Maý
1-nji maý, penşenbe
Güýçli açlyk bolýar (Res. 11:28).
I asyrda güýçli açlyk bolýar. Açlyk sebäpli dogan-uýalar kösenýärler. Belki, erkek adamlar: «Maşgalamy nädip eklesemkäm?» diýip alada edendirler. Ýa-da Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýan ýaşlar: «Maksadymy soňa goýsammykam?» diýip oýlanandyr. Emma I asyrdaky mesihçiler ýagdaýa tiz öwrenişdiler. Açlyk sebäpli gol gowşuryp oturman, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etdiler. Mesihçileriň käbiri bolsa Ýahudadaky imandaşlary bilen barja zadyny paýlaşdylar (Res. 11:29, 30). Dogan-uýalar açlyk döwri biri-birine kömek edýär. Kömegi kabul eden dogan-uýalar Ýehowanyň goldaýandygyna göz ýetirýärler (Mat. 6:31—33). Olar goldaw beren imandaşlary bilen ýakyndan dostlaşýarlar. Imandaşlaryna pul kömegini, el kömegini berenler hem özlerini bagtly duýýarlar (Res. 20:35). w23.04 sah. 16, abz. 12, 13
2-nji maý, anna
Ondan dilän zadymyzy... alarys (1 Ýah. 5:15).
Ýehowa biziň dogalarymyza hakykaty bilmeýän adamlar arkaly jogap berýär. Meselem, Ýehowa Nehemýanyň dilegine Ardaşir patyşa arkaly jogap berýär. Patyşa Nehemýa Iýerusalime gidip şäheriň diwarlaryny dikeltmäge rugsat berýär (Neh. 2:3—6). Şu günler hem Ýehowa iman etmeýän adamlar arkaly bize gerekli goldawy berýär. Ýehowa edýän dogalarymyza hemişe gudrat bilen jogap bermese-de, Ol biziň dileglerimizi eşidýär we wepaly galmaga kömek edýär. Şonuň üçin wagtal-wagtal yzymyza ser salyp, Ýehowanyň doga-dileglerimize berýän jogabyny görjek bolalyň (Zeb. 66:19, 20). Ýehowa doga etmek üçin iman gerek. Ýöne Ýehowanyň berýän jogabyny kabul etmek üçin has köp iman gerek (Ýew. 11:6). w23.05 sah. 11, abz. 13; sah. 12, abz. 15, 16
3-nji maý, şenbe
Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn (Zeb. 40:8).
Ömrümizi Hudaýa bagyş edenimizde, oňa sežde etjegimizi we razy edip ýaşajakdygymyzy wada berýäris. Biz beren sözümizde durmaly. Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek kyn däl. Sebäbi Hudaý adamlaryň gursagyna özüne sežde etmek islegini guýdy (Ylh. 4:11). Hudaý adamlary öz keşbinde ýaratdy. Şol sebäpli Hudaýyň islegini ýerine ýetirsek, onuň bilen ýakyndan dostlaşarys we ýürekden şatlanarys. Şeýle-de Hudaýa sežde etsek we Isa pygamberiň göreldesine eýersek, «janymyz rahatlyk tapar» (Mat. 11:28—30). Ýehowany ýürekden söýmek üçin Hudaýyň eden ýagşylyklary we gelejekde berjek sylaglary hakynda oýlanmaly. Ýehowany ýürekden söýsek, oňa höwes bilen gulak asarys (1 Ýah. 5:3). Isa pygamber Hudaýyň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirdi. Sebäbi ol hemişe Ýehowa doga edýärdi we aljak sylagy hakda oýlanýardy (Ýew. 5:7; 12:2). Bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowadan güýç-kuwwat diläp doga etmeli we ebedi ýaşaýyş sylagy barada pikirlenmeli. w23.08 sah. 27, 28, abz. 4, 5
4-nji maý, ýekşenbe
Bilýän bolsaň, Hudaý saňa ýagşylyk edýär, çydaýar we sabyrly bolýar. Ol seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär (Rim. 2:4).
Biz sabyrly dostlarymyza hormat goýýarys. Sebäbi biz gijä galyp barsak, olar sabyrly garaşýarlar. Ýalňyşlyk goýbersek gaharlanmaýarlar we sabyrlylyk bilen düzedýärler. Biz Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny sabyrlylyk bilen düşündiren we durmuşda ulanmaga kömek eden wagyzçylara köp sag bolsun aýdýarys. Şeýle-de bize sabyr edýändigi üçin Ýehowa örän minnetdar bolýarys. Elbetde, biz sabyrly dostlarymyza sylag-hormat goýýarys. Emma kä halatlarda bize sabyrly bolmak kyn bolýar. Aýdaly, biz gyssanmaç ulagly bir ýere barýarys. Ýolda ulaglaryň köplügi sebäpli dyknyşyga düşýäris. Şonda bize sabyrly bolmak kyn bolup biler. Ýa-da biri gaharymyzy getirse, özümize erk edip bilýän däldiris. Belki-de, Ýehowanyň Jennet hakdaky wadasyna sabyrly garaşmak kyn bolýandyr. Ýöne biz şu ýagdaýlaryň ählisinde-de sabyrly bolmaly. w23.08 sah. 20, abz. 1, 2
5-nji maý, duşenbe
Gedeýonyň ýanynda 300 esgeri galdy... beýleki esgerleri öýüne ugratdy (Ser. 7:8).
Guramadaky özgerişlikleri ýürekden kabul ediň. Ýehowa Gedeýona goşunynyň takmynan 99 göterimini azaltmagy tabşyrýar. Şonda Gedeýon: «Esgerleri öýüne ibermek nämä gerek? Biz nädip ýeňiş gazanarys?» diýip, oýlanan bolmaly. Emma ol şonda-da Ýehowa gulak asýar. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerip, guramada bolýan özgerişliklere ýürekden eýerýärler (Ýew. 13:17). Ýehowanyň tabşyrygyny batyrgaýlyk bilen ýerine ýetiriň. Gedeýon gorksa-da, janyny howp astyna salmaly boljagyny bilse-de, Ýehowa gulak asdy (Ser. 9:17). Gedeýon Ýehowanyň goldawyny görensoň, onuň bar şübhesi we gorkusy zym-zyýat boldy. Ol Gudratygüýçli Hudaýyň kömegi bilen duşmanlaryny çym-pytrak etjekdigini bilýärdi. Wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtda ýaşaýan ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerýär. Olar tussag ediljegini, soraga tutuljagyny, işden çykaryljagyny ýa-da urlup-ýenjiljegini bilse-de, ýygnak duşuşyklary we wagyz işi bilen bagly çäreleri ýola goýýarlar. Ýaşulular uly betbagtçylykda berilýän görkezmelere eýermek üçin has-da batyrgaý bolmaly bolar. w23.06 sah. 5, 6, abz. 12, 13
6-njy maý, sişenbe
Meni sylany sylaryn (1 Şam. 2:30).
Ýehowa bize öwüt-ündew bermek üçin Ýehoýadanyň eden ýagşy işlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4). Ýehoýada aradan çykandan soňra Ýehowa oňa has-da uly sylag berdi. Ony «Dawudyň şäherinde, patyşalaryň ýanynda jaýladylar, sebäbi ol Ysraýylda hak Hudaý we ybadathana üçin köp ýagşy işleri edipdi» (2 Tar. 24:15, 16). Biz Ýehoýada ruhanynyň göreldesine eýersek, Ýehowadan gorkmagy öwreneris. Şu günler ýygnak ýaşululary hem Hudaýyň halkyny howp-hatardan goramak üçin pena bolýar (Res. 20:28). Garry dogan-uýalar Ýehoýadanyň göreldesine eýerip, Hudaýa wepaly bolmaly. Şonda Ýehowa olar arkaly öz niýetini amala aşyrar. Ýaşlar Ýehowanyň göreldesine eýerse, garry dogan-uýalara, esasanam, onlarça ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk edýänlere sylag-hormat goýarlar (Nak. 16:31). Şeýle-de biziň ählimiz ysraýyl halkynyň baştutanlaryndan we lewilerden görelde almaly, ýagny «ýolbaşçylyk edýän doganlary» ýürekden goldamaly (Ýew. 13:17). w23.06 sah. 17, abz. 14, 15
7-nji maý, çarşenbe
Dogruçylyň dili köpleriň göwnüni göterýär (Nak. 10:21).
Ýygnakda näçeräk jogap berýändigiňize ünsli boluň. Eger siz gaýta-gaýta eliňizi galdyryp dursaňyz, alyp barýan dogany oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz. Sebäbi käbir dogan-uýalar bir gezegem jogap beren däldir. Siz bolsa her abzasda eliňizi galdyryp oturansyňyz. Şeýle ýagdaýda dogan-uýalaryň jogap bermäge ýaýdanmagy mümkin (Nes. 3:7). Ýygnakda wagyzçy köp bolsa, biz köp jogap berip bilmeris. Käte bolsa alyp barýan dogan bizden asla soraman biler. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmegimiz mümkin. Ýöne biz alyp barýan dogandan öýkelemeli däl (Nes. 7:9). Siz ýygnakda köp jogap berip bilmeseňiz näme etmeli? Dogan-uýalary ünsli diňläň we berýän gowy jogaplary üçin öwüň. Siziň ýygnakda berýän jogaplaryňyz dogan-uýalary ruhlandyryşy ýaly, öwgüli sözleriňiziň hem olary galkyndyrýar. w23.04 sah. 23, 24, abz. 14—16
8-nji maý, penşenbe
Ýa Alla, men saňa wepaly (Zeb. 57:7).
Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Şonda imanyňyz berk agaç ýaly bolar. Agaçlar ýyl-ýyldan ösüp, köki daş-töweregine ýaýraýar. Şonuň ýaly Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz imanyňyz berkär, Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanarsyňyz (Kol. 2:6, 7). Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowanyň halkyna görkezme, tabşyryk berendigi we gorandygy hakda oýlanyň. Meselem, Hyzkyl pygamber görnüşde perişdäniň ybadathanany ölçändigini görýär. Şonda pygamberiň imany berkeýär. Bizem şol görnüş hakda oýlansak, Ýehowany razy etmek üçin ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamalydygymyza düşüneris (Hyz. 40:1—4; 43:10—12). Hawa, Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz, imanyňyz asla sarsmaz. Biz Ýehowa ýürekden bil baglasak, oňa hemişe wepaly bolarys (Zeb. 112:7). w23.07 sah. 18, abz. 15, 16
9-njy maý, anna
Akyldarlyga ýapyş (Nak. 3:21).
Mukaddes Kitapda Hudaýy razy edip ýaşan adamlar hakynda gürrüň berilýär. Olar Ýehowany söýýärdi we imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýärdi. Siz imany berk kakaňyzdan, agaňyzdan, daýyňyzdan ýa-da ýygnakdaky doganlardan görelde alyp bilersiňiz (Ýew. 13:7). Şeýle-de kämil görelde galdyran Isa pygamberden hem köp zatlary öwrenip bilersiňiz (1 Pet. 2:21). Hudaýhon adamlar hakda okanyňyzda, olaryň ýagşy häsiýetlerine üns beriň (Ýew. 12:1, 2). Soňra olaryň göreldesine nädip eýerip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Siz pikirleniş ukybyny ösdürseňiz, howlukmaç hereket etmersiňiz we oýlanyp karara gelersiňiz. Munuň üçin Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwreniň we olaryň peýdasy hakda oýlanyň. Soňra Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna esaslanyp, Ýehowany begendirýän kararlara geliň (Zeb. 119:9). Şonda siz imany berk mesihçi bolup ýetişersiňiz (Nak. 2:11, 12; Ýew. 5:14). w23.12 sah. 25, abz. 4, 5
10-njy maý, şenbe
Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýdyň (1 Pet. 3:15).
Ene-atalar, çagalaryňyza synpdaşlaryna imany hakda wagyz etmegi öwrediň (Ýak. 3:13). Belki, siz maşgala okuwynda mekdepde döräp biläýjek ýagdaýlary sahnalaşdyrarsyňyz, berilýän soraglara sypaýyçylykly jogap bermegi we sylaşykly gepleşmegi öwredip bilersiňiz. Ýaşlar maşgala okuwynda mekdepde bolup biläýjek ýagdaýlara taýýarlansa, synpdaşlaryna imany hakda anyk deliller getirip, batyrgaýlyk bilen gürrüň berip biler. Olara jw.org saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary» atly Internet makalalar we gönükmeler kömek eder. Ýaşlar şu esbaplar arkaly soraglara ynamly jogap berip biler. Ene-atalar, siz maşgala okuwynda şol gönükmeleri işleseňiz, diňe çagalaryňyz däl, özüňiz hem imanyňyz hakda sypaýyçylyk bilen wagyz edip bilersiňiz. w23.09 sah. 17, abz. 10; sah. 18, abz. 15, 16
11-nji maý, ýekşenbe
Ýagşy işleri etmegi goýmalyň, sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys (Gal. 6:9).
Size ruhy maksatlara ýetmek kyn bolýarmy? Filip Ýehowa ýürekden we ýygy-ýygydan doga etmegi maksat goýýar, emma ol doga etmäge wagt tapmaýar. Erika wagyz duşuşygyna irräk barmagy maksat edinýär, ýöne her sapar gijä galyp barýar. Siz goýan maksadyňyza ýetip bilmeýän bolsaňyz ruhdan düşmäň, sebäbi islendik maksada ýetmek üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Siziň maksat goýmagyňyzyň özi Ýehowa bilen dostlaşyp, iň gowy zadyňyzy bermek isleýändigiňizi görkezýär. Ýehowa siziň tagallaňyzy gymmat saýýar we güýjüňizden artyk zady talap etmeýär (Zeb. 103:14; Mik. 6:8). Şol sebäpli ýagdaýyňyzy göz öňüne tutup, ýetip biljek maksatlaryňyzy goýuň. w23.05 sah. 26, abz. 1, 2
12-nji maý, duşenbe
Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim garşy çykyp biler? (Rim. 8:31).
Batyrgaý adamlar hem gorkýarlar, emma ýagşy işleri etmek üçin janyny orta goýýarlar. Danyýar mert we dogumly ýigitdi. Ol pygamberleriň golýazmalaryny okap oýlanýardy. Meselem, ol Ýermeýanyň pygamberligini okanda tizden ysraýyllaryň Wawilon ýesirliginden azatlyga çykjakdygyna düşündi (Dan. 9:2). Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi hem onuň, hem ysraýyllaryň imanyny berkitdi we Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi (Rimliler 8:32, 37—39-njy aýatlary deňeşdiriň). Şeýle-de Danyýar hemişe Ýehowa doga edýärdi (Dan. 6:10). Doga edende günälerini boýun alyp, toba edýärdi. Ýehowa biynjalyk edýän zatlaryny aýdýardy we kömek soraýardy (Dan. 9:4, 5, 19). Danyýar hem biziň ýaly bikämil adamdy, batyrgaý bolup dünýä inmändi. Ýöne ol pygamberleriň golýazmalaryny okap, Ýehowa doga edip we oňa bil baglap, batyrgaý bolmagy öwrendi. w23.08 sah. 3, abz. 4; sah. 4, abz. 7
13-nji maý, sişenbe
Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar (Mat. 5:16).
Döwletiň kada-kanunlaryna gulak asmaklyk köp peýda getirýär. Meselem, biz kanuny bozýan adamlara berilýän jezany çekmeris, jerime tölemeris (Rim. 13:1, 4). Ýehowanyň Şaýatlarynyň abraýyny artdyrarys. Birnäçe ýyl mundan öň Nigeriýada esgerler Ýygnak jaýyna kürsäp girýärler. Olar salgyt tölemejek bolup gozgalaň turzan adamlary gözleýärdiler. Emma esgerleriň serkerdesi şeýle buýruk berýär: «Ýygnak jaýyndan çykyň! Ýehowanyň Şaýatlary salgydy wagtly-wagtynda töleýärler». Hawa, biz döwletiň kanunyna tabyn bolsak, Ýehowanyň halkynyň abraýyny artdyrarys. Belki-de, biziň ýagşy adymyz gelejekde imandaşlarymyzy gorar. w23.10 sah. 9, abz. 13
14-nji maý, çarşenbe
Siz Hudaýyň islegini berjaý edip, wada eden zadyny alar ýaly çydamly boluň (Ýew. 10:36).
Ýehowa onlarça ýyl wepaly gulluk edýän dogan-uýalaryň: «Täze dünýä geler ýerde gelmedi!» diýip, ruhdan düşmekleri mümkin. Şeýle duýgulary Habakuk pygamber hem başdan geçirdi. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Gören görnüşiň bellenen wagtynda amala aşar. Ol berjaý boljak gününe howlugýar, ol hökman ýerine ýeter. Gijä galýan ýaly bolup görünse-de, oňa garaş! Sebäbi ol hökman geler, gijä galmaz!» (Hab. 2:3). Ýehowa şu sözleri diňe Habakuk pygambere aýtdymy ýa-da bize-de degişli? Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şu sözleriň täze dünýä garaşýan mesihçilere-de degişlidigini aýtdy (Ýew. 10:37). Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmeýän ýaly görünse-de, «ol hökman geler, eglenmez». w23.04 sah. 30, abz. 16
15-nji maý, penşenbe
Ysraýyllaryň bary Musa bilen Haruna igenip başlady (4 Mus. 14:2).
Ýehowanyň Musa pygamberi wekili edip saýlandygy mese-mälim bolsa-da, ysraýyllar oňa ynanmadylar (4 Mus. 14:10, 11). Olar Musanyň görkezmesini gaýta-gaýta inkär etdiler. Şeýlelikde, Ýehowa gozgalaňçy halka wada edilen ýurda girmäge rugsat bermedi (4 Mus. 14:30). Ysraýyl halkynyň arasynda Ýehowanyň görkezmesine eýeren adamlar hem bardy. Meselem, Ýehowa: «Kalep... maňa bütin ýüregi bilen gulak asdy» diýdi (4 Mus. 14:24). Şol sebäpli Ýehowa Kalebe wada edilen ýurtdan özüne mülk saýlamaga rugsat berdi (Ýuşa 14:12—14). Hudaýa wepaly ysraýyllar hem görkezmä eýermek babatda gowy görelde galdyrdy. Ýehowa Musa pygamberden soň Ýuşany baştutan edip belledi. Wepaly ysraýyllar «bütin ömrüne Ýuşa çuňňur hormat goýdular» (Ýuşa 4:14). Şonuň üçin olar wada edilen ýurtda uzak ömür sürdüler (Ýuşa 21:43, 44). w24.02 sah. 21, abz. 6, 7
16-njy maý, anna
Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli (1 Ýah. 4:21).
Adamyň elindäki damaryndan ýüreginiň ýagdaýyny bilýän lukman ýaly, biz hem Ýehowany ýürekden söýýändigimizi ýa-da söýmeýändigimizi anyklap bilýäris. Eger dogan-uýalara söýgimiz sowan bolsa, onda Hudaýa bolan söýgimiz hem sowandyr. Emma ýüregimiziň her bir urgusy dogan-uýalar diýip urýan bolsa, onda Ýehowany hem ýürekden söýeris. Biz dogan-uýalary söýmek üçin elimizde baryny etmeli. Dogan-uýalara bolan söýgimiz sowasa, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular. Ýahýa resul şeýle duýdurdy: «Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýah. 4:20). Diýmek, biz dogan-uýalary ýürekden söýmesek, Ýehowany razy edip bilmeris (1 Ýah. 4:7—9, 11). w23.11 sah. 8, abz. 3; sah. 9, abz. 5, 6
17-nji maý, şenbe
Ene-ataň begener (Nak. 23:25).
Ýehoýaş ýaş wagty köp ýagşy işleri etdi. Ol ýetim çagady. Şonuň üçin baş ruhany Ýehoýada oňa terbiýe berdi we kemala getirdi. Ýehoýaş Ýehoýadanyň öwüt-ündewine gulak asyp, arassa seždäni dikeltdi we Ýehowa ýürekden gulluk etdi. Şeýle-de ol hak Hudaýyň ybadathanasyny bejermegi we abatlamagy ýüregine düwdi (2 Tar. 24:1, 2, 4, 13, 14). Oglanlar, gyzlar, ene-ataňyzyň sizi Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça terbiýeleýändigine begeniň! (Nak. 2:1, 10—12). Ene-atalar, siz çagalaryňyza Ýehowa hakda dürli ýollar bilen öwredip bilersiňiz. Ýaşlar, siz Ýehoýaş patyşanyň göreldesine eýermek isleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýeriň. Şonda ene-ataňyz örän begener. Şeýle-de siz gökdäki Ataňyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we Onuň bilen ebedilik dost bolarsyňyz (Nak. 22:6; 23:15, 24). w23.09 sah. 8, 9, abz. 3—5
18-nji maý, ýekşenbe
Menem sizi diňlärin (Ýer. 29:12).
Ýehowa doga-dilegimizi diňlemegi wada berýär. Ol wepaly bendelerini söýýär, doga-dileglerini ünsli diňleýär (Zeb. 10:17; 37:28). Emma biz Ýehowa ähli isleg-arzuwymyzy derrew ýerine ýetirer diýip garaşmaly däl. Ol käbir dilegimize täze dünýäde jogap berer. Ýehowa doga-dilegimiziň niýetine gabat gelýändigine üns berýär (Işa. 55:8, 9). Onuň niýetine görä, bütin ýer ýüzünde agzybir we dogruçyl adamlar ýaşamalydy. Emma Şeýtan adamlar Hudaýa tabyn bolman hem bagtly ýaşap biler diýdi (1 Mus. 3:1—5). Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin adamlara höküm sürmäge ýol berdi. Şol sebäpli häzir bütin ýer ýüzi gözgyny ýagdaýda (Nes. 8:9). w23.11 sah. 21, abz. 4, 5
19-njy maý, duşenbe
Seni köp milletleriň atasy ederin (Rim. 4:17).
Ýehowa Ybraýym pygamberiň neslinden «köp halklaryň» bereket aljakdygyny wada berdi. Şol döwürler Ybraýym pygamber 100 ýaşlarynda, Bibisara bolsa 90 ýaşlaryndady. Olaryň zürýady ýokdy. Heý-de, garry baba bilen mamadan perzent dünýä inermi?! Şu ýagdaý Ybraýymyň imanyny synan bolsa gerek. Emma «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» (Rim. 4:18, 19). Onuň umydy puja çykmady. Ybraýymyň göz guwanjy Yshak ogly dünýä indi (Rim. 4:20—22). Biz hem Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl ýaşasak, Hudaýyň dosty bolup bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «„Ol dogruçyl hasaplandy“ diýen sözler diňe Ybraýym hakda ýazylmady. Olar biziň dogruçyl hasaplanmagymyz üçin hem ýazyldy, sebäbi biz Halypamyz Isany direlden Hudaýa iman etdik» (Rim. 4:23, 24). Biz Ybraýym pygamber ýaly hak Alla iman etmeli, imanymyzy iş ýüzünde görkezmeli we gelejege umyt edip ýaşamaly. w23.12 sah. 7, abz. 16, 17
20-nji maý, sişenbe
Sen agyr halymy görýärsiň, kalbymyň derdini bilýärsiň (Zeb. 31:7).
Sizi gorky gaplap alanda, Ýehowanyň kynçylyklaryňyzy görýändigini we duýgularyňyza düşünýändigini unutmaň. Meselem, müsürliler ysraýyllara zulum-sütem edýärdi. Ýehowa halkynyň kösenýändigini görýärdi we «çekýän jebrini» bilýärdi (2 Mus. 3:7). Siz gorkup, howsala düşeniňizde Ýehowanyň goldawyny görmezligiňiz mümkin. Şonda siz: «Ýehowa, goldawyňy görmäge kömek et!» diýip doga ediň (2 Pat. 6:15—17). Soňra şu soraglar hakda oýlanyň: ýygnakda aýdylýan nutuklar we berilýän jogaplar güýjüme güýç goşdumy? Edebiýatlar, wideolar we aýdymlar göwnümi galkyndyrdymy? Dogan-uýalar aýat okap ýa-da gyzykly pikir aýdyp meni ruhlandyrdymy? Biz ünsli bolmasak dogan-uýalaryň söýgi bilen berýän kömegine we wepaly hyzmatkäriň taýýarlaýan edebiýatlaryna bolaýmaly zat ýaly garamagymyz mümkin. Unutmaň, olar Ýehowanyň berýän çäksiz berekedi (Işa. 65:13; Mar. 10:29, 30). Olar Ýehowanyň bizi ýürekden söýýändigini we ynamdar Hudaýdygyny subut edýär (Işa. 49:14—16). w24.01 sah. 4, 5, abz. 9, 10
21-nji maý, çarşenbe
Bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et (Res. 4:29).
Isa pygamber göge galmazyndan öň resullaryna «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde» wagyz etmegi tabşyrdy (Res. 1:8; Luka 24:46—48). Şondan köp wagt geçmänkä dini ýolbaşçylar Petrus bilen Ýahýany tutup Mejlisiň öňüne getirdiler. Olar resullara haýbat atdylar we wagyz etmegi gadagan etdiler (Res. 4:18, 21). Petrus bilen Ýahýa Mejlisiň agzalaryna şeýle diýdiler: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size? Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» (Res. 4:19, 20). Soňra Petrus bilen Ýahýany boşadýarlar. Olar şägirtleriň ýanyna barýarlar we hemmesi bilelikde batly ses bilen Ýehowa ýalbaryp doga edýärler. Ýehowa-da olaryň ak ýürekden eden dogalaryna jogap berýär (Res. 4:31). w23.05 sah. 5, abz. 11, 12
22-nji maý, penşenbe
Ine meniň söýgüli Oglum (Mat. 17:5).
Ýehowa we Isa milliardlarça ýyl gökde bile ýaşadylar. Ýehowa Ogluny eziz görýärdi, Ogly hem Atasyny söýýärdi. Ýehowa Ogluny söýýändigini adamlaryň bilmegini isleýär. Isa pygamber ýer ýüzüne gelende, Ýehowa diňe bir «men ondan razydyryn» diýmek bilen çäklenmän, «ine meniň söýgüli Oglum» diýdi. Ýehowa Ogluna guwanýardy, sebäbi Ogly Atasyny razy etmek üçin janyny gurban bermäge taýyndy (Efes. 1:7). Isa pygamber Atasynyň söýgüsine şübhelenmeýärdi. Ol Ýehowanyň söýgüsini hemişe duýýardy, şonuň üçin gaýta-gaýta: «Atam meni söýýär» diýýär (Ýah. 3:35; 10:17; 17:24). w24.01 sah. 28, abz. 8
23-nji maý, anna
At-abraý köp baýlykdan gowudyr (Nak. 22:1).
Aýdaly, dostuňyz size töhmet atýar. Käbirleri oňa ynanýar. Soňra aýdylan gep-gürrüňler dilden-dile geçip, köp adamlar eşidýär. Siz özüňizi nähili duýarsyňyz? Elbetde, siz töhmet atylandygy üçin gynanarsyňyz. Şu mysal Ýehowanyň özüni nähili duýandygyna düşünmäge kömek eder, sebäbi oňa-da töhmet atyldy. Ýehowanyň ogullarynyň biri, ýagny bir perişde oňa töhmet atýar. Ol How enä Ýehowa hakda ýalan gep-gürrüňleri aýdýar. How ene-de oňa ynanýar. Şeýdip, ilkinji ynsan jübüti Ýehowa garşy gozgalaň turuzýar, bütin adamzat nesli günäli bolup dünýä inýär we aradan çykýar (1 Mus. 3:1—6; Rim. 5:12). Şeýtanyň Ýehowa atan töhmetinden soňra ýer ýüzünde betbagtçylyk, gyrgynçylyk we uruşlar günsaýyn köpelýär. Elbetde, Ýehowa adamlaryň ejir çekýänini görüp gynanýar. Emma ol gaharlanyp, öýke-kine saklap oturmady, sebäbi Mukaddes Kitapda oňa «bagtly Hudaý» diýilýär (1 Tim. 1:11). w24.02 sah. 8, abz. 1, 2
24-nji maý, şenbe
Men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?! (1 Mus. 39:9).
Siz Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Synaglarda näme edip, näme goýjagyňyzy häzirden çözüň. Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryna «ýok» diýmegi, hatda pikirini hem etmezligi ýüregiňize berk düwüň (Zeb. 97:10; 119:165). Şonda synaga düşeniňizde günä etmersiňiz. Siz hakykat ýoluny tapandygyňyza ynanýarsyňyz we Ýehowa janyňyz-teniňiz bilen sežde etmek isleýärsiňiz. Ýöne şonda-da size özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge bir zatlar päsgel berýändir. Eger şeýle bolsa, Dawut pygamberiň göreldesine eýerip, şeýle doga ediň: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi gör. Meni syna-da, gaýgy-aladamy bil. Meni barla, pikirlerim erbet bolaýmasyn, meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret» (Zeb. 139:23, 24). Eger Allatagala şeýle doga etseňiz, ony ýürekden agtarýandygyňyzy, suwa çümdürilip razy etmek isleýändigiňizi subut edersiňiz. Ýehowa hem özüni «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyny» wada berýär (Ýew. 11:6). w24.03 sah. 6, abz. 13—15
25-nji maý, ýekşenbe
Baş ruhany her gün ilki öz günäleri üçin... gurban getirmelidi. Emma Isa beýle etmek gerek däldi (Ýew. 7:27).
Baş ruhany halk bilen Hudaýyň arasyndaky araçydy we ysraýyl halkynyň adyndan Hudaýa dileg edýärdi. Ilkinji ýygnak çadyryna Ýehowanyň özi Haruny baş ruhany edip belledi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Ruhanylar ölýändigi sebäpli gullugyny dowam edip bilmeýärdiler. Şonuň üçin olaryň ýerine başga ruhanylar bellenýärdi» (Ýew. 7:23—26). Ruhanylar bikämil bolandygy sebäpli öz günäleri üçin hem gurbanlyk berýärdi. Hawa, Ysraýylyň baş ruhanylary bilen beýik baş ruhany Isa Mesihiň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Biziň baş ruhanymyz Isa Mesih «adam eli bilen däl-de, Ýehowanyň guran hakyky çadyrynda» gulluk edýär (Ýew. 8:1, 2). Pawlus resul «Isanyň ebedi ýaşaýandygy üçin başga ruhany bellenmez» diýdi. Şeýle-de ol Isanyň «päkdigini, günäli adamlardan tapawutlanýandygyny» we ysraýylyň baş ruhanylary ýaly «öz günäsi üçin... gurban getirmeli» däldigini düşündirdi. w23.10 sah. 26, abz. 8, 9
26-njy maý, duşenbe
Öňki gök bilen öňki ýer geçip gitdi (Ylh. 21:1).
«Öňki gök» Şeýtan bilen jynlaryň golastyndaky syýasy guramalary we döwletleri aňladýar (Mat. 4:8, 9; 1 Ýah. 5:19). Mukaddes Kitapda «ýer» diýlende köplenç adamlar göz öňünde tutulýar (1 Mus. 11:1; Zeb. 96:1). Diýmek, «öňki ýer» Ýehowa gulak asmaýan erbet adamlary aňladýar. Ýehowa «öňki gögi» we «öňki ýeri» bejermegiň, düzetmegiň deregine, olary «täze göge» we «täze ýere» çalşar. «Täze gök» adalatly hökümeti, «täze ýer» bolsa dogruçyl adamlary aňladýar. Ol nämeleri täzelär? Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, bütin ýer ýüzi Erem bagy kimin bagy-bossanlyga öwrüler. Adamlar tut ýaly sagdyn bolar. Körler görer, kerler eşider, lallar geplär we agsak adamlar keýik kimin böker, hatda ölen adamlar direler (Işa. 25:8; 35:1—7). w23.11 sah. 4, abz. 9, 10
27-nji maý, sişenbe
Taýýar boluň (Mat. 24:44).
Tizden bütin ýer ýüzünde «uly betbagtçylyk» bolar (Mat. 24:21). Uly betbagtçylyk bilen tebigy betbagtçylygyň nähili tapawudy bar? Adatça tebigy betbagtçylyk duýdansyz bolýar we adamlar taýýarlyk görmäge ýetişmeýär. Ýöne uly betbagtçylyga käbir adamlar taýýarlanyp biler. Sebäbi 2 000 ýyl mundan öň Isa pygamber şägirtlerine uly betbagtçylygyň alamatlary hakda aýtdy. Eger biz şol alamatlara ünsli bolsak, uly betbagtçylyga taýýarlanyp bileris we öz janymyzy, başga adamlaryň janyny halas ederis (Luka 21:36). Biz uly betbagtçylykda çydamly bolsak, Ýehowa gulak asarys we Onuň gorajakdygyna ynamly bolarys. Belki, şol döwür dogan-uýalar emläginden mahrum bolar (Hab. 3:17, 18). Eger biz duýgudaş bolsak, olary goldarys we gerekli kömegi bereris. Üstesine-de, milletleriň üýşmegi Hudaýyň halkyna topular. Belki, biz şol döwür dogan-uýalar bilen ýerzeminde ýaşamaly bolarys (Hyz. 38:10—12). Eger dogan-uýalary ýürekden söýsek, uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris. w23.07 sah. 2, abz. 2, 3
28-nji maý, çarşenbe
Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:15, 16).
Är-aýallar I asyrda dogan-uýalaryň hormatyny gazanan Akila bilen Priskilladan köp zatlary öwrenip biler (Rim. 16:3, 4). Akila bilen Priskilla bilelikde çadyr tikipdir, wagyz edipdir we adamlara kömek edipdir (Res. 18:2, 3, 24—26). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda olaryň ady hemişe bilelikde agzalýar. Är-aýallar, Akila bilen Priskillanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Siz ýanýoldaşyňyz bilen haçan wagt geçirjekdigiňiz barada oýlanyň. Meselem, Akila bilen Priskilla bilelikde wagyz edýärdi. Sizem ýygy-ýygydan ýanýoldaşyňyz bilen wagyz edip bilersiňizmi? Akila bilen Priskila bile işleýärdi. Siziň käriňiz aýry-aýry bolsa-da, hojalyk işlerini bileje edip bilersiňizmi? (Nes. 4:9). Eger siz şeýle etseňiz, onda biri-biriňiz bilen gürrüňdeş bolmaga wagtyňyz bolar we agzybir topar bolarsyňyz. w23.05 sah. 22, 23, abz. 10—12
29-njy maý, penşenbe
Meni gorky basanda, saňa bil baglaryn (Zeb. 56:3).
Gorky adamyň el-aýagyny ýüpsüz baglaýar. Bir gün edermen esger Dawut örän gorkýar. Zalym patyşa Şawul onuň kastyna çykýar. Şonda Dawut piliştlileriň Get galasyna barýar. Akyş hana dabarasy dag aşan Dawut pälwanyň gelendigini habar berýärler. Dawut öler ýaly gorkýar, sebäbi müňlerçe piliştlini öldüripdi (1 Şam. 21:10—12). Belki, Dawut: «Indi Akyş han menden aryny alar» diýip howsala düşendir. Zebur 56-njy bapda Dawudyň Get galasynda başdan geçiren ýagdaýlary we duýgulary beýan edilýär. Şol bapda Dawudyň howsala düşendigi, emma Ýehowa bil baglap gorkusyny ýeňendigi ýazylan (Zeb. 56:1—3, 11). Ýehowanyň akyldarlygy bilen Dawut janyny gutarmak üçin üýtgeşik usul oýlap tapýar. Ol özüni däli ýaly alyp barýar. Akyş han «agzyndan gyllygyny akdyryp» duran Dawudy görende, ony öldürmegiň deregine, kowup goýberýär. Şeýdip, Dawut duşman elinden halas bolýar (1 Şam. 21:13—22:1). w24.01 sah. 2, abz. 1—3
30-njy maý, anna
Hudaýyň çagyranlary, saýlanlary we wepalylary hem olary ýeňerler (Ylh. 17:14).
Şu günki aýatda saýlanan mesihçiler barada aýdylýar. Olar göge alnandan soňra Isa Mesih we perişdeler bilen Hudaýyň duşmanlaryna garşy soňky sapar söweşerler. Häzir saýlanan mesihçileriň köpüsi garradylar, güýç-gurbatdan gaçdylar. Ýöne olar göge galandan soň güýç-kuwwatly ruhy şahsyýet bolar we baky ýaşar. Olar Serkerde Isa Mesih bilen söweşe gatnaşar. Armageddon söweşi tamamlanandan soň, olar adamlara kämil bolmaga kömek eder. Diýmek, saýlanan mesihçiler gelejekde bize has gowy kömek edip biler. w24.02 sah. 6, 7, abz. 15, 16
31-nji maý, şenbe
Mukaddes ruha görä ýaşaň, şonda ten höweslerine eýermersiňiz (Gal. 5:16).
Käbir adamlar özüni Ýehowa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge taýýar bolsalar-da, şu wajyp ädimi ätmäge ýaýdanýarlar. Olar ýygnak gatnaşygyndan kesilerin öýdüp gorkýarlar. Sizem şeýle pikir edýärsiňizmi? Onda Ýehowanyň öz «adyna mynasyp ýaşamaga» kömek etjekdigine ynamly boluň (Kol. 1:10). Ol size ýagşy işleri edip biler ýaly güýç berer. Ýehowa halkyna wepaly galmaga kömek edip gelýär (1 Kor. 10:13). Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowa bil baglap, hakykat ýolunda ynamly ädimler bilen ýöreýär. Diňe az sanly adam hakykat ýolundan sowlup, ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Bikämil adamlar erbetlige ýykgyn bolýarlar (Ýak. 1:14). Erbet höwesler näçe güýçli bolsa-da, özümize erk edip bilýäris. Nähili ýaşamalydygyny her kimiň özi çözýär. Belki-de, käbirleri munuň bilen ylalaşmaz. Ýöne hiç kim we hiç zat sizi erbetlik etmäge mejburlap bilmez. w24.03 sah. 5, 6, abz. 11, 12