Noýabr
1-nji noýabr, şenbe
Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar (Mat. 21:16).
Ene-atalar, çagalaryňyzy ýygnakda jogap bermäge taýýarlaň. Emma olaryň ýaşyny göz öňünde tutuň. Käte ýygnakda är-aýal gatnaşyklary ýa-da ahlak kadalary barada makalalary öwrenýäris. Ýöne şol makalalarda hem çagalara jogap berer ýaly abzaslar bolýar. Şeýle-de çagalaryňyza her abzasda jogap berip bilmejekdigini düşündiriň. Şonda alyp barýan dogan başgalardan sorasa, çagalaryňyz hiç kimden öýkelemez (1 Tim. 6:18). Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Nak. 25:11). Käte ýygnakda jogap berenimizde başdan geçiren wakamyzy aýdyp bileris, emma özümiz hakda aşa köp gürrüň bermeli däl (Nak. 27:2; 2 Kor. 10:18). Biz Ýehowany şöhratlandyrmaly, Onuň Sözüne salgylanmaly we halkyna kömek edişi hakda jogap bermeli (Ylh. 4:11). w23.04 sah. 24, 25, abz. 17, 18
2-nji noýabr, ýekşenbe
Başga adamlar ýaly uklamalyň, hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň (1 Sel. 5:6).
Söýgi häsiýeti oýa bolmaga we sagdyn pikirlenmäge kömek edýär (Mat. 22:37—39). Eger biz Ýehowany söýsek, kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz ederis (2 Tim. 1:7, 8). Hak Allanyň ýaradan bendelerini söýsek, öýden-öýe, telefon we hat arkaly ýadaman wagyz ederis. Adamlar hoş habary diňlemese-de, olardan umydymyzy üzmeris. Belki-de, bir gün olar Ýehowa iman eder we doganymyz ýa-da uýamyz bolar (Hyz. 18:27, 28). Biz söýgi sowudyny geýsek, dogan-uýalary ruhlandyrarys we berkideris (1 Sel. 5:11). Bir goşunda gulluk edýän esgerler biri-birini goldaýarlar we ruhlandyrýarlar. Emma söweş gidip durka, esger ýoldaşyny tötänden ýaralap biler. Ýöne ol bilgeşleýin ýoldaşynyň arkasyna pyçak urmaz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalar hem tötänden göwnümize degip biler, ýöne bilgeşleýin ýüregimize ýara salmaz (1 Sel. 5:13, 15). Şeýle-de biz söýgi sowudyny geýsek, ýaşuly doganlara hormat goýarys (1 Sel. 5:12). w23.06 sah. 10, abz. 6; sah. 11, abz. 10, 11
3-nji noýabr, duşenbe
Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi? (4 Mus. 23:19).
Ýehowanyň täze dünýä barada beren wadasyna ýürekden iman etmek üçin, birinjiden, Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly. Töleg gurbany täze dünýäniň boljakdygyna kepil geçýär. Biz: «Ýehowa töleg gurbany näme üçin berdi? Ol nämelerden geçdi?» diýen soraglar hakda oýlansak, täze dünýäde ýaşajakdygymyza asla şübhelenmeris. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Ol ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber kämil bolup dünýä indi. Ol köp kynçylyklara döz geldi we ony gynap öldürdiler. Eger adamlar 70-80 ýyl ýaşap ölmeli bolsa, Hudaý olar üçin söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bererdimi? Elbetde, ýok! (Ýah. 3:16; 1 Pet. 1:18, 19). Hudaýyň şeýle gymmat töleg tölemegi adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýändigini subut edýär. w23.04 sah. 27, abz. 8, 9
4-nji noýabr, sişenbe
Eý ölüm, hany seniň zäheriň? (Hoş. 13:14).
Ýehowa ölen adamlary direltmek isleýärmi? Elbetde, ol ençeme pygamberlerine ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Işa. 26:19; Ylh. 20:11—13). Ýehowa beren wadasynda durýar, her bir aýdan sözüni berjaý edýär (Ýuşa 23:14). Ýehowa ölen adamlary direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eýýup pygamber aradan çyksa-da, Ýehowanyň direltjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Meni küýsärsiň, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň» diýdi (Eýp. 14:14, 15). Ýehowa diňe Eýýup pygamberi däl, başga-da wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hak Alla olaryň janlarynyň tut ýaly sagdyn bolup, bagtly we ebedi ýaşamagyny isleýär. Onda milliardlarça Ýehowany tanaman ölen adamlar direlermi? Elbetde, Ýehowa olaram direltmek isleýär (Res. 24:15). Gelejekde olaryň Ýehowany tanap, ýakyndan dostlaşmaga we ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar (Ýah. 3:16). w23.04 sah. 9, abz. 5, 6
5-nji noýabr, çarşenbe
Hudaýymyz güýç-kuwwat berer (Zeb. 108:13).
Gelejege bolan umydymyz nädip güýjümize güýç goşýar? Mukaddes Kitapdan Jennet hakdaky aýatlary okap oýlanyň (Işa. 25:8; 32:16—18). Gelejekde durmuşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Şonda siziň gelejege bolan umydyňyz has-da berkär we häzirki «kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyn hem ýeňildigine» düşünersiňiz (2 Kor. 4:17). Hawa, Ýehowa Atamyz gelejege bolan umyt arkaly güýjümize güýç goşýar. Ol biziň güýç-kuwwat almak üçin näme etmelidigimizi Mukaddes Kitaba ýazdyrypdyr. Biz Hudaýa ýürekden doga etmeli, edebiýatlardan gözleg geçirmeli, imandaşlarymyzyň berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul etmeli we ajaýyp gelejegiň boljagyna umyt etmeli. Şonda biz borçlarymyzy gowy ýerine ýetireris, kynçylyklara döz geleris we Hudaýa şatlyk bilen gulluk ederis. Biz «onuň (Hudaýyň) gudratly güýji arkaly berkäris we sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11). w23.10 sah. 17, abz. 19, 20
6-njy noýabr, penşenbe
Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň (1 Sel. 5:18).
Ýehowa minnetdar boluň. Ýehowa minnetdar bolmak üçin bizde ençeme sebäpler bar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň «her bir gowy we kämil sowgady» berendigi hakda ýazylan (Ýak. 1:17). Meselem, ol owadan Ýer şaryny, gözel tebigaty ýaratdy we bize ýaşaýyş demini, gelejege bolan umydy berdi. Şeýle-de biz hak Hudaýyň maşgala agzalarymyzy we dost-ýarlarymyzy penasynda aman saklaýandygy üçin, Oňa minnetdar bolup bileris. Galyberse-de, biziň bilen dostlaşýandygy üçin Ýehowa sag bolsun aýtmaly. Ýehowa minnetdarlyk bildirip doga etmek üçin, Onuň eden ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Biz gadyrbilmez adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olar baryna kaýyl bolman, öz bähbidine çapýar. Eger biz seresap bolmasak, olaryň täsirine düşeris we doga edenimizde Ýehowa minnetdar bolman, diňe öz isleg-arzuwlarymyzy aýdarys. Geliň, gadyr bilmez adamlara meňzemäliň! Her gün Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolalyň (Luka 6:45). w23.05 sah. 4, abz. 8, 9
7-nji noýabr, anna
Ol iman bilen dilesin, asla şübhelenmesin (Ýak. 1:6).
Gökdäki Atamyz biziň jebir-jepa çekmegimizi islemeýär (Işa. 63:9). Elbetde, ol «derýa» we «ot» ýaly kynçylyklardan goramaýar (Işa. 43:2). Emma «derýadan» we «otdan» sag-aman geçjekdigimizi wada berýär. Hudaý bilen dostlugymyzy hiç bir synag ýa-da hiç bir kynçylyk bozup bilmez, sebäbi Ol döz geler ýaly mukaddes ruhuny berýär (Luka 11:13; Flp. 4:13). Hawa, biz Ýehowanyň islendik kynçylyga döz gelmäge we wepaly bolmaga kömek etjekdigine doly ynamly bolup bileris. Ýehowa özüne bil baglamagymyzy isleýär (Ýew. 11:6). Käte kynçylyklar beýik diwar ýaly ýolumyzy baglaýar. Şonda biz: «Ýehowa kömek edermikä?» diýip şübhelenmegimiz mümkin. Emma Mukaddes Kitapda Hudaýyň kömegi bilen «diwardan aşyp geçjekdigimiz» wada berilýär (Zeb. 18:29). Şol sebäpli şübhelenmegiň deregine, Allatagalanyň doga-dilegimize jogap berjekdigine ynanmaly we ýürekden iman etmeli (Ýak. 1:6, 7). w23.11 sah. 22, abz. 8, 9
8-nji noýabr, şenbe
Söýgiň ody — Ýahyň ýalny. Söýgini suw söndürmez, derýa-deňiz gark etmez (Aýd. 8:6, 7).
Nähili jaýdar aýdylan sözler! Şu sözler sizi ruhlandyran bolsa gerek! Hakyky söýgini hiç bir zat söndürip bilmez. Är-aýallar, sizem bütin ömrüňize bir-biriňizi janyňyz-teniňiz bilen söýüp bilersiňiz. Är-aýal biri-birini jany-teni bilen söýse, maşgala ojagynda söýgi hiç haçan sowamaz. Eger oda odun taşlap dursaň, ot ýanar durar, emma odun taşlamasaň derrew söner. Är-aýal hemişe biri-biriniň aladasyny etse, olaryň söýgüsi hiç haçan sowamaz. Käte maşgalada pul ýetmezçiligi, keselçilik we çaga terbiýelemek ýaly kynçylyklar döreýär. Şeýle ýagdaýda maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagy üçin «Ýahyň ýalny» gerek. Eger är-aýal Ýehowa ýürekden iman etse, biri-birini jany-teni bilen söýer. w23.05 sah. 20, 21, abz. 1—3
9-njy noýabr, ýekşenbe
Gorkma! (Dan. 10:19).
Biz batyrgaý bolar ýaly näme edip bileris? Ene-atamyz batyrgaý bolsa, biz hem mert bolarys öýtmeli däl, sebäbi batyrgaýlyk nesilden-nesle geçmeýär. Mert bolmagy öwrenmek täze kär öwrenmek ýalydyr. Adam bir käri öwrenende halypasynyň edýän işini ünsli synlaýar, soňra edil şonuň ýaly etjek bolýar. Bizem mert adamlar hakda okasak we olaryň göreldesine eýersek, dogumly bolup bileris. Biz Danyýar pygamber ýaly, her gün Mukaddes Kitaby okap oýlanmaly. Ýehowa ýürekden doga edip, onuň bilen dostlaşmaly we kyn ýagdaýlarda goldajakdygyna ynamly bolup bil baglamaly. Şonda islendik synaglara mertlik bilen döz geleris. Biz batyrgaý bolsak, adamlaryň hormatyny gazanarys we olara Ýehowany tanamaga kömek ederis. Dogrudan-da, batyrgaýlyk — uly baýlyk! w23.08 sah. 2, abz. 2; sah. 4, abz. 8, 9
10-njy noýabr, duşenbe
Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň (1 Sel. 5:21).
«Barlamak» diýen grek işligi altynyň ýa-da kümşüň saplygyny anyklamak üçin barlamagy aňladýar. Biz eşidýän we okaýan habarlarymyzyň çynmy ýa ýalandygyny barlamaly. Şu maslahat dünýäniň soňunda ýaşaýan mesihçiler üçin has-da wajyp! Biz her bir aýdylýan habara derrew ynanmaly däl. Gaýtam okaýan we eşidýän zatlarymyzy Mukaddes Kitapda hem-de Ýehowanyň guramasynda aýdylýanlar bilen deňeşdirmeli. Şonda biz jynlaryň ýalan habaryna ynanmarys (Nak. 14:15; 1 Tim. 4:1). Biz uly märekäniň Armageddondan sag-aman geçjekdigine doly ynanýarys. Emma özümize näme boljagyny bilmeýäris (Ýak. 4:14). Belki, biz uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris ýa-da ondan öň aradan çykarys. Ýöne Ýehowanyň her birimize ebedi ýaşaýşy peşgeş berjegini unutmalyň. Geliň, Ýehowanyň berjek ajaýyp durmuşyna umyt edip ýaşalyň we Onuň gününe taýyn bolalyň. w23.06 sah. 13, abz. 15, 16
11-nji noýabr, sişenbe
Ýehowa... syryny açman hiç zat etmez (Amos 3:7).
Biz Mukaddes Kitapda ýazylan käbir pygamberlikleriň nädip ýerine ýetjegini bilmeýäris (Dan. 12:8, 9). Emma biz düşünsek-de, düşünmesek-de pygamberlikler hökman ýerine ýeter. Bir zady unutmalyň, Ýehowa geçmişde edişi ýaly, şu günler hem biziň bilmeli pygamberliklerimizi öz wagtynda düşündirer. «Adamlar: „Parahatlyk we howpsuzlyk!“» diýip yglan ederler (1 Sel. 5:3). Syýasy ýolbaşçylar ýalan dinleri ýok eder (Ylh. 17:16, 17). Soňra Hudaýyň halkyna topular (Hyz. 38:18, 19). Şonda Armageddon söweşi başlar (Ylh. 16:14, 16). Biz şu pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Geliň, şol güne çenli Ýehowany razy edip ýaşalyň, Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini öwreneliň we akýürekli adamlara pygamberliklere düşünmäge kömek edeliň. w23.08 sah. 13, abz. 19, 20
12-nji noýabr, çarşenbe
Mundan beýläk-de birek-biregi söýeliň! Sebäbi söýgi Hudaýdandyr (1 Ýah. 4:7).
Pawlus resul iman, umyt we söýgi häsiýetleriniň wajypdygyny aýtdy. Emma: «Olaryň iň beýigi söýgüdir» diýdi (1 Kor. 13:13). Näme üçin? Sebäbi gelejekde Hudaýyň wadalary amala aşanda, olara iman etmek gerek bolmaz, umytly garaşmak hem gerek bolmaz. Emma biz Ýehowany we onuň halkyny elmydama söýmeli. Biziň olara bolan söýgimiz gün-günden artmaly. Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek, birinjiden, Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut edýäris. Sebäbi ol: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Ikinjiden, dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirlige goşant goşýarys. Pawlus: «Söýgi ähli adamlary agzybir edýär» diýdi (Kol. 3:14). Üçünjiden, Hudaýy söýýändigimizi subut edýäris. Ýahýa resul: «Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli» diýdi (1 Ýah. 4:21). w23.11 sah. 8, abz. 1, 3
13-nji noýabr, penşenbe
Egnimizdäki her bir ýüki... taşlalyň (Ýew. 12:1).
Mukaddes Kitapda mesihçiler ýaşaýyş ýolunda ylgaýan türgenlere meňzedilýär. Biz ylgap pellehana ýetsek ebedi ýaşaýyş sylagyny alarys (2 Tim. 4:7, 8). Şu günler bar güýjüň bilen ylgamaly. Sebäbi gün-günden pellehana ýetip barýarys. Pawlus resul: «Egnimizdäki her bir ýüki... taşlap, öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň» diýip maslahat berýär. Onuň maslahatyna eýersek pellehana ýetip ýeňiş gazanarys. Onda mesihçiler hiç hili ýüki götermeli dälmi? Pawlus beýle diýjek bolmady. Ol ylgaw ýolunda päsgel berýän we badymyzy gowşadýan ýükleri taşlamalydygymyzy aýtdy. Biz ylgamaga päsgel berýän ýükleri anyklamaly we olary taşlamaly. Emma biziň götermeli ýüklerimiz hem bar. Olary götermesek, ýaryşyň şertlerini ýerine ýetirip bilmeris (2 Tim. 2:5). w23.08 sah. 26, abz. 1, 2
14-nji noýabr, anna
Özüňizi diňe bir... gymmatbaha eşikler bilen (bezemäň) (1 Pet. 3:3).
Biz eglişikli bolsak dogan-uýalaryň pikirine we garaýşyna hormat goýarys. Meselem, käbir uýalar boýanmagy, özüne timar bermegi gowy görýär, käbirleri bolsa asla boýanmaýar. Mesihçileriň käbiri çägini bilip spirtli içgileri içýär, başgalary bolsa asla içmeýär. Biziň ählimiz jan-saglygymyzyň aladasyny edýäris. Ýöne alýan bejergilerimiz dürli-dürli bolup biler. Eger biz öz kararymyzy, pikirimizi hemmeleriňkiden dogry we gowy hasaplasak, sözümizi gögertjek bolarys, dogan-uýalary büdrederis we ýygnakda agzalalyk dörederis (1 Kor. 8:9; 10:23, 24). Ýehowa hemme adamlara belli bir biçüwde we reňkde egin-eşik geýmegi tabşyrmady. Ýöne Mukaddes Kitaby okanymyzda egin-eşik babatda Ýehowanyň garaýşyna düşünip bilýäris. Hawa, biz «sagdyn düşünjeli» bolup, gelşikli we salykatly egin-eşikleri geýmeli (1 Tim. 2:9, 10). Biz geýnişimiz we timar berişimiz bilen adamlaryň ünsüni özümize çekmeli däl. Ýaşulular hem şu babatda belli bir düzgünleri girizmeli däl. w23.07 sah. 23, 24, abz. 13, 14
15-nji noýabr, şenbe
Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň, tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn (Işa. 55:2).
Eziz Atamyz biziň akyldar bolmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar gizlinlikde ahlaksyzlyk edýär we keýp çekip ýaşaýar. Şeýdip, olar öz aýagy bilen «mazara inýär» (Nak. 9:13, 17, 18). Akyldar aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar köp bereket alýar (Nak. 9:1). Biz Ýehowanyň giňden ýazan toý saçagyndan naharlansak, gökdäki Atamyzyň söýýän zatlaryny söýeris we ýigrenýän zatlaryny ýigreneris (Zeb. 97:10). Şeýle-de biz akýürekli adamlara Ýehowanyň akyldarlygy hakda wagyz ederis. Biz göýä şäher diňlerine çykyp: «Eý tejribesizler, bärik geliň!» diýýän ýaly bolarys. Akyldarlyga gulak assak, biziň özümiz hem, hoş habara seslenýän adamlar hem köp bereket alar. Şeýle-de biz gelejekde ebedi ýaşarys we düşünje ýolundan müdimilik ýöräris (Nak. 9:3, 4, 6). w23.06 sah. 24, 25, abz. 17, 18
16-njy noýabr, ýekşenbe
Giň göwünli adam pälwandan rüstemdir, özüne erk edýän adam serkerdeden güýçlüdir (Nak. 16:32).
Sizden synpdaşyňyz ýa-da işdeşiňiz uýýan diniňiz barada soradymy? Şonda özüňizi nähili duýduňyz? Belki, aljyrap näme aýdyp, näme goýjagyňyzy bilen dälsiňiz. Siz derrew jogap bermän, sabyrly boluň we onuň şol soragy näme üçin berendigi hakda pikirleniň. Şonda mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edersiňiz. Käbir adamlar biz barada erbet zatlary eşidendigi üçin gaharymyzy getirjek ýa-da dawalaşjak bolup sorag berýärler (Res. 28:22). Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz, adamlaryň zalymdygy we eglişik etmeýändigi aýdylýar (2 Tim. 3:1, 3). Aýdaly, biri siziň bilen dawalaşmak üçin dini ynançlaryňyz hakda sorag baryny berýär. Şonda näme edersiňiz? Şeýle ýagdaýda gödek däl-de, ýumşak adam boluň. Ýumşak adam aýdýan zatlary bilen ylalaşmasalar gödek gepleşmeýär, özüne erk edýär we jogap bermäge howlukmaýar. w23.09 sah. 14, abz. 1, 2
17-nji noýabr, duşenbe
Olary dünýäniň ähli künjeginde han edip bellärsiň (Zeb. 45:16).
Guramanyň berýän maslahatlary janymyzy bela-beterden goraýar. Käte bize «baýlygyň ugrunda hars urmaň» we «Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmaň» diýip maslahat berilýär (Işa. 48:17, 18; 1 Tim. 6:9, 10). Ýehowa uly betbagtçylykda we Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda wepaly doganlar arkaly görkezme berer. Şol döwür doganlar görkezme berse, olara eýererismi? Eger biz häzirden doganlara gulak asmagy öwrensek, olara gelejekde-de gulak asmak kyn bolmaz. Geliň, Ýehowanyň wepaly doganlar arkaly berýän görkezmesine eýereliň! (Işa. 32:1, 2; Ýew. 13:17). Şonda ýolbelet Hudaýymyz Ýehowa howp-hatardan doly dünýäde ýol görkezer we täze dünýä alyp barar. w24.02 sah. 25, abz. 17, 18
18-nji noýabr, sişenbe
Ýagşylyk edip halas etdi (Efes. 2:5).
Pawlus resul Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärdi. Emma ol köp kynçylyklara-da döz gelmeli boldy. Ol ýat ýurtlara, ýat illere wagyz etmäge giderdi. Pawlus resula uzak ýollary sökmek aňsat bolmady. Sebäbi ol birnäçe sapar talaňçylaryň eline düşdi, «çölde, deňizde, derýalarda... howply ýagdaýlara uçrady» (2 Kor. 11:23—27). Üstesine-de, dogan-uýalar onuň eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilmeýärdi (2 Kor. 10:10; Flp. 4:15). Pawlus resula kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär? Ol Hudaýyň Sözüni okap we başdan geçiren wakalary hakda oýlanyp, hak Hudaýy gowy tanaýar. Şonda ol Ýehowanyň özüni söýýändigine düşünýär (Rim. 8:38, 39; Efes. 2:4, 5). Pawlus resulyň Ýehowa bolan söýgüsi gün-günden artýar. Şeýlelikde, ol «mukaddeslere... hyzmat etmegi» ýüregine berk düwýär (Ýew. 6:10). w23.07 sah. 9, abz. 5, 6
19-njy noýabr, çarşenbe
Ýokary häkimiýetlere tabyn boluň (Rim. 13:1).
Köp adamlar şeýle diýýärler: «Eger döwlet işgärleri kada-kanuna gözegçilik etmeseler, ýurtda bulam-bujarlyk bolardy. Şol sebäpli biz olara gulak asmaly». Şeýle-de olar: «Eger döwletiň kada-kanunlary bilen ylalaşmasak, onda ýerine ýetirmezlige-de hakymyz bar» diýýärler. Mukaddes Kitapda şu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygy aýdylýar. Şeýtanyň golastyndaky ynsan hökümetleri adamlara zulum-sütem edýär. Şol sebäpli Ýehowa tizden ynsan hökümetlerini ýok eder (Zeb. 110:5, 6; Nes. 8:9; Luka 4:5, 6). Emma Mukaddes Kitapda: «Häkimiýete garşy çyksak, Hudaýyň goýan tertip-düzgünine garşy çykýarys» diýilýär. Ýehowa olara wagtlaýyn tertip-düzgüne gözegçilik etmäge ýol berdi. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda döwlet işgärlerine hormat goýmalydygy, gulak asmalydygy we salgytlary wagtly-wagtynda tölemelidigi aýdylýar (Rim. 13:1—7). Käte häkimiýetiň goýýan kada-kanunlary adalatsyz görünse, köp salgyt salynsa, tabyn bolmak kyn bolýar. Döwlet işgärlerine gulak assak, Ýehowa gulak asdygymyz bolar. Olar Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolsalar, biz olara däl-de, Ýehowa gulak asarys (Res. 5:29). w23.10 sah. 8, abz. 9, 10
20-nji noýabr, penşenbe
Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berdi (Ser. 15:14).
Piliştliler ysraýyl halkynyň üstünden agalyk edýärdi (Ser. 13:1). Olaryň derdinden ýaňa ysraýyllaryň göreni görgi boldy. Şol döwür Ýehowa halkyny «piliştlileriň elinden halas etmek üçin» Şimşony saýlaýar (Ser. 13:5). Bu uly jogapkärli işi Ýehowanyň goldawy bolmasa, ýerine ýetirip bolmazdy. Bir gün piliştliler Lehi şäheriniň (belki, ol Ýahuda degişli bolmaly) daşyny gabaýar. Şonda ýahudalar öler ýaly gorkýar we Şimşonyň elini iki sany täze ýüp bilen daňyp, piliştlilere getirip berýär (Ser. 15:9—13). Şol pursat «Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berýär» we elindäki ýüpler sapak kimin üzülip gidýär. Şimşon «ölen eşegiň äňini alyp», piliştlileriň müň esgerini öldürýär (Ser. 15:14—16). w23.09 sah. 2, 3, abz. 3, 4
21-nji noýabr, anna
Hudaý muny Halypamyz Isa Mesih babatdaky ebedi niýetine görä amala aşyrdy (Efes. 3:11).
Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna hiç zat päsgel bermeýär. Ol «ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar» (Nak. 16:4). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň niýetiniň ebedidigi aýdylýar. Sebäbi onuň niýetiniň amala aşmagy üçin ençeme asyr geçmelidi we peýdasy ebedilik dowam etmelidi. Ýehowa nämäni niýet etdi? Niýetine ýetmek üçin nähili özgerişlikler etdi? Ýehowa Adam ata bilen How enä ilkinji niýetini äşgär etdi. «Hudaý olara ak pata berip: „Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň... ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň“ diýdi» (1 Mus. 1:28). Ýöne Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy gozgalaň turuzdylar we nesline günäni miras goýdular. Emma Ýehowa şonda-da niýetinden el çekmedi. Ol niýetini amala aşyrmak üçin gökde Patyşalygyny berkarar etmegi wada berdi (Mat. 25:34). w23.10 sah. 20, abz. 6, 7
22-nji noýabr, şenbe
Ýehowa kömek etmedik bolsady, men bireýýäm ýagty jahandan öterdim (Zeb. 94:17).
Ýehowa bizi hem goldaýar. Käte bizem Petrus resul ýaly öz üstümizde işlemeli bolýarys, köp göreşmeli bolýarys. Ganymyza siňen erbet endikler bilen göreşmek kyn bolýar. Ýöne Ýehowa bize mukaddes ruhy bilen kömek edýär (Zeb. 94:17—19). Meselem, bir dogan hakykata gelmezinden öň erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän eken. Ol Ýehowany tanandan soňra ahlaksyzlyk etmegini goýýar we durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Ol häzir hem ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa maňa mukaddes ruhy arkaly güýç berýär. Eger Ýehowa kömek etmedik bolsa, ýeke özüm başaryp bilmezdim. Men Allatagalany razy edip ýaşamagy öwrendim. Ol maňa hoş habary wagyz etmek işini ynandy. Men şu günlerem Ýehowanyň goldawyny duýýaryn». w23.09 sah. 23, abz. 12
23-nji noýabr, ýekşenbe
Pesgöwünli we Ýehowadan gorkýan ynsan, baýlygy, şöhraty we uzak ömri sylag alýar (Nak. 22:4).
Ýaş doganlar, imanyňyz öz-özünden berkär diýip pikir etmäň. Munuň üçin imany berk adamlardan görelde alyň, pikirleniş ukybyny ösdüriň, ynamdar adam boluň, ukyp-başarnygyňyzy artdyryň we gelejekki borçlaryňyza taýýarlanyň. Makaladaky maslahatlary okanyňyzdan soň: «Men başarmaryn» diýip ruhdan düşmäň. Ýehowa siziň Arkadaýanjyňyz bolar (Işa. 41:10, 13). Dogan-uýalar goltgy berer. Siz imany berk mesihçi bolsaňyz, durmuşyňyz manyly bolar we bagtly ýaşarsyňyz. Ýaş doganlar, biz sizi ýürekden söýýäris. Goý, Ýehowa siziň imany berk mesihçi bolmak üçin edýän tagallaňyza ak pata bersin! w23.12 sah. 29, abz. 19, 20
24-nji noýabr, duşenbe
Günäni geç (Nak. 19:11).
Aýdaly, siz dogan-uýalar bilen dynç alýarsyňyz we wagtyňyzy hoş geçirýärsiňiz. Soňra üýşüp surata düşýärsiňiz. Siz dogan-uýalary birnäçe sapar surata alýarsyňyz. Soňra bir doganyň gaşyny çytyp surata düşendigini görýärsiňiz we şol suraty aýyrýarsyňyz. Sebäbi sizde doganyň ýylgyryp düşen ýene-de iki suraty bar. Biz dogan-uýalar bilen hoş geçiren pursatlarymyzy unutmak islemeýäris. Aýdaly, dogan-uýalaryň biri sözi ýa-da hereketi bilen göwnüňize degýär. Şonda siz näme edersiňiz? Doganyň gaşyny çytyp düşen suratyny aýryşyňyz ýaly, şol ýagdaýy unutsaňyz gowy bolmazmy? (Efes. 4:32). Siz dogan-uýalar bilen köp ýakymly pursatlary başdan geçirdiňiz, şol sebäpli olaryň ýalňyşlaryny unutmak kyn bolmaz. Goý, şeýle ýakymly pursatlar siziň ömrüňizi bezesin! w23.11 sah. 12, 13, abz. 16, 17
25-nji noýabr, sişenbe
Gelin-gyzlar... salykatly egin-eşik geýip... Hudaýa wepaly gelin-gyzlara ýaraşýan ýagşy işleri bilen tanalsynlar (1 Tim. 2:9, 10).
«Salykatly» diýip terjime edilen grek sözi egin-eşik geýeniňde başgalaryň garaýşyna hormat goýmalydygyny görkezýär. Biz Pawlusyň maslahatyna eýerip, salykatly geýinýän uýalara sylag-hormat goýýarys. Imany berk mesihçi parasatly bolýar. Parasatly adam ýagşy-ýamany saýgaryp, dogry karara gelýär. Gadymy zamanda Abygaýyl atly parasatly zenan ýaşaýardy. Bir gün onuň äri Nabal akylsyz hereket edip maşgalasynyň başyna belany satyn alýar. Şonda Abygaýyl derrew karara gelip, öý-içerisini halas edýär (1 Şam. 25:14—23, 32—35). Biz hem parasatly bolsak, haçan geplemelidigini we haçan dymmalydygyny bileris. Şeýle-de dogan-uýalaryň durmuşyna goşulmarys (1 Sel. 4:11). w23.12 sah. 20, abz. 8, 9
26-njy noýabr, çarşenbe
Indi Hudaýyň bizi arşa galdyrjakdygyna umyt edip şatlanalyň (Rim. 5:2).
Pawlus resul şu aýatdaky sözleri Rimde ýaşaýan dogan-uýalara ýazdy. Olar Ýehowa, Isa pygamber hakda bilim aldylar, iman etdiler we mesihçi boldular. Hudaý olary «imany arkaly dogruçyl hasaplady» we mukaddes ruhy bilen saýlady (Rim. 5:1). Hawa, Rimdäki dogan-uýalaryň ajaýyp umydy bardy. Pawlus resul Efesdäki saýlanan mesihçilere umyt hakda ýazýar we olaryň mukaddesler üçin taýýarlanan «şöhratly baýlyga» umyt edýändigini düşündirýär (Efes. 1:18). Pawlus Kolosdaky mesihçileriň gökde ýaşajakdyklaryny düşündirip: «Siz gökde taýýarlanan zady almaga umyt edýärsiňiz» diýýär (Kol. 1:4, 5). Hawa, saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny alar we Isa Mesih bilen höküm sürer (1 Sel. 4:13—17; Ylh. 20:6). w23.12 sah. 9, abz. 4, 5
27-nji noýabr, penşenbe
Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar (Flp. 4:7).
Aýadyň asyl nusgasynda «gorar» diýen işlik harby ýagdaýlarda ulanylypdyr. Esgerler şäheriň derwezesini gije-gündiz garawullaýardylar. Şol sebäpli şäheriň ilaty gijesine rahat ýatýardy. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň parahatlygy biziň ýüregimizi we pikirimizi goraýar. Biz çendenaşa biynjalyk bolmaýarys we asuda ýaşaýarys (Zeb. 4:8). Biziň kynçylyklarymyz derrew aýrylmasa-da, hudaýhon aýal Hanna ýaly göwnümizi giň tutýarys (1 Şam. 1:16—18). Hawa, kalbymyz rahat bolsa dury pikirleneris we paýhasly karara geleris. Biz nähili ädimleri ädip bileris? Kynçylyklar gara bulut kimin üstümize abananda, göçme manyda, biz esgerleri çagyrmaly bolýarys. Nädip? Biz ynjalyk tapýançak, Hudaýdan parahatlyk sorap doga etmeli (Luka 11:9; 1 Sel. 5:17). Siz agyr günleri başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowa gaýta-gaýta doga ediň. Şonda Hudaýyň parahatlygy siziň ýüregiňizi we pikiriňizi gorar (Rim. 12:12). w24.01 sah. 21, 22, abz. 5, 6
28-nji noýabr, anna
Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! (Mat. 6:9).
Isa pygamber Atasynyň adyny aklamak üçin islendik synaga döz gelmäge taýyndy. Duşmanlar Isa pygambere zorluk-sütem etdiler, kemsitdiler we töhmet atdylar. Emma Isa ejizlemedi, başyny dik tutdy, sebäbi Atasyny razy edýändigini bilýärdi (Ýew. 12:2). Şeýle-de Isa ömrüniň iň agyr pursadynda Şeýtanyň gönüden-göni hüjüm etjekdigine düşünýärdi (Luka 22:2—4; 23:33, 34). Şeýtan Isa pygambere Hudaýa garşy günä etdirjek boldy, emma onuň niýeti başa barmady. Isa Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny we adamlaryň agyr synaglarda Hudaýa wepaly boljakdygyny subut etdi. Siz Beýik Patyşa Isany begendirmek isleýärsiňizmi? Onda Ýehowanyň adyny wasp ediň, adamlara hak Hudaýy tanadyň. Şonda Isanyň göreldesine eýerersiňiz (1 Pet. 2:21). Siz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we Şeýtanyň ýalançydygyny subut edersiňiz. w24.02 sah. 11, 12, abz. 11—13
29-njy noýabr, şenbe
Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin? (Zeb. 116:12).
Soňky bäş ýylyň içinde millionlarça adam suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldy. Özüni Ýehowa bagyş eden adam Isa pygamberiň şägirdi bolýar we Hudaýyň islegini durmuşynda birinji orunda goýjakdygyny söz berýär. Isa pygamber: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin» diýdi (Mat. 16:24). «Özüňden geçmek» diýen grek jümlesi öz islegiňe «ýok» diýmegi aňladýar. Özüni Ýehowa bagyş eden adam onuň islegine garşy gelýän ähli zada «ýok» diýýär (2 Kor. 5:14, 15). Meselem, ol ahlaksyzlyk ýaly «ten işlerini» etmeýär (Gal. 5:19—21; 1 Kor. 6:18). Size Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmek kynmy? Eger siz Ýehowany söýseňiz we kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşünseňiz kyn bolmaz (Zeb. 119:97; Işa. 48:17, 18). w24.03 sah. 2, abz. 1; sah. 3, abz. 4
30-njy noýabr, ýekşenbe
Men senden razydyryn (Luka 3:22).
Ýehowa özüni razy edýän bendelerine mukaddes ruhuny berýär (Mat. 12:18). Siz özüňize: «Men mukaddes ruhuň miwesi bolan häsiýetleri görkezýärinmi?» diýen soragy beriň. Soňra Ýehowany tanap durmuşyňyzy düýbünden üýtgedendigiňiz hakda oýlanyň. Indi siz has sabyrly bolmagy öwrendiňiz. Siz Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan häsiýetleri näçe köp ösdürseňiz, şonça-da onuň sizden razydygyna ynamly bolup bilersiňiz. Ýehowa özüni razy edýän adamlaryň günälerini töleg gurbany arkaly bagyşlaýar (1 Tim. 2:5, 6). Biz suwa çümdürilendiris, töleg gurbanyna iman edýändiris. Emma şonda-da ýüregimiz: «Ýehowa senden razy däl» diýip, bizi ýazgarýandyr. Eger şeýle bolsa mekir ýüregimize däl-de, aladaçyl Atamyz Ýehowa bil baglamaly. Ol töleg gurbanyna iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar we bereket berjekdigini wada berýär (Zeb. 5:12; Rim. 3:26). w24.03 sah. 30, abz. 15; sah. 31, abz. 17