Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es25 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Her günki aýady okalyň — 2025
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, duşenbe
  • 2-nji dekabr, sişenbe
  • 3-nji dekabr, çarşenbe
  • 4-nji dekabr, penşenbe
  • 5-nji dekabr, anna
  • 6-njy dekabr, şenbe
  • 7-nji dekabr, ýekşenbe
  • 8-nji dekabr, duşenbe
  • 9-njy dekabr, sişenbe
  • 10-njy dekabr, çarşenbe
  • 11-nji dekabr, penşenbe
  • 12-nji dekabr, anna
  • 13-nji dekabr, şenbe
  • 14-nji dekabr, ýekşenbe
  • 15-nji dekabr, duşenbe
  • 16-njy dekabr, sişenbe
  • 17-nji dekabr, çarşenbe
  • 18-nji dekabr, penşenbe
  • 19-njy dekabr, anna
  • 20-nji dekabr, şenbe
  • 21-nji dekabr, ýekşenbe
  • 22-nji dekabr, duşenbe
  • 23-nji dekabr, sişenbe
  • 24-nji dekabr, çarşenbe
  • 25-nji dekabr, penşenbe
  • 26-njy dekabr, anna
  • 27-nji dekabr, şenbe
  • 28-nji dekabr, ýekşenbe
  • 29-njy dekabr, duşenbe
  • 30-njy dekabr, sişenbe
  • 31-nji dekabr, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2025
es25 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, duşenbe

Ölüler direler (Luka 20:37).

Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýji ýetýärmi? Elbetde, ýetýär! Ol Gudratygüýçli Hudaý (Ylh. 1:8). Ýehowa ähli duşmanlaryndan, hatda «ölüm» atly duşmandan hem güýçlüdir (1 Kor. 15:26). Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýjüniň ýetýändigini ýene näme subut edýär? Ýehowanyň ýatkeşliginiň çägi ýok. Ol älem giňişligindäki milliardlarça ýyldyzlaryň atlaryny ýatdan bilýär (Işa. 40:26). Şeýle-de aradan çykan adamlar onuň ýadynda (Eýp. 14:13; Luka 20:38). Ýehowa aradan çykan wepaly bendeleriniň daş keşbini, gylyk-häsiýetini, başdan geçirenlerini we ýakymly ýatlamalaryny unutmaýar. Biz Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigine şübhelenmän bileris. Onuň muny etmäge güýji hem ýetýär, islegi hem bar. Ol geçmişde pygamberlerine käbir adamlary direltmäge güýç beripdi. Isa pygamber Ýehowanyň gudraty bilen ölen adamlary direldipdi. w23.04 sah. 9, 10, abz. 7—9

2-nji dekabr, sişenbe

Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun (Kol. 4:6).

Eger biz sylaşykly bolsak, sypaýyçylyk bilen geplesek, adamlar bizi diňlär we gürrüňdeşligi dowam eder. Emma käbir adamlaryň üstümizden gülmegi ýa-da dawalaşmagy mümkin. Şonda olara hökman jogap bermelidiris öýtmäň (Nak. 26:4). Aýdýan zatlarymyz käbirleriniň gulagyna hoş ýakmaz, ýöne sylaşykly bolsak käbirleri höwes bilen diňlär. Biz adamlar bilen sypaýyçylykly gepleşsek, olaryň ýüregine täsir edip bileris we köp bereketler alarys. Eger adamlar siziň bilen dawalaşmak üçin sorag berseler, üstüňizden gülseler, kemsitseler, Ýehowadan güýç soraň. Ýumşak häsiýetli bolsak, gaharly adamy köşeşdirip bileris. Adamlara hormat goýup mähirli gepleşsek, olar garaýşyny üýtgeder we Mukaddes Kitaby okamak islär. «Şonuň üçin umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň. Ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýdyň» (1 Pet. 3:15). Hawa, ýumşak häsiýetli adam ejiz däldir, güýçlüdir! w23.09 sah. 19, abz. 18, 19

3-nji dekabr, çarşenbe

Sabyrly boluň (Kol. 3:12).

Sabyrly adam nähili bolýar? Birinjiden, ol çalt gaharlanmaýar. Sabyrly adam mähirli bolýar. Dartgynly ýagdaýda özüni rahat alyp barýar. Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeýär (2 Mus. 34:6). Ikinjiden, ol sabyrly garaşýar. Käte durmuşda garaşýan zady bolmasa, çendenaşa alada etmeýär we dargursak bolmaýar (Mat. 18:26, 27). Üçünjiden, sabyrly adam howlukmaç karara gelmeýär. Sabyrly adama iş tabşyrsaň, ol işe girişmäge howlukmaýar. Gaýtam «ýedi ölçäp, bir kesýär» we işleri gowy planlaşdyrýar. Şeýle-de ol tabşyrylan işi derrew edip dynjak bolman, işiň kemini goýman etmek üçin ýeterlikli wagt sarp edýär. Dördünjiden, sabyrly adam kynçylyga düşende zeýrenip ýörmeýär. Ol ruhdan düşmeýär we kynçylyga şatlyk bilen döz gelýär (Kol. 1:11). Biz şu dört ýagdaýda sabyrly bolmaly. w23.08 sah. 20, 21, abz. 3—6

4-nji dekabr, penşenbe

Ýürekleri barlaýan Ýehowadyr (Nak. 17:3).

Biz ilki bilen ýüregimizi goramaly. Sebäbi Ýehowa her gün ýüregimizi barlaýar. Ol adamlar ýaly diňe daş keşbimizi däl-de, içki dünýämizi hem görýär. Eger biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp aňymyzy arassa saklasak, gökdäki Atamyz bizi ýürekden söýer (Ýah. 4:14). Munuň üçin biz ahlaksyz zatlaryň pikirini etmeli däl, Şeýtanyň aňymyzy zäherlemegine ýol bermeli däl (1 Ýah. 5:18, 19). Biz Ýehowa Atamyz bilen ýakyndan dostlaşsak, Ony ýürekden söýeris we çuňňur hormat goýarys. Biz Hudaýyň göwnüne degýän günäli işleri etmeris, ahlaksyz zatlar hakda pikirem etmeris. Horwatiýada ýaşaýan Marta ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli bolýar. Marta şeýle gürrüň berýär: «Maňa dury pikirlenmek kyn bolýardy. Az salymlyk bolsa-da ahlaksyzlyk edip, keýp çekesim gelýärdi. Emma Hudaýdan gorky meni gorady». Hudaýdan gorky Martany nädip gorady? Ol günäniň erbet netijesi hakda oýlandy. Bizem şeýle etsek gowy bolar. w23.06 sah. 20, 21, abz. 3, 4

5-nji dekabr, anna

Halklar meniň Ýehowadygymy bilerler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Men siz arkaly halklaryň gözüniň alnynda mukaddes Hudaýdygymy görkezerin (Hyz. 36:23).

Isa pygamber Ýehowanyň öz adyny aklamak isleýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol nusgalyk dogasynda: «Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun!» diýdi (Mat. 6:9). Isa Ýehowanyň adynyň aklanmagy baradaky wajyp meselä hemmeleriň, ýagny perişdeleriň we adamlaryň gatnaşýandygyna düşünýärdi. Hiç kim, ne perişdeler, ne-de adamlar Isa ýaly Ýehowanyň adyny mukaddes etmek üçin köp tagalla eden däldir. Isa pygamberi tussag edenlerinde, Hudaýyň mukaddes adyna dil ýetiren adam hökmünde günäkärlediler. Bu onuň üçin ölümden hem agyrdy. Şol sebäpli Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi «güýçli gam-gussa batdy» (Luka 22:41—44). w24.02 sah. 11, abz. 11

6-njy dekabr, şenbe

Öý akyldarlyk bilen gurulýar (Nak. 24:3).

Biz dogan-garyndaşlarymyza garanda Ýehowany we Isa pygamberi has köp söýmeli (Mat. 10:37). Ýogsam ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowlup bileris. Maşgala borçlarymyza sowuk-sala garasak, Ýehowa we Isa pygamber gynanar. Biz borçlarymyzy ýürekden ýerine ýetirsek, olar begener (1 Tim. 5:4, 8). Biziň özümizem begeneris. Ýehowa maşgala bagtynyň syryny gowy bilýär. Eger är-aýallar biri-birini söýüp, hormat goýsa, çagalaryna söýgi bilen terbiýe berse, çagalar hem ene-atasyna gulak assa, maşgalada agzybirlik höküm sürer (Efes. 5:33; 6:1, 4). Siz mekir ýüregiňize gulak asman, däp-dessurlara we psihologlaryň berýän maslahatyna eýermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna gulak assaňyz, maşgalaňyz agzybir bolar. Munuň üçin Mukaddes Kitaba esaslanýan edebiýatlary okaň. Olarda Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary nädip ýerine ýetirip bolýandygy düşündirilýär. w23.08 sah. 28, abz. 6, 7

7-nji dekabr, ýekşenbe

Ähli tabşyryklary birkemsiz berjaý eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap, gowy oýlan. Şonda paýhasly hereket edersiň, edeniň ugruna bolar (Ýuşa 1:8).

Uýalar zähmetsöýer, ukyp-başarnykly we işe yhlasly bolmaly. Eger olar çagalykdan ukyp-başarnygyny artdyrsalar, ulalanda kösenmän ýaşarlar. Okamagy we ýazmagy öwreniň. Köp ýurtlarda adamlar gelin-gyzlaryň sowatly bolmagyny we bilim almagyny islemeýär. Emma her bir mesihçi okap we ýazyp bilmeli (1 Tim. 4:13). Ýaş uýalar, siz nähili päsgelçilige duş gelseňiz-de, hat-sowatly bolmagy öwreniň. Şonda size iş tapmak aňsat bolar, Mukaddes Kitaba gowy düşünersiňiz we ökdelik bilen wagyz edersiňiz. Iň esasy zat bolsa, Hudaýyň Sözüne gowy düşünip, Ýehowanyň ýakyn dosty bolarsyňyz (1 Tim. 4:15). w23.12 sah. 20, abz. 10, 11

8-nji dekabr, duşenbe

Ýehowa wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýar (2 Pet. 2:9).

Biz synaglara garşy durmak üçin Ýehowa doga etmeli. Biz bikämil bolandygymyz üçin her gün erbet pikirler bilen göreşmeli bolýarys. Şeýtan hem biziň aňymyzy zäherlemek isleýär. Şol sebäpli ol ahlaksyz filmler we telegepleşikler arkaly duzagyna düşürmek isleýär. Şeýtan biziň aňymyzy zäherlese, ýüregimizi eýelejekdigini we Ýehowa garşy günä etjekdigimizi bilýär (Mar. 7:21—23; Ýak. 1:14, 15). Ýehowa bize kömek etmese synaglara döz gelip bilmeris. Isa pygamber nusgalyk dogasynda: «Bize synaga düşmäge ýol berme, Şeýtanyň elinden halas et» diýdi (Mat. 6:13). Hawa, Ýehowa bize kömek etmek isleýär, ýöne doga etmegimize garaşýar. Şeýle-de biz eden dogamyza görä hereket etmeli. w23.05 sah. 6, abz. 15—17

9-njy dekabr, sişenbe

Üç örüm ýüp çalt üzülmez (Nes. 4:12).

Ýehowa ýürekden iman edýän är-aýal Mukaddes Kitabyň maslahatyna höwes bilen eýerer. Şonda olar biri-birini söýüp, maşgalada döreýän kynçylyklaryň öňüni alyp biler. Şeýle-de olar gökdäki Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerip, Onuň mähribanlyk, sabyrlylyk we geçirimlilik ýaly häsiýetlerini ösdürer (Efes. 4:32—5:1). Şeýle häsiýetler maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagyna kömek edýär. Toý edenine 25 ýyl bolan Lena uýa şeýle diýýär: «Ýehowa ýürekden iman edýän adamy söýmek hem, hormat goýmak hem aňsat bolýan ekeni». Geliň, geçmişe ser salalyň. Ýehowa wada edilen Mesihiň ene-atasy hökmünde Ýusup bilen Merýemi saýlady. Şol döwür Dawut patyşanyň neberesinden bolan başga-da erkekdir aýallar köpdi. Ýehowa näme üçin Ýusup bilen Merýemi saýlady? Sebäbi olar Ýehowa ýürekden iman edýärdi. Ýehowa olaryň maşgala ojagynda hakyky seždäni birinji orunda goýjagyny bilýärdi. w23.05 sah. 20, 21, abz. 3, 4

10-njy dekabr, çarşenbe

Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň (Ýew. 13:17).

Biziň Patyşamyz Isa kämil, emma ol bikämil adamlar arkaly ýygnaklara gözegçilik edýär. Eger ýaşulular biziň halamadyk zadymyzy talap etse, olara gulak asmak has-da kyn bolýar. Bir güni Petrus resulyň ýanyna Hudaýyň perişdesi gelip, Musanyň kanunynda haram hasaplanýan haýwanlaryň etini iýmegi tabşyrýar. Emma Petrus üç sapar iýmejekdigini aýdýar (Res. 10:9—16). Sebäbi Petrus perişdäniň aýdanlary bilen razylaşyp bilmedi we haram haýwanyň etini agzyna-da almandy. Pawlus resul hem doganlaryň beren görkezmesine ýürekden gulak asdy. Iýerusalimdäki ýaşulular Pawlus resula «dört adamy... ýanyna alyp, däp boýunça tämizlenmegi» we soňra ybadathana gitmegi tabşyrýar. Pawlus resul Musanyň kanunynyň ýatyrylandygyny bilýärdi we hiç hili ýalňyşlyk etmändi. Emma şonda-da doganlara derrew gulak asdy. «Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlar bilen däp boýunça tämizlendi» (Res. 21:23, 24, 26). Pawlus resulyň doganlara gulak asmagy ýygnagyň agzybirligine goşant goşdy (Rim. 14:19, 21). w23.10 sah. 10, abz. 15, 16

11-nji dekabr, penşenbe

Ýehowa hudaýhonlar bilen dost bolar (Zeb. 25:14).

Kimlere hakyky dost diýse bolar? Hakyky dostlar biri-birine sylag-hormat goýýar we kömek etmäge taýyn bolýar. Ýöne dostlar biri-birinden gorkmalymy? Älem-jahany ýaradan hak Hudaý Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ondan «gorkmalydygy» aýdylýar. Biz Ýehowa näçe ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, Ondan gorkmaly. Ýehowadan gorkmak nämäni aňladýar? Ýehowany gynandyrmakdan gorkýan adam Onuň bilen dostlugyny bozýan işleri etmeýär. Isa pygamber Ýehowadan sandyrap däl-de, Ony närazy etmekden gorkýardy (Ýew. 5:7; Işa. 11:2, 3). Ol gökdäki Atasyny söýýärdi we höwes bilen gulak asýardy (Ýah. 14:21, 31). Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, Ýehowany gynandyrmakdan gorkarys. Sebäbi biz Onuň söýgüden doly, akyldar, adalatly we Gudratygüýçli Hudaýdygyny bilýäris. Ol biziň aladamyzy edýär we öwüt-ündew berýär. Eger biz gulak assak, Ýehowa begenýär, gulak asmasak bolsa gynanýar (Zeb. 78:41; Nak. 27:11). w23.06 sah. 14, abz. 1, 2; sah. 15, abz. 5

12-nji dekabr, anna

Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady... Ýehowa Hudaýa biwepalyk etdi (2 Tar. 26:16).

Uzyýa patyşanyň güýç-kuwwaty artanda, ähli işlerini Ýehowanyň ugruna edýändigini unudýar. Biz onuň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? Biz ýygnakdaky borçlarymyzy Ýehowanyň berýändigini we diňe onuň goldawy bilen üstünlik gazanýandygymyzy ýadymyzdan çykarmaly däl. Şonuň üçin biz ukyp-başarnygymyza öwünmän, Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Kor. 4:7). Biz bikämildigimizi pesgöwünlilik bilen boýun almaly we wagtal-wagtal maslahatyň gerekdigine düşünmeli. 60 ýaşlaryndaky dogan şeýle diýýär: «Käte men oýlanyşyksyz hereket edip, ýalňyşlyk goýberýärin, emma maslahat berenlerinde öýkelemeýärin. Ýalňyşymy düzetmäge çalyşýaryn we ýene-de Ýehowa janym-tenim bilen gulluk edýärin». Hawa, eger biz hak Hudaýdan gorksak we pesgöwünli bolsak, eden işimiz ugruna bolar (Nak. 22:4). w23.09 sah. 10, abz. 10, 11

13-nji dekabr, şenbe

Siz Hudaýyň islegini berjaý edip, wada eden zadyny alar ýaly çydamly boluň (Ýew. 10:36).

I asyrdaky mesihçiler çydamly bolmalydylar. Sebäbi olar ähli adamlar ýaly adaty durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmelidiler. Şeýle-de olary ýehudy dini ýolbaşçylary, Rim hökümeti yzarlaýardy we dogan-garyndaşlary garşy çykýardy (Mat. 10:21). Üstesine-de, ýygnakda imandan dänenler agzalalyk döredýärdi (Res. 20:29, 30). Mesihçiler olara-da garşy göreşmelidi (Ylh. 2:3). Hawa, Hudaýa wepaly mesihçiler şu kynçylyklaryň ählisine çydady. Olara näme kömek etdi? Olar Eýýup pygamber ýaly Hudaýa wepaly adamlaryň göreldesine eýerdiler (Ýak. 5:10, 11); Ýehowa doga-dileg etdiler (Res. 4:29—31); hak Allanyň çydamly adamlara bereket berjekdigi hakynda oýlandylar (Res. 5:41). Biz Hudaýyň Sözünden we edebiýatlarymyzdan kyn ýagdaýlara döz gelen adamlar hakda okasak hem-de oýlansak, olaryň göreldesine eýerip bileris. w23.07 sah. 3, abz. 5, 6

14-nji dekabr, ýekşenbe

Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler (Mat. 6:33).

Ýehowa-da, Isa-da hemişe bizi goldaýar. Petrus resul Halypasyndan ýüz öwrendigine puşman etdi. Indi Petrus Isanyň resuly bolarmy ýa-da balyk tutmak bilen meşgullanar? Isa Petrusyň imanyny berkitmek üçin Ýehowa ýalbaryp doga etdi. Soňra eden dogasyny Petrusa gürrüň berip: «Doganlaryň imanyny berkit» diýdi (Luka 22:31, 32). Isanyň aýdan sözleri Petrusyň göwnüni galkyndyrdy. Petrus onuň sözlerini bütin ömrüne ýatlady. Bizem Petrus resul ýaly belli bir karara gelip bilmän ruhdan düşenimizde ýaşulular dadymyza ýetişerler. Olar biziň imanymyzy berkidip, Ýehowa bil baglamaga kömek ederler (Efes. 4:8, 11). Ýehowa Petrusyň we beýleki resullaryň iýjek-içjegini ýetirip durdy. Patyşalyk işini birinji ýerde goýsak, Ýehowa biziňem aladamyzy eder. w23.09 sah. 24, 25, abz. 14, 15

15-nji dekabr, duşenbe

Garybyň dadyna ýetişýän Ýehowa karz berýär, Alla hem ýagşylygynyň öwezini dolar (Nak. 19:17).

Biziň dogan-uýalara edýän ujypsyzja ýagşylygymyzy Ýehowa gymmat saýýar we özüne «karz berlen» ýaly duýýar. Doganlar, sizi ýygnak hyzmatçysy ýa-da ýaşuly borjundan aýran bolsalar ruhdan düşmäň! Sebäbi Ýehowa siziň imandaşlaryňyz üçin eden ýagşylygyňyzy we bildiren söýgiňizi hiç haçan unutmaz (1 Kor. 15:58). Ýehowa siziň şu günler öz adyna bildirýän söýgiňizi gymmat saýýar. Biz Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Sebäbi muny gökdäki Atamyz isleýär. Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, oýlansak we doga-dileg etsek, Ýehowany ýürekden söýeris. Biz elimizden gelen ýagşylygy dogan-uýalardan gaýgyrmasak, olara bolan söýgimiz gün-günden artar. Hawa, Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýsek, olar bilen jana-jan dost bolarys. Biziň dostlugymyz ebedi dowam eder! w23.07 sah. 10, abz. 11; sah. 11, abz. 13; sah. 13, abz. 18

16-njy dekabr, sişenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).

Nähili bejergi almalydygyny her bir mesihçiniň özi çözýär. Mukaddes Kitapda saglygyň aladasyny etmek babatda bir topar düzgün ýok. Ýöne gan goýbertmek we keseliňden gutulmak üçin jadygöýe ýüz tutmak gadagan edilýär (Res. 15:20; Gal. 5:19, 20). Hawa, mesihçiler şu kanuna gulak asmaly we bejergi almakda özleri karara gelmeli. Biz öz alýan bejergimizi näçe dogry we gowy hasaplasak-da, dogan-uýalaryň gelýän kararyna hormat goýmaly. Şeýle-de şu dört pikiri unutmaly däl: 1) diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli keseli aýrar (Işa. 33:24); 2) her bir mesihçi bejergi almak babatda gelýän kararynyň «dogrudygyna ynamly bolmaly» (Rim. 14:5); 3) biz dogan-uýalary ýazgarmaly däl we olary büdretmeli däl (Rim. 14:13); 4) imandaşlarymyzy söýmeli we ýygnagyň agzybirliginiň öz garaýşymyzdan has wajypdygyna düşünmeli (Rim. 14:15, 19, 20). w23.07 sah. 25, abz. 15

17-nji dekabr, çarşenbe

Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddesdir (4 Mus. 6:8).

Siz Ýehowany janyňyz-teniňiz bilen söýýärsiňizmi? Elbetde, söýýänsiňiz. Gadym döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem Ýehowany ýürekden söýüpdirler (Zeb. 104:33, 34). Olar Ýehowa arassa sežde etmek üçin köp zatlaryndan geçipdirler. Şeýle hudaýhon adamlaryň arasynda nezirler (saýlananlar) hem bardy. Gadymy ysraýylda nezir bolan adam Ýehowa ýörite gulluk etmek üçin köp zadyndan geçýärdi. Musanyň kanunyna görä, erkek adam-da, aýal maşgala-da belli bir döwürde Ýehowa nezir hökmünde gulluk etmek üçin wada berip bilýärdi (4 Mus. 6:1, 2). Nezir bolan adama käbir zatlar gadagan edilýärdi, emma bu kanun ähli ysraýyllara degişli däldi. Olar näme üçin nezirlik wadasyny berýär? Sebäbi olar Ýehowany ýürekden söýýär we onuň eden ýagşylyklaryna minnetdar bolýar (5 Mus. 6:5; 16:17). w24.02 sah. 14, abz. 1, 2

18-nji dekabr, penşenbe

Ýehowa... hudaýhonlary, tabşyryklaryny berjaý edýänleri söýýär (Dan. 9:4).

Mukaddes Kitapdaky «wepaly» we «wepaly söýgi» diýen ýewreý jümleleri ysnyşmagy hem-de ýürekden söýmegi aňladýar. Bu köplenç Hudaýyň adamlara bolan söýgüsini, käte bolsa Hudaýyň halkynyň biri-birine bolan söýgüsini aňladýar (2 Şam. 9:6, 7). Ýyllar geçdigi saýyn, biz has-da Hudaýa wepaly bolmaly. Munuň şeýledigini Danyýar pygamberiň durmuşy subut edýär. Danyýar pygamber köp synaglara döz geldi. Ol garran çagynda, ýagny 90 ýaşlarynda agyr synag bilen ýüzbe-ýüz boldy. Köşk emeldarlary, wezir-wekilleri Danyýary ýigrenýärdi we onuň Hudaýyny äsgermeýärdi. Şol sebäpli Danyýary öldürmek üçin dildüwşük gurnadylar. Olar patyşa bir perman çykardýarlar. Danyýar indi näme eder? Ol Hudaýa sežde edermi ýa-da patyşa? Danyýardan köp zat talap edilenokdy. Ol bary-ýogy 30 günüň dowamynda Hudaýa dileg etmeli däldi. Emma Danyýar köpçüligiň akymy bilen gitmedi, Ýehowa wepaly galdy (Dan. 6:12—15, 20—22). w23.08 sah. 5, abz. 10—12

19-njy dekabr, anna

Birek-biregi söýeliň! (1 Ýah. 4:7).

Ýehowa dogan-uýalary janymyz-tenimiz bilen söýmegimizi isleýär. Dogan-uýalaryň käbiri göwnümize degip biler, emma olar bilgeşleýin eden däldir. Olar hem Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny edýär (Nak. 12:18). Ýehowa halkyny ýürekden söýýär, ýalňyşlyk goýberende olardan öýkeläp ýörmeýär, siziň bilen dostlaşjak däl diýmeýär (Zeb. 103:9). Geliň, geçirimli Atamyzyň göreldesine hemişe eýereliň (Efes. 4:32—5:1). Mähriban dogan-uýalar, dünýäniň soňy golaýlaşyp gelýär, şonuň üçin biri-birimizi ýürekden söýmeli we agzybir ýaşamaly. Sebäbi gelejekde yzarlamalar köp bolar. Belki-de, bizi Hudaýa iman edýändigimiz üçin türmä basarlar. Şonda imandaşlarymyzyň kömegine has-da mätäç bolarys (Nak. 17:17). w24.03 sah. 15, 16, abz. 6, 7

20-nji dekabr, şenbe

Ynsana ädimlerini Ýehowa öwredýär (Nak. 20:24).

Mukaddes Kitapda Ýehowa çagalykdan gulluk eden we bütin ömrüne ony razy edip ýaşan adamlar hakda ýazylan. Olaryň biri Dawut pygamber. Ol çagalykdan Hudaý bilen dostlaşdy, patyşa bolansoň hem Hudaýy razy edip ýaşady (1 Pat. 3:6; 9:4, 5; 14:8). Ýaşlar, siz Dawut pygamber hakda okap oýlansaňyz örän ruhlanarsyňyz. Şeýle-de Markus we Timoteos hakda şahsy okuwyny geçiriň. Olar Ýehowa çagalykdan gulluk etdiler. Ulalansoň hem Hudaýa wepaly boldular we köp bereket aldylar. Ýaşlar, siziň gelejegiňiz öz eliňizde. Siz öz düşünjäňize däl-de, Ýehowa bil baglasaňyz, ol size paýhasly kararlara gelmäge kömek eder. Şonda siz bagtly bolarsyňyz we egsilmez bereket alarsyňyz. Ýehowa siziň çekýän zähmetiňizi unutmaýar. Ýehowany ömürboýy razy edip ýaşamakdan gowy durmuş ýok bolsa gerek! w23.09 sah. 13, abz. 18, 19

21-nji dekabr, ýekşenbe

Bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň (Kol. 3:13).

Pawlus resul dogan-uýalaryň bikämildigini bilýärdi. Ol mesihçi bolandan soň käbirleri gorkup, ondan gaçyp ýördüler (Res. 9:26). Käbirleri bolsa Pawlusy abraýdan düşürjek bolup gybatyny etdiler (2 Kor. 10:10). Ol ýaşuly doganyň eden ýalňyşyny gördi (Gal. 2:11, 12). Jana-jan dosty Markus Pawlusyň ynamyny ödemedi (Res. 15:37, 38). Pawlus olardan öýkeläp, gepleşmän gezip bilerdi. Emma ol dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryny däl-de, ýagşy häsiýetlerini gördi we Ýehowa jany-teni bilen gulluk etdi. Pawlusa şeýle etmäge näme kömek etdi? Pawlus resul dogan-uýalary ýürekden söýýärdi. Şol sebäpli ol imandaşlarynyň ýalňyşyna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns berýärdi. Ýürekden çykan söýgi Pawlusa şu günki aýatdaky maslahata eýermäge kömek etdi. w24.03 sah. 15, abz. 4, 5

22-nji dekabr, duşenbe

Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam hemmeler bilen ýumşak bolmaly (2 Tim. 2:24).

Mukaddes Kitapda mylakatly, ýumşak adamlar hakda köp wakalar ýazylan. Yshak piliştlileriň Gerar jülgesinde ýaşaýarka, goňşulary kakasynyň hyzmatkärleriniň gazan guýularyny göriplik edip gömýär. Ýöne Yshak pygamber guýynyň üstünde dawalaşmaga derek, ol ýerden gaýdýar we başga bir guýy gazýar (1 Mus. 26:12—18). Emma piliştliler ýene-de suw biziňki diýip dawa turuzýar. Yshak pygamber bolsa öz hakyny talap edip jedelleşmegiň deregine, meseläni parahatlyk bilen çözýär (1 Mus. 26:19—25). Yshak pygambere ýumşak häsiýetli bolmaga näme kömek etdi? Yshak ene-atasynyň göreldesine eýerdi. Sebäbi Ybraýym parahatlygy söýýän adamdy. Bibisara ýuwaş, mylaýym häsiýetli zenandy (1 Pet. 3:4—6; 1 Mus. 21:22—34). w23.09 sah. 15, abz. 4

23-nji dekabr, sişenbe

Maksat goýdum, maksadyma ýeterin (Işa. 46:11).

Ýehowa bellän wagtynda söwer ogly Isany ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi we adamlary günäden, ölümden azat etmek üçin şirin janyny gurban berdi. Soňra Ýehowa ony gökde tagtda oturtmak üçin direltdi. Mukaddes Kitabyň esasy temasy şundan ybarat: Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly adyny aklar we ýer babatdaky niýetini amala aşyrar. Ýehowa hiç kim, hiç zat päsgel berip bilmez, ol maksadyna hökman ýeter, sebäbi niýetini amala aşyrjakdygyna «kepil geçýär» (Işa. 46:10; Ýew. 6:17, 18). Tizden bütin ýer ýüzi Jennet bolar we Adam ata bilen How enäniň nesli «ebedi ömür sürer» (Zeb. 22:26). Ýöne Ýehowanyň niýeti munuň bilen çäklenmeýär. Hudaý gökdäki perişdeler bilen ýer ýüzündäki adamlaryň agzybirlikde özüne wepaly gulluk etmegini isleýär (Efes. 1:8—11). Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin eden işleri akylyňy haýran edýär. w23.10 sah. 20, abz. 7, 8

24-nji dekabr, çarşenbe

Mert boluň... Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men siziň bilendirin!» (Hag. 2:4).

Wawilondan Iýerusalime gelen ýehudylara maşgalasyny eklemek we gün-güzeranyny görmek kyn bolýardy. Şeýle-de ýehudylaryň duşmanlary azar ýamanyny berýärdi. Şol sebäpli olaryň eli işden sowap, ybadathananyň gurluşygyny bes edýärler. Ýehowa halky ruhlandyrmak üçin Hagaý we Zekerýa pygamberleri iberýär. Pygamberleriň habary ýehudylaryň güýjüne güýç goşýar (Hag. 1:1; Zek. 1:1). Emma olaryň ýene-de işden eli sowaýar. Takmynan 50 ýyl soňra Musanyň kanunyny gowy bilýän Hydyr mürze halky ruhlandyrmak we arassa seždäni dikeltmek üçin Wawilondan Iýerusalime gelýär (Hyd. 7:1, 6). Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň habary halky ruhlandyrdy we garşylyklara döz gelip, Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi. Şol pygamberleriň kitaplary bize garaşylmadyk ýagdaýlara döz gelmäge kömek eder (Nak. 22:19). w23.11 sah. 14, 15, abz. 2, 3. 

25-nji dekabr, penşenbe

Söýgi häsiýetini öwreniň, sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär (Kol. 3:14).

Biz dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip subut etmeli? Kyn güne düşen dogan-uýalara duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli (1 Sel. 4:18). Dogan-uýalara söýgimiz sowamaz ýaly näme etmeli? Olaryň ýalňyşyna aşa köp üns bermän, ýürekden bagyşlamaly. Şu günler biri-birimizi ýürekden söýmek näme üçin wajyp? Petrus resul şeýle diýdi: «Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin... biri-biriňizi ýürekden söýüň» (1 Pet. 4:7, 8). Bize dünýäniň soňunda nämeler garaşýar? Isa pygamber şägirtlerine: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener» diýdi (Mat. 24:9). Şonuň üçin biz agzybir bolmaly. Şeýtan dogan-uýalaryň arasyna çöp atmak üçin elinde baryny edýär. Emma biz biri-birimizi ýürekden söýsek, Şeýtanyň aljak galasy bolmaz (Flp. 2:1, 2). w23.11 sah. 13, abz. 18, 19

26-njy dekabr, anna

Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).

Hudaýyň Sözündäki hakykat adamlaryň ýüregine güýçli täsir edýär. Biz adamlara hak Allany tanamaga kömek edenimizde täsin gudratyň şaýady bolýarys. Şeýtanyň ýalan sözlerinden ýaňa gözleri gapylan adamlar ýuwaş-ýuwaşdan Ýehowanyň mähirli Atadygyna düşünip başlaýarlar. Olar Ýehowanyň güýç-kuwwatly Hudaýdygyny bilenlerinde, oňa çuňňur hormat goýýarlar (Işa. 40:26). Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyna düşünenlerinde, oňa doly bil baglaýarlar (5 Mus. 32:4). Ýehowanyň çäksiz akyldar Hudaýdygyny bilenlerinde, onuň her bir görkezmesine ýürekden eýerýärler (Işa. 55:9; Rim. 11:33). Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygy hakda çuňňur oýlananlarynda, olaryň göwni giňeýär, kalby rahatlyk tapýar (1 Ýah. 4:8). Olar hak Allany näçe gowy tanadygyça, onuň bilen ýakyndan dostlaşýarlar we ebedi ýaşaýşa ýürekden umyt edýärler. Geliň, adamlara hak Hudaýy tanadalyň, onuň bilen dostlaşmaga kömek edeliň! Şonda biz Ýehowanyň «işdeşleri» bolarys (1 Kor. 3:5). w24.02 sah. 12, abz. 15

27-nji dekabr, şenbe

Wada berip, berjaý etmäniňden, wada bermedigiň has gowudyr (Nes. 5:5).

Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýärsiňizmi ýa-da çagalykdan bäri Ýehowany tanaýarsyňyz? Siz suwa çümdürilmegi maksat goýduňyzmy? Eger şeýle bolsa, gowy maksat goýupsyňyz. Ýöne siz başda özüňizi Ýehowa bagyş etmeli. Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek üçin näme etmeli? Siz Ýehowa doga edip, oňa sežde etjekdigiňizi we onuň islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýjakdygyňyzy söz bermeli. Şeýle-de siz «Hudaýy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin aň-düşünjäňiz we bütin güýjüňiz bilen söýmegi» wada bermeli (Mar. 12:30). Mesihçiniň ömrüni Ýehowa bagyş edendigini hiç kim görmeýär, emma ol suwa çümdürilse, hemmeler görýär. Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek — mukaddes wada. Ýehowa siziň beren sözüňizde durmagyňyzy isleýär. Şol sebäpli beren wadaňyza görä ýaşamagy ýüregiňize berk düwüň (Nes. 5:4). w24.03 sah. 2, abz. 2; sah. 4, abz. 5

28-nji dekabr, ýekşenbe

Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun (Efes. 5:33).

Her bir maşgalanyň öz kynçylygy, öz derdi bar. Mukaddes Kitapda maşgala guranlarda «täze kynçylyklaryň» boljakdygy açyk-aýdyň ýazylan (1 Kor. 7:28). Näme üçin? Sebäbi iki sany bikämil adam goş birikdirýär. Olaryň gylyk-häsiýeti, alan terbiýesi, medeniýeti, halaýan we halamaýan zatlary biri-birinden düýbünden tapawutlanýar. Olar maşgala gurandan soňra biri-birini has gowy tanaýar, öň üns bermedik häsiýetlerini görýär. Şeýlelikde, maşgalada kynçylyk döreýär. Käte är-aýal ýüze çykan kynçylygy çözmegiň ýa öz günäsini boýun almagyň deregine, bar zady ýanýoldaşyndan görýär. Hatda olar kynçylygy çözmek üçin aýra ýaşamaly ýa-da aýrylyşmaly diýen karara gelýär. Şeýtseler kynçylyk çözülermi? Ýok. Ýehowa nikany mukaddes hasaplaýar. Şol sebäpli maşgalada kynçylyk bolsa-da, är-aýalyň aýrylyşmagyny islemeýär. w24.03 sah. 16, abz. 8; sah. 17, abz. 11

29-njy dekabr, duşenbe

Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir (Rim. 5:5).

Biz suwa çümdürilenimizden soň hem Ýehowa hakda bilim alýarys, ony gowy tanaýarys we ýürekden söýýäris. Şeýlelikde, biziň Jennetde ýaşamaga bolan umydymyz has-da berkeýär (Ýew. 5:13—6:1). Rimliler 5:2—4-nji aýatlardaky sözler biziň durmuşymyzda ýerine ýetýär. Biz dürli kynçylyklara döz gelýäris, Ýehowa wepaly bolýarys we ony begendirýäris. Hudaýyň bizden razydygyny bilip, onuň sylagyny aljakdygymyza ynamymyz has-da artýar. Biziň umydymyz gün-günden berkeýär. Ol umyt biziň içki dünýämizi täzeleýär, durmuşymyzy bütinleý özgerdýär. Netijede, maşgala ojagymyz agzybir bolýar, Hudaýy begendirýän kararlara gelýäris we wagtymyzy paýhasly ulanýarys. Pawlus resul Hudaýy razy etsek, umytly bolarys diýenden soň ýene bir wajyp pikiri aýtdy. Ol umyt edýän sylagymyzy aljakdygymyza kepil geçdi (Rim. 15:13). w23.12 sah. 12, 13, abz. 16—19

30-njy dekabr, sişenbe

Ýehowa sizi asuda zamanda ýaşadar (Işa. 33:6).

Agyr günler başymyza inende, özümize erk etmek we dury pikirlenmek kyn bolýar. Biz käte öz bolşumyza özümiz düşünmeýäris. Biz apy-tupanda eýläk-beýläk çaýkanýan gämä meňzeýäris. Ýehowa bize erbet pikirlere we duýgulara garşy göreşmäge nädip kömek eder? Hak Alla bize berk durmaga kömek etmegi wada berýär. Deňizde apy-tupan turanda gämi eýläk-beýläk çaýkanýar. Gäminiň her tarapynda ýörite ýüzgüji bolýar. Äpet tolkunlar gämä gelip uranda, gämi kän çaýkanmaz ýaly, ýüzgüçleri ony deňagramly ýagdaýda saklaýar. Şonda adamlar özlerini rahat we howpsuz duýýar. Emma gämi bir ýerde durman ýüzmegini dowam etse, ýüzgüçleri ony has-da deňagramly saklaýar. Edil şonuň ýaly, kynçylyklarda gol gowşuryp oturman, Ýehowa wepaly gulluk etsek, ol bize deňagramly bolmaga kömek eder. w24.01 sah. 22, abz. 7, 8

31-nji dekabr, çarşenbe

Men gorkmaryn, Allama bil baglaryn (Zeb. 56:4).

Sizi gorky gaplap alanda Ýehowanyň geçmişde eden işleri hakda oýlanyň. Meselem, Allatagalanyň gudratly güýji bilen älem-jahany ýaradandygy hakda pikirleniň. Hudaýyň keşbinde ýaradylmadyk, oňa sežde edip bilmeýän guşlar we güller hakda oýlanyň. Ýehowa olaryň aladasyny edýän bolsa, siziň hem aladaňyzy eder (Mat. 6:25—32). Şeýle-de Ýehowanyň wepaly bendelerine edýän ýagşylyklary hakda pikirleniň. Mukaddes Kitapdan hudaýhon adamlaryň wakasyny we edebiýatlardan dogan-uýalaryň terjimehalyny okasaňyz, Ýehowanyň halkyna howandarlyk edýändigine göz ýetirersiňiz. Onsoňam, Ýehowanyň size edýän ýagşylyklary barada oýlanyň. Ol siziň bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özi ädýär (Ýah. 6:44). Her gün doga-dilegleriňizi diňleýär we jogap berýär (1 Ýah. 5:14). Şeýle-de günäleriňizi bagyşlamak üçin söwer Ogluny gurban etdi. Siz töleg gurbanyna iman edip, ençeme bereketleri alansyňyz (Efes. 1:7; Ýew. 4:14—16). w24.01 sah. 4, abz. 6; sah. 7, abz. 17

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş