Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 34 sah. 282—288
  • Ýazgylaryň kadalaryna näme üçin eýermeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýazgylaryň kadalaryna näme üçin eýermeli?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dogrusyny bil
  • Baglaýarmy ýa-da goraýar?
  • Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?
    Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 34 sah. 282—288

34-NJI BAP

Ýazgylaryň kadalaryna näme üçin eýermeli?

Sen mekdebiň naharhanasynda iki gyz klasdaşyň bilen günortanlyk edinýärsiň. Birdenem mekdebe täze gelen oglan gapydan girýär. Şonda gyzlaryň biri:

«Begli seni çyndanam gowy görýär. Ol saňa seredip, gözüni aýryp bilenok» diýýär.

Soňra beýlekisi pyşyrdap: «Bilýäňmi gyz, onuň söýüşýänem ýok!» diýýär.

Sen muny öňem bilýärdiň, sebäbi Begli seni öýünde bolan oturylyşyga-da çagyrypdy. Elbetde, sen onuň teklibini kabul etmändiň. Ýöne indi sen: «Giden bolsam näme bolardy?» diýip pikirlenýärsiň.

Gyzlaryň birinjisi pikiriňi bölüp:

«Wah, meniň söýüşýänim bar-da, bolmasa Beglini çeňňegime ildirerdim» diýýär.

Soňra onuň seredişinden näme diýjegini bilýärsiň.

Ol: «Seniň näme üçin henizem söýüşýäniň ýok?» diýip soraýar.

Ine, ol seniň gorkup ýören soragyňy hem berdi. Elbetde, senem beýleki gyzlar ýaly biri bilen söýüşmek isleýänsiň. Ýöne durmuş gurmaga taýýar bolmankaň, söýüşmegiň gowy däldigine düşünýänsiň. Sen: «Eger Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bolsadym, onda...» diýip, içiňi gepledýärsiň.

Edil şol wagtam, gyzlaryň ikinjisi: «Ýehowanyň Şaýady bolanyň üçin gerek?!» diýýär.

Sen içiňden: «Ol meniň pikirimi okaýan ýaly» diýýärsiň.

Soňra ol: «Seniň bar bilýäniň Hudaý. Käte göwün açmagam bolýandyr-a» diýýär.

MUKADDES ÝAZGYLARYŇ kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygyň üçin deň-duşlaryň seniňem üstüňden gülüpdimi? Eger şeýle bolsa, sen özüňi bir gowy zatdan galan ýaly duýýarsyňmy? Debora hem özüni şeýle duýupdy. Ol: «Klasdaşlarymyň halan zadyny edýändigini görenimde, Mukaddes Ýazgylardaky kadalar meniň el-aýagymy baglaýan ýaly bolýardy. Menem olaryňky ýaly erkin bolasym gelýärdi» diýýär.

Dogrusyny bil

Köp adamlar öz ýalňyşyndan sapak edinýär. Emma bu hemişe dogry däl. Mezmurçy Asaf ýaly başgalaryň ýalňyşyndan sapak edinmek paýhasly we Mukaddes Ýazgylar hem muny maslahat berýär. Asaf üçin Hudaýyň tabşyryklary çendenaşa agyr ýaly bolup görünýär. Ýöne ol Hudaýyň ýolundan ýöremegi bes eden adamlaryň nähili ýagdaýa uçraýandygy barada oýlanýar. Şonda Asaf olaryň «sürçek ýerde» durandygyna düşünýär (Zebur 73:18).

Gel, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyny bes edip, nikadan öň jynsy gatnaşyk eden ýaşlaryň aşakdaky soraglara nähili jogap berendigine seredeli.

● Muňa näme sebäp boldy?

Debora: «Mekdepdäkileriň hemmesiniň söýüşýäni bardy. Olar daşyndan bagtly görünýärdi. Deň-duşlarym bilen oturanymyzda bolsa, söýüşýänleriň ogşaşýandygyny, gujaklaşýandygyny görýärdim we olara gözüm gidýärdi. Men özümi ýeke duýýardym. Köplenç men gowy görýän oglanym bilen wagtymy bile geçirişimi sagatlap göz öňüme getirýärdim. Bu bolsa, onuň ýanynda bolmak islegimi hasam güýçlendirýärdi».

Maýk: «Jynsy gatnaşyk barada gürrüň edilýän telegepleşikleri görýärdim we žurnallary okaýardym. Deň-duşlarym bilen jynsy gatnaşyk barada gürrüň edenimizde bolsa, bilesigelijiligim hasam artýardy. Men bir gyz bilen ikiçäk galanymda onuň bilen ogşaşyp gujaklaşsamam, jynsy gatnaşyk etmerin diýip pikir edýärdim. Özüme gaty ynamlydym».

Andre: «Internetde pornografiýa görýärdim. Üstesine-de, spirtli içgileri köp içip başladym we Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalaryna sowuk-sala garaýan ýaşlaryň gurnaýan oturylyşyklaryna gatnaşýardym».

Treýsi: «Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň günädigini bilýärdim. Şonuň üçinem muny etjek bolmaýardym. Emma ony ýigrenmändigim üçin, duýgularym möwç urup, erkimi elimden aldy. Eden işim üçin biraz wagt özümi günäkär hem duýmadym».

● Bu seni bagtly etdimi?

Debora: «Deň-duşlaryma meňzeýändigim üçin başda özümi erkin we bagtly duýdum. Emma bu duýgular uzak dowam etmedi. Soňra men özümi hapa, bozuk we gerekmejek adam ýaly duýdum. Gyzlygymyň gadyryny bilmän, ony aňsatlyk bilen ýitirenime gaty ökünýärin».

Andre: «Erbet höweslerimi kanagatlandyrmak meniň üçin gün-günden aňsatlaşýardy. Ýöne şol bir wagtyň özünde, özümi günäli duýýardym. Özüme bolan hormatymam gaçdy».

Treýsi: «Günä edip, ýaşlygymy kül etdim. Söýüşýän oglanym bilen bagtly bolaryn öýtdüm. Ýöne beýle bolmady. Gaýtam, bir-birimizi gynandyryp, ýüregimize ýara saldyk we ejir çekdik. Ýehowa gulak asmandygyma ökünip, aglap ýatyp bilmedik günlerim hem az däldi».

Maýk: «Durmuşdan şatlyk tapman başladym. Eden işimiň başgalara zyýan ýetirendigi barada oýlanmajak bolýardym, ýöne başartmaýardy. Öz islegimi kanagatlandyrmak üçin başgalary gynandyrandygymy ýatlanymda bolsa, özümi gaty erbet duýýardym».

● Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary çendenaşa erkinligiňi alýar diýip pikir edýän ýaşlara nähili maslahat bererdiňiz?

Treýsi: «Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşa we şol boýunça ýaşaýan adamlar bilen gatnaş. Şonda sen bagtly bolarsyň».

Debora: «Edýän işleriň diňe özüňe däl, başgalara-da täsir edýär. Eger Hudaýyň maslahatyny kabul etmeseň, ajy miwesini dadarsyň».

Andre: «Heniz ýaş wagtyň tejribäň az bolýar. Şonuň üçin deň-duşlaryň durmuşy gyzykly ýaly bolup görünýär. Olaryň garaýşy saňa güýçli täsir edýär. Şol sebäpli dostlaryňy paýhasly saýla. Ýehowa bil bagla. Şonda sen hiç haçan ökünmersiň!»

Maýk: «Adamyň mertebesi we ahlak taýdan arassalyk Ýehowanyň beren iň gymmatly sowgatlarynyň biri. Mertebäňi peseltmek we ahlaksyzlyk etmek, berlen sowgady arzan baha satmakdyr. Kynçylyklaryň barada ene-ataň ýa-da uly ýaşly biri bilen gepleş. Eger ýalňyşlyk goýberseň, derrew birinden kömek sora we ýagdaýy düzet. Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşasaň, hakyky parahatlygy duýarsyň».

Baglaýarmy ýa-da goraýar?

Ýehowa «bagtly Hudaý» bolandygy üçin biziňem bagtly bolmagymyzy isleýär (1 Timoteos 1:11; Wagyz kitaby 11:9). Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar seniň üçin peýdaly. Belki, ol el-aýagyňy baglap, erkinligiňi alýan ýaly görünýändir. Ýöne ol edil ulagdaky «howpsuzlyk kemeri» ýaly, howpdan goraýar.

Sen Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň peýdalydygyna ynanyp bilersiň. Eger Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşasaň, diňe bir Ýehowany begendirmän, eýsem özüňe-de köp peýda berer (Işaýa 48:17).

INDIKI BAPDA

Hudaýyň nädip dosty bolup bolýandygyny bil.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Peýdaly zady öwredýän... Hudaýyňyz Reb Mendirin». Işaýa 48:17

MASLAHAT

Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýermegiň paýhaslydygyny jigiňe nädip düşündirjekdigiň hakda oýlan. Ynanýan zatlaryň barada gürrüň berseň, hakykat ýüregiňde kök urar.

BILÝÄŇIZMI?

Ýehowa bilen dostlugyňa aňsatlyk bilen zyýan ýetip bilýär. Ýöne ony dikeltmek üçin köp ýyl gerek bolmagy mümkin.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň paýhaslydygyna düşüner ýaly, men ․․․․․

Dünýäniň garaýşyna görä ýaşaýanlara gözüm gidip başlasa, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Hudaýyň tabşyryklaryny bozmagyň erbet netije berýändigini öz başyňdan geçirip görmek gerekmi?

● Debora, Maýk, Andre we Treýsiniň aýdanlaryndan näme öwrenip bilersiň?

● Käbir ýaşlar näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny el-aýagyňy baglaýan ýaly görýär? Ýöne bu näme üçin nädogry?

[285-nji sahypadaky sitata]

«Eden işiň üsti açylsa, gaty erbet bolýarsyň. Ýöne ony gizleseň, ondanam beter bolýar» Donna

[288-nji sahypadaky surat]

Hudaýyň talaplary el-aýagyňy baglaman, gaýtam, goraýar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş