11-nji awgust, duşenbe
Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn (Flp. 4:5).
Isa pygamber hem Ýehowanyň göreldesine eýerip eglişikli boldy. Ol «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin» ýer ýüzüne gelipdi. Bir aýal Isa pygamberiň ýanyna gelip gyzynyň içinden jyny çykarmagy haýyş edýär. Ol aýal ysraýyllardan däldi. Emma Isa pygamber oňa duýgudaşlyk bildirip gyzyny sagaltdy (Mat. 15:21—28). Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edýärkä: «Kim... menden ýüz öwürse, men hem... ondan ýüz öwrerin» diýdi (Mat. 10:33). Emma Petrus resul üç sapar Isany tanamaýandygyny aýtdy. Şonda Isa ondan ýüz öwürdimi? Elbetde, ýok! Sebäbi ol Petrusyň toba edýändigini, Hudaýa ýürekden iman edýändigini bilýärdi. Isa pygamber direlenden soňra Petrusyň ýanyna baryp, ony bagyşlandygyny we ýürekden söýýändigini aýtdy (Luka 24:33, 34). Ýehowa Hudaýam we Isa pygamberem eglişikli bolmak babatda gowy görelde galdyrdy. Ýehowa biziňem eglişikli bolmagymyzy isleýär. w23.07 sah. 21, abz. 6, 7
12-nji awgust, sişenbe
Indi ne ölüm... bolar (Ylh. 21:4).
Biz adamlara Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny nädip düşündirip bileris? Birinjiden, Ýehowanyň hut özi wada berdi. Ylham kitabynda şeýle diýilýär: «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi». Akyldar Ýehowa niýetini amala aşyrmak isleýär we onuň muňa güýji-de ýetýär. Ikinjiden, Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine şeýle bir ynamly welin, ony ýerine ýeten ýaly öten zamanda aýdýar. Ol: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr... Sözüm berjaý boldy!» diýýär. Üçünjiden, Ýehowa başlan işini hökman tamamlar we Ol: «Men Alfa we Omega» diýýär (Ylh. 21:6). Hawa, Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny we hiç zady başarmaýandygyny subut eder. Eger biri: «Siz ertekä ynanýarsyňyz» diýse, oňa Ylham 21:5, 6-njy aýatlary hem okap beriň. Olarda Ýehowanyň beren wadasynda durjakdygyna kepil geçýän ençeme subutnamalar bar (Işa. 65:16). w23.11 sah. 7, abz. 18, 19
13-nji awgust, çarşenbe
Nesliňden ägirt uly millet dörederin (1 Mus. 12:2).
Ýehowa 75 ýaşly Ybraýyma şol wadany berýär. Ybraýym Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetendigini gördümi? Ybraýym Hudaýyň gudraty bilen ogly Yshak dünýä inýänçä 25 ýyl garaşdy. Agtyklary Esaw bilen Ýakup dünýä inýänçä bolsa 60 ýyl garaşdy (Ýew. 6:15). Ol nesliniň uly millet bolanyny we wada edilen ýurdy miras alanyny görmedi. Ybraýym şonda-da soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy (Ýak. 2:23). Ybraýym pygamber Jennetde direlende Hudaýa sabyrly gulluk edendigini we ýer ýüzi neslinden bereket alandygyny bilip örän begener, başy göge ýeter (1 Mus. 22:18). Biz mundan näme öwrenýäris? Belki, biz Ýehowanyň ähli wadasyny ýerine ýetirendigini görüp bilmeris. Emma Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip sabyrly bolsak, Ýehowa şu günler bize bereket berer, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşy sylag berer (Mar. 10:29, 30). w23.08 sah. 24, abz. 14