Iýun
1-nji iýun, ýekşenbe
Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris (Res. 14:22).
I asyrdaky mesihçiler güýçli yzarlandy. Ýehowa olary kynçylyklara döz gelendigi üçin sylaglady. Yzarlamalar mesihçileriň garaşmadyk wagty boldy. Meselem, Barnabas bilen Pawlus resul Listra şäherine wagyz etmäge barýarlar. Adamlar olary gujak açyp garşy alýarlar we aýdan her bir sözüni ýere gaçyrman diňleýärler. Emma ýagdaý birdenkä üýtgeýär. Duşmanlar gelip halky Pawlus bilen Barnabasa garşy öjükdirýärler. Olary mähir bilen garşy alan adamlar, indi Pawlusy daşlap başlaýarlar. Hatda ony ölendir öýdüp şäheriň daşyna süýräp çykarýarlar (Res. 14:19). Pawlus bilen Barnabas näme etdi? Olar başga şähere gidip, yhlasly wagyz edýärler we birnäçe adama şägirt bolmaga kömek edýärler. Olary diňlän we edýän işlerini gören dogan-uýalaryň hem imany berkedi (Res. 14:21, 22). Pawlus bilen Barnabasyň yzarlamalardan gorkman batyrgaýlyk bilen wagyz etmegi köpleri ruhlandyrdy. Bizem Ýehowanyň tabşyran işine yhlasly ýapyşsak, ol bizi hökman patalar. w23.04 sah. 16, 17, abz. 13, 14
2-nji iýun, duşenbe
Ýehowa, dogamy diňle, kömek sorap ýalbarýaryn, dilegimi eşit. Agyr günümde seni çagyrýaryn, sen maňa jogap berýärsiň (Zeb. 86:6, 7).
Duşmanlar Dawut pygamberi ençeme sapar öldürjek boldular. Şonda ol Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Dawut pygamber Ýehowanyň dogalaryna jogap berýändigine asla şübhelenmeýärdi. Bizem Dawut pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Mukaddes Kitapdaky wakalar Ýehowanyň dogalarymyza jogap berýändigini subut edýär. Ol dogalarymyza nädip jogap berýär? Allatagala bize akyldarlyk berýär, kynçylyklara çydamaga güýç berýär we dogan-uýalar, iman etmeýän adamlar arkaly gerekli goldawy berýär. Ýehowa biziň dogalarymyza hemişe isleýşimiz ýaly jogap bermeýär, emma jogapsyz hem goýmaýar we tüýs wagtynda gerekli kömegi berýär. Şonuň üçin Ýehowa iman bilen doga edeliň. Onuň şu günler aladamyzy etjekdigine we geljekde bol bereket berjekdigine şübhelenmäliň (Zeb. 145:16). w23.05 sah. 8, abz. 4; sah. 13, abz. 17, 18
3-nji iýun, sişenbe
Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin? (Zeb. 116:12).
Maksadyňyza ýetip, aljak bereketleriňiz hakda oýlanyň. Eger siz Mukaddes Kitaby okamagy we doga etmegi maksat goýan bolsaňyz, Ýehowanyň dosty boljakdygyňyz hakda oýlanyň. Ýa-da Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi maksat goýan bolsaňyz, ähli adamlar bilen hoşniýetli gatnaşykda boljakdygyňyz hakda oýlanyň (Zeb. 145:18, 19). Belki, siz maksadyňyza ýetip aljak bereketleriňiziň sanawyny düzersiňiz we wagtal-wagtal oňa seredip durarsyňyz (Kol. 3:14). Şeýle-de goldaw berjek adamlar bilen dostlaşyň (Nak. 13:20). Käte biziň işe elimiz barman hiç zada höwesimiz bolmaýar. Şeýle ýagdaýda gol gowşuryp oturmalymy? Elbetde, ýok! Biz maksat-myradymyza ýetmek üçin dürli usullary ulanmaly. Muny etmek aňsat bolmaz, ýöne eden tagallamyza deger. w23.05 sah. 27, 28, abz. 5—8
4-nji iýun, çarşenbe
Adam näme ekse, şony-da orar (Gal. 6:7).
Edýän işimize jogapkärdigimize düşünsek günämize toba ederis, ýalňyşymyzy düzederis we ony gaýtalamajak bolarys. Şeýlelikde, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan pellehana çenli ylgarys. Eger siz ýalňyşan bolsaňyz näme?! Geçeni geçdi biliň! Siz özüňizi aklamaň ýa-da günäkärlemäň, başgalary hem ýazgarmaň. Ýogsam ruhdan düşüp, güýç-kuwwatdan gaçarsyňyz. Gaýtam günäňizi boýun alyň, ýalňyşyňyzy düzetjek boluň. Eger agyr günä eden bolsaňyz toba ediň we günäňizi boýun alyp, Ýehowa pesgöwünlilik bilen doga ediň (Zeb. 25:11; 51:3, 4). Eger biriniň göwnüne degen bolsaňyz ötünç soraň we ýaşululardan kömek soraň (Ýak. 5:14, 15). Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň, ony gaýtalamajak boluň. Şonda Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna we kömek etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Zeb. 103:8—13). w23.08 sah. 28, 29, abz. 8, 9
5-nji iýun, penşenbe
Ýehoýada ruhanynyň öwüt-nesihat berýän wagty Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi (2 Pat. 12:2).
Ýehoýaş patyşa Ýehoýada ruhanynyň öwüt-ündewine gulak asýan wagty gowy hökümdarlyk edýärdi. Ýehowa hem ondan razydy. Emma Ýehoýada ruhany aradan çykansoň, Ýehoýaş Ýehowa biwepalyk eden han-beglere gulak asdy (2 Tar. 24:4, 17, 18). Şonda Ýehowa gaty gynanýar. Ol «halkyň toba etmegi üçin, ençeme pygamberlerini iberýär», emma halk gulak asmaýar. Olar Ýehoýada ruhanynyň ogly, Ýehowanyň pygamberi, bellän ruhanysy we Ýehoýaş patyşanyň ýegeni Zekerýany hem diňlemeýärler. Üstesine-de, namart Ýehoýaş özüne uly ýagşylyk eden maşgalanyň ogluny, ýagny Zekerýa pygamberi öldürdýär (2 Tar. 22:11; 24:19—22). Ýehoýaş patyşa Ýehowadan gorkmaýardy, oňa çuňňur hormat goýmaýardy. Şeýlelikde, onuň durmuşy pajygaly wakalar bilen tamamlandy. Ýehowa: «Meni... äsgermezlik edýäni äsgermerin» diýipdi (1 Şam. 2:30). Siriýalylaryň az goşuny Ýahudanyň «ägirt uly goşunyny» derbi-dagyn edýär we Ýehoýaş agyr ýaralanýar (2 Tar. 24:24, 25). Siriýalylar gidensoň, Ýehoýaşyň hyzmatkärleri dil düwüşýär we Zekerýanyň aryny almak üçin patyşany öldürýär. w23.06 sah. 18, 19, abz. 16, 17
6-njy iýun, anna
Siz öň garaňkylykdadyňyz, indi... ýagtylyga çykdyňyz (Efes. 5:8).
Pawlus resul Efes şäherine barýar we adamlara wagyz edip, şägirt taýýarlaýar (Res. 19:1, 8—10; 20:20, 21). Indi bolsa tussaglykda oturan Pawlus resul olara hat ýazýar. Sebäbi ol imandaşlaryny söýýärdi we Ýehowa wepaly galmaga höweslendirmek isleýärdi. Efes şäherinde ahlaksyz we haýasyz işler giňden ýaýrandy. Teatrlarda ahlaksyz degişmeler aýdylardy we oýunlar oýnalardy (Efes. 5:3). Dini baýramçylyklarda ahlaksyz gürrüňler edilýärdi. Pawlus efeslileriň «ahlak kadalaryndan ýüz öwrendigi» hakda ýazýar. Onuň ulanan şu jümlesi sözme-söz «agyry duýmaýar» diýmegi aňladýar (Efes. 4:17—19). Efesdäki dogan-uýalar mesihçi bolmanka ýagşyny ýamandan saýgaryp bilmeýärdi. Olaryň ynsabyna tagma basylan ýaly hiç hili agyry duýmaýardy. Şonuň üçin Pawlus resul: «Olaryň aň-düşünjesi garaňkylykda, Hudaýyň berýän ýaşaýşyndan daşlaşdylar» diýýär. Efesdäki käbir adamlar tümlükden azatlyga çykdy. w24.03 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 5, 6
7-nji iýun, şenbe
Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar... ysgyndan gaçmazlar (Işa. 40:31).
Gedeýona halkyň serdary bolmak aňsat däldi. Ol aç-suwsuz we ýadaw bolsa-da, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmelidi. Gedeýon we 300 esgeri ýarygije midýanlara garşy söweşe çykýar. Şonda midýanlar aljyraňňylyga düşüp, aýagaldygyna gaçýar (Ser. 7:22). Gedeýon we 300 esgeri Ýizregel jülgesinden tä Iordan derýasyna çenli duşmanlaryň yzyndan kowalaýar. Belki, şol ýerler tikenekli, gyrymsy agaçly bolandyr. Olar Iordan derýasyna baranlarynda dynç aldylarmy? Elbetde, ýok! Olar duşmanlaryny ele salýançalar, olaryň yzyndan kowaladylar. Şeýlelikde, olar duşmanlarynyň üstünden doly ýeňiş gazandylar (Ser. 8:4—12). Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? Ýehowanyň güýç-kuwwat berjekdigine ynanyň. Gedeýon Ýehowanyň güýç berjekdigine ynanýardy. Ýehowa onuň ynamyny ödedi (Ser. 6:14, 34). Gedeýon bilen esgerleri örän ýadapdy, emma olar midýan hanlarynyň yzyndan pyýada kowaladylar. Belki, midýan hanlary düýeli gaçandyr (Ser. 8:12, 21). Emma Gedeýon bilen esgerleri olaryň yzlaryndan ýetýärler we ýok edýärler. Ýaşulular, siz hem hiç haçan ýadamaýan we güýçden gaçmaýan Ýehowa Hudaýa bil baglaň! Şonda ol size güýç-kuwwat berer (Işa. 40:28, 29). w23.06 sah. 6, 7, abz. 14, 16.
8-nji iýun, ýekşenbe
(Ýehowa) sizi terk etmez, hiç wagt taşlamaz (5 Mus. 31:6).
Biz kyn ýagdaýlarda-da Hudaýa wepaly bolup bileris. Şonuň üçin Ýehowa bil baglaň. Barak serdar Ýehowanyň görkezmesine eýerendigi üçin ýeňiş gazandy. Ysraýyllarda ne galkan, ne-de naýza bardy. Emma olar Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Kenganyň ýaragly goşunyna garşy söweşe çykýar (Ser. 5:8). Pygamber aýal Debora Barak serdara dagdan düzlüge inip, Siseranyň we onuň 900 arabasynyň garşysynda durmagy tabşyrýar. Düzlükde ýaragly, arabaly goşunyň üstünden ýeňiş gazanmak mümkin däldi. Barak esgerleri bilen Tabor dagyndan düzlüge inende, Ýehowa çabga ýagdyrýar. Siseranyň arabalary batýar we Ýehowa Baraga ýeňiş berýär (Ser. 4:1—7, 10, 13—16). Şonuň ýaly biz hem Ýehowa bil baglasak we wekilleri arkaly berýän görkezmesine eýersek, ýeňiş gazanarys. w23.07 sah. 19, abz. 17, 18
9-njy iýun, duşenbe
Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).
Biz ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin sabyrly bolmaly. Gadym döwürde ýaşan hudaýhon adamlaryň göreldesine eýermeli we Ýehowa wadasyny ýerine ýetirýänçä garaşmaly (Ýew. 6:11, 12). Mukaddes Kitapda sabyrly adam daýhana meňzedilýär (Ýak. 5:7, 8). Daýhan ýeri sürýär, tohum sepýär we suwarýar. Ol tohumyň haçan gögerjegini bilmese-de, sabyrly garaşýar we bol hasyl aljagyna ynanýar. Edil şonuň ýaly, bizem «Halypamyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýäris» (Mat. 24:42). Ýöne şol güne çenli yhlasly wagyz edýäris. Biz Ýehowanyň ähli wadasyny öz bellän wagtynda ýerine ýetirjekdigine ýürekden ynanýarys. Biz sabyr-takatsyz bolsak garaşmakdan ýadarys, hakykat ýolundan sowlarys we wagtlaýyn lezzet berýän zatlaryň yşkyna düşeris. Emma sabyrly bolsak, soňuna çenli çydarys we halas bolarys (Mik. 7:7). w23.08 sah. 22, abz. 7
10-njy iýun, sişenbe
Barmaklaryň demir bilen toýun gatyşykly (Dan. 2:42).
Danyýar 2:41—43-nji aýatlardan we Ylham kitabyndan heýkeliň «demir bilen toýun garyşykly» aýagynyň şu günler höküm sürýän Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýandygyny bilse bolýar. Danyýar pygamber şol «patyşalygyň bir tarapdan güýçli, beýleki tarapdan gowşak boljakdygyny» aýdýar. «Ýumşak toýny» aňladýan halk patyşalyga «demir» ýaly berk bolmaga päsgel berýär. Biz Danyýaryň heýkel hakdaky pygamberliginden we onuň «demir bilen toýun garyşykly» aýagyndan köp zatlary öwrenýäris. Birinjiden, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy güýç-kuwwatyny görkezýär. Meselem, Birinji we Ikinji jahan urşy döwri, ol demir ýaly berkdigini subut etdi. Emma patyşalygyň toýun ýaly gowşak tarapy hem bar, ýagny onuň raýatlarynyň arasynda agzalalyk bolýar we olar döwlete garşy gozgalaň turuzýar. Ikinjiden, Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerini ýok etmäge gelende, Angliýa-Amerika patyşalygy iň soňky dünýä imperiýasy bolar. w23.08 sah. 11, abz. 12, 13
11-nji iýun, çarşenbe
Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym, kömek sorap, Hudaýyma ýalbardym. Ybadathanasyndan sesimi eşitdi (Zeb. 18:6).
Käte Dawut gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşýärdi (Zeb. 18:4—5). Ýöne Ýehowa dostunyň söýgi bilen aladasyny edýär we ruhlandyrýar. Ýehowa ony ejizlän guzujygy kimin «ýaşyl ýaýlada bakýar» we «bol suwly öri meýdanda otladýar». Şonda Dawudyň güýjüne güýç goşulýar we Ýehowa şatlanyp gulluk edýär (Zeb. 18:28—32; 23:2). «Wepaly söýgä baý Ýehowanyň... rehimdarlygy çäksizdir». Ol bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek edýär (Agy 3:22; Kol. 1:11). Dawudyň duşmanlary köpdi we ol ölüm bilen ençeme sapar ýüzbe-ýüz bolupdy. Emma Ýehowa ony penasynda aman saklady. Dawut pygamber hemişe Ýehowanyň goragyny duýýardy. Şonuň üçin ol: «Ýehowa... dilegime jogap berdi, gorkudan nam-nyşan galmady» diýdi (Zeb. 34:4). Elbetde, Dawut käte howsala düşýärdi, emma Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlananda, gorkusy zym-zyýat bolýardy. w24.01 sah. 30, abz. 15—17
12-nji iýun, penşenbe
Erbetler seni azdyrjak bolsa, olara ynanma (Nak. 1:10).
Ýehoýaşyň ýalňyşyndan sapak ediniň. Baş ruhany Ýehoýada aradan çykansoň, Ýehoýaş ýalňyş kararlara gelýär (2 Tar. 24:17, 18). Ol Hudaýa iman etmeýän han-begler bilen dostlaşýar. Ýehoýaş olar bilen ýakyndan gatnaşmasa gowy bolardy. Emma ol erbet adamlar bilen jana-jan dost bolýar. Ýehoýaşyň ýegeni Zekerýa oňa ýalňyş ýoldan barýandygyny duýdurýar. Emma Ýehoýaş Zekerýa gulak asmagyň deregine, ony öldürdýär (2 Tar. 24:20, 21; Mat. 23:35). Gör, nähili akmaklyk! Ýehoýaş başda Ýehowa gulak asyp, gowy hökümdarlyk edýärdi. Emma soňra imandan dändi, bigünä adamyň ganyna galdy. Patyşany hyzmatkärleri öldürýär (2 Tar. 24:22—25). Ýehoýaş patyşa hak Hudaýa gulak asyp, ony ýürekden söýen bolsa, durmuşy düýbünden başgaça bolardy. w23.09 sah. 9, abz. 6
13-nji iýun, anna
Gorkma (Luka 5:10).
Isa Petrusyň Hudaýa wepaly boljagyna şübhelenmeýärdi. Şol sebäpli oňa mähir bilen: «Gorkma» diýdi. Isa pygamberiň aýdan sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga we aýgytly ädimleri ätmäge kömek etdi. Şeýlelikde, Petrus bilen dogany Andreas düşewüntli kärini, ýagny balyk tutmagy goýup, Isanyň şägirdi boldular we köp bereketler aldylar (Mar. 1:16—18). Petrus Isa pygamberiň köp gudratlarynyň diri şaýady boldy. Ol Isa pygamberiň syrkawlary sagaldandygyny, adamlaryň içinden jynlary çykarandygyny we ölen adamlary direldendigini gördi (Mat. 8:14—17; Mar. 5:37, 41, 42). Şeýle-de ol Isa pygamberiň gelejekde patyşa bolanda eýe boljak şan-şöhratyny görnüş arkaly gördi (Mar. 9:1—8; 2 Pet. 1:16—18). Eger Petrus garaýşyny düzetmedik bolsa, Isanyň şägirdi bolmazdy we gudratly işlerini görmezdi. w23.09 sah. 21, abz. 4, 5
14-nji iýun, şenbe
Isa oňa şeýle diýdi: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek bagyşlamaly» (Mat. 18:22).
Petrus resul birinji hatynda «ýürekden söýmek» hakda köp agzaýar. Eger biz ýürekden söýsek, göwnümize degen adamy bir gezek däl-de, ençeme sapar bagyşlarys, «sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» (1 Pet. 4:8). Petrus şu sözleri ýazanda Isanyň oňa beren öwüt-ündewlerini ýadyna salandyr. Bir güni Petrus doganyny «ýedi gezek» bagyşlamaga taýyndygyny aýdyp, özüni has geçirimli edip görkezjek bolýar. Emma Isa oňa: «Ýedi gezek däl, 77 gezek bagyşla» diýýär, ýagny doganyňy näçe gezek bagyşlandygyňy barmak büküp sanap gezmeli däldigini düşündirýär (Mat. 18:21). Eger size-de bagyşlamak kyn bolýan bolsa ruhdan düşmäň, sebäbi biziň ählimiz bikämil. Esasy zat, göwnümize degen dogan-uýa bilen ýaraşmak üçin aýgytly ädimleri ätmeli. w23.09 sah. 29, abz. 12
15-nji iýun, ýekşenbe
Ýehowany çagyrdym, ol dadyma ýetişdi (Ýun. 2:2).
Ýunusy uly balyk ýuwudypdy. Ol hak Allanyň pesgöwünli we toba edýän adamlaryň dilegine jogap berjegine ynanýar. Soňra Allatagalanyň emri bilen Ýunus balygyň garnyndan halas bolýar we ol Ýehowanyň tabşyran her bir ýumşuny ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär (Ýun. 2:10—3:4). Agyr günleri başdan geçireniňizde duýgularyňyzy Ýehowa açyk aýtmaga ýa-da şahsy okuwyny geçirmäge güýjüňiz bolýan däldir. Emma gökdäki Atamyzyň siziň ýagdaýyňyza düşünýändigini unutmaň. Siz gysgajyk bolsa-da Ýehowa doga etseňiz, onuň size gerekli güýç-kuwwat berjegine ynamly bolup bilersiňiz (Efes. 3:20). Keselçilik ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli şahsy okuwyny geçirmäge güýjüňiz bolmasa näme etmeli? Siz Mukaddes Kitabyň we edebiýatlaryň ses ýazgysyny diňläň, jw.org saýtyndan wideolary görüň, aýdymlary diňläň. Hawa, Ýehowa doga etseňiz we edebiýatlardan şahsy okuwyny geçirseňiz, gökdäki Atamyz siziň güýjüňize güýç goşar. w23.10 sah. 13, abz. 6; sah. 14, abz. 9
16-njy iýun, duşenbe
Birinji otag entek aýrylmandy, şonuň üçin mukaddes ruh iň mukaddes otaga barýan ýoluň heniz açylmandygyny görkezýärdi (Ýew. 9:8).
Mukaddes çadyr bilen Iýerusalimdäki ybadathananyň içki gurluşy meňzeşdi. Olaryň ikisinde-de «mukaddes otag» we «iň mukaddes otag» bardy. Iki otagyň arasy keşdelenen tuty bilen bölünendi (Ýew. 9:2—5; 2 Mus. 26:31—33). Mukaddes otagyň içinde altyn şemdan, tütetgi ojagy we çörek goýulýan stol bardy. Mukaddes otaga bellenen ruhanylar borjuny ýerine ýetirmek üçin girýärdi (4 Mus. 3:3, 7, 10). Iň mukaddes otagda altyna gaplanan äht sandygy bardy we ol Ýehowanyň huzuryny aňladýardy (2 Mus. 25:21, 22). Iň mukaddes otaga ýylda bir gezek, ýagny Günä geçilýän güni baş ruhany girip bilýärdi (3 Mus. 16:2, 17). Baş ruhany öz günäsini we halkynyň günäsini ýuwmak üçin iň mukaddes otaga gurban berlen malyň gany bilen girýärdi. Ençeme ýyl geçensoň Ýehowa şu zatlaryň manysyny düşündirdi (Ýew. 9:6, 7). w23.10 sah. 27, abz. 12
17-nji iýun, sişenbe
Biri-biriňizi söýüň (Ýah. 15:17).
Mukaddes Kitapda biri-birimizi söýmelidigimiz gaýta-gaýta aýdylýar (Ýah. 15:12; Rim. 13:8; 1 Sel. 4:9; 1 Pet. 1:22; 1 Ýah. 4:11). Söýgi häsiýeti ýürekde döreýär, ýüregi bolsa hiç kim görüp bilmeýär. Onda biz dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip subut edip bileris? Biz hoş sözleri aýtmaly we ýagşy işleri etmeli. Mukaddes Kitapda dogan-uýalara bolan söýgimizi dürli ýollar bilen subut etmelidigimiz ýazylan. Meselem, «biri-biriňize hakykaty aýdyň» (Zek. 8:16); «biri-biriňiz bilen agzybir ýaşaň» (Mar. 9:50); «biri-biriňize... hormat goýuň» (Rim. 12:10); «bir-biriňizi kabul ediň» (Rim. 15:7); «biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Kol. 3:13); «biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň» (Gal. 6:2); «bir-biriňize göwünlik beriň» (1 Sel. 4:18); «birek-biregi berkidiň» (1 Sel. 5:11); «bir-biriňiz üçin doga-dileg ediň» (Ýak. 5:16). w23.11 sah. 9, abz. 7, 8
18-nji iýun, çarşenbe
Umyt edip şatlanyň (Rim. 12:12).
Biz her gün wajyp kararlara gelýäris. Meselem, dost saýlamak, dynç almak, maşgala gurmak, çaga terbiýelemek, ýokary bilim almak we işlemek babatda karara gelmeli bolýarys. Biziň gelýän kararymyzdan imanymyzyň nähilidigi görünýär. Şonuň üçin özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Meniň gelýän kararlarymdan şu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjydygym we Hudaýyň täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygym görünýärmi? Ýa-da maňa: „Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“ diýip, ýaşaýan adamlaryň garaýşy täsir edýärmi?» (Mat. 6:19, 20; Luka 12:16—21). Eger täze dünýäniň bosagasynda durandygymyza düşünsek, dogry kararlara geleris. Biziň başdan geçirýän synaglarymyz hem imanymyzyň nähilidigini görkezýär. Meselem, biz yzarlamalar, agyr kesel we başga-da kynçylyklar sebäpli ejir çekýäris. Başda biz kynçylyklaryň hötdesinden gelýändiris, emma kynçylyklaryň yzy üzülmese, ruhdan düşmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda Hudaý şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär (1 Pet. 1:6, 7). w23.04 sah. 27, abz. 4, 5
19-njy iýun, penşenbe
Hemişe doga-dileg ediň (1 Sel. 5:17).
Ýehowa eden dogamyza görä hereket etmegimizi isleýär. Aýdaly, dogan welaýat kongresiniň üç gününe hem barmak isleýär we başlygy işden rugsat berer ýaly Ýehowa doga edýär. Ýehowa onuň dogasyna nädip jogap berer? Ol dogana başlygy bilen gepleşer ýaly batyrgaýlyk berer. Dogan gol gowşuryp oturmagyň deregine, başlygynyň ýanyna baryp, işden rugsat bermegini haýyş etmeli. Gerek bolsa, ol başlygynyň ýanyna gaýta-gaýta barmaly, işdeşi bilen nobatyny çalyşmaly ýa-da başlygyna tölegsiz zähmet rugsadyny bermegi haýyş etmeli. Ýehowa gaýta-gaýta doga etmegimizi isleýär. Isa pygamber biziň käbir dileglerimize derrew jogap almajakdygymyzy göz öňünde tutup, «gaýta-gaýta diläň» diýdi (Luka 11:9). Geliň, ýanbermäliň, erjellik bilen Hudaýa dileg edeliň! (Luka 18:1—7). Şonda Ýehowa şol ýagdaýyň bizi örän biynjalyk edýändigini görer. Biz gökdäki Atamyzyň kömek etjekdigine ýürekden iman edýändigimizi subut ederis. w23.11 sah. 22, abz. 10, 11
20-nji iýun, anna
Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir (Rim. 5:5).
Ýehowa Ybraýym pygambere neslinden ähli milletleriň bereket aljagyny wada berýär (1 Mus. 15:5; 22:18). Ybraýym Hudaýyň wadasyna ýürekden iman edýärdi. Şol döwür Ybraýym pygamber 100 ýaşlaryndady, aýaly Bibisara 90 ýaşlaryndady. Olaryň perzendi ýokdy (1 Mus. 21:1—7). Emma Mukaddes Kitapda: «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» diýilýär (Rim. 4:18). Ybraýymyň umydy puç bolmady. Onuň umyt edip garaşan ogly Yshak dünýä indi. Ybraýym Ýehowanyň wadasyna näme üçin ýürekden iman etdi? Ybraýym pygamber «Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjegine doly ynanýardy». Sebäbi ol hak Allany gowy tanaýardy (Rim. 4:21). Ýehowa hem berk imanly pygamberden razydy we ony dogruçyl adam hasaplaýardy (Ýak. 2:23). w23.12 sah. 8, abz. 1, 2
21-nji iýun, şenbe
Az zatda ynamdar adam köp zatda-da ynamdardyr. Az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar däldir (Luka 16:10).
Ýaş doganlar, siz ynamdar adam bolsaňyz, tabşyrylan işi birkemsiz ýerine ýetirersiňiz. Isa pygamberiň göreldesine eýeriň. Ol tabşyrylan işe sowuk-sala we biparh seretmeýärdi. Atasynyň tabşyran işi kyn bolsa-da, ony birkemsiz ýerine ýetirdi. Ol adamlary, esasan-da, şägirtlerini ýürekden söýýärdi. Olar üçin janyny bermäge taýyndy (Ýah. 13:1). Ýaş doganlar, siz hem tabşyrylan işe ýürekden ýapyşyň we birkemsiz ýerine ýetiriň. Eger işi nädip etmelidigini bilmeseňiz, doganlardan pesgöwünlik bilen kömek soraň. Hiç haçan ýalta bolmaň, başlan işiňizi soňuna çenli ediň (Rim. 12:11). «Näme etseňiz-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa üçin ýürekden ediň» (Kol. 3:23). Emma özüňizden köp zada garaşmaň, pespäl boluň we ýalňyşyňyzy boýun alyň (Nak. 11:2). w23.12 sah. 26, abz. 8
22-nji iýun, ýekşenbe
Ýehowa bil baglaýan... adam bereket alsyn! (Ýer. 17:7).
Suwa çümdürilip Hudaýyň halkynyň arasyna goşulmak uly hormat! Ýehowanyň ogul-gyzy bolan adamlar Dawut pygamberiň şu sözlerine goşulýar: «Howlularyňda ýaşamaga çagyran adamyň, huzuryňa getiren adamyň bagtlydyr» (Zeb. 65:4). Ýehowa howlusyna çem gelen adamy çagyrmaýar. Ol özi bilen dostlaşmak isleýän adamlary hakykata getirýär (Ýak. 4:8). Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Şeýdip, Ýehowanyň halkynyň arasyna goşuldyňyz. Indi siz Allatagalanyň bol bereket berjekdigine we zada zar etmejekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Mel. 3:10; Ýer. 17:8). Siz suwa çümdürilen günüňiz Ýehowa bilen syýahata başladyňyz. Siz synaglara we kynçylyklara döz gelip, Hudaýa beren wadaňyza görä ýaşamaly bolarsyňyz (Nes. 5:4, 5). Munuň üçin Isa pygamberiň göreldesine we tabşyryklaryna gyşarnyksyz eýermeli (Mat. 28:19, 20; 1 Pet. 2:21). w24.03 sah. 8, abz. 1—3
23-nji iýun, duşenbe
Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger (1 Mus. 2:24).
Är-aýallar biri-biri bilen wagt geçirmegi halamaýan bolsa näme? Şeýle ýagdaýda olar näme edip biler? Ot derrew lowlap ýanmaýar. Oňa az-azdan odun taşlap durulsa, ot tutaşar we lowlap ýanar. Edil şonuň ýaly, är-aýallar her gün birnäçe minut gürrüňdeş bolsalar gowy bolar. Olar ikisini hem gyzyklandyrjak tema hakda gürrüň etmeli (Ýak. 3:18). «Dama-dama köl bolar» diýlişi ýaly, birnäçe minutlyk gürrüňdeşlik maşgala ojagyndaky söýgini lowladar. Är-aýallar biri-birine hormat goýsa, biri-birini ýürekden söýer. Oduň ýanmagy üçin kislorod gerek bolýar. Kislorod bolmasa, oduň sönüşi ýaly, är-aýal biri-birine hormat goýmasa, olaryň söýgüsi sowar. Emma olar biri-birine hormat goýsa, maşgalada agzybirlik höküm sürer. Är-aýallar, siz ýene bir zat hakda oýlansaňyz gowy bolar. Siz ýanýoldaşyňyza hormat goýýaryn diýip pikir edýänsiňiz, ýöne ýanýoldaşyňyz siziň hormat goýýandygyňyzy duýýarmy? w23.05 sah. 22, abz. 9; sah. 24, abz. 14, 15
24-nji iýun, sişenbe
Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy (Zeb. 94:19).
Mukaddes Kitapda hudaýhon adamlaryň duşmanlardan gorkup, sandyrandygy ýazylan (Zeb. 18:4; 55:1, 5). Bize dogan-garyndaşlarymyzyň, synpdaşlarymyzyň ýa-da işdeşlerimiziň garşy çykmagy, ýa-da bizi döwlet işgärleriniň yzarlamagy mümkin. Belki-de, agyr keselläp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şonda garaňky tokaýda azaşan çaga ýaly gorkup bileris. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa bize nädip kömek eder? Ol bize tesseli berýär. Şonuň üçin hemişe Ýehowa doga ediň we Mukaddes Kitaby okaň (Zeb. 77:1, 12—14). Siz özüňizi erbet duýanyňyzda, gökdäki Ataňyza ýürekden doga ediň. Oňa gorkýandygyňyzy we howsala düşýändigiňizi aýdyň. Goý, Hudaýyň Sözi size göwünlik bersin! (Zeb. 119:28). w24.01 sah. 24, 25, abz. 14—16
25-nji iýun, çarşenbe
Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).
Adamyň höwesi bolsa maksadyna ýetip bilýär. Höwesjeň adamlar maksada okgunly bolýar we olar maksadyna tiz ýetip bilýärler. Siz nädip höwesiňizi artdyryp bilersiňiz? Ýüregiňizde höwes dörär ýaly doga ediň. Ýehowa size mukaddes ruhuny berip maksadyňyza ýetmäge kömek eder. Biz käte: «Iller şeýdýär, menem şeýtjek» diýip maksat goýýarys, ýöne maksadymyza ýetmäge höwesimiz bolmaýar. Şonda Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanyň (Zeb. 143:5). Pawlus resul Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlananda, Oňa has-da köp gulluk edesi geldi (1 Kor. 15:9, 10; 1 Tim. 1:12—14). Siz hem Ýehowanyň berýän bereketleri barada oýlansaňyz, maksadyňyza ýetmäge höwesiňiz artar (Zeb. 116:12). w23.05 sah. 27, abz. 3—5
26-njy iýun, penşenbe
Ýehowanyň adyny wasp ediň! (Zeb. 113:1).
Biz Ýehowanyň adyny wasp etsek, ol örän begenýär (Zeb. 119:108). Emma Ýehowa alkyş aýtmasak, özünden göwni geçip, gam-gussa batyp oturarmy? Ýok. Ýehowanyň adyny wasp etsek, Şeýtanyň bize atan töhmetiniň ýalandygyny subut edip bileris. Şeýtan: «Adamlar Ýehowa ak ýürekden gulluk etmez» diýip töhmet atýar. Ol hamala: «Adam öz bähbidi üçin ýaşaýar. Eger Hudaýdan peýda görmese, oňa gulluk etmez» diýýär (Eýp. 1:9—11; 2:4). Eýýup pygamber Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Indi gezek biziňki. Eger biz Ýehowanyň adyny wasp etsek we oňa wepaly gulluk etsek, Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut ederis (Nak. 27:11). Hawa, Ýehowanyň adyny wasp etmek uly hormat! w24.02 sah. 8, 9, abz. 3—5
27-nji iýun, anna
Iman etseňiz, ýeňiş gazanarsyňyz (2 Tar. 20:20).
Musa pygamber we Ýuşa aradan çykansoň, Ýehowa ençeme ýyllap ysraýyl halkyna serdarlar arkaly görkezme berdi. Patyşalar Ysraýyl ýurduny dolandyryp başlanda bolsa, Ýehowa pygamberleri arkaly görkezme berdi. Hudaýa wepaly patyşalar pygamberlere gulak asýardy. Meselem, Dawut patyşa Natan pygamberiň düzedişini pesgöwünlik bilen kabul etdi (2 Şam. 12:7, 13; 1 Tar. 17:3, 4). Ýehoşapat patyşa Ýahazyýel pygamberiň görkezmesine eýerdi we Ýahuda ilatyny «Hudaýyň pygamberlerine iman etmäge» höweslendirdi (2 Tar. 20:14, 15). Hizkiýa patyşa bolsa Işaýa pygamberiň maslahatyna eýerýärdi (Işa. 37:1—6). Patyşalar pygamberlere gulak asanda, Ýehowa ysraýyl halkyny duşmanlardan gorardy we bol bereket bererdi (2 Tar. 20:29, 30; 32:22). w24.02 sah. 21, abz. 8
28-nji iýun, şenbe
Şeýle adamlar bilen gatnaşmaň (Efes. 5:7).
Şeýtan Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen dostlaşmagymyzy isleýär. Şu günler Pawlus resulyň maslahatyna eýermek has-da wajyp. Sebäbi biz diňe bir gatnaşýan adamlarymyz bilen däl-de, sosial ulgamlary arkaly hem dostlaşyp bilýäris. Şu günler ahlaksyz ýaşamagyň hiç hili erbetligi ýok diýýärler. Ýöne biz nämäniň erbet, nämäniň ýagşydygyny gowy bilýäris (Efes. 4:19, 20). Biz ahlaksyz pikirlere garşy her gün göreşmeli we özümizi barlamak üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men Ýehowanyň ahlak kadalaryny äsgermeýän adamlar, ýagny synpdaşlarym ýa-da işdeşlerim bilen ýakyndan gatnaşmaly däldigime düşünýärinmi? Meni „gözýetimi dar“ diýip ýaňsylasalar-da, Ýehowanyň ahlak kadalaryna mertlik bilen eýerýärinmi?» Biz 2 Timoteos 2:20—22-nji aýatlara eýerip, Ýehowa wepaly dogan-uýalar bilen dostlaşmaly. Sebäbi ýygnakdakylaryň ählisi biziň imanymyzy berkidip bilmez. w24.03 sah. 22, 23, abz. 11, 12
29-njy iýun, ýekşenbe
Ýehowa örän mähirli... Hudaý (Ýak. 5:11).
Siz Ýehowa hakda oýlananyňyzda nähili şahsyýet göz öňüňize gelýär? Ýehowa ruhy şahsyýet, ony görüp bolmaýar. Emma Mukaddes Kitapda Ýehowa «güneşe», «galkana» we «ýakyp ýandyrýan oda» meňzedilýär (Zeb. 84:11; Ýew. 12:29). Hyzkyl pygamber görnüşde Ýehowanyň ýakut daşyna çalymdaş tagtda oturandygyny, onuň kümüşsöw altyn kimin ýalpyldaýandygyny we daş-töwereginde älemgoşara meňzeş şöhläniň bardygyny görýär (Hyz. 1:26—28). Biz Ýehowany görüp bilmeýäris, şonuň üçin söýýändigine ynanmak kyn bolýar. Käbirleri bolsa pajygaly wakalary başdan geçirendigi üçin, Hudaýyň söýgüsine ynanmaýar. Ýehowa biziň ýagdaýymyza, duýgymyza düşünýär. Başymyzdan geçiren wakalaryň bize nähili täsir edendigini bilýär. Ol biziň bilen dostlaşmak isleýär. Şol sebäpli özüni tanatmak üçin Mukaddes Kitaba häsiýetleri hakda ýazdyrdy. Mukaddes Kitapda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). Söýgi — Ýehowanyň iň esasy häsiýeti. Onuň edýän ähli işlerinden söýgüsi görünýär. Hak Alla diňe wepaly bendelerini däl, özüne iman etmeýän adamlary hem söýýär, olara ýagşylyk edýär (Mat. 5:44, 45). w24.01 sah. 26, abz. 1—3
30-njy iýun, duşenbe
Bulut sütüniniň içinden gepleşerdi (Zeb. 99:7).
Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllary Müsür gulçulygyndan azat etdi we «gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni» arkaly halkyna ýol görkezýärdi (2 Mus. 13:21). Musa pygamber sütünleriň yzyna düşüp, ysraýyl halkyny Gyzyl deňziniň kenaryna getirdi. Şonda halk aljyraňňy ýagdaýa düşdi, sebäbi olaryň öňünde aňyrsy-bärsi görünmeýän Gyzyl deňzi möwç urýardy, yzyndan bolsa ägirt uly Müsür goşuny ýetip gelýärdi. Aslynda, ysraýyllar däl-de, müsürliler duzaga düşüpdi (2 Mus. 14:2). Ýehowa gudrat bilen halkyny Gyzyl deňizden geçirdi we müsürlileriň elinden halas etdi (2 Mus. 14:26—28). Musa pygamber 40 ýyllap ymgyr çölüň içinde ysraýyl halkyna ýol görkezdi. Ol bulut sütüni nirä gitse, şol tarapa giderdi (2 Mus. 33:7, 9, 10). Şeýle-de Ýehowa bulut sütüniň içinden Musa pygamber bilen gepleşerdi. Musa-da Hudaýyň beren görkezmelerini halka ýetirerdi. Hawa, ysraýyllar Musa pygamberiň Ýehowanyň wekilidigine doly ynamly bolup bilerdiler. w24.02 sah. 21, abz. 4, 5