Iýul
1-nji iýul, sişenbe
Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi... adamlary sagaltdy (Res 10:38).
Isanyň sözlerinden, eden işlerinden, görkezen gudratlaryndan Ýehowanyň duýgulary we häsiýetleri görünýär (Ýah. 14:9). Biz Isa pygamberiň görkezen gudratlaryndan näme öwrenip bileris? Ýehowa we Isa pygamber bizi söýýär. Isa adamlary söýýändigi üçin gudrat bilen olary agyr derdinden gutarýardy. Bir gezek iki kör adam Isadan kömek soraýar (Mat. 20:30—34). Şonda Isanyň «haýpy gelip», olaryň gözüni açýar. «Haýpy geldi» diýen grek jümlesi biriniň derdini duýmagy we oňa ýüregiň awamagy aňladýar. Isa pygamber açlary doýranda we heýwere keselli adamy sagaldanda şeýle duýgyny başdan geçiripdi (Mat. 15:32; Mar. 1:41). «Örän rehimdar» Hudaý Ýehowa bilen Isa pygamber biziň çekýän agyr derdimize gynanýar we ýagdaýymyza düşünýär (Luka 1:78; 1 Pet. 5:7). Olar tizden adamlary agyr derdinden gutarar. w23.04 sah. 3, abz. 4, 5
2-nji iýul, çarşenbe
Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň! Ol wepaly bendeleriniň janyny gutarýar. Olary erbetleriň elinden halas edýär (Zeb. 97:10).
Biz aňymyzy zäherleýän we erbet höwesleri oýarýan aýdymlary diňlemeli däl, kitapdyr žurnallary okamaly däl. Biz her gün Mukaddes Kitaby okasak, ýygnak duşuşyklaryna barsak we yhlasly wagyz etsek, aňymyzy arassa pikirlerden doldurarys. Ýehowa hem biziň edýän tagallamyza ak pata berer we «döz gelip bilmejek synaglarymyza ýol bermez» (1 Kor. 10:12, 13). Biz soňky günlerde ýaşaýarys. Şol sebäpli Ýehowa wepaly bolmak üçin has köp doga etmeli. Ýehowa biziň «ýüregimizi döküp» doga etmegimizi isleýär (Zeb. 62:8). Geliň, Ýehowa doga-dileg eder ýaly wagt tapalyň, oňa alkyş aýdalyň we eden ýagşylyklary üçin minnetdar bolalyň! Şeýle-de batyrgaýlyk bilen wagyz eder ýaly kömek soralyň, synaglara we kynçylyklara döz geler ýaly güýç-kuwwat diläliň! Goý, hiç kim we hiç zat Ýehowa doga etmegimize päsgel bermesin! w23.05 sah. 7, abz. 17, 18
3-nji iýul, penşenbe
Geliň, biri-birimize ünsli bolup... ruhlandyralyň (Ýew. 10:24, 25).
Biz näme üçin ýygnak duşuşyklaryna barmaly? Biz ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany şöhratlandyrýarys we agyr günleri başyndan geçirýän dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Zeb. 26:12; 111:1; 1 Sel. 5:11). Şeýle-de biz ýygnaklarda jogap berip, Ýehowa alkyş aýdýarys we dogan-uýalaryň imanyny berkidýäris. Ýöne käte jogap bermek bilen bagly kynçylyk ýüze çykyp biler. Biziň jogap bermäge çekinmegimiz mümkin ýa-da elimizi galdyrsak-da, doganyň soramazlygy ahmal. Pawlus resul ýygnaklara «biri-birimizi... ruhlandyrmak» üçin barmalydygymyzy aýtdy. Eger jogap bermäge çekinýän bolsak näme edip bileris? Onda gysgajyk we ýönekeý jogaplarymyzyň imandaşlarymyzy ruhlandyrýandygy hakda oýlanalyň. Eger köp jogap bermek islesek-de, soramasalar näme? Onda çekinjeň dogan-uýalaryň jogap berendigine begeneliň we olary diňläp ruhlanalyň (1 Pet. 3:8). w23.04 sah. 20, abz. 1—3
4-nji iýul, anna
Iýerusalime gidiň-de... Ýehowanyň... ybadathanasyny gaýtadan dikeldiň (Hyd. 1:3).
Patyşa perman çykardy. Permana görä, 70 ýyllap Wawilonda ýesir bolan ýehudylar watanyna dolanyp bilýärdi (Hyd. 1:2—4). Aslynda, olary azatlyga çykaran Gudratygüýçli Ýehowady. Sebäbi Wawilon patyşasy ýesirlerini azatlyga goýbermeýärdi (Işa. 14:4, 17). Emma Wawilon basylyp alynýar we täze patyşa tagta çykýar. Ol ýehudylara watanyna dolanmaga rugsat edýär. Her bir ýehudy, esasanam, maşgalabaşylar wajyp karara gelmelidi. Olar dogduk mekanyna dolanmalymy ýa-da Wawilonda galmaly? Bu aňsat karar däldi. Ak sakgally gojalara, çal saçly enelere uzak ýola rowana bolmak kyndy. Ýehudylaryň köpüsi Wawilonda dünýä inipdi. Wawilon olaryň dogduk mekanydy, Ysraýyl bolsa ata-babalarynyň ýurdudy. Käbir ýehudylar Wawilonda gowy ýaşaýardy. Olaryň kaşaň jaýy, düşewüntli işi bardy. Olara ýat ülkä göçüp barmak we ol ýerde mesgen tutmak kyndy. w23.05 sah. 14, abz. 1, 2
5-nji iýul, şenbe
Taýýar boluň (Mat. 24:44).
Hudaýyň Sözünde çydamlylyk, duýgudaşlyk we söýgi häsiýetlerini ösdürmek maslahat berilýär. Luka 21:19-da: «Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» diýilýär. Koloslylar 3:12-de: «Duýgudaş... boluň» diýilýär. 1 Selanikliler 4:9, 10-njy aýatlarda: «Siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz... (Biri-biriňizi) öňküdenem has köp söýmegiňizi ündeýäris» diýilýär. I asyrdaky mesihçiler şu häsiýetleri görkezýärdiler. Ýöne olar has çydamly, duýgudaş bolmak üçin we imandaşlaryny ýürekden söýmek üçin jan etmelidiler. Bizem olaryň göreldesine eýerip bileris. Eger I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýersek, uly betbagtçylyga häzirden taýýarlanarys. Kynçylyklara çydasak, uly betbagtçylyga taýýar bolarys we soňuna çenli Ýehowa wepaly galarys. w23.07 sah. 3, abz. 4; sah. 4, abz. 8
6-njy iýul, ýekşenbe
Ol ýerden şaýol geçer, oňa Mukaddes ýol diýerler (Işa. 35:8).
Saýlanan mesihçiler-de, «başga goýunlar-da» şol ýoldan sowulmazlygy ýüregine berk düwmeli. Sebäbi diňe «Mukaddes ýoldan» ýöreýän adamlar Ýehowa ýürekden sežde edip, gelejekde bol bereketleri alar (Ýah. 10:16). 1919-njy ýyldan bäri millionlarça erkekler, aýallar we çagalar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Wawilondan» çykyp, «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler. Ýehowa Wawilondan Ysraýyla gaýdýan «Mukaddes ýoldaky» ähli böwetleri aýyrdy (Işa. 57:14). Biziň günlerimizdäki «Mukaddes ýol» hakda näme diýse bolar? «Mukaddes ýol» çekilmezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa hudaýhon adamlar arkaly ýoly arassalady we taýýarlap başlady (Işaýa 40:3-i deňeşdiriň). Olaryň eden tagallasy bilen millionlarça adamlar «Beýik Wawilondan» çykyp, ruhy jennetde ýaşaýar we Ýehowa arassa sežde edýär. w23.05 sah. 15, 16, abz. 8, 9
7-nji iýul, duşenbe
Ýehowa begenip gulluk ediň, şatlykdan ýaňa gygyryp, huzuryna baryň (Zeb. 100:2).
Ýehowa biziň şatlyk we höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär (2 Kor. 9:7). Emma maksadymyza ýetmäge islegimiz bolmasa näme?! Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol: «Bedenimi jylawlap, gul kimin tabyn edýärin» diýdi (1 Kor. 9:25—27). Käte Pawlusyň höwesi bolmasa-da özüni mejburlap, ýagşy işleri edýärdi. Ýehowa ondan razydymy? Hawa, razydy! Ýehowa Pawlus resula bol bereket berdi (2 Tim. 4:7, 8). Biz höwesimiz bolmasa-da maksadymyza ýetmek üçin jan etsek, Ýehowany razy ederis. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin öz islegimizden geçmäge taýyn bolarys. Şonda gökdäki Atamyz bize örän guwanar. Ol Pawlus resula bereket berişi ýaly, bizi hem sylaglar (Zeb. 126:5). Biz Ýehowanyň bereketlerini görenimizde höwesimiz artyp, maksadymyza ýetmäge dyrjaşarys. w23.05 sah. 29, abz. 9, 10
8-nji iýul, sişenbe
Ýehowanyň güni... geler (1 Sel. 5:2).
Pawlus resul Hudaýyň gününde ýok ediljek adamlary uka giden adama meňzedýär. Süýji ukuda ýatan adam daş-töwereginde nämeleriň bolandygyny we wagtyň nädip geçendigini bilmeýär. Şu günler köp adamlar göçme manyda agyr ukuda ýatyr (Rim. 11:8). Olar «soňky günlerde» ýaşaýandygyny we uly betbagtçylygyň golaýdygyny bilmeýär (2 Pet. 3:3, 4). Emma Ýehowanyň gününiň tizden geljegine ýürekden ynanýan adamlar her gün oýa bolýar. Mukaddes Kitapda mesihçilere «sagdyn pikirlenmek» maslahat berilýär (1 Sel. 5:6). Biz näme üçin «sagdyn pikirlenmeli»? Ýehowanyň güni golaýlaşdygyça, syýasy we jemgyýetçilik meselelerinde belli bir tarapy tutmagy talap etmekleri mümkin. Şonda biz aljyrap, howsala düşüp bileris. Emma Ýehowanyň mukaddes ruhy bize rahat bolmaga we berk durup, bitaraplygy saklamaga kömek eder (Luka 12:11, 12). w23.06 sah. 10, abz. 6, 7
9-njy iýul, çarşenbe
Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber (Ser. 16:28).
Şimşon adyny eşideniňizde siziň nähili adam göz öňüňize gelýär? Belki, güýç-kuwwatly pälwan göz öňüňize gelýändir. Hawa, ol şeýle adamdy. Emma Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi we ejir baryny çekdi. Ýehowa şonda-da Mukaddes Kitaba Şimşon hakda ýazdyrdy. Sebäbi hak Alla Şimşony wepaly adam hasaplaýar we biziň ondan köp zatlary öwrenmegimizi isleýär. Ýehowa Şimşon serdar arkaly gudratly işleri etdi. Ol halkyny duşmanlardan ençeme sapar gorady. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen berk imanly adamlaryň arasynda Şimşonyň adyny hem ýazdy (Ýew. 11:32—34). Şimşonyň görkezen edermenligi bizi örän ruhlandyrýar. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hem Ýehowa ýürekden bil baglaýardy. Biz Şimşon bilen bolan wakany we onuň eden işlerini öwrenip ruhlanyp bilýäris. w23.09 sah. 2, abz. 1, 2
10-njy iýul, penşenbe
Hudaýdan kömek sorap doga ediň (Flp. 4:6).
Biz kynçylyklarda çydamly bolmak üçin Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17). Belki, siz şu günler agyr kynçylyklara duş gelýän dälsiňiz. Emma her günüň özüne ýetik aladasy bolýar. Siz göwnüçökgünlige düşeniňizde ýa-da özüňizi alaçsyz duýanyňyzda Ýehowa doga edýärsiňizmi? Eger her günki kynçylyklarda Ýehowa bil baglasaňyz, gelejekde boljak agyr synaglarda Oňa ýürekden doga edersiňiz. Şonda Ýehowanyň tüýs gerek wagty siziň dadyňyza ýetişjekdigine ynamly bolarsyňyz (Zeb. 27:1, 3). Biz şu günler synaglara döz gelsek, uly betbagtçylyga taýýar bolarys (Rim. 5:3). Näme üçin şeýle diýse bolýar? Köp dogan-uýalar kynçylyklara döz gelmegiň imanyny berkidýändigine düşündiler. Şol iman olary gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlady (Ýak. 1:2—4). w23.07 sah. 3, 4, abz. 7, 8
11-nji iýul, anna
Goý, seniň diýeniň bolsun (1 Mus. 19:21).
Ýehowa pesgöwünli we duýgudaş Hudaý bolansoň, adamlara eglişik hem edýär. Günlerde bir gün Allatagala Sodom şäherini ýok etmekçi bolýar. Şonda Ol dogruçyl Luty we maşgalasyny halas etmek üçin iki perişdesini ýollaýar. Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa: «Sen maňa garşy çykjak bolýarmyň?» diýip, aýak diräp oturman, Lutuň haýyşyny bitirýär we onuň hatyrasyna Sogar şäherini ýok etmeýär (1 Mus. 19:18—22). Şondan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Ninewiýa şäherine duýgudaşlyk bildirýär. Ol Ýunus pygamberi Ninewiýa iberip, zalym halky ýok etjekdigini aýdýar. Ýöne halk toba edýär. Ýehowa-da olara rehimdarlyk bildirip şäheri ýok etmeýär (Ýun. 3:1, 10; 4:10, 11). w23.07 sah. 21, abz. 5
12-nji iýul, şenbe
Olar Ýehoýaşy... öldürdiler... ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar (2 Tar. 24:25).
Ýehoýaş patyşadan näme sapak edinýäris? Ýehoýaşy köki berkemedik agaja meňzetse bolar. Köki berkemedik agaç şemala ýykylmaz ýaly, oňa direg goýýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehoýaşyň diregi hem daýanjy Ýehoýadady. Emma baş ruhany aradan çykandan soňra, imandan dänenleriň täsiri bilen Ýehoýaş patyşa ýykyldy. Şu wakadan görnüşi ýaly, biziň Ýehowadan gorkymyz imany berk dogan-uýalara ýa-da maşgala agzalarymyza bagly bolmaly däl. Biziň özümiz Ýehowadan gorkmaly we wepaly bolmaly. Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we doga etmeli (Ýer. 17:7, 8; Kol. 2:6, 7). Ýehowa Hudaý bizden köp zady talap etmeýär. Onuň näme talap edýändigi barada Nesihat 12:13-de ýazylan: «Hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr». Geliň, biz hem Abdyýardan we Ýehoýadadan görelde alyp, Ýehowadan gorkalyň. Şonda agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly bolarys we gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez. w23.06 sah. 19, abz. 17—19
13-nji iýul, ýekşenbe
Ine, men ähli zady täzeleýärin (Ylh. 21:5).
Ylham 21:5-nji aýat «tagtda oturan Hudaý» diýen sözler bilen başlaýar. Ylham kitabynyň üç ýerinde Ýehowanyň hut özüniň görnüş arkaly gepländigi hakda ýazylan. Diýmek, Jennetiň boljagyna perişdeler ýa-da Isa Mesih däl-de, Ýehowanyň özi kepil geçýär. Şol sebäpli biz 5, 6-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «ýalan sözlemegi başarmaýandygy» ýazylan (Tit. 1:2, çykgyt). Ylham 21:5, 6-njy aýatlary «tagtda oturan Hudaý» aýdan bolsa, onuň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Allatagala: «Ine» diýip, sözüni dowam edýär. «Ine» diýip terjime edilen grek sözi Ylham kitabynda ençeme sapar duş gelýär. Ýehowa biziň ünsümizi nämä çekjek boldy? Ol: «Men ähli zady täzeleýärin» diýýär. Ýehowanyň wadasy gelejekde ýerine ýeter. Emma «täzeleýärin» diýen işlik geljek zamanda däl-de, häzirki zamanda ýazylan. Diýmek, Ýehowa beren wadasynda durjakdygyna şeýle bir ynamly welin, ony gelejekde däl-de, häzir ýerine ýetiren ýaly aýdýar (Işa. 46:10). w23.11 sah. 3, 4, abz. 7, 8
14-nji iýul, duşenbe
Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady (Mat. 26:75).
Petrus resul ejizlik edip köp ýalňyşlar goýberýär. Isa özüniň ejir çekip öljekdigi hakdaky pygamberligi aýdanda, Petrus oňa garşy çykýar (Mar. 8:31—33). Şägirtleriň arasynda kimiň uly bolmalydygy hakda jedel turanda, Petrus olara goşulýar (Mar. 9:33, 34). Ol Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi bir adamyň gulagyny kesýär (Ýah. 18:10). Şeýle-de Isa pygamberi tanamaýandygyny üç sapar aýdýar (Mar. 14:66—72). Soňra bolsa eden işine ökünip möňňürip aglaýar. Isa Petrusyň eden işine puşman edendigini gördi we ruhdan düşen şägirdiniň göwnüni galkyndyryp: «Guzularymy bak» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus Halypasyna gulak asdy. Ol hatda şägirtler bilen Iýerusalime bardy we Pentikost baýramçylygynda Ýehowanyň mukaddes ruhuny aldy. w23.09 sah. 22, abz. 6, 7
15-nji iýul, sişenbe
Guzularymy bak (Ýah. 21:16).
Petrus resul ýaşululara: «Hudaýyň sürüsini bakyň» diýdi (1 Pet. 5:1—4). Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny edýärsiňiz, olary ýürekden söýýärsiňiz. Ýöne işli bolandygyňyz, ýadawlygyňyz sebäpli borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýän ýaly duýmagyňyz mümkin. Siz näme edip bilersiňiz? Gaýgy-aladaňyzy Ýehowa aýdyň. Petrus resul şeýle diýdi: «Hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn» (1 Pet. 4:11). Elbetde, käbir dogan-uýalaryň kynçylygy dünýäniň ahyryna çenli çözülmezligi mümkin. Emma baş çopanymyz Isanyň dogan-uýalaryň aladasyny has gowy edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol şu günler synaglara döz gelmäge güýç berýär, gelejekde bolsa ähli kynçylyklary aýrar. Ýaşulular, Ýehowa sizden köp zat garaşmaýar, diňe dogan-uýalary söýmegiňizi, aladasyny etmegiňizi we görelde bolmagyňyzy isleýär. w23.09 sah. 30, abz. 13, 14
16-njy iýul, çarşenbe
Ýehowa akyldarlaryň oý-pikiriniň biderekdigini bilýär (1 Kor. 3:20).
Biz dünýäniň akyldarlygyna eýermeli däl. Eger «dünýäniň akyldarlygyna» eýersek, Ýehowa Hudaýy äsgermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna sowuk-sala serederis (1 Kor. 3:19). «Dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlar ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. I asyrda Pergam we Tiýatira şäherlerinde butparazlyk hem-de ahlaksyzlyk giňden ýaýrandy. Gynansak-da, käbir mesihçiler şäheriň ýaşaýjylarynyň täsirine düşdüler. Şol sebäpli Isa pygamber şol iki ýygnaga ahlaksyzlyga göz ýumýandygy üçin käýedi (Ylh. 2:14, 20). Şeýtan şu günler hem biziň dünýäniň akymyna görä ýaşamagymyzy isleýär. Dogan-garyndaşlarymyz we tanyş-bilişlerimiz bize: «Mukaddes Kitap könelişen. Dinim diýip durmuşdan yza galma. Keýp çekip ýaşamagyň hiç-hili erbetligi ýok» diýmegi mümkin. Käte biziň: «Ýehowa görkezme berýär, ýöne jikme-jik düşündirmeýär» diýmegimiz mümkin. Şeýdip, «ýazylan zatlaryň çäginden çykmagymyz» ahmal (1 Kor. 4:6). w23.07 sah. 16, abz. 10, 11
17-nji iýul, penşenbe
Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).
Merýeme Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwat gerekdi. Merýem durmuşa çykmasa-da göwreli bolmalydy. Onuň dünýä indermeli çagasy ýöne-möne çaga däldi, Hudaýyň wada eden Mesihidi. Ol Hudaýyň Ogluna terbiýe bermelidi we kemala getirmelidi. Üstesine-de, Merýem adaglysy Ýusuba göwreli bolandygyny aýtmalydy (Luka 1:26—33). Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin näme etdi? Ol başgalardan kömek sorady. Meselem, Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşy hakda Jebraýyl perişdeden görkezme soraýar (Luka 1:34). Şeýle-de ol «Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän şäherde» ýaşaýan garyndaşy Elizabetlere gidýär. Ol Merýemi öwýär we onuň göwresindäki Mesih hakda Hudaýyň ylhamy bilen pygamberlik sözlerini aýdýar (Luka 1:39—45). Şonda Merýem örän ruhlanýar we Ýehowa alkyş aýdyp: «Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi» diýýär (Luka 1:46—51). Hawa, hak Alla Jebraýyl perişde we Elizabet arkaly Merýem gyzyna güýç-kuwwat berýär. w23.10 sah. 14, 15, abz. 10—12
18-nji iýul, anna
(Bizi) Atasynyň we Hudaýyň öňünde patyşalar hem-de ruhanylar edip belledi (Ylh. 1:6).
Ýehowa Hudaý Isa Mesihiň şägirtleriniň arasyndan 144 000 adamy mukaddes ruhy bilen gökdäki ýaşaýyş üçin saýlady. Olar gökde Isa bilen ruhany bolup höküm sürer (Ylh. 14:1). Ruhy ybadathananyň mukaddes otagy Hudaýyň perzentleri hökmünde kabul edilen saýlanan mesihçileri aňladýar. Häzir olaryň az sanlysy ýer ýüzünde ýaşaýar (Rim. 8:15—17). Iň mukaddes otag Ýehowanyň gökdäki huzuryny aňladýar. «Tuty» bolsa Isa Mesihiň adamzat üçin gurban eden kämil bedenini aňladýar. Isa şirin janyny adamzat üçin gurban berende, göçme manydaky tuty ikä bölündi. Şeýlelikde, Isa Mesih göge galýar we iň mukaddes otagda uly baş ruhany bolup gulluk edip başlaýar. Mundan başga-da, saýlanan mesihçiler üçin hem iň mukaddes otaga girmäge ýol açyldy, emma olar ilki bilen ýerdäki ömrüni tamamlamaly (Ýew. 10:19, 20; 1 Kor. 15:50). w23.10 sah. 28, abz. 13
19-njy iýul, şenbe
Gedeýon... barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek (Ýew. 11:32).
Bir gün efraýymlar Gedeýonyň ýanyna baryp, ony ýazgaryp başlaýar (Ser. 8:1—3). Gedeýon bikämil adam bolsa-da gaharlanmaýar, gaýtam özüni ele alyp, efraýymlary ünsli diňleýär we mähirli gepleşýär. Şeýdip, ol gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup duran efraýymlary köşeşdirýär. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerip, ýazgarýan adamy ünsli diňlemeli we mähirli gepleşmeli (Ýak. 3:13). Şonda olar ýygnagyň parahatlygyna goşant goşup biler. Özüňizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyryň. Gedeýon midýanlary ýeňende, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrdy (Ser. 8:22, 23). Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? Olar gazanan üstünlikleri üçin özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Kor. 4:6, 7). Meselem, dogan-uýalar ýaşulynyň ökde mugallymdygy üçin öwenlerinde, ol: «Mukaddes Kitap we Ýehowanyň guramasy her birimize ökde mugallym bolmaga kömek edýär» diýip biler. Şeýle-de ýaşulular wagtal-wagtal: «Men edýän işlerim bilen Ýehowany şöhratlandyrýarynmy ýa-da dogan-uýalary haýran galdyrmak isleýärin?» diýip oýlanmaly. w23.06 sah. 4, abz. 7, 8
20-nji iýul, ýekşenbe
Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar (Işa. 55:8).
Biz doga-dilegimize isleýşimiz ýaly jogap almasak näme? Biz dogry we ýagşy zatlar hakda doga edýärismi? Biz köplenç öz ýagdaýymyzy özümiz gowy bilýändiris öýdýäris. Emma Hudaýa doga edip soraýan zadymyz biziň üçin peýdaly bolman biler. Ýa-da biz kynçylygyň öz isleýşimiz ýaly çözülmegi üçin, Hudaýa doga edýändiris, emma kynçylygyň has gowy çözgüdi bardyr. Şeýle-de edýän dogamyz Hudaýyň islegine gabat gelmeýän bolmagy mümkin (1 Ýah. 5:14). Meselem, bir ene-ata çagalarynyň hakykat ýolundan sowulmazlygy hakda doga edýär. Olar nädogry doga etdimi? Elbetde, ýok! Emma Ýehowa hiç kimiň, şol sanda çagalaryň hem özüne mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen gulluk etmegini isleýär (5 Mus. 10:12, 13; 30:19, 20). Şol sebäpli ene-atalar Hudaýa şeýle doga etseler gowy bolar: «Ýehowa, çagalarymyzyň ýaş kalbynda saňa bolan söýgini ösdürip, seniň bilen dostlaşmaga kömek eder ýaly, bize güýç-kuwwat ber» (Nak. 22:6; Efes. 6:4). w23.11 sah. 21, abz. 5; sah. 23, abz. 12
21-nji iýul, duşenbe
Bir-biriňize göwünlik beriň (1 Sel. 4:18).
Biz dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezmek üçin göwünlik bermeli. Pawlus resul: «Bir-biriňize göwünlik beriň» diýdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Pawlusyň „göwünlik beriň“ diýen sözleri kyn güne düşen adamyň ýanynda bolup goldamagy aňladýar». Eger biz dogan-uýalara göwünlik bersek, ýaşaýyş ýolundan ynamly ädimler bilen ýöremäge kömek ederis. Biz dogan-uýalaryň derdine derman bolsak we göwnüni götersek, olary söýýändigimizi subut ederis (2 Kor. 7:6, 7, 13). Adama göwünlik bermek üçin duýgudaş bolmaly. Eger adamyň ýürek derdini duýup bilmesek, oňa göwünlik berip bilmeris. Pawlus resul göwünlik bermek üçin duýgudaş bolmagyň wajypdygyny aýtdy. Ol: «(Ýehowa) rehimdar Atadyr we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» diýdi (2 Kor. 1:3). w23.11 sah. 9, 10, abz. 8—10
22-nji iýul, sişenbe
Kynçylyklarda hem şatlanalyň (Rim. 5:3).
Isa pygamberiň ähli şägirtleri kynçylyklara duş geler. Pawlus resul Selanikdäki mesihçilere: «Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk. Aýdyşymyz ýaly-da boldy» diýip ýazdy (1 Sel. 3:4). Ol Korinfdäki mesihçilere bolsa: «Biz... köp kynçylyklary başdan geçirdik... diri galarys hem öýtmedik» diýdi (2 Kor. 1:8; 11:23—27). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarlar (2 Tim. 3:12). Isa pygambere iman edýändigiňiz üçin dost-ýarlaryňyz we dogan-garyndaşlaryňyz zorluk-sütem edýändir. Halal, dogruçyl ýaşaýandygyňyz üçin işde kyn ýagdaýlar döreýändir (Ýew. 13:18). Gelejege bolan umydyňyz hakda wagyz edýändigiňiz üçin yzarlaýandyrlar. Emma Pawlus resul islendik kyn ýagdaýa şatlyk bilen döz gelip biljekdigimizi aýtdy. w23.12 sah. 10, 11, abz. 9, 10
23-nji iýul, çarşenbe
Siz... başymy agyr derde saldyňyz (1 Mus. 34:30).
Ýakup pygamberiň göreni görgi boldy. Şimgon bilen Lewi maşgalasyny abraýdan düşürdi we Ýehowanyň adyna ysnat getirdi. Şeýle-de Ýakubyň mähriban aýaly Rahel çaga üstünden aradan çykdy. Soňra ýurtda güýçli açlyk boldy. Ýakup pygamber garran çagynda Müsür ýurduna göçmeli boldy (1 Mus. 35:16—19; 37:28; 45:9—11, 28). Ýakup pygamberiň başyna nähili kynçylyklar düşse-de, ol Ýehowa iman edýärdi we onuň wadasyna ýürekden ynanýardy. Ýehowa wepaly bendesinden örän razydy. Ýehowa oňa bol bereket berdi we mal-mülküni artdyrdy. Ýakup pygamber söwer ogly Ýusubyň öldi habaryny eşideli bäri hasrat çekýärdi, ýöne Ýehowa ony ogluna duşuryp, ýasyny toýa öwürdi. Ýakup hak dosty Ýehowa doly bil baglaýardy. Şol sebäpli ähli kynçylyklara mertlik bilen döz geldi (1 Mus. 30:43; 32:9, 10; 46:28—30). Bizem dostumyz Ýehowa ýürekden iman etsek, başymyza duýdansyz kynçylyk inse-de berk durarys. w23.04 sah. 15, abz. 6, 7
24-nji iýul, penşenbe
Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn (Zeb. 23:1).
Zebur 23-nji bapda Dawut pygamber Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny wasp edýär. Ol Ýehowany sürüsiniň aladasyny edýän çopana meňzedýär. Dawut pygamber Ýehowanyň penasynda asuda we parahat ýaşaýar. Ol Hudaýyň söýgüsini her gün duýýar. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanýardy? Dawut pygamber Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny her gün duýýardy. Ýehowa onuň iýjek-içjegini, gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Dawudy dosty hasaplaýardy we ondan razydy. Dawut gelejekde kyn ýagdaýlara duş gelse-de, Ýehowanyň terk etmejekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýärdi, şonuň üçin howsala düşmeýärdi, kalby rahatdy we her gün onuň huzurynda şatlanardy (Zeb. 16:11). w24.01 sah. 29, abz. 12, 13
25-nji iýul, anna
Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn (Mat. 28:20).
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hudaýyň halky köp ýurtlarda asuda ýaşaýarlar we erkinlikde hoş habary wagyz edýärler. Şeýlelikde, bütin dünýäde wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Isa Mesihiň görkezmesine eýerýär. Olar bir mesele hakda karara gelmezden öň, oňa Ýehowanyň we Isanyň nähili seredýändigi hakda oýlanýar. Soňra etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary arkaly bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär. Mukaddes Kitapda ýaşuly doganlaryň Isa Mesihiň «sag elindedigi» aýdylýar (Ylh. 2:1). Elbetde, ýaşulular bikämil. Olar Musa pygamber, Ýuşa we I asyrdaky resullar ýaly ýalňyşýarlar (4 Mus. 20:12; Ýuşa 9:14, 15; Rim. 3:23). Emma Isa Mesih şu günler wepaly hyzmatkär we ýaşulular arkaly görkezme berýär. Şonuň üçin jogapkär doganlaryň görkezmesine şübhelenmän bileris. w24.02 sah. 23, 24, abz. 13, 14
26-njy iýul, şenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).
Biz hak Hudaý Ýehowany söýýändigimiz hakda adamlara höwes bilen gürrüň berýäris. Şonda Ýehowa örän begenýär. Biziň esasy maksadymyz — adamlara hak Allany tanatmak we onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek (Ýak. 4:8). Şol sebäpli biz Ýehowanyň söýgüden doly, adalatly, akyldar we gudratygüýçli Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şeýle-de biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, ony begendirýäris. Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Olar biziň ýagşy edim-gylymymyzy görüp, hak Alla barada köp zatlary bilmek isleýär (Mat. 5:14—16). Biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanýarys we Ýehowa hakda gürrüň berýäris. Şeýlelikde, olar Ýehowany tanap, onuň bilen dostlaşmak isleýärler. Biz Ýehowanyň göreldesine eýersek, ýagşy häsiýetlerini gürrüň bersek, ony begendireris we adyny dillerimizde sena ederis (1 Tim. 2:3, 4). w24.02 sah. 10, abz. 7
27-nji iýul, ýekşenbe
Sagdyn taglymata esaslanyp maslahat ber, garşy çykýanlara bolsa käýe (Tit. 1:9).
Ýaş doganlar, imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňyzy artdyryň. Şonda siz ýygnakdaky borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirersiňiz. Size iş tapmak, maşgalaňyzy eklemek aňsat bolar, dostlaryňyz hem köp bolar. Okamagy we ýazmagy öwreniň. Zebur kitabynda Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanýan adamyň bagtly boljakdygy we ähli işinde üstünlik gazanjakdygy aýdylýar (Zeb. 1:1—3). Ol Hudaýyň garaýşyna düşünýär, sagdyn pikirlenýär we okan aýatlaryny durmuşynda ulanýar (Nak. 1:3, 4). Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatlary dogan-uýalara kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Siz okamagy we ýazmagy öwrenseňiz, ýygnakda gowy jogaplary berersiňiz hem-de ökde nutukçy bolarsyňyz. Şonda hem siziň, hem dogan-uýalaryň imany berkär. w23.12 sah. 26, 27, abz. 9—11
28-nji iýul, duşenbe
Sizi goldaýan Hudaý dünýäni goldaýan Iblisden güýçlüdir (1 Ýah. 4:4).
Siz gorksaňyz Ýehowanyň gelejekde eçiljek bereketleri hakda oýlanyň. Jennetde Şeýtan bolmaz. 2014-nji ýylyň welaýat kongresinde sahna bolupdy. Dogan aýaly we çagalary bilen 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlar hakda gürrüň edýär we aýatlary Jennetde ýaşajak dogruçyl adamlara degişli edip okaýar: «Jennetde ajaýyp döwür bolar. Sebäbi adamlar biri-birini, hakykaty söýýän, pespäl, pesgöwünli, Hudaýa alkyş aýdýan, ene-atasyna gulak asýan, minnetdar, wepaly, dogan-garyndaşlaryny söýýän, eglişik edýän, öwgüli sözleri aýdýan, özüne erk edýän, ýumşak, ýagşylygy söýýän, ynamdar, oňşukly, kiçigöwünli, keýpi-sapany däl-de, Hudaýy söýýän, Hudaýyň ýolunda ýöräp, şoňa görä ýaşaýan adamlar bolar. Şeýle adamlar bilen dostlaş». Siz maşgala agzalaryňyz we dogan-uýalaryňyz bilen Jennetde boljak ýaşaýyş hakda gürrüň edýärsiňizmi? w24.01 sah. 6, abz. 13, 14
29-njy iýul, sişenbe
Men senden razydyryn (Luka 3:22).
Biz Ýehowanyň halkyndan razydygyna örän begenýäris. Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň halkyna guwanýandygy» aýdylýar (Zeb. 149:4). Ýöne käbirleri: «Men Ýehowanyň öz halkyndan razydygyna ynanýaryn. Emma ol menden razymyka?» diýip biynjalyk bolýarlar. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň özünden razydygyna şübhelenipdirler (1 Şam. 1:6—10; Eýp. 29:2, 4; Zeb. 51:11). Mukaddes Kitapda bikämil adamlaryň Ýehowany razy edendigi hakda ýazylan. Biz Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli? Isa pygambere iman etmeli we suwa çümdürilmeli (Ýah. 3:16). Biz suwa çümdürilen günümiz günälerimize toba edendigimizi we özümizi Hudaýa bagyş edendigimizi hemmelere subut edýäris (Res. 2:38; 3:19). Ýehowa biziň şu wajyp ädimi ädenimize örän begenýär. Biz ömrümizi Ýehowa bagyş edenimizde beren wadamyza görä ýaşasak, ony razy ederis we ýakyndan dostlaşarys (Zeb. 25:14). w24.03 sah. 26, abz. 1, 2
30-njy iýul, çarşenbe
Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris (Res. 4:20).
Döwlet işgärleri wagyz etmegi gadagan edýän bolsa, onda siz I asyrda ýaşan resullaryň göreldesine eýeriň. Biz Ýehowadan batyrgaýlyk we akyldarlyk sorap doga etmeli. Şonda Ýehowa mertlik bilen wagyz etmäge kömek eder. Kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin Ýehowa doga ediň. Biz keselçilik, göwnüçökgünlik, dogan-garyndaşlarymyzyň aradan çykmagy, maşgala kynçylyklary, döwlet işgärleri tarapyndan yzarlamalar ýa-da başga kynçylyklar bilen her gün göreşmeli bolýarys. Şeýle-de keselçiligiň ýaýramagy we uruşlaryň bolmagy derdimize dert goşýar. Şol sebäpli Ýehowa ýüregimizi döküp doga etmeli. Edil dostumyza ähli zady gürrüň berişimiz ýaly, dert-aladamyzy ýekän-ýekän Ýehowa gürrüň bermeli. Şonda Ýehowanyň «ýardam etjekdigine» hiç hili şübhelenmeris (Zeb. 37:3, 5). Her gün Ýehowa doga etmek «kynçylyklara çydamaga» kömek edýär (Rim. 12:12). Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylyklaryny görýär we olaryň dady-perýadyny eşidýär (Zeb. 145:18, 19). w23.05 sah. 5, 6, abz. 12—15
31-nji iýul, penşenbe
Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek boluň (Efes. 5:10).
Biz wajyp karara gelmezden öň Ýehowanyň islegine düşünjek bolmaly we şoňa görä hereket etmeli (Efes. 5:17). Biz Mukaddes Kitapdan kynçylygy çözmäge kömek edýän aýatlary gözlesek, Ýehowanyň pikirine düşüneris, onuň islegine görä karara geleris we gelen kararymyza hiç haçan ökünmeris. Duşmanymyz Şeýtan dünýäniň işleri bilen şeýle bir başagaý edýär welin, Ýehowa gulluk etmäge wagt tapmak kyn bolýar (1 Ýah. 5:19). Biz seresap bolmasak, şu dünýäniň pikiri aňymyzy zäherlär we baýamak, ýokary bilim almak, wezipe gazanmak üçin hars urarys. Elbetde, işlemegiň, gazanç etmegiň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne olar durmuşymyzda birinji orna geçmeli däl. w24.03 sah. 24, abz. 16, 17