Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es25 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Her günki aýady okalyň — 2025
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, şenbe
  • 2-nji mart, ýekşenbe
  • 3-nji mart, duşenbe
  • 4-nji mart, sişenbe
  • 5-nji mart, çarşenbe
  • 6-njy mart, penşenbe
  • 7-nji mart, anna
  • 8-nji mart, şenbe
  • 9-njy mart, ýekşenbe
  • 10-njy mart, duşenbe
  • 11-nji mart, sişenbe
  • 12-nji mart, çarşenbe
  • 13-nji mart, penşenbe
  • 14-nji mart, anna
  • 15-nji mart, şenbe
  • 16-njy mart, ýekşenbe
  • 17-nji mart, duşenbe
  • 18-nji mart, sişenbe
  • 19-njy mart, çarşenbe
  • 20-nji mart, penşenbe
  • 21-nji mart, anna
  • 22-nji mart, şenbe
  • 23-nji mart, ýekşenbe
  • 24-nji mart, duşenbe
  • 25-nji mart, sişenbe
  • 26-njy mart, çarşenbe
  • 27-nji mart, penşenbe
  • 28-nji mart, anna
  • 29-njy mart, şenbe
  • 30-njy mart, ýekşenbe
  • 31-nji mart, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2025
es25 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, şenbe

Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir (Rim. 5:5).

Biz täze dünýäde ýaşamaýarys, emma täze dünýä hökman geler. Gök asmana, garaňky gijede ýagty saçýan ýyldyzlara, bag-bakjalara, guşlara we adamlara syn ediň. Olar birmahallar ýokdy, ýöne Ýehowanyň islegi bilen ýaradyldy. Ýehowa olara ýaşaýyş demini berdi. Hiç bir adam gözüniň görýänine hyýaly zatdyr öýtmez (1 Mus. 1:1, 26, 27). Edil şonuň ýaly, Ýehowa adamlary täze dünýäde ýaşatmak isleýär. Täze dünýäde adamlar tut ýaly sagdyn, kämil bolar we ebedi ýaşar. Eger Ýehowanyň älem-jahan hakdaky islegi ýerine ýeten bolsa, onda täze dünýä baradaky niýeti hem hökman amala aşar (Işa. 65:17; Ylh. 21:3, 4). Geliň, täze dünýä bolan imanymyzy her gün berkideliň. Munuň üçin Isanyň töleg gurbany, Ýehowanyň gudratly güýji hakda oýlanalyň we Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýalyň. Şonda biz Ýehowa «iman eden, sabyrly bolan, wadalaryny miras alan adamlar» bilen täze dünýäde ýaşarys (Ýew. 6:11, 12). w23.04 sah. 31, abz. 18, 19

2-nji mart, ýekşenbe

Maňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmedimmi? (Ýah. 11:40).

Isa göge seredip hemmeleriň öňünde Ýehowa doga edýär. Isa özüni däl-de, gökdäki Atasyny şöhratlandyrmak isleýärdi. Isa: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrýar (Ýah. 11:43). Şonda el-aýagy kepene dolangy Lazar mazardan çykýar. Şeýdip, Isa Hudaýyň gudraty bilen adamlar üçin mümkin däl zady edýär. Bu waka biziň direlişe bolan imanymyzy has-da berkidýär. Isa Marta: «Doganyň direler» diýipdi (Ýah. 11:23). Hawa, Isa pygamber hem Ýehowa ýaly ölen adamlary direltmek isleýär we muny etmäge güýji-de ýetýär. Biz muny nireden bilýäris? Isa hasrat çekýän adamlary görüp aglapdy we aradan çykanyna dört gün bolan dostuny direldipdi. Şeýdip, ol zalym duşman ölümi hemişelik ýok etjekdigini subut etdi. Isanyň şu günki aýatda Marta aýdan sözleri hakda oýlanyp görüň. Eger bizem direlişe iman etsek, Ýehowanyň şöhratyny göreris we gelejekde aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy bagrymyza basarys. w23.04 sah. 11, 12, abz. 15, 16

3-nji mart, duşenbe

Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine, Hudaýy ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr (Zeb. 145:18).

Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünsek, doga-dileglerimizi üýtgetmäge taýyn bolarys. Biz Ýehowanyň niýetini bellän wagtynda amala aşyrjakdygyny unutmaly däl. Ol adamzat durmuşyna awy gatan tebigy betbagtçylygy, keselçiligi we ölümi köki-damary bilen aýyrmak isleýär. Ol muny Patyşalygy arkaly eder (Dan. 2:44; Ylh. 21:3, 4). Ýöne Ýehowa häzir Şeýtanyň höküm sürmegine ýol berýär (Ýah. 12:31; Ylh. 12:9). Ýehowa adamlaryň kynçylyklaryny häzirden aýyrsa, Şeýtan gowy hökümdarlyk edýän ýaly görner. Şonuň üçin biz Ýehowanyň niýetiniň amala aşjak gününe sabyrly garaşmaly. Ýehowa bize hökman kömek eder. w23.05 sah. 8, abz. 4; sah. 9, 10, abz. 7, 8

4-nji mart, sişenbe

Her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz (Kol. 4:6).

Akýürekli adamlary Ýatlama agşamyna çagyryň. Siz Ýatlama agşamynyň çakylygyny diňe bir wagyzda duş gelýän adamlara däl-de, tanyş-bilişleriňize hem beriň. Belki, siz dogan-garyndaşlaryňyzyň, işdeşleriňiziň ýa-da synpdaşlaryňyzyň sanawyny düzersiňiz. Eger sizde çakylygyň çap edilen görnüşi az bolsa, onda elektron görnüşini berip bilersiňiz. Şonda siziň tagallaňyz ýerine düşer we köp adamlar Ýatlama agşamyna geler (Nes. 11:6). Çakylygy kabul eden adam öň ýygnak duşuşyklaryna baryp görmedik bolsa, belki-de, käbir soraglary berer. Biz onuň berip biläýjek soraglary hakda öňünden oýlanmaly. Gyzyklanýan adam Ýatlama agşamyna gelenden soňam käbir soraglary berip biler. Biz Ýatlama agşamyndan öň, şol döwür we ondan soň «ebedi ýaşamak isleýän» akýürekli adamlara elimizden gelýän kömegi etmeli (Res. 13:48). w24.01 sah. 12, abz. 13, 15; sah. 13, abz. 16

5-nji mart, çarşenbe

Siziň ýaşaýşyňyz ümür ýaly. Siz biraz wagtlyk peýda bolup, soňra ýitip gidýärsiňiz (Ýak. 4:14).

Mukaddes Kitapda sekiz adamyň ölümden direlendigi hakda ýazylan. Şahsy ýa-da maşgala okuwynda olar hakda gözleg geçiriň. Şol wakalary okanyňyzda nämeleri öwrenip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Olar Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýjüniň ýetýändigini we isleginiň bardygyny subut edýär. Şeýle-de Mukaddes Kitapda ýazylan sekiz direlişden düýbünden tapawutlanýan Isa pygamberiň direlişi hakda okaň. Isanyň direlenini 500-den gowrak adam gördi (1 Kor. 15:3—6, 20—22). Biz Ýehowa direliş hakda beren wadalary üçin örän minnetdar. Ýehowanyň wadasynda durjakdygyna asla şübhelenmän bileris. Ol ölen adamlary direltmek isleýär we muny etmäge güýji-de ýetýär. Geliň, direlişe bolan imanymyzy has-da berkitmek üçin tagalla edeliň. Şonda Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyz berkär. Ol biziň her birimize: «Aradan çykan dogan-garyndaşyň direler» diýip wada berýär (Ýah. 11:23). w23.04 sah. 8, abz. 2; sah. 12, abz. 17; sah. 13, abz. 20

6-njy mart, penşenbe

Hudaýyň öňünde päliňi pes tut (Mik. 6:8).

Pespällik we pesgöwünlilik häsiýetleri biri-biri bilen berk baglanyşykly. Pespäl adam özüni ýokary tutmaýar we mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Pesgöwünli adam başgalary özünden ýokary saýýar we olara hormat goýýar (Flp. 2:3). Adatça, pespäl adam pesgöwünli bolýar. Gedeýon pesgöwünli we pespäl adamdy. Bir gün perişde Gedeýonyň ýanyna gelip, ysraýyl halkynyň serdary bolmalydygyny we midýanlaryň elinden halas etmelidigini aýdýar. Şonda Gedeýon pesgöwünlilik bilen: «Men manaşanyň iň kiçi tiresinden, öýde meni hiç kim diňlemeýär» diýýär (Ser. 6:15). Gedeýon özüni serdar bolmaga mynasyp görmedi, emma Ýehowanyň ondan tamasy uludy. Gedeýon hak Allanyň kömegi bilen ysraýyl halkynyň gowy serdary boldy. Ýygnak ýaşululary pespäl we pesgöwünli bolmak üçin jan edýär (Res. 20:18, 19). Olar gazanan üstünligi, ukyp-başarnygy üçin özüni öwüp arşa çykarmaýar ýa-da goýberen ýalňyşlary üçin özüni kötekläp oturmaýar. w23.06 sah. 3, abz. 4, 5.

7-nji mart, anna

Ol seniň kelläňi mynjyradar (1 Mus. 3:15).

Isa Mesih Şeýtanyň «kellesini mynjyradar». Munuň üçin bolsa azyndan 1 000 ýyl geçmelidi (Ylh. 20:7—10). Ýöne öňürti Mukaddes Kitapda bütin ýer ýüzüni sarsdyrjak wakalaryň boljakdygy pygamberlik edildi. Birinjiden, milletler: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýip yglan eder (1 Sel. 5:2, 3). «Şol bada» uly betbagtçylyk başlar we milletler ýalan dini ýok etmek üçin aýaga galar (Ylh. 17:16). Belki-de, şondan soňra Isa adamlara höküm çykarar. «Çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, adamlary iki topara böler» (Mat. 25:31—33, 46). Ýöne Şeýtan gol gowşuryp oturmaz. Ol «Mäjit ýurdundaky Äjidi», ýagny milletleriň üýşmegini Hudaýyň halkyna garşy hüjüm etdirer (Hyz. 38:2, 10, 11). Şol döwür ýer ýüzünde ýaşaýan saýlanan mesihçileriň hemmesi göge alnar we Isa Mesihiň goşunynyň hataryna goşular. Soňra Armageddon söweşi başlar we uly betbagtçylyk tamamlanar (Mat. 24:31; Ylh. 16:14, 16). Iň soňunda bolsa Isa Mesih ýer ýüzüniň üstünden Müňýyllyk hökümdarlyk edip başlar (Ylh. 20:6). w23.10 sah. 20, 21, abz. 9, 10

8-nji mart, şenbe

Men ýaşlygymdan bäri Ýehowa ýürekden gulluk edýärin (1 Pat. 18:12).

Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýar. Olar döwlet işgärlerine hormat goýýar, emma ilki bilen Hudaýa tabyn bolýar (Mat. 22:21). Olar: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýen I asyrda ýaşan resullaryň göreldesine eýerýär (Res. 5:29). Olar yhlasly wagyz edýär we gizlinlikde ýygnak duşuşyklaryny geçirýär (Mat. 10:16, 28). Şeýle-de dogan-uýalara Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary eltip berýär. Geliň, Afrikanyň bir ýurdunda ýaşaýan Genri dogan hakda gürrüň edeliň. Onuň ýaşaýan ýurdunda birnäçe wagtlyk wagyz işi gadagan edilýär. Şol döwür Genri imandaşlaryna wagtly-wagtynda edebiýatlary eltip berýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aslynda çekinjeň adam, ýöne Ýehowadan gorky maňa batyrgaý bolmaga kömek etdi». Dogan-uýalar, siz hem Genriniň göreldesine eýerip batyrgaý bolup bilersiňizmi? Elbetde, eger Ýehowadan gorksaňyz, batyrgaý bolup bilersiňiz. w23.06 sah. 16, abz. 9, 11

9-njy mart, ýekşenbe

Bir adam arkaly günä... ähli adamlara geçdi (Rim. 5:12).

Adam ata bilen How ene gozgalaň turzanda Şeýtan heşelle kakyp, şeýle diýen ýalydy: «Indi Ýehowanyň ýer ýüzi we adamzat babatdaky niýeti amala aşmaz». Şeýtanyň pikiriçe, Ýehowanyň bary-ýogy iki çykalgasy bar. Birinjiden, ol Adam ata bilen How enäni ýok edip, ýerine başga kämil ynsan jübütini ýaradar. Eger Ýehowa şeýle edäýse-de, Şeýtan ony ýalançy diýip aýyplardy, sebäbi 1 Musa 1:28-de Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň» diýipdi. Şeýle-de Ýehowa Adam ata bilen How enä perzent dünýä indirip, ýer ýüzüni doldurmaga rugsat berer. Emma Şeýtan şonda-da Ýehowany aýyplap bilerdi, sebäbi Adam ata bilen How enäniň nesli bikämildi (Nes. 7:20; Rim. 3:23). Ýöne Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil hem dogruçyl neslinden dolmalydy. w23.11 sah. 6, abz. 15, 16

10-njy mart, duşenbe

Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň (1 Kor. 4:6).

Ýehowa şu günler Sözi we guramasy arkaly görkezme berýär. Biz görkezmeleriň üstüne öz düzgünlerimizi goşmakdan seresap bolmaly (Nak. 3:5—7). Biz Mukaddes Kitapda ýazylanlaryň çäginden çykmaly däl we şahsy meselede dogan-uýalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl. Şeýtan Iblis «boş zatlary, ýagny dünýäniň düşünjeleri» bilen adamlary aldawa salýar we agzalalyk döredýär (Kol. 2:8). I asyrda Şeýtan filosofiýa, Töwrada esaslanmadyk däp-dessurlar arkaly we mesihçiler ýygnagynda Musanyň kanuny öňe sürmek bilen käbirlerini aldawa saldy. Muňa näme üçin aldaw diýse bolar? Sebäbi Şeýtan şol usullar arkaly adamlaryň ünsüni akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowadan sowýar. Şeýtan şu günler hem habar beriş serişdeleri we Internet ulgamy arkaly şübheli, ýalan habarlary ýaýradýar. Köplenç şeýle habarlaryň arkasynda syýasy ýolbaşçylar durýar. w23.07 sah. 16, abz. 11, 12

11-nji mart, sişenbe

Eý Ýehowa, ajaýyp işleriň beýikdir, düşünjäň örän çuňdur! (Zeb. 92:5).

Ýehowa Şeýtanyň orta atan meselesini üýtgeşik usul bilen çözdi. Şeýtan oňa aňk-taňk bolandyr. Ýehowa Adam ata bilen How enäniň çagalarynyň dünýä inip, ýer ýüzüni doldurmagyna rugsat berdi. Şeýdip, ol ýalançy däl-de, dogruçyl Hudaýdygyny subut etdi. Şeýle-de ol «nesliň» peýda boljakdygyny pygamberlik etdi (1 Mus. 3:15; 22:18). Şol «nesil» adamzady günäden we ölümden halas etmelidi. Ýehowa adamlar üçin töleg töläp beýik söýgüsini subut etdi. Şeýtan muňa haýran galan bolmaly (Mat. 20:28; Ýah. 3:16). Sebäbi doňýürek Şeýtan söýginiň nämedigini bilmeýär. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Adam ata bilen How enäniň töleg gurbanyna iman edýän perzentleri kämil bolar. w23.11 sah. 6, abz. 17

12-nji mart, çarşenbe

Hudaý... höküm eder (Ýew. 13:4).

Biz Ýehowanyň gandan gaça duruň diýen tabşyrygyna gulak asýarys. Sebäbi ganda jan bar. Biz Allatagalanyň beren janyny gymmat saýmaly (3 Mus. 17:14). Ol Nuh pygambere haýwanlaryň etini iýmäge rugsat berende, ganyny ýere dökmegi tabşyrdy (1 Mus. 9:4). Musanyň kanunynda hem malyň etini gany bilen iýmek gadagan edildi (3 Mus. 17:10). I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ähli mesihçilere «gandan... gaça durmagy» tabşyrdy (Res. 15:28, 29). Biz bejergi almaly bolanymyzda gan goýbertmezligi ýüregimize berk düwmeli. Şeýle-de biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýarys. Pawlus resul: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy... öldüriň» diýdi. Ol ahlaksyz höweslere garşy aýgytly göreş alyp barmagy maslahat berdi. Şonuň üçin biz ahlaksyzlyga höweslendirýän zatlary görmeli däl we işleri etmeli däl (Kol. 3:5; Eýp. 31:1). w23.07 sah. 15, abz. 5, 6

13-nji mart, penşenbe

Ol ahyry Delilä syryny açdy (Ser. 16:17).

Delile her gün iňirdäp, Şimşonyň şeýle bir ýüregine düşýär welin, ol güýjüniň syryny aýdýar. Şimşon öz aýagy bilen duzaga düşer ýaly, söýgüden ýaňa gözleri gapylaýdymyka? Şeýlelikde, Şimşon Ýehowany gynandyrýar we onuň berýän güýjünden az wagtlyk mahrum bolýar (Ser. 16:16—20). Şimşon Ýehowa däl-de, Delilä ynanandygy üçin görgi baryny görýär. Piliştliler ony tutup gözlerini oýýar. Şimşon öň Gaza şäheriniň derwezesini söýeleri bilen goparyp äkidipdi. Indi bolsa şol şäheriň zyndanynda degirmen üweýär. Piliştliler Dagon taňrysynyň şanyna baýram edýärler. Olar Dagon taňrysynyň kömegi bilen Şimşony tutandyklaryna ynanýardylar. Baýramçylyk şatlyk-şowhun bilen dowam edýärdi. Piliştliler Şimşonyň üstünden gülmek üçin, ony zyndandan getirdip orta çykarýarlar (Ser. 16:21—25). w23.09 sah. 5, 6, abz. 13, 14

14-nji mart, anna

Hemmelere ýagşylyk etmek üçin jan ediň (Rim. 12:17).

Işdeşiňiz ýa klasdaşyňyz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygyňyza nägile bolup, siziň bilen dawalaşjak bolsa näme? Ony ünsli diňläp, garaýşyna hormat goýuň we nämäniň biynjalyk edýändigini biljek boluň (1 Pet. 3:15). Şonda siz onuň bilen mähirli we sypaýçylykly gepleşip bilersiňiz. Hatda onuň garaýşyny hem üýtgedip bilersiňiz. Işdeşiňiz sizden näme üçin doglan güni bellemeýändigiňizi soramagy mümkin. Şonda siz onuň näme maksat bilen soraýandygyny anyklaň. Belki, ol Ýehowanyň Şaýatlaryny durmuşdan yza galan, göwün açmaýan adam hasaplaýandyr. Siz oňa jogap bermäge howlukman, gaýtam oňa işgärleriň arasyndaky agzybirligi saklamak üçin jan edýändigi üçin minnetdarlyk bildiriň. Soňra mümkinçilikden peýdalanyp, Mukaddes Kitapdan doglan gün baradaky aýatlary okap beriň. w23.09 sah. 17, abz. 10, 11

15-nji mart, şenbe

Zalym adamlaryň nädogry pikirlerine aldanmaň. Olaryň yzyna eýerip, berk duran dogry ýoluňyzdan sowlaýmaň (2 Pet. 3:17).

Ýehowanyň bellän güni gelýänçä, halas ediş işine yhlasly gatnaşalyň, şeýle wajyp işe goşant goşmak biziň üçin uly hormat. Petrus resul Ýehowanyň gününe «bar ünsüňizi beriň» diýdi (2 Pet. 3:11, 12). Nädip? Biz her gün gelejekde aljak bereketlerimiz hakynda pikirlenmeli. Göz öňüne getiriň, siz arassa howadan dem alýarsyňyz, ýokumly ir-iýmişlerden hezil edip iýýärsiňiz, aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy gujak açyp garşy alýarsyňyz. Şeýle-de birnäçe asyr mundan öň dünýäden öten adamlara okuw geçip, Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini düşündirýärsiňiz. Şeýle zatlar hakda pikirlenmek Hudaýa iman etmeýän adamlaryň täsirine düşmezlige we sabyrly bolmaga kömek eder. Biz tizden boljak zatlary bilýändigimiz üçin, ahyrzamanyň boljakdygyna ynanmaýan adamlaryň täsirine düşmeris we hakykat «ýolundan sowulmarys». w23.09 sah. 27, abz. 5, 6

16-njy mart, ýekşenbe

Hudaýyň isleýşi ýaly ene-ataňyza gulak asyň, sebäbi şeýle etmek dogrudyr (Efes. 6:1).

Şu günler ýaşlara ene-atasyna gulak asmak kyn bolýar (2 Tim. 3:1, 2). Sebäbi olar ene-atasyny ikiýüzli hasaplaýar. Käbir ene-atalar çagalaryna: «Ony et, muny et» diýýär, ýöne özleri etmeýär. Käbir çagalar bolsa ene-atasyny durmuşdan yza galan, gözýetimi dar we öte talapkär hasaplaýar. Size-de gulak asmak kyn bolýarmy? Ýehowa Hudaý ýaşlara şu günki aýatdaky tabşyrygy berýär. Ene-ata gulak asmaga näme kömek eder? Ýaşlar, siz Isa pygamberiň göreldesine eýerip bilersiňiz (1 Pet. 2:21—24). Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asdy. Isanyň ene-atasy ýalňyşýardy, oglunyň ýagdaýyna düşünmeýärdi (2 Mus. 20:12). w23.10 sah. 7, abz. 4, 5

17-nji mart, duşenbe

Öňki kada-kanun gowşak we peýdasyz bolandygy üçin ýatyryldy (Ýew. 7:18).

Pawlus resul ýewreý mesihçilere Musanyň kanuny esasynda berlen gurbanlyklaryň günäleri doly ýuwmaýandygyny we şonuň üçin kanunyň «ýatyrylandygyny» düşündirdi. Soňra Pawlus olara käbir wajyp hakykaty gürrüň berdi. Pawlus olara Isa Mesihiň töleg gurbanyna esaslanan «ajaýyp umydynyň» bardygyny we şol umyt arkaly «Hudaýa ýakynlaşyp» bolýandygyny ýatlatdy (Ýew. 7:19). Pawlus ýewreý mesihçileriň edýän seždesiniň Musanyň kanunyna görä edilýän seždeden has dogrudygyny düşündirdi. Musanyň kanuny «gelejekde boljak zatlaryň kölegesidi, emma kölegäni döredýän Mesihdi» (Kol. 2:17). Kölege bir zadyň ýere düşýän saýasyny we şekilini görkezýär. Edil şonuň ýaly, Musanyň kanuny mesihçileriň edýän seždesiniň kölegesidi. Biz Ýehowanyň sežde etmek bilen bagly goýan çäresine düşünmeli. Şonda günämiz ýuwulýar we Ýehowa ýaramly sežde edip bileris. w23.10 sah. 25, abz. 4, 5

18-nji mart, sişenbe

Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Demirgazyk patyşasy... onuň üstüne çozar (Dan. 11:40).

Danyýar kitabynyň 11-nji babynda iki patyşanyň ýa-da iki syýasy güýçleriň biri-biri bilen söweşjekdigi ýazylan. Mukaddes Kitabyň beýleki pygamberlikleri «demirgazyk patyşasynyň» Russiýany we onuň tarapdarlaryny, «günorta patyşasynyň» bolsa Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. «Demirgazyk patyşasynyň» golastynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlaryny ýowuz yzarlaýarlar. Dogan-uýalaryň käbirini urup-ýençýärler, käbirlerini imany üçin türmä basýarlar. Emma olar «demirgazyk patyşasyndan» gorkmaýarlar, gaýtam olaryň imany has-da berkeýär. Sebäbi Danyýaryň pygamberliginiň ýerine ýetýändiginiň diri şaýady bolýarlar (Dan. 11:41). Eger bizem Danyýaryň şu pygamberliginiň ýerine ýetýändigine düşünsek, imanymyz berk bolar we gelejege bolan umydymyz üzülmez. w23.08 sah. 11, 12, abz. 15, 16

19-njy mart, çarşenbe

Halkyma degen gözümiň görejine degýändir (Zek. 2:8).

Ýehowa bizi ýürekden söýýär. Ol biziň nähili duýgulary başdan geçirýändigimizi bilýär we derrew dadymyza ýetişýär. Biz gaýgy-gama batanymyzda, Ýehowa hem gynanýar. Biz Ýehowa: «Meni gözüň göreji deý gora» diýip, doga edip bileris (Zeb. 17:8). Göz ynsan bedeniniň näzik we gerekli synasy. Ýehowa bizi gözüniň göreji hasaplap: «Eý halkym, eger biri sizi ynjytsa, meniň gözümiň görejine degýär» diýýär. Ýehowa biziň her birimizi aýratynlykda söýýär. Emma geçmişde başdan geçiren wakalarymyz sebäpli, Hudaýyň söýýändigine şübhelenmegimiz mümkin. Ýa-da agyr günleri başdan geçirýän wagtymyz, bize Hudaýyň söýýändigine ynanmak kyn bolup biler. Emma Ýehowa her birimizi aýratynlykda söýýändigine ynanmagymyzy isleýär. Ýehowa Isa pygamberi, saýlanan mesihçileri we ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlary söýýär. w24.01 sah. 27, abz. 6, 7

20-nji mart, penşenbe

Hudaý bizi goldap, ýolboýy duşmanlardan... gorady (Hyd. 8:31).

Hydyr Ýehowanyň halkyny goraýandygynyň diri şaýady boldy. B. e. öň 484-nji ýylda Haşaýar patyşa Pars imperiýasyndan ähli ýehudylary ýok etmeli diýen perman çykarýar. Şol wagtlar Hydyr Wawilonda ýaşan bolmaly, onuň janyna howp abanýardy (Est. 3:7, 13—15). Şonda «ähli welaýatlarda ýaşaýan ýehudylar... agyz beklediler, aglaşyp ýas tutdular» we Ýehowadan kömek sorap doga etdiler (Est. 4:3). Ýehowa olaryň dilegine jogap berdi. Hydyr mürze bilen ýehudylar duşmanlaryň öz gazan çukuryna özleriniň düşendigine begenendirler (Est. 9:1, 2). Şu ýagdaý Hydyryň imanyny berkitdi we Ýehowanyň gelejekde-de halkyny gorajakdygyna ynamyny artdyrdy. w23.11 sah. 17, abz. 12, 13

21-nji mart, anna

Adamyň eden işlerine garamazdan, Hudaýyň dogruçyl hasaplaýan bendesi... bagtly (Rim. 4:6).

Pawlus resul «işler» diýende Sinaý dagynda ysraýyl halkyna berlen Musanyň kanunyndaky işleri göz öňünde tutdy (Rim. 3:21, 28). I asyrda käbir ýehudy mesihçiler Musanyň kanunynyň ýatyrylandygy bilen ylalaşmaýarlar. Şol sebäpli Pawlus olara Ybraýym pygamber hakda gürrüň berýär. Ybraýym pygamber «kanunyň işlerini» berjaý edendigi üçin däl-de, Hudaýa iman edendigini üçin dogruçyl hasaplandy. Şu pikir bizi hem ruhlandyrýar. Sebäbi biz Musanyň kanunyny berjaý etmesek-de, Hudaýy razy edip bilýäris. Biz hak Alla we Isa pygambere iman edip dogruçyl hasaplanýarys. Ýakup şägirt «işler» diýende Musanyň kanunynda talap edilýän işleri göz öňünde tutmady. Ol mesihçileriň her gün etmeli işleri barada ýazdy (Ýak. 2:24). Mesihçiniň edýän işlerinden Hudaýa ýürekden iman edýändigi ýa-da iman etmeýändigi görünýär. w23.12 sah. 3, abz. 8; sah. 4, 5, abz. 10, 11

22-nji mart, şenbe

Är hem aýalyň başydyr (Efes. 5:23).

Mähriban uýalar, eger siz maşgala gurmak isleýän bolsaňyz, özüňize ýanýoldaş boljak ýigidi paýhasly saýlaň. Unutmaň, siz maşgala guranyňyzdan soňra äriňize doly tabyn bolmaly (Rim. 7:2; Efes. 5:33). Uýalar, şu soraglar özüňize mynasyp ýanýoldaş saýlamaga kömek eder: onuň imany berkmi? Patyşalyk işini birinji orunda goýýarmy? Akylly-paýhasly karara gelýärmi? Ýalňyşyny boýun alýarmy? Gelin-gyzlara hormat goýýarmy? Ol meniň Ýehowa bilen dostlugymy berkidermi? Maşgalany ekläp bilermi? Meniň duýgularyma düşünermi? Mähriban uýalar, siz bagtly maşgala gurmak isleseňiz, onda häzirden ýagşy häsiýetleri ösdüriň we ukyp-başarnykly boluň. Aýal maşgala äriniň «kömekçisi» bolmaly (1 Mus. 2:18). Ol Ýehowany ýürekden söýse, äriniň at-abraýyny artdyrar (Nak. 31:11, 12; 1 Tim. 3:11). Ýaş uýalar, siz Ýehowany ýürekden söýseňiz, dogan-garyndaşlaryňyzy we imandaşlaryňyzy goldasaňyz, ýanýoldaşyňyzyň hakyky kömekçisi bolarsyňyz. w23.12 sah. 22, 23, abz. 18, 19

23-nji mart, ýekşenbe

Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin (Ýak. 1:5).

Biz durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Esasanam, bütin ömrüňe täsir edýän kararlara gelmek üçin akyldarlyk gerek bolýar. Şeýle-de Ýehowa kynçylyklara çydamaga güýç berýär. Ol Pawlus resuly goldaýşy ýaly, bizi-de goldaýar (Flp. 4:13). Ýehowa dogan-uýalar arkaly kömek edýär. Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi: «Atam... şu käseden içirme» diýip doga edýär. Sebäbi ol Atasynyň adyna dil ýetirýän jenaýatçy hökmünde höküm edilmek islemeýärdi. Ýehowa Isa pygamberiň dilegine üýtgeşik ýol bilen jogap berýär. Ol perişdesini iberip, Isany ruhlandyrýar (Luka 22:42, 43). Edil şonuň ýaly, Ýehowa dogan-uýalar arkaly bizi ruhlandyrýar. Käte imandaşlarymyz jaň edip ýa-da myhmançylyga gelip, biziň göwnümizi galkyndyrýar. Geliň, bizem «hoş söz» aýdyp dogan-uýalary ruhlandyralyň (Nak. 12:25). w23.05 sah. 10, 11, abz. 9—11

24-nji mart, duşenbe

Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň (1 Sel. 5:11).

Wagyz etmeýän wagyzçylar Ýatlama agşamyna gelseler, gowy garşy almazlar öýdüp biynjalyk bolýandyr. Olar ýygnaga gelende utandyrýan, oňaýsyz ýagdaýa salýan ýa-da göwnüne degýän soraglary bermäliň. Olar biziň mähriban dogan-uýalarymyzdyr. Olar bilen Ýehowa sežde etmekden gowy zat ýok (Zeb. 119:176; Res. 20:35). Biz Isa pygamberiň Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrandygyna örän begenýäris. Sebäbi Ýatlama agşamy döwri ruhlanýarys we adamlara kömek edýäris (Işa. 48:17, 18). Biziň Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere söýgimiz has-da artýar. Olaryň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek üçin elimizde baryny edýäris. Biz dogan-uýalary hem ýürekden söýýäris. Akýürekli adamlara töleg gurbanyna iman edip, ebedi ýaşar ýaly wagyz edýäris. Geliň, iň wajyp güne, ýagny Ýatlama agşamyna häzirden taýýarlanalyň! w24.01 sah. 14, abz. 18, 19

25-nji mart, sişenbe

Men, Ýehowa... ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn (Işa. 48:17).

Ýehowa bize Sözi arkaly ýol görkezýär. Şeýle-de ol ýer ýüzündäki wekilleri arkaly görkezme berýär. Meselem, «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» bize edebiýatlar arkaly dogry kararlara gelmäge kömek edýär (Mat. 24:45). Etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalary ruhlandyrýar hem-de maslahat berýär. Biz Ýehowanyň Mukaddes Kitap we wekilleri arkaly görkezme berýändigine örän minnetdar! Eger biz Ýehowanyň görkezmelerine eýersek, ony razy ederis we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmarys. Bize käte Ýehowanyň görkezmesine eýermek kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa bikämil adamlar arkaly görkezme berýär. Emma şuny unutmaly däl: her bir görkezme Ýehowadandyr we olara eýermek peýdalydyr. w24.02 sah. 20, abz. 2, 3

26-njy mart, çarşenbe

Biz diňe sözde we dilde däl-de, iş ýüzünde hem-de hakykatdan söýmelidiris (1 Ýah. 3:18).

Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak we oýlansak Ýehowany ýürekden söýeris. Mukaddes Kitapdan bir wakany okanyňyzda, Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanyň we özüňize şeýle soraglary beriň: «Şu waka Ýehowanyň meni söýýändigini nädip subut edýär? Şu waka Hudaýa bolan söýgümi iş ýüzünde görkezmäge nädip höweslendirýär?» Biz her gün Ýehowa doga-dileg etsek, Oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 25:4, 5). Ýehowa ak ýürekden edilýän dileglere jogap berýär (1 Ýah. 3:21, 22). Biz adamlary ýürekden söýmeli. Mesihçi bolanyna birnäçe ýyl bolanda, Pawlus resul ýaş ýigit Timoteos bilen tanyşýar. Timoteos Ýehowany we imandaşlaryny ýürekden söýýärdi. Pawlus filipililere ýazan hatynda: «Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur» diýdi (Flp. 2:20). Pawlus Timoteosyň imandaşlaryny ýürekden söýýändigini nygtap geçdi. Dogan-uýalar hem Timoteosyň söýgüsini duýýardylar we onuň indiki gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar (1 Kor. 4:17). w23.07 sah. 9, abz. 7—10

27-nji mart, penşenbe

Men seni... hiç wagt taşlamaryn (Ýew. 13:5).

Ysraýyl halky Wada edilen ýurda girmänkä, Musa pygamber aradan çykýar. Indi Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk eder? Ýehowa wepaly halkyny hiç haçan taşlamaz. Musa pygamber Ýuşa birnäçe ýyllap tälim berýär (2 Mus. 33:11; 5 Mus. 34:9). Musa aradan çykmanka, Ýehowa oňa Ýuşany baştutan edip saýlamagy tabşyrdy. Şeýle-de ysraýyl halkynyň aladasyny etjek paýhasly, başarjaň müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar we onbaşylar bardy (5 Mus. 1:15). Hawa, Ýehowa halkynyň aladasyny etdi. Şeýle ýagdaý Ylýas pygamberiň döwründe-de bolupdy. Ol Ysraýylda arassa seždäniň dikeldilmegi üçin elinde baryny etdi. Bir gün Ýehowa Ylýas pygambere Ýahudada gulluk etmegi tabşyrýar (2 Pat. 2:1; 2 Tar. 21:12). Ýöne Ýehowa on taýpaly ysraýyl halkyny ýeke goýmady. Ol Ylýasa derek Alyşany pygamber edip belledi. Ylýas pygamber Alyşa köp zatlary öwredýär. Ýehowa olar arkaly halkyna görkezme berdi. w24.02 sah. 5, abz. 12

28-nji mart, anna

Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň (Efes. 5:8).

Efesdäki mesihçiler ýalan diniň we ahlaksyzlygyň tümlüginden ýagtylyga çykdylar (Zeb. 119:105). Olar Ýehowa sežde etdiler, ony razy edip ýaşadylar we «Hudaýdan görelde aldylar» (Efes. 5:1). Käbir adamlar Ýehowany tanamanka ýalan diniň we ahlaksyzlygyň tümlüginde ýaşaýardy. Olar dini baýramçylyklary belleýärdi we ahlaksyzlyk edýärdi. Emma olar Ýehowanyň ýagşy we ýaman babatdaky kanunlaryny öwrenip, durmuşyny bütinleý üýtgetdiler. Olar Ýehowanyň beren ýokary ahlak kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny etdiler. Şeýlelikde, köp bereket aldylar (Işa. 48:17). Emma olar munuň bilen çäklenmeli däl. Ýehowany razy etmek isleýän adamlar tümlüge dolanmazlyk üçin we ýagtylykda gezmek üçin elinde baryny etmeli. w24.03 sah. 21, 22, abz. 6, 7

29-njy mart, şenbe

Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).

Megerem, siz özüňizi Hudaýa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge taýýar görýän dälsiňiz. Belki, siz gylyk-häsiýetleriňizi üýtgetmeli we käbir erbet endikleri goýmaly bolarsyňyz. Ýa-da size Ýehowa berk iman etmek üçin wagt gerekdir (Kol. 2:6, 7). Şuny ýadyňyzdan çykarmaň, hemme adamyň ruhy taýdan ösüşi deň bolmaýar. Şeýle-de ýaşlaryň ählisi belli bir ýaşda suwa çümdürilmäge taýýar bolmaýar. Şonuň üçin imanyňyzy barlaň, güýjüňiziň ýetýän zadyny anyklaň we özüňizi başgalar bilen deňeşdirmäň (Gal. 6:4, 5). Eger siz özüňizi Ýehowa bagyş etmäge taýýar hasaplamaýan bolsaňyz, gol gowşuryp oturmaň, gerekli özgerişlikleri ediň. Ýehowa edýän tagallaňyza ak pata berer ýaly, ondan kömek soraň (Flp. 2:13). Ýehowanyň dogaňyza jogap berjekdigine, şu wajyp ädimi ätmäge kömek etjekdigine ynamly boluň (1 Ýah. 5:14). w24.03 sah. 5, abz. 9, 10

30-njy mart, ýekşenbe

Ärler, siz hem paýhasly bolup, aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň (1 Pet. 3:7).

Bir güni Bibisarany bir mesele biynjalyk edýär. Hatda ol gaharlanyp, Ybraýymy günäkärleýär. Ybraýym Bibisaranyň hemişe goldaýandygyny we ýürekden tabyn bolýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol aýalynyň sözüni bölmän diňleýär we meseläni çözmek üçin elinde baryny edýär (1 Mus. 16:5, 6). Ärler, Ybraýym pygamberden näme öwrenip bilersiňiz? Siz maşgalanyň başy (1 Kor. 11:3). Siz wajyp karara gelmezden öň, aýalyňyzyň pikirini diňläň. Esasanam, mesele aýalyňyz bilen bagly bolanda, onuň garaýşyny göz öňünde tutuň (1 Kor. 13:4, 5). Başga bir gün Ybraýym ýat adamlary myhman alýar. Şonda ol aýalyna: «Derrew iň gowy undan üç kersen hamyr ýugrup, çörek bişir» diýýär (1 Mus. 18:6). Bibisara ýeňini çermäp işe girişýär. Aýallar, siz äriňiziň gelýän kararlaryny goldap, Bibisaranyň göreldesine eýerip bilersiňizmi? Eger şeýtseňiz, maşgalaňyzyň bagtly bolmagyna goşant goşarsyňyz (1 Pet. 3:5, 6). w23.05 sah. 24, 25, abz. 16, 17

31-nji mart, duşenbe

Gökden inýän akyldarlyk bolsa... gulak asmaga taýyndyr (Ýak. 3:17).

Gedeýon serdar bellenenden soňra batyrgaý, dogumly bolmalydy we Ýehowanyň tabşyryklaryna ýürekden gulak asmalydy. Ýehowa oňa Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumurmagy buýurýar (Ser. 6:25, 26). Soňra Gedeýon Ýehowanyň emri bilen ägirt uly goşun ýygnaýar. Emma Ýehowa oňa iki sapar goşuny azaltmagy tabşyrýar (Ser. 7:2—7). Şeýle-de Ýehowa oňa duşmanlaryň üstüne ýarygije hüjüm etmelidigini aýdýar (Ser. 7:9—11). Ýaşulular «gulak asmaga taýyn bolmaly». Gulak asýan ýaşulular Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna we Hudaýyň guramasynyň berýän görkezmelerine höwes bilen eýerýär hem-de dogan-uýalara gowy görelde bolýar. Emma käte ýaşululara gulak asmak kyn bolup biler. Belki, olar görkezmeleriň tiz-tizden berilýändigi we üýtgäp durýandygy sebäpli hemmesini okap ýetişýän däldir ýa-da görkezmeleriň peýdalydygyna şübhelenýändir. Käbirleri bolsa azatlykdan mahrum ediljegini bilse-de, kyn ýumşy ýerine ýetirmeli bolýandyr. Ýaşulular Gedeýon serdaryň göreldesine nädip eýerip biler? Guramanyň görkezmelerini okaň we olara eýeriň. w23.06 sah. 4, 5, abz. 9—11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş