Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 11
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şawul ammonlary gyrýar (1—11)

      • Şawulyň gaýtadan patyşa bellenmegi (12—15)

1 Şamuwel 11:1

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:19
  • +Ser 21:8; 1Şm 31:11, 12

1 Şamuwel 11:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Şawulyň Gibeýasyna.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:26; 14:2

1 Şamuwel 11:6

Parallel aýatlar

  • +Ser 3:9, 10; 6:34; 11:29; 14:5, 6; 1Şm 10:10, 11; 16:13

1 Şamuwel 11:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Günüň gyzan wagty.

1 Şamuwel 11:10

Parallel aýatlar

  • +1Şm 11:3

1 Şamuwel 11:11

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: säher çagynda. Gije sagat 2:00-dan daňdan 6:00-a çenli aralyk.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 11:1

1 Şamuwel 11:12

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:26, 27

1 Şamuwel 11:13

Parallel aýatlar

  • +2Şm 19:22

1 Şamuwel 11:14

Parallel aýatlar

  • +1Şm 7:15, 16
  • +1Şm 10:17, 24

1 Şamuwel 11:15

Parallel aýatlar

  • +3Ms 7:11
  • +1Pa 1:39, 40; 2Pa 11:12, 14; 1Tr 12:39, 40

Umumy salgylar

1 Şam. 11:15Ms 2:19
1 Şam. 11:1Ser 21:8; 1Şm 31:11, 12
1 Şam. 11:41Şm 10:26; 14:2
1 Şam. 11:6Ser 3:9, 10; 6:34; 11:29; 14:5, 6; 1Şm 10:10, 11; 16:13
1 Şam. 11:101Şm 11:3
1 Şam. 11:111Şm 11:1
1 Şam. 11:121Şm 10:26, 27
1 Şam. 11:132Şm 19:22
1 Şam. 11:141Şm 7:15, 16
1 Şam. 11:141Şm 10:17, 24
1 Şam. 11:153Ms 7:11
1 Şam. 11:151Pa 1:39, 40; 2Pa 11:12, 14; 1Tr 12:39, 40
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 11:1—15

1 Şamuwel

11 Soňra ammonlaryň+ patyşasy Nahaş goşuny bilen gelip, Gileadda ýerleşýän Ýabeş+ şäheriniň daşyny gabady. Ýabeşiň ilaty oňa: «Biz bilen ylalaşyk baglaş, guluň bolaly» diýdiler. 2 Ammon patyşasy Nahaş: «Bolýar, ýöne bir şertim bar. Hemmäňiz sag gözüňizi oýduryň. Şeýdip, Ysraýyly masgaralajak» diýdi. 3 Ýabeşiň ýaşululary: «Bize ýedi gün wagt ber, tutuş Ysraýyla habar ýollaly. Eger bizi halas etjek adam tapylmasa, saňa boýun egeris» diýdiler. 4 Biraz wagtdan habarçylar Şawulyň şäheri Gibeýa*+ baryp, ähli zady halka gürrüň berdiler. Muny eşiden adamlar ses edip aglaşdylar.

5 Şawul öri meýdandan sürini alyp gelýärdi. Ol: «Adamlara näme boldy? Näme üçin aglaşýarlar?» diýip sorady. Şonda Şawula ýabeşlileriň aýdan zatlaryny gürrüň berdiler. 6 Muny eşiden Şawulyň üstüne Hudaýyň ruhy indi+. Ol gahar-gazaba münüp, 7 iki öküzi bölek-bölek etdi-de, olary habarçylara berip, tutuş Ysraýylda: «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, maly şeýle ediljekdir» diýip jar çekdirdi. Şonda halky Ýehowadan gorky gaplap aldy, olaryň bary bir adam ýaly bolup ýygnandy. 8 Şawul olary Bezekde sanady. Görse, ysraýyllardan 300 000, ýahudalardan 30 000 adam bar eken. 9 Olar ýabeşli habarçylara şeýle diýdiler: «Gileaddaky Ýabeş ilatyna: „Ertir günortan* halas bolarsyňyz“ diýiň». Habarçylar gidip, ähli zady ýabeşlilere gürrüň berdiler. Olar muňa begendiler. 10 Ýabeşliler ammonlara: «Ertir size boýun egeris. Onsoň, näme etseňiz, edäýiň»+ diýdiler.

11 Ertesi Şawul esgerleri üç topara böldi. Olar daň atmanka*, duşman düşelgesine girip, ammonlary+ günortana çenli gyrdylar. Diri galanlary bolsa aýagaldygyna gaçyp, dyr-pytrak boldy. 12 Adamlar Şamuwele: «„Şawuldanam bir patyşa bolarmy?“+ diýenler nirede? Olary elimize ber, ýoguna ýanaly!» diýdiler. 13 Emma Şawul: «Ýok, bu gün gan döküp bolmaz+, sebäbi Ýehowa Ysraýyly halas etdi» diýdi.

14 Soňra Şamuwel: «Ýörüň, Gilgala+ gidip, Şawuly täzeden patyşa belläliň»+ diýdi. 15 Tutuş halk Gilgala baryp, Şawuly Ýehowanyň huzurynda patyşa edip belledi. Soňra Ýehowanyň huzurynda parahatlyk gurbanlyklary berdiler+. Şawul bilen ysraýyllar şatlyk-şagalaň etdiler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş