Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 7
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Ahaz patyşa habar gelýär (1—9)

        • Şegarýaşup (3)

      • Emanuwel hakda alamat (10—17)

      • Biwepalygyň netijesi (18—25)

Işaýa 7:1

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: ol.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:1, 2
  • +2Pa 15:37; 2Tr 28:6
  • +2Pa 16:5

Işaýa 7:3

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Diňe aman galanlar dolanar.

  • *

    Ýa-da: ýabyna.

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:18
  • +2Pa 18:17

Işaýa 7:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:30; Işa 8:6, 7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/12/2006, sah. 9

Işaýa 7:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2013, sah. 16

Işaýa 7:6

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: gorkuzalyň.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2013, sah. 16

Işaýa 7:8

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:6; Hoş 1:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/12/2006, sah. 9

Işaýa 7:9

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:23, 24
  • +2Pa 15:27

Işaýa 7:11

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ser 6:36, 37; Işa 37:30; 38:7, 8

Işaýa 7:13

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:15, 16

Işaýa 7:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: durmuşa çykmadyk.

  • *

    Manysy: Hudaý biziň bilendir.

Parallel aýatlar

  • +Işa 9:6; Ýah 1:14; 1Tm 3:16
  • +Mat 1:23; Luk 1:30—35

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2013, sah. 16, 17

    15/8/2011, sah. 10

Işaýa 7:16

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:29; 16:8, 9; Işa 8:3, 4; 17:1

Işaýa 7:17

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:20
  • +2Pa 18:13, 14; 2Tr 28:19, 20; Işa 36:1

Işaýa 7:20

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ýewfrat derýasy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:7

Umumy salgylar

Işa. 7:12Pa 16:1, 2
Işa. 7:12Pa 15:37; 2Tr 28:6
Işa. 7:12Pa 16:5
Işa. 7:3Işa 8:18
Işa. 7:32Pa 18:17
Işa. 7:42Pa 15:30; Işa 8:6, 7
Işa. 7:62Pa 16:5
Işa. 7:82Pa 17:6; Hoş 1:6
Işa. 7:91Pa 16:23, 24
Işa. 7:92Pa 15:27
Işa. 7:11Ser 6:36, 37; Işa 37:30; 38:7, 8
Işa. 7:132Tr 36:15, 16
Işa. 7:14Işa 9:6; Ýah 1:14; 1Tm 3:16
Işa. 7:14Mat 1:23; Luk 1:30—35
Işa. 7:162Pa 15:29; 16:8, 9; Işa 8:3, 4; 17:1
Işa. 7:171Pa 12:20
Işa. 7:172Pa 18:13, 14; 2Tr 28:19, 20; Işa 36:1
Işa. 7:202Pa 16:7
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
Işaýa 7:1—25

Işaýa

7 Uzyýanyň agtygy Ýotamyň ogly Ahaz+ Ýahudada hökümdarlyk edýärkä, Siriýanyň patyşasy Resin we Ysraýylyň patyşasy Remalyň ogly Pekas+ Iýerusalime hüjüm etdiler. Emma olar* şäheri basyp alyp bilmediler+. 2 Dawudyň öýüne: «Siriýa we Efraýym goşuny birleşdi» diýip habar berdiler.

Şonda Ahazyň we halkyň ýüregi şemala yranýan tokaý agaçlary kimin titredi.

3 Ýehowa Işaýa şeýle diýdi: «Gaýrat edip, Ahazy garşylamak üçin, ogluň Şegarýaşup*+ bilen kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň+ arygyna* bar. 4 Oňa şeýle diý: „Özüňi ele al, gorkma! Tüsseläp duran iki odundan, Siriýa patyşasy Resin bilen Remalyň oglunyň+ gazabyndan gorkma. 5 Siriýa, Efraýym we Remalyň ogly saňa garşy dildüwşük gurnap: 6 „Geliň, Ýahuda hüjüm edip, derbi-dagyn edeliň*. Ýurda eýe çykyp, Tabyýeliň ogluny patyşa edeliň“ diýdiler+.

 7 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Olaryň guran hilesi başa barmaz.

Hiç haçan amala aşmaz.

 8 Damask Siriýanyň paýtagty,

Resin Damasgyň patyşasy.

65 ýyl geçmänkä,

Efraýym weýran ediler, ady ýitip gider+.

 9 Samariýa+ Efraýymyň paýtagty,

Remalyň ogly Samariýanyň patyşasy+.

Imanyňy berkit,

Ýogsa uzak ýaşamarsyň“».

10 Soňra Ýehowa Ahaza şeýle diýdi: 11 «Ýehowa Hudaýyňdan alamat sora+. Goý, alamat mazar* ýaly çuň, asman ýaly belent bolsun». 12 Emma Ahaz: «Ýok, alamat soramaryn, Ýehowany synamaryn» diýdi.

13 Işaýa şeýle diýdi: «Diňläň, eý Dawut öýi! Siz bolşuňyz bilen halkyň degnasyna degdiňiz. Muny az görýän ýaly, Allanyň hem sabyr käsesini doldurjak bolýarsyňyzmy?+ 14 Şonuň üçin Ýehowanyň özi size bir alamat berer: ine, päk* gyz göwreli bolup, bir ogul dograr+. Adyna Emanuwel* dakar+. 15 Ol erbetlikden ýüz öwrüp, ýagşylyk etmegi öwrenýänçä, ýag bilen bal iýer. 16 Oglanjyk erbetlikden ýüz öwrüp, ýagşylyk etmegi öwrenýänçä, seni howsala salýan iki patyşalyk boşap galar+. 17 Ýehowa seniň, halkyň we ataň öýüniň üstüne görlüp-eşidilmedik günleri getirer. Efraýymyň Ýahudadan bölünen+ gününden bäri beýle zat bolan däldir. Siziň üstüňize Assiriýa patyşasy çozar+.

18 Şol gün Ýehowa sykylyk çalyp, Müsüriň Nil derýasynyň uzakdaky şahalaryndan siňekleri we Assiriýadan arylary çagyrar. 19 Olar jülgelere, kert gaýalara, tikenli agaçlaryň üstüne we mallaryň suwa ýakylýan ýerlerine çozar.

20 Şol gün Ýehowa derýanyň* aňyrsyndan Assiriýa patyşasyny+ dellekçi ýaly hakyna tutup, siziň saçyňyzy, aýagyňyzyň tüýüni we sakgalyňyzy syrdyrar.

21 Şol gün her kes sürüden bir sygry we iki goýny duşman elinden alyp galar. 22 Süýt bol bolar, olar ýag iýer. Ýurtda aman galan her bir adam ýag bilen bal iýer.

23 Şol gün bahasy 1 000 kümüş teňňe bolan 1 000 düýp üzüm oturdylan mellekde ýandaklar we haşal otlar gögerer. 24 Adamlar ol ýere ok-ýaýly gider, sebäbi tutuş ýurdy ýandak we haşal ot basar. 25 Siz bir döwür dagyň otlaryny kätmen bilen çapardyňyz. Indi dagyň golaýyna-da baryp bilmersiňiz, sebäbi ol ýeri ýandak we haşal ot basar, öküzleriň, goýunlaryň öri meýdany bolar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş