töwratda Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:5—7). Isa adamlara Atasyny tanatmak üçin ýiten ogul hakdaky mysaly gürrüň berýär. Kakasy oglunyň gelýändigini uzakdan görüp, ylgap barýar-da ogluny gujaklaýar we ýürekden bagyşlandygyny aýdýar. Şu mysal Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar (Luka 15:11—32). Şeýdip, Isa pygamber Atasyny adamlara tanatdy. w24.02 sah. 10, abz. 8, 9

30-njy awgust, şenbe

Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly... göwünlik berip bilýäris (2 Kor. 1:4).

Ýehowa ruhdan düşen bendesiniň göwnüni galkyndyrýar. Biz nädip duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli? Munuň üçin Hudaýa ýaraýan başga häsiýetleri hem ösdürmeli. Dogan-uýalary ýürekden söýmek we göwünlik bermek üçin näme etmeli? (1 Sel. 4:18). Biz olar bilen mähirli, mylakatly gepleşmeli we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli (Kol. 3:12; 1 Pet. 3:8). Şu häsiýetler näme üçin wajyp? Isa pygamber şeýle diýdi: «Adamyň ýüregindäki dilindedir. Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýändir, sebäbi ýüregi ýagşylykdan doludyr» (Mat. 12:34, 35). Diýmek, dogan-uýalar bilen mähirli, mylakatly gepleşsek we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýsek, başyna kynçylyk düşende derrew dadyna ýetişeris. Eger biz dogan-uýalara göwünlik bermäge taýyn bolsak, olary ýürekden söýýändigimizi subut ederis. w23.11 sah. 10, abz. 10, 11

31-nji awgust, ýekşenbe

Akyldarlar düşünerler (Dan. 12:10).

Biz Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin Ýehowadan akyldarlyk soramaly. Aýdaly, siz ýat ýurda gezelenje gidýärsiňiz. Ýöne ýanyňyzda şol ýeri bäş barmagy ýaly bilýän dostuňyz bar. Ol siziň häzir nirededigiňizi we her bir ýoluň nirä eltýändigini gowy bilýär. Siz ýanyňyzda ýola belet dostuňyzyň bardygyna örän begenersiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy we öňümizde nähili wakalaryň boljagyny gowy bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek soramaly (Dan. 2:28; 2 Pet. 1:19, 20). Her bir ene-ata çagasynyň gowy durmuşda ýaşamagyny isleýär. Ýöne olar çagalaryna gelejekde nämeleriň boljagyny bilmeýär. Ýehowa hem ýaradan bendeleriniň bagtly ýaşamagyny isleýär. Emma ene-atalardan tapawutlylykda Ýehowa gelejekde nämeleriň boljakdygyny bilýär (Ýer. 29:11). Ol Mukaddes Kitaba pygamberlikleri ýazdyrypdyr (Işa. 46:10). w23.08 sah. 8, abz. 3, 4

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş