17-nji awgust, ýekşenbe
Ýeri-gögi... Ýaradana sežde ediň! (Ylh. 14:7).
Gadymy döwürdäki çadyryň howlusynyň daşyna zygyr matadan perde tutulandy. Ol ýerde ruhanylar borjuny ýerine ýetirýärdi. Howluda gurbanlyk ojagy we içi suwly legen bardy. Ruhanylar borjuna başlamazdan öň legendäki suwa ýuwunýardylar (2 Mus. 30:17—20; 40:6—8). Şu günler saýlanan mesihçiler ýer ýüzünde ruhy ybadathananyň içki howlusynda gulluk edýärler. Ruhy ybadathanadaky suwly legen nämäni aňladýar? Ol saýlanan mesihçileriň we «uly märekäniň» ahlak hem-de ruhy taýdan arassa bolmalydygyny aňladýar. «Uly märeke» Ýehowa nirede sežde edýär? Ýahýa resul olaryň «tagtyň... öňünde» durandygyny gördi. Diýmek, olar ruhy ybadathananyň daşky howlusynda «gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler» (Ylh. 7:9, 13—15). Hawa, biz Ýehowa Atamyza ruhy ybadathanada arassa sežde etmek üçin beren ornuna örän minnetdar! w23.10 sah. 28, abz. 15, 16
18-nji awgust, duşenbe
Hudaýyň wadasyna imany... güýç-kuwwat berdi (Rim. 4:20).
Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly biziň güýjümize güýç goşýar (Işa. 32:1, 2). Şol sebäpli gaýgy-aladaňyzy we biynjalyk edýän zatlaryňyzy ýaşululara gürrüň beriň. Olaryň maslahatyny minnetdarlyk bilen kabul ediň. Eziz Atamyz ýaşuly doganlar arkaly siziň derdiňize derman bolar. Mukaddes Kitabyň wadalaryna bolan umydymyz güýjümize güýç goşýar. Biziň köpümiz ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýäris, käbirmiz bolsa gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge umyt edýäris (Rim. 4:3, 18, 19). Biziň umydymyz kynçylyklara döz gelmäge, hoş habary wagyz etmäge we ýygnakdaky borçlarymyzy ýerine ýetirmäge güýç berýär (1 Sel. 1:3). Pawlus resula-da umydy kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi. Ony «her tarapdan gysyp-gowurdylar», «aljyraňňy ýagdaýa» saldylar, «yzarladylar», «urup-ýençdiler», hatda ol «ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy» (2 Kor. 4:8—10). Ýöne ol umydy hakda oýlanyp kynçylyklara döz geldi (2 Kor. 4:16—18). Pawlus gelejekde aljak sylagy hakda oýlanýardy. Ol gökdäki Patyşalykda höküm sürmelidi. Pawlus resul umydy hakda oýlananda «içki dünýäsi günsaýyn täzelenýärdi». w23.10 sah. 15, 16, abz. 14—17
19-njy awgust, sişenbe
Ýehowa halkyna güýç-kuwwat berýär, Ýehowa halkyna parahatlyk berýär (Zeb. 29:11).
Doga edenimizde jogap almasak, Ýehowanyň doga-dilegimize jogap berilmeli wagtymy ýa däldigi hakda oýlanyp görüň. Biz doga-dilegimize derrew jogap almak isleýäris, emma Ýehowa haçan jogap berilmelidigini gowy bilýär (1 Pet. 5:6, 7). Biz doga-dilegimize jogap almasak, Ýehowa «ýok» diýip jogap berendir öýtmegimiz mümkin. Aslynda, Ýehowa «ýok» däl-de, «häzir wagty däl» diýip jogap berendir. Meselem, bir dogan agyr derdinden gutulmak üçin Hudaýa doga edýär. Ýöne ol derdinden gutulmaýar. Eger Ýehowa ony gudrat bilen keselinden sagaltsa, Şeýtan doganyň Ýehowa wepalydygyny şübhä goýup: «Ol Hudaýa agyr derdinden sagaldandygy üçin gulluk edýär» diýerdi (Eýp. 1:9—11; 2:4). Aslynda, Ýehowa adamlary ähli derdinden sagaltjak gününi belledi (Işa. 33:24; Ylh. 21:3, 4). Biz şol güne çenli gudrat bilen sagalarys öýtmeli däl. Gaýtam biz: «Kyn ýagdaýa döz gelmäge we soňuna çenli wepaly bolmaga kömek et» diýip, Ýehowa doga etmeli. Şonda ol bize güýç-kuwwat we kalbymyza rahatlyk berer. w23.11 sah. 24, abz. 13