Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2025)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

16-njy iýul, çarşenbe

Ýehowa akyldarlaryň oý-pikiriniň biderekdigini bilýär (1 Kor. 3:20).

Biz dünýäniň akyldarlygyna eýermeli däl. Eger «dünýäniň akyldarlygyna» eýersek, Ýehowa Hudaýy äsgermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna sowuk-sala serederis (1 Kor. 3:19). «Dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlar ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. I asyrda Pergam we Tiýatira şäherlerinde butparazlyk hem-de ahlaksyzlyk giňden ýaýrandy. Gynansak-da, käbir mesihçiler şäheriň ýaşaýjylarynyň täsirine düşdüler. Şol sebäpli Isa pygamber şol iki ýygnaga ahlaksyzlyga göz ýumýandygy üçin käýedi (Ylh. 2:14, 20). Şeýtan şu günler hem biziň dünýäniň akymyna görä ýaşamagymyzy isleýär. Dogan-garyndaşlarymyz we tanyş-bilişlerimiz bize: «Mukaddes Kitap könelişen. Dinim diýip durmuşdan yza galma. Keýp çekip ýaşamagyň hiç-hili erbetligi ýok» diýmegi mümkin. Käte biziň: «Ýehowa görkezme berýär, ýöne jikme-jik düşündirmeýär» diýmegimiz mümkin. Şeýdip, «ýazylan zatlaryň çäginden çykmagymyz» ahmal (1 Kor. 4:6). w23.07 sah. 16, abz. 10, 11

Her günki aýady okalyň — 2025

17-nji iýul, penşenbe

Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).

Merýeme Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwat gerekdi. Merýem durmuşa çykmasa-da göwreli bolmalydy. Onuň dünýä indermeli çagasy ýöne-möne çaga däldi, Hudaýyň wada eden Mesihidi. Ol Hudaýyň Ogluna terbiýe bermelidi we kemala getirmelidi. Üstesine-de, Merýem adaglysy Ýusuba göwreli bolandygyny aýtmalydy (Luka 1:26—33). Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin näme etdi? Ol başgalardan kömek sorady. Meselem, Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşy hakda Jebraýyl perişdeden görkezme soraýar (Luka 1:34). Şeýle-de ol «Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän şäherde» ýaşaýan garyndaşy Elizabetlere gidýär. Ol Merýemi öwýär we onuň göwresindäki Mesih hakda Hudaýyň ylhamy bilen pygamberlik sözlerini aýdýar (Luka 1:39—45). Şonda Merýem örän ruhlanýar we Ýehowa alkyş aýdyp: «Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi» diýýär (Luka 1:46—51). Hawa, hak Alla Jebraýyl perişde we Elizabet arkaly Merýem gyzyna güýç-kuwwat berýär. w23.10 sah. 14, 15, abz. 10—12

Her günki aýady okalyň — 2025

18-nji iýul, anna

(Bizi) Atasynyň we Hudaýyň öňünde patyşalar hem-de ruhanylar edip belledi (Ylh. 1:6).

Ýehowa Hudaý Isa Mesihiň şägirtleriniň arasyndan 144 000 adamy mukaddes ruhy bilen gökdäki ýaşaýyş üçin saýlady. Olar gökde Isa bilen ruhany bolup höküm sürer (Ylh. 14:1). Ruhy ybadathananyň mukaddes otagy Hudaýyň perzentleri hökmünde kabul edilen saýlanan mesihçileri aňladýar. Häzir olaryň az sanlysy ýer ýüzünde ýaşaýar (Rim. 8:15—17). Iň mukaddes otag Ýehowanyň gökdäki huzuryny aňladýar. «Tuty» bolsa Isa Mesihiň adamzat üçin gurban eden kämil bedenini aňladýar. Isa şirin janyny adamzat üçin gurban berende, göçme manydaky tuty ikä bölündi. Şeýlelikde, Isa Mesih göge galýar we iň mukaddes otagda uly baş ruhany bolup gulluk edip başlaýar. Mundan başga-da, saýlanan mesihçiler üçin hem iň mukaddes otaga girmäge ýol açyldy, emma olar ilki bilen ýerdäki ömrüni tamamlamaly (Ýew. 10:19, 20; 1 Kor. 15:50). w23.10 sah. 28, abz. 13

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş