Aprel
1-nji aprel, sişenbe
Näme üçin beýtdiň?... Näme meni aldadyň? (1 Mus. 29:25).
Gadymy döwürde Hudaýyň wepaly bendeleriniň hem durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäpdi. Geliň, Ýakup pygamber hakda gürrüň edeliň. Yshak ogly Ýakuba daýysynyň gyzyna öýlense, Ýehowanyň bol bereket berjekdigini aýdýar, sebäbi Labanyň hak Hudaýa ynanýandygyny bilýärdi (1 Mus. 28:1—4). Ýakup hem kakasyna gulak asyp, Kengan ýurdundan çykyp gaýdýar. Labanyň iki gyzy bardy: ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady Raheldi. Ýakup daýysynyň kiçi gyzyna aşyk bolýar we ýedi ýyl gapysynda işlemäge razylaşýar (1 Mus. 29:18). Aýlar-ýyllar geçip durdy, ýedi ýyl hem uçup geçdi. Emma Laban Ýakuby aldap, Rahele derek uly gyzyny durmuşa çykarýar (1 Mus. 29:26, 27). Ýakup ör-gökden gelýär. Şonda daýysy bir hepdeden soň Raheli hem berjekdigini wada berýär, emma kiçi gyzy üçin ýene ýedi ýyl işlemelidi. Açgöz Laban Ýakubyň hakyny telim gezek üýtgedýär. Şeýdip, daýysy ýegenini gul kimin 20 ýyl işledýär (1 Mus. 31:41, 42). w23.04 sah. 15, abz. 5
2-nji aprel, çarşenbe
Oňa ýüregiňizi döküň (Zeb. 62:8).
Biz kynçylyklar sebäpli ruhdan düşenimizde hak Alla ýalbaryp doga edýäris. Biz Onuň doga-dilegimize jogap berjekdigine şübhelenmeýäris. Ýehowa Hudaý biziň doga-dileg etmegimizi isleýär. Mukaddes Kitapda: «Hemişe doga-dileg ediň» diýilýär (1 Sel. 5:17). Biz Ýehowa islendik ýerde, islendik wagty doga-dileg edip bilýäris (Nak. 3:5, 6). Ol näçe sapar doga etmelidigi hakda belli bir çäk goýmaýar. Isa pygamber Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplaýardy. Ol Ýehowanyň doga-dilegleri diňleýändigini bilýärdi. Isa pygamber gökde wagty Hanna, Dawut we Ylýas ýaly hudaýhon adamlaryň dogalaryna Ýehowanyň jogap berendiginiň şaýady bolupdy (1 Şam. 1:10, 11, 20; 1 Pat. 19:4—6; Zeb. 32:5). Şol sebäpli Isa pygamber şägirtlerine iman edip, hemişe doga etmegi öwretdi (Mat. 7:7—11). w23.05 sah. 2, abz. 1, 3
3-nji aprel, penşenbe
Adamdan gorksaň, duzaga düşersiň, Ýehowa bil baglasaň, pena taparsyň (Nak. 29:25).
Baş ruhany Ýehoýada Ýehowadan gorkýardy. Izabeliň gyzy Atalýa Ýahudada şa tagtyna geçýär. Adamlar ondan öler ýaly gorkýardy. Atalýa rehimsiz we şöhratparaz aýaldy. Ol şa tagtyny hiç kime bermejek bolup agtyklaryny, ýagny şazadalaryň hemmesini öldürmegi ýüregine düwýär (2 Tar. 22:10, 11). Emma Ýehoýadanyň aýaly Ýehoşabet Ýehoýaş şazadanyň janyny gutarýar. Ýehoýada bilen aýaly çagajygy gizleýär. Şeýdip, olar Dawudyň neslinden bolan mirasdüşeri gorap saklaýar. Baş ruhany Ýehoýada Ýehowa wepaly bolany üçin Atalýadan gorkmady. Ýehoýaşyň ýedi ýaşy dolanda, Ýehoýada ýene-de Ýehowa wepalydygyny subut edýär. Ol baştutanlar we lewiler bilen maslahatlaşyp, uly işiň başyny tutýar. Eger işi ugruna bolsa, Dawudyň neslinden bolan Ýehoýaş patyşa bolmalydy. Eger işi başa barmasa, onda ruhana ölüm jezasy berilmelidi. Ýehowanyň goldawy bilen Ýehoýadanyň tutan işi ugruna boldy. w23.06 sah. 17, abz. 12, 13
4-nji aprel, anna
Ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigine, patyşalygy islän adamyna berýändigine düşüniň (Dan. 4:25).
Nawuhodonosor patyşa Danyýary gozgalaňçy hasaplap, başyny alyp bilerdi. Ýöne Danyýar nähili ýagdaý bolaýanda-da, düýşüň ýorgudyny patyşanyň ýüzüne aýtdy. Danyýara ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi? Ene-atasy onuň ýaş kalbyna Ýehowanyň kada-kanunlaryny guýupdy (5 Mus. 6:6—9). Ol diňe bir ysraýyllara berlen Musanyň on tabşyrygyny däl-de, Ýehowanyň kanunlaryny hem jikme-jik bilýärdi (3 Mus. 11:4—8; Dan. 1:8, 11—13). Şeýle-de ol ysraýyl halkynyň taryhy bilen tanyşdy. Danyýar Hudaýyň kanunlaryny äsgermezçilik edenlerinde halkyň başyna inen betbagtçylyklary bilýärdi (Dan. 9:10, 11). Onsoňam, Danyýar Ýehowanyň ençeme sapar goldandygyny gördi. Şonuň üçin hem nähili kyn ýagdaý bolsa-da, Allatagalanyň we onuň perişdeleriniň dadyna ýetişjekdigine ynamlydy (Dan. 2:19—24; 10:12, 18, 19). w23.08 sah. 3, abz. 5, 6
5-nji aprel, şenbe
Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir (Nak. 11:2).
Rebeka akylly-başlydy, gaýratlydy we zerur wagty ýaýdanyp durman aýgytly hereket ederdi (1 Mus. 24:58; 27:5—17). Emma ol sylaşyklydy, ýürekden tabyn bolýardy (1 Mus. 24:17, 18, 65). Siz hem Rebekanyň göreldesine eýerip pesgöwünli bolsaňyz, maşgalaňyzy bagtly edersiňiz, dogan-uýalary begendirersiňiz. Berk imanly mesihçi pespäl bolýar. Ester pespäl we hudaýhon gyzdy. Hatda şa aýaly bolansoň hem tekepbirlik etmedi. Ol doganoglany Mordekaýyň öwüt-ündewine gulak asdy (Est. 2:10, 20, 22). Siz hem berk imanly mesihçilerden maslahat sorasaňyz we öwüt-nesihatyna eýerseňiz, pespäldigiňizi subut edersiňiz (Tit. 2:3—5). Ester owadan gyzdy. Ol pespäl bolandygy üçin gözelligi bilen hemmeleri aňk etmek islemeýärdi (Est. 2:7, 15). w23.12 sah. 19, 20, abz. 6—8
6-njy aprel, ýekşenbe
Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar we ähli zady bilýär (1 Ýah. 3:20).
Özüni çendenaşa günäkärleýän adam agyr ýüki göterýär. Ol eden günäsine toba edýär, Ýehowa doga edip ötünç soraýar we günäsini gaýtalamajak bolýar. Emma şondan soň hem ol Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanyp bilmeýär (Res. 3:19). Ýehowa biziň özümizi hemişe günäli duýmagymyzy islemeýär, sebäbi özüňi çendenaşa günäkärlemegiň güýç-gurbatdan gaçyrýandygyny bilýär (Zeb. 31:10). Eger biziň ynsabymyz hemişe kösese, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgap bilmeris (2 Kor. 2:7). Ynsabyňyz hemişe ezýet berýän bolsa, Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygy hakda oýlanyň (Zeb. 130:4). Ol toba eden adamy bagyşlanda: «Günäleriňi ýatlamaryn» diýip söz berýär (Ýer. 31:34). Ýehowa biziň geçmişde eden günämiz sebäpli hasabat soramaýar. Özüňize käýäp, ýazgaryp oturmaň. Ýogsam Ýehowa bütin janyňyz-teniňiz bilen gulluk edip bilmersiňiz, hatda ýygnakdaky käbir borçlaryňyzy ýitirersiňiz. Ýehowa siziň günäleriňizi unutdy, sizem olary ýatlamaň. w23.08 sah. 30, 31, abz. 14, 15
7-nji aprel, duşenbe
Berk we tutanýerli boluň (1 Kor. 15:58).
Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Ýehowanyň Şaýatlary guramanyň görkezmelerine eýerdiler. Şeýlelikde, olaryň kalby rahat boldy, gerekmejek aladalary ýüregine ýük etmedi (Mat. 24:45). Mukaddes Kitapda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýilýär (Flp. 1:9, 10). Şu günler wajyp işlerden ünsüňi sowýan zatlar gaty köp. Muňa iýip-içmek, gazanç etmek, dynç almak we şuňa meňzeş zatlar degişli bolup biler. Şu zatlar her günki durmuş üçin gerek dälmi näme?! Elbetde, gerek! Ýöne olar biziň köp wagtymyzy, güýjümizi alsa we durmuşda birinji orna geçse, wajyp zatlardan ünsümizi sowup biler (Luka 21:34, 35). Şeýle-de Şeýtan täzelikler arkaly wajyp zatlardan ünsümizi sowjak bolýar. Biz her gün habarlarda adamlaryň gozgalaň turuzýandygy we syýasy ýolbaşçylaryň dawalaşýandygy hakda eşidýäris. Eger biz seresap bolmasak, pikirimizde haýsydyr bir tarapy goldamagymyz mümkin. Emma Ýehowa biziň iň wajyp zatlara düşünmegimizi, ýagny bitaraplygy saklamagymyzy isleýär. Hawa, ýokarda agzalan bäş duzak arkaly Şeýtan biziň imanymyzy gowşatjak bolýar we ýagşy işlerden elimizi sowatmak isleýär. w23.07 sah. 16, 17, abz. 12, 13
8-nji aprel, sişenbe
Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň (Luka 22:19).
Ýehowanyň şaýatlary Ýatlama agşamyna gatnaşmagy wajyp hasaplaýar. Munuň bir sebäbi: Isa pygamberiň özi ölen gününi ýatlamagy tabşyrdy (Luka 22:19, 20). Biz Ýatlama agşamyna baranymyzda, Isa pygamberiň şirin janyny gurban edip, töleg töländigi hakda oýlanarys we onuň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek isleýändigimizi görkezeris (2 Kor. 5:14, 15). Şol güni mähriban dogan-uýalar bilen görşeris we gürrüňdeş bolup ruhlanarys (Rim. 1:12). Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gelen adamlar güler ýüzli dogan-uýalary görüp we nutugy diňläp, hakykat ýolundan ýöremek islär. Ýatlama agşamy bütin ýer ýüzündäki dogan-uýalary jebisleşdirýär. Dogrudanam, Ýatlama agşamy her bir adamyň ýüreginde öçmejek yz galdyrýar. w24.01 sah. 8, abz. 1—3
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:29—44
9-njy aprel, çarşenbe
Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär (Ýah. 3:16).
Ýehowa we Isa pygamberiň töleg tölemek üçin nämelerden geçendigi hakda oýlansak, Hudaýyň her bir adamy aýratynlykda söýýändigine göz ýetireris (Gal. 2:20). Ýehowa söýgä baý Hudaýdygy üçin töleg gurbanyny berdi. Hak Alla bizi söýýändigi üçin, eziz Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi. Ýehowa bizi söýýändigini açyk-aýdyň aýdýar (Ýer. 31:3). Ol bizi gowy görýändigi üçin dostlaşýar (5 Musa 7:7, 8-nji aýatlary deňeşdiriň). Hudaýyň söýgüsinden bizi hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:38, 39). Hudaýyň söýgüsi size nähili täsir edýär? w24.01 sah. 28, abz. 10, 11
Ýatlama agşamynyň öňünden kalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:45—48; Matta 21:18, 19, 12, 13
10-njy aprel, penşenbe
Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolar (Rim. 8:20, 21).
Saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyna umyt edýär. Fredrik Frens ýürek duýgularyny şeýle beýan etdi: «Biziň umydymyz berk. Kiçi süriniň, ýagny 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi umydyna gowşar. Biziň sylagymyz göz öňüne getirişimizden hem ajaýypdyr». Ol 1991-nji ýylda ynam bilen şeýle diýdi: «Biz umydymyzy üzmedik, gaýtam aljak sylagymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu garaşanyňa degýär! Meniň umydym ýyllar geçdigi saýyn has-da berkedi». Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi Ybraýym pygamber ýaly gökde däl-de, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýär. Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän hem bolsak, Hudaýa şatlanyp gulluk edip bileris. Biziň umydymyz gün-günden berkemeli. w23.12 sah. 9, abz. 6; sah. 10, abz. 8
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 20:1—47
11-nji aprel, anna
Öküzleriň we geçileriň gany bilen günäleri ýuwup bolmaýar (Ýew. 10:4).
Gadymy döwürdäki çadyryň öňünde mise gaplanan gurbanlyk ojagy bardy. Gurbanlyk ojagynda Ýehowa üçin mal gurbanlyklary berilýärdi (2 Mus. 27:1, 2; 40:29). Şol gurbanlyklar halkyň günäsini doly ýuwmaýardy (Ýew. 10:1—3). Gurbanlyk ojagynda her gün mal gurbanlygynyň berilmegi adamzady günäden doly azat etjek gurbanlygyň nusgasydy. Isa pygamber Ýehowanyň özüni ýer ýüzüne näme üçin iberendigini bilýärdi. Ol bikämil adamlar üçin şirin janyny gurban etmelidi (Mat. 20:28). Şol sebäpli Isa Atasynyň islegini ýerine ýetirmek üçin suwa çümdürildi (Ýah. 6:38; Gal. 1:4). Ýehowa Oglunyň kämil janyny adamzat üçin gurban bermegini isleýärdi. Isa Mesih kämil «bedenini gurbanlyk hökmünde bir gezek hödürledi» we töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günäsini hemişelik ýuwdy (Ýew. 10:5—7, 10). w23.10 sah. 26, 27, abz. 10, 11
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:1—6; Markus 14:1, 2, 10, 11
ÝATLAMA AGŞAMY
Gün ýaşandan soň başlanýar
12-nji aprel, şenbe
Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşy berýändir (Rim. 6:23).
Töleg tölenmedik bolsa, biz günäden we ölümden azat bolmazdyk (Zeb. 49:7, 8). Ýehowa we Isa pygamber biziň ebedi ýaşamagymyz üçin gymmatly töleg töledi. Biz olaryň töleg tölemek üçin kyn ýagdaýlara döz gelendigi hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar. Adam ata Hudaýa garşy günä edip, özüni we neslini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi. Isa pygamber Adam atanyň neslini günäden azat etmek üçin kämil janyny gurban bermelidi. Isa ýer ýüzünde ýaşanda «hiç hili günä etmedi, agzyndan ýekeje ýalan söz hem çykmady» (1 Pet. 2:22). Ol soňky demine çenli Hudaýa wepaly galdy. Şeýlelikde, Adam atanyň kämil janyna derek, öz kämil janyny töleg hökmünde gurban berdi (1 Kor. 15:45; 1 Tim. 2:6). w24.01 sah. 10, abz. 5, 6
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:7—13; Markus 14:12—16 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Luka 22:14—65
13-nji aprel, ýekşenbe
Ol iň mukaddes otaga geçileriň we öküzçeleriň gany bilen däl, öz gany bilen girdi. Şeýdip, bizi bir gezekde hemişelik halas etdi (Ýew. 9:12).
Isa Mesih direlenden soň ruhy ybadathananyň iň mukaddes otagyna girdi. Ýehowanyň emri bilen Isa pygamber şirin janyny gurban etdi we ölümden direlensoň gökde uly baş ruhany bolup gulluk edip başlady. Ýehowanyň arassa sežde etmek üçin ýola goýan şu çäresi ýehudylaryň seždesinden has gowudyr. Ysraýyllaryň baş ruhanysy «ynsan eli bilen ýasalan iň mukaddes otaga» gurban berlen malyň gany bilen girýärdi. Emma Isa «göge girdi», ol älem-jahandaky iň mukaddes ýere, ýagny «Hudaýyň huzuryna bardy». Ol adamlar üçin töleg töledi we şirin janynyň bahasyny Hudaýa hödürledi (Ýew. 9:24—26). Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ýehowanyň ruhy ybadathanasynda sežde edip bilýärler. w23.10 sah. 28, abz. 13, 14
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:66—71
14-nji aprel, duşenbe
Geliň, onda Hudaýyň ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän doga-dileg edeliň (Ýew. 4:16).
Isa pygamber häzir gökde hem Patyşa, hem baş ruhany. Isa pygamber arkaly biz Ýehowanyň «ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp» bilýäris we Ondan rehimdarlyk, kömek sorap bilýäris (Ýew. 4:14, 15). Geliň, her gün Ýehowanyň we Isa pygamberiň geçmişde, häzir edýän ýagşylyklary hakda oýlanalyň. Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we Ýehowa yhlasly gulluk ederis (2 Kor. 5:14, 15). Biz Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere minnetdar bolmaly. Munuň üçin adamlara Ýehowanyň Şaýady we Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etmeli (Mat. 28:19, 20). Pawlus resul bize gowy görelde galdyrdy. Ol Ýehowanyň «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýändigini» bilýärdi (1 Tim. 2:3, 4). w23.10 sah. 22, 23, abz. 13, 14
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66
15-nji aprel, sişenbe
Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar (Ylh. 21:4).
Biz adamlara Jennet hakda wagyz edenimizde, köplenç şu aýady okap berýäris. Siz adamlara wagyz edeniňizde Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky wadalaryň hakykatdygyny subut etmek üçin nähili delilleri ulanýarsyňyz? Ýehowa gelejek barada diňe bir wada bermän, ony ýerine ýetirjekdigine kepil geçýär. Ylham kitaby Ýehowanyň Jennet baradaky wadasynyň hökman ýerine ýetjekdigine kepil geçýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi. Şeýle-de: „Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr“ diýdi. Soňra ol maňa şeýle diýdi: „Sözüm berjaý boldy! Men Alfa we Omega, başlangyç hem-de ahyrkydyryn“» (Ylh. 21:5, 6a). w23.11 sah. 3, abz. 3—5
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Luka 24:1—12
16-njy aprel, çarşenbe
Ýaş doganlary hem sagdyn düşünjeli bolmaga höweslendirip dur (Tit. 2:6).
Pikirleniş ukybyny ösdüren dogan salykatly geýinýär we üst-başyna serenjam berýär. Ol moda kowalaşmaýar, sebäbi şeýle eşikleri tikýän adamlar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler we ahlaksyz ýaşaýarlar. Olar dar eşikleri tikýärler, ony geýen oglanlar gyzlara meňzeýär. Imany berk dogan egin-eşik saýlanda, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýär we göreldeli doganlardan maslahat soraýar. Dogan özüne şeýle soraglary berip biler: «Meniň eşigim sagdyn düşünjelidigimi görkezýärmi? Başgalary büdredýärmi? Şol eşikde utanman, ýüzüm gyzarman adamlara wagyz edip bilerinmi?» (1 Kor. 10:31—33). Pikirleniş ukybyny ösdüren dogan diňe bir imandaşlarynyň däl-de, gökdäki Atasy Ýehowanyň hem hormatyny gazanýar. w23.12 sah. 26, abz. 7
17-nji aprel, penşenbe
Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl. Patyşalygym şu dünýäden bolsady, meniň hyzmatkärlerim söweşerdi (Ýah. 18:36).
«Günorta patyşasy» Ýehowanyň halkyny yzarlady (Dan. 11:41). XX asyryň birinji ýarymynda bitaraplygyny saklaýandygy üçin dogan-uýalaryň köpüsini türmä basdylar we okuwçylary mekdepden çykardylar. Soňky wagtlar «günorta patyşanyň» golastynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlarynyň imany başga usullar bilen synalýar. Meselem, saýlaw döwri olar syýasy ýolbaşçylaryň birini goldamagy mümkin. Elbetde, mesihçi saýlaw geçirilýän ýere baryp, birine ses bermez, emma ol ýüreginde ýa-da pikirinde kimdir birini goldamagy mümkin. Şol sebäpli biz pikirimizde-de bitaraplygy saklamaly (Ýah. 15:18, 19). w23.08 sah. 13, abz. 17
18-nji aprel, anna
Ýehowa alkyş bolsun! Ol her gün ýükümizi göterýär (Zeb. 68:19).
Biz «baýrak almak» üçin ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgamaly (1 Kor. 9:24). Isa pygamber «iýermenlik, serhoşlyk we durmuşyň gaýgy-aladalary» ýaly ýükleri taşlamalydygyny aýtdy (Luka 21:34). Mukaddes Kitapdaky maslahatlar özümizi barlamaga, durmuşymyzy üýtgetmäge we pellehana çenli ylgamaga kömek eder. Ýehowanyň goldawy bilen pellehana çenli ylgap biljekdigiňize ynanyň (Işa. 40:29—31). Badyňyzy gowşatmaň! Pawlus resuldan görelde alyp, bar güýjüňiz bilen ylgaň (Flp. 3:13, 14). Şu ylgaw ýolunda size derek hiç kim ylgamaz, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen ýeňiş gazanyp bilersiňiz. Ol size käbir ýükleri götermäge we gerekmejek ýükleri taşlamaga kömek eder. Goý, hak Alla size pellehana çenli ylgamaga güýç-kuwwat bersin! w23.08 sah. 31, abz. 16, 17
19-njy aprel, şenbe
Ene-ataňyza hormat goýuň (2 Mus. 20:12).
Isa 12 ýaşyndaka ene-atasy bilen Iýerusalime baýramçylyk bellemäge gidýär (Luka 2:46—52). Olar baýramçylyk geçirilenden soňra öýüne dolanýar. Ep-esli ýol sökenlerinden soňra, Ýusup bilen Merýem Isanyň ýokdugyny bilýär. Aslynda, Ýusup bilen Merýem Iýerusalimden gaýtmankalar çagalarynyň hemmesiniň ýanyndadygyny anyklamalydy. Emma olar beýle etmedi. Isany Iýerusalimden tapanlaryndan soňra, oňa käýediler. Isa bolsa olary ýazgarmagyň deregine, Iýerusalimde näme üçin galandygyny hormat bilen düşündirdi. Emma Ýusup bilen Merýem oňa düşünmedi. Isa şonda-da «olaryň aýdan-diýeninden çykmady». Ýaşlar, käte siz ene-ataňyzyň ýalňyşlaryny görýänsiňiz. Ýa-da olar siziň ýagdaýyňyza düşünýän däldir. Şonda olara gulak asmak kyn bolýandyr. Size näme kömek eder? Ýehowa hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Ene-ataňyza hemişe gulak asyň» diýilýär. Eger siz gulak assaňyz, Ýehowa we Isa pygamber begener (Kol. 3:20). Ýehowa siziň ýagdaýyňyza ene-ataňyzyň käte düşünmeýändigini ýa-da olaryň düzgünlerine eýermek kyn bolýandygyny bilýär. Siz şonda-da ene-ataňyza gulak assaňyz, Ýehowany begendirersiňiz. w23.10 sah. 7, abz. 5, 6
20-nji aprel, ýekşenbe
Ähli adamlar bilen mylakatly we paýhasly boluň (Tit. 3:2).
Aýdaly, synpdaşyňyz sizden gomoseksuallaryň, ýagny bir jynsdaky adamlaryň maşgala gurmagyny näme üçin goldamaýandygyňyzy soraýar. Şeýle ýagdaýda biz ähli adamlara hormat goýýandygymyzy, her kimiň özüniň karara gelýändigini aýdyp bileris (1 Pet. 2:17). Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky ýokary ahlak kadalaryna eýermegiň peýdasyny düşündireris. Siz käbirlerine garaýşyňyzy düşündirmäge jan etseňiz-de, ylalaşmazlygy mümkin. Şeýle adamlar hakynda belli bir netije çykarmaga howlukmaň. Aýdaly, synpdaşyňyz ewolýusiýa taglymatyna uýýar. Ol siziň Hudaýa iman edýändigiňiz üçin üstüňizden gülýär. Siz näçe düşündirjek bolsaňyzam, ol şol bir diýenini tutup durýar. Siz oňa jw.org saýtynyň salgysyny beriň we ýaradylyş baradaky wideolary, makalalary tapmaga kömek ediň. Şonda onuň bilesigelijiligi has-da artyp, Mukaddes Kitaby okasy geler. w23.09 sah. 17, abz. 12, 13
21-nji aprel, duşenbe
Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli, özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi gaýgyrmaýarsyň (Zeb. 86:5).
Biz ýalňyşymyzdan sapak edinsek we Ýehowa bil baglasak, gökdäki Atamyzyň bagyşlajakdygyna hem-de tagallamyza ak pata berjekdigine ynamly bolup bileris (Nak. 28:13). Elbetde, Şimşon bikämil adamdy, käbir ýalňyşlary goýberdi. Ýöne ol Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin jan edýärdi. Ýehowa hem Şimşony goldaýardy. Şimşon Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, duşmanlaryndan ar almak üçin janyny pida etdi. Ýehowa Şimşony berk imanly adam hasaplaýardy. Sebäbi onuň ady Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda ýazylan hudaýhon adamlaryň arasynda agzalýar. Hawa, gökdäki Atamyzyň ejizlän bendesine güýç-kuwwat bermek isleýändigini bilmek göwnümizi göterýär. Şonuň üçin, geliň, Şimşonyň aýdan şu sözlerine goşulalyň: «Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber» (Ser. 16:28). w23.09 sah. 7, abz. 18, 19
22-nji aprel, sişenbe
Ýehowanyň geljek gününe... bar ünsüňizi beriň (2 Pet. 3:12).
Ýehowanyň beýik gününiň golaýdygyny ýatda saklasak, adamlary halas ediş işine yhlasly gatnaşarys. Ýöne käte adamlardan gorkup, olara hoş habary wagyz etmezligimiz mümkin. Garadan gaýtmaz Petrus hem adamlardan gorkupdy. Isa pygambere höküm çykarylan gijesi, ol Halypasyny tanamaýandygyny üç gezek aýdýar (Mat. 26:69—75). Ýöne aradan ençeme ýyl geçensoň, ol ynam bilen şeýle diýýär: «Adamlaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, alada-da etmäň» (1 Pet. 3:14). Diýmek, Petrusyň sözleri adamdan gorkyny ýeňip bolýandygyny subut edýär. Bize adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge näme kömek eder? Petrus şeýle diýdi: «Ýüregiňizde Mesihi Halypamyz hökmünde mukaddes hasaplaň» (1 Pet. 3:15). Biz Patyşamyz we Halypamyz Isa Mesihiň tutýan orny, erk-ygtyýary, güýç-kuwwaty hakynda pikirlenmeli. w23.09 sah. 27, 28, abz. 6—8
23-nji aprel, çarşenbe
Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň... ady-da agzalmasyn (Efes. 5:3).
Biz «garaňkylygyň ýaramaz işlerine gatnaşmaz» ýaly elimizde baryny etmeli (Efes. 5:11). Ahlaksyz filmleri görýän, aýdymlary diňleýän we ahlaksyz zatlar hakda gürrüň edýän adamlar günäniň toruna düşendigini duýman galdylar (1 Mus. 3:6; Ýak. 1:14, 15). Şeýtanyň dünýäsi Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny, ýagny ahlaksyzlyk we haram işleri etmegiň hiç hili erbetligi ýok diýen pikiri öňe sürýär (2 Pet. 2:19). Şeýtan Iblis şu usuly asyrlarboýy ulanyp gelýär. Ol adamlaryň aňyny küteldip, ýagşy bilen ýamany saýgarmaz ýaly edýär (Işa. 5:20; 2 Kor. 4:4). Şu günler filmlerde, telegepleşiklerde we Internet sahypalarynda Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän haýasyz işler açyk-aýdyň görkezilýär. Şeýtan: «Ahlaksyzlyk hakda oýlanmagyň we ahlaksyz ýaşamagyň hiç hili zyýany ýok» diýip, adamlary aldaýar (Efes. 5:6). w24.03 sah. 22, abz. 8—10
24-nji aprel, penşenbe
Şol adamlaryň ýerine ýetirýän mukaddes gullugy gökdäki zatlaryň nusgasy we kölegesidir (Ýew. 8:5).
Çadyr matadandy. Ysraýyllar çölde göçüp-gonup ýörenlerinde, çadyry söküp ýanlary bilen äkiderdiler. Olar 500 ýyla golaý çadyrda Ýehowa sežde etdiler. Soňra Iýerusalimde ybadathana gurdular (2 Mus. 25:8, 9; 4 Mus. 9:22). Çadyrada ysraýyllar Hudaýa sežde edýärdi we mal gurbanlyklaryny berýärdi (2 Mus. 29:43—46). Gadymy döwürdäki çadyr «gökdäki zatlaryň... kölegesidi» we Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasyny aňladýardy. Pawlus resul: «Çadyr häzirki bolýan zatlaryň nusgasy» diýdi (Ýew. 9:9). Pawlus ýewreýlere hat ýazanda ruhy ybadathana eýýäm dikeldilipdi. Ruhy ybadathana b. e. 29-njy ýylynda Isa Mesih suwa çümdürilende we «beýik baş ruhany» bolup gulluk edip başlanda dikeldildi (Ýew. 4:14; Res. 10:37, 38). w23.10 sah. 25, 26, abz. 6, 7
25-nji aprel, anna
Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn (Flp. 4:5).
Biz eglişikli bolsak ruhdan düşmeris we imanymyz berk bolar. Eglişikli bolmagyň nähili peýdasy bar? Birinjiden, durmuşda bolýan duýdansyz kynçylyklara aňsatlyk bilen döz gelýäris. Ikinjiden, medeniýeti we terbiýesi tapawutlanýan dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýýarys. Biz eglişikli adamlar hökmünde tanalmaly. Şeýle-de pesgöwünli we duýgudaş bolmaly. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Arkadagdygy aýdylýar (5 Mus. 32:4). Ol sarsmaz, haýbatly, güýç-kuwwatly Hudaý bolsa-da, eglişikli we paýhasly hereket edýär. Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýar, emma Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin ýagdaýa görä hereket edýär. Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaratdy. Şol sebäpli biz garaşylmadyk ýagdaýa tiz öwrenişýäris. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary kynçylyklarda paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Hawa, Ýehowanyň göreldesi we kada-kanunlary Onuň diňe bir Gudratygüýçli däl-de, eglişikli Hudaýdygyny hem subut edýär. w23.07 sah. 20, abz. 1—3
26-njy aprel, şenbe
Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy (Zeb. 94:19).
Mukaddes Kitapda Hudaý özüni enä meňzedýär (Işa. 66:12, 13). Göz öňüne getiriň, ene çagasyny mähir bilen gujagynda göterýär. Ol balasynyň ugrunda kökenek bolýar. Edil şonuň ýaly, biziňem kalbymyzda harasat gopanda, Ýehowa dadymyza ýetişýär. Biz ýalňyşsak-da, ol bizi söýýär (Zeb. 103:8). Gadymy döwürde ysraýyl halky Ýehowany gaýta-gaýta ynjytdylar. Emma Ýehowa toba eden halkyny bagyşlap: «Seni eziz görýärin, saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin» diýdi (Işa. 43:4, 5). Hudaýyň söýgüsi hiç haçan sowamaýar. Eger biz günä etsek, ýöne toba edip, Ýehowadan ötünç sorasak, ol bizi wepaly söýgüsi bilen çoýar we «doly bagyşlar» (Işa. 55:7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň günälerimizi bagyşlap, «ýüregimize rahatlyk» berjekdigi ýazylan (Res. 3:19). w24.01 sah. 27, abz. 4, 5
27-nji aprel, ýekşenbe
Hudaýym meni goldady (Hyd. 7:28).
Ýehowa bize her bir kynçylykda kömek etmäge taýyn. Aýdaly, siz kongresiň üç gününe barmak üçin başlygyňyzdan rugsat soramaly bolýarsyňyz. Ýa-da ýygnak duşuşyklarynyň ählisine gatnaşmak üçin iş wagtyňyzy üýtgetmegi haýyş etmeli bolýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda Ýehowa doga edip kömek soraň. Ýehowanyň goldaýşyna haýran galarsyňyz. Şeýlelikde, hak Allanyň sizi gelejekde hem goldajakdygyna şübhelenmersiňiz. Hydyr pesgöwünlilik bilen Hudaýdan kömek sorady. Hydyr etmeli işleri hakda biynjalyk bolýardy, şonda Hudaýa pesgöwünlilik bilen doga edýärdi (Hyd. 8:21—23; 9:3—5). Bütin halk Hydyry ýürekden goldady we onuň imanyndan görelde aldy (Hyd. 10:1—4). Siz hem: «Maşgalamy nädip eklärin? Nädip goraryn?» diýip, alada edýän bolsaňyz, pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek soraň. w23.11 sah. 18, abz. 15—17
28-nji aprel, duşenbe
Ybram Ýehowa iman etdi, şonuň üçin hem dogruçyl adam hasaplandy (1 Mus. 15:6).
Ýehowa bizden Ybraýym pygamber ýaly çadyrda ýaşamagy, gurbanlyk bermegi talap etmeýär. Emma biz ýagşy işleri etsek, imanymyzy iş ýüzünde görkezip bileris. Meselem, biz ýygnaga gelen myhmanlary gujak açyp garşy almaly, mätäç dogan-uýalara ýagşylyk etmeli we maşgala agzalarymyzy goldamaly. Şonda Ýehowany razy ederis (Rim. 15:7; 1 Tim. 5:4, 8; 1 Ýah. 3:18). Adamlara hoş habary wagyz etmek hem sogap iş hasaplanýar (1 Tim. 4:16). Şeýle-de biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine we onuň öwredýän zatlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanmaly. Şonda Ýehowa bizi dosty we dogruçyl adam hasaplar. w23.12 sah. 3, abz. 3; sah. 6, abz. 15
29-njy aprel, sişenbe
Dogumly hem erkek bol (1 Pat. 2:2, çykgyt).
Dawut pygamber ölmezinden öň, ogly Süleýmana şu günki aýatdaky sözleri aýtdy (1 Pat. 2:1, 3; çykgyt). Şu maslahat ähli doganlara degişli. Maslahata eýermek üçin Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmeli we şoňa görä ýaşamaly (Luka 2:52). Ýaş doganlar imanyny berkider ýaly näme üçin tagalla etmeli? Doganlar maşgalanyň we ýygnagyň diregi. Ýaş doganlar, siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Belki, siz uzak wagtly gulluk etmek, ýygnak hyzmatçysy we ýaşulusy bolmak hakda oýlanýansyňyz. Ýa-da öýli-işikli, çaga-çugaly bolmak hakda pikirlenýänsiňiz (Efes. 6:4; 1 Tim. 3:1). Eger siz imany berk mesihçi bolsaňyz, onda maksadyňyza ýetmek we borjuňyzy ýerine ýetirmek aňsat bolar. w23.12 sah. 24, abz. 1, 2
30-njy aprel, çarşenbe
Gedeýon... barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek (Ýew. 11:32).
Ýehowa halkynyň aladasyny etmegi ýaşululara tabşyrdy. Aladaçyl ýaşulular dogan-uýalara hyzmat etmegi uly hormat hasaplaýar we gowy çopan bolmak üçin elinde baryny edýär (Ýer. 23:4; 1 Pet. 5:2). Ýygnakda aladaçyl çopanlaryň bardygyna begenýäris. Ýaşulular, siz Gedeýon serdaryň göreldesine eýerip bilersiňiz (Ýew. 6:12). Ol Hudaýyň halkynyň aladasyny etdi we olara pena boldy (Ser. 2:16; 1 Tar. 17:6). Ýehowa şu kyn günlerde dogan-uýalaryň aladasyny etmegi ýaşululara tabşyrdy (Res. 20:28; 2 Tim. 3:1). Gedeýon serdar pespäldi, pesgöwünlidi we ol ýadaman-ýaltanman, Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirýärdi. Biz batyrgaý, edermen, zähmetsöýer ýaşulularyň bardygyna guwanýarys we her bir işde olary goldamaga taýyn bolýarys (Ýew. 13:17). w23.06 sah. 2, 3, abz. 1, 3