14-nji awgust, penşenbe
Uzyýanyň Ýehowa gulluk eden döwri hak Hudaý ony goldardy (2 Tar. 26:5).
Uzyýa tagta çykanda pesgöwünli oglandy. Ol «hak Hudaýdan gorkýardy». Uzyýa 68 ýyl ömür süren bolmaly (2 Tar. 26:1—4). Ýehowa ony ömrüniň köp böleginde goldady. Uzyýa köp duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazandy we Iýerusalimiň diwarlaryny berkitdi (2 Tar. 26:6—15). Ol hak Allanyň berýän goldawyna örän minnetdar bolandyr (Nes. 3:12, 13). Uzyýa patyşa bolansoň hemişe adamlara buýruk berýärdi. Şol sebäpli ol islän zadymy etmäge hakym bar diýip pikir eden bolmaly. Bir gün Uzyýa Ýehowanyň ybadathanasyna girip, tütetgi ojagynda tütetgi ýakjak bolýar. Emma kanuna görä, patyşanyň tütetgi ýakmaga haky ýokdy (2 Tar. 26:16—18). Baş ruhany Azarýa Uzyýany saklajak bolýar. Emma patyşanyň gahary gelip, gany depesine urýar. Gynansak-da, Uzyýa hak Allanyň öňünde ýygnan abraýyny ýele sowurýar we Ýehowa ony heýwere keseline uçradýar (2 Tar. 26:19—21). Uzyýa patyşa pesgöwünli bolan bolsa, onuň durmuşy düýbünden başgaça bolardy. w23.09 sah. 10, abz. 9, 10
15-nji awgust, anna
Sünneti goldaýanlardan gorkup, başga milletliler... bilen gepleşmegini goýdy (Gal. 2:12).
Petrus resul Ýehowanyň mukaddes ruhuny alsa-da, saýlanan mesihçi bolsa-da, ýalňyşlyk goýberýärdi. Meselem, b. e. 36-njy ýylynda Ýehowa Petrusy başga milletli Korneliýiň öýüne iberýär. Şeýlelikde, Korneliýe we bütin maşgalasyna Ýehowanyň mukaddes ruhy inýär. Petrus Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna we başga milletli adamlary öz halkyna goşmak isleýändigine düşündi (Res. 10:34, 44, 45). Ol başga milletler bilen gatnaşyp, bir saçak başynda oturyp iýip içýär. Emma käbir ýehudylar başga milletler bilen gatnaşmagy makul bilmeýärdi. Günlerde bir gün Antakyýadan ýehudylar gelýär welin, Petrus başga milletler bilen gepleşmegini goýýar. Pawlus resul onuň ikiýüzlüligini görüp, hemmeleriň öňünde käýeýär we maslahat berýär (Gal. 2:13, 14). Petrus öýkeläp ýörmän maslahaty kabul edýär. w23.09 sah. 22, abz. 8
16-njy awgust, şenbe
Hudaý... çydamly eder (1 Pet. 5:10).
Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny ýürekden etmek isleýänsiňiz. Eger özüňizi barlasaňyz, siz henizem köp zatlaryň üstünde işlemelidigiňizi anyklarsyňyz, ýöne ruhdan düşmäň, Halypamyz sizi hemişe goldamaga taýyn (1 Pet. 2:3). Petrus resulam: «Hudaý size doly tälim berer, berkider» diýdi. Petrus özüni Hudaýyň Oglunyň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi (Luka 5:8). Ýöne Ýehowanyň we Isanyň goldawy bilen soňky demine çenli wepaly galdy. Şeýlelikde, ol «Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedilik Patyşalygyna... girmek» hormatyna eýe boldy (2 Pet. 1:11). Gör, nähili uly sylag! Eger bizem Petrusyň göreldesine eýersek, Ýehowa wepaly bolarys, onuň tälimini alarys we ebedi ýaşaýşa ýeteris. Şonda biziň «imanymyz maksadymyza ýetmäge, ýagny halas bolmaga kömek eder» (1 Pet. 1:9). w23.09 sah. 31, abz. 16, 17