20-nji awgust, çarşenbe
Günälerimize görä jeza bermez, ýalňyşymyza görä temmi bermez (Zeb. 103:10).
Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi, emma ol Ýehowa bil baglady. Onuň gözleri kör bolsa-da, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik gözledi (Ser. 16:28—30). Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Piliştlilerden ar alaýyn» diýdi. Hak Hudaý Şimşonyň dilegini eşitdi we onuň güýjüni gaýtaryp berdi. Şimşon jaýy saklaýan iki sütüni itekledi welin, tutuş jaý märekäniň üstüne ýykyldy. Şimşonyň şol gün öldürenleri bütin ömrüne öldürenlerinden köp boldy. Şimşon eli bilen edenini egni bilen çekdi. Emma ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmegi ýüregine düwüpdi. Biz bikämil adam. Şol sebäpli ýalňyşmagymyz, käýinç eşitmegimiz, hatda borjumyzy ýitirmegimiz mümkin. Emma özümizden göwnümiz geçmeli däl, sebäbi Ýehowa bizi bagyşlamaga taýyn (Zeb. 103:8—9). Biz ýalňyşlyk goýbersek-de, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris. w23.09 sah. 6, abz. 15, 16
21-nji awgust, penşenbe
Çydamly bolsak, Hudaýy razy ederis, Hudaýy razy etsek, umytly bolarys (Rim. 5:4).
Ýehowa biziň kyn ýagdaýlarda çydamly bolup, wepaly galýandygymyza begenýär we razy bolýar. Kynçylyklarda çydamly bolup, Hudaýy razy etmek biziň üçin uly bagt (Zeb. 5:12). Ybraýym pygamber kyn ýagdaýlara döz geldi we Hudaýy razy etdi. Ýehowa hem ony dosty we dogruçyl adam hasaplady (1 Mus. 15:6; Rim. 4:13, 22). Siz hem Hudaýy razy edip bilersiňiz. Allatagala siziň edýän işiňizi, borjuňyzy däl-de, çydamlylygyňyzy we wepalylygyňyzy görüp razy bolýar. Siz ýaşyňyza, ýagdaýyňyza, ukyp-başarnygyňyza garamazdan, kyn ýagdaýlarda çydamly bolup bilersiňiz. Siz synaglarda Hudaýa wepaly bolýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, Allatagala sizden razy. Muny bilmek siziň güýjüňize güýç goşar we umydyňyzy berkider. w23.12 sah. 11, abz. 13, 14
22-nji awgust, anna
Batyrgaý bol (1 Pat. 2:2).
Ýaş doganlar, siz adamlar bilen gepleşmegi başarmaly. Munuň üçin diňe özüňiz geplemän, adamy ünsli diňläň. Onuň duýgularyna we pikirine düşünjek boluň (Nak. 20:5). Şeýle-de adamyň äheňinden, ýüz-gözünden we hereketinden näme diýjek bolýandygyny aňjak boluň. Emma telefon eliňizden düşmese, günuzyn ýazyşyp otursaňyz, adamlar bilen gepleşmegi hiç haçan öwrenmersiňiz. Şonuň üçin mümkinçilikden peýdalanyp, adamlar bilen gepleşjek boluň (2 Ýah. 12). Doganlar özüni we maşgalasyny ekläp bilmeli (1 Tim. 5:8). Eliňizde hünäriňiz bolsa hiç haçan hor bolmarsyňyz (Res. 18:2, 3; 20:34; Efes. 4:28). Şeýle-de ýalta bolman, zähmetsöýer boluň we tabşyrylan işi kemini goýman ediň. Şonda size iş tapmak we başlygyňyzyň ynamyny gazanmak aňsat bolar. w23.12 sah. 27, abz. 12, 13