Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2025)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

18-nji iýul, anna

(Bizi) Atasynyň we Hudaýyň öňünde patyşalar hem-de ruhanylar edip belledi (Ylh. 1:6).

Ýehowa Hudaý Isa Mesihiň şägirtleriniň arasyndan 144 000 adamy mukaddes ruhy bilen gökdäki ýaşaýyş üçin saýlady. Olar gökde Isa bilen ruhany bolup höküm sürer (Ylh. 14:1). Ruhy ybadathananyň mukaddes otagy Hudaýyň perzentleri hökmünde kabul edilen saýlanan mesihçileri aňladýar. Häzir olaryň az sanlysy ýer ýüzünde ýaşaýar (Rim. 8:15—17). Iň mukaddes otag Ýehowanyň gökdäki huzuryny aňladýar. «Tuty» bolsa Isa Mesihiň adamzat üçin gurban eden kämil bedenini aňladýar. Isa şirin janyny adamzat üçin gurban berende, göçme manydaky tuty ikä bölündi. Şeýlelikde, Isa Mesih göge galýar we iň mukaddes otagda uly baş ruhany bolup gulluk edip başlaýar. Mundan başga-da, saýlanan mesihçiler üçin hem iň mukaddes otaga girmäge ýol açyldy, emma olar ilki bilen ýerdäki ömrüni tamamlamaly (Ýew. 10:19, 20; 1 Kor. 15:50). w23.10 sah. 28, abz. 13

Her günki aýady okalyň — 2025

19-njy iýul, şenbe

Gedeýon... barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek (Ýew. 11:32).

Bir gün efraýymlar Gedeýonyň ýanyna baryp, ony ýazgaryp başlaýar (Ser. 8:1—3). Gedeýon bikämil adam bolsa-da gaharlanmaýar, gaýtam özüni ele alyp, efraýymlary ünsli diňleýär we mähirli gepleşýär. Şeýdip, ol gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup duran efraýymlary köşeşdirýär. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerip, ýazgarýan adamy ünsli diňlemeli we mähirli gepleşmeli (Ýak. 3:13). Şonda olar ýygnagyň parahatlygyna goşant goşup biler. Özüňizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyryň. Gedeýon midýanlary ýeňende, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrdy (Ser. 8:22, 23). Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? Olar gazanan üstünlikleri üçin özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Kor. 4:6, 7). Meselem, dogan-uýalar ýaşulynyň ökde mugallymdygy üçin öwenlerinde, ol: «Mukaddes Kitap we Ýehowanyň guramasy her birimize ökde mugallym bolmaga kömek edýär» diýip biler. Şeýle-de ýaşulular wagtal-wagtal: «Men edýän işlerim bilen Ýehowany şöhratlandyrýarynmy ýa-da dogan-uýalary haýran galdyrmak isleýärin?» diýip oýlanmaly. w23.06 sah. 4, abz. 7, 8

Her günki aýady okalyň — 2025

20-nji iýul, ýekşenbe

Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar (Işa. 55:8).

Biz doga-dilegimize isleýşimiz ýaly jogap almasak näme? Biz dogry we ýagşy zatlar hakda doga edýärismi? Biz köplenç öz ýagdaýymyzy özümiz gowy bilýändiris öýdýäris. Emma Hudaýa doga edip soraýan zadymyz biziň üçin peýdaly bolman biler. Ýa-da biz kynçylygyň öz isleýşimiz ýaly çözülmegi üçin, Hudaýa doga edýändiris, emma kynçylygyň has gowy çözgüdi bardyr. Şeýle-de edýän dogamyz Hudaýyň islegine gabat gelmeýän bolmagy mümkin (1 Ýah. 5:14). Meselem, bir ene-ata çagalarynyň hakykat ýolundan sowulmazlygy hakda doga edýär. Olar nädogry doga etdimi? Elbetde, ýok! Emma Ýehowa hiç kimiň, şol sanda çagalaryň hem özüne mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen gulluk etmegini isleýär (5 Mus. 10:12, 13; 30:19, 20). Şol sebäpli ene-atalar Hudaýa şeýle doga etseler gowy bolar: «Ýehowa, çagalarymyzyň ýaş kalbynda saňa bolan söýgini ösdürip, seniň bilen dostlaşmaga kömek eder ýaly, bize güýç-kuwwat ber» (Nak. 22:6; Efes. 6:4). w23.11 sah. 21, abz. 5; sah. 23, abz. 12

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş