Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 23 sah. 60—sah. 61 abz. 5
  • Isa Kapernaumda uly işleri edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Kapernaumda uly işleri edýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa jynly oglany sagaldýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 23 sah. 60—sah. 61 abz. 5
Syrkaw adamlar Petrusyň öýüniň gapysynyň agzynda üýşýärler, Isa hem olary sagaldýar

23-NJI BAP

Isa Kapernaumda uly işleri edýär

MATTA 8:14—17; MARKUS 1:21—34; LUKA 4:31—41

  • ISA JYNLARY KOWUP ÇYKARÝAR

  • PETRUSYŇ GAÝYNENESINIŇ SAGALYŞY

Isa Petrus, Andreas, Ýakup bilen Ýahýany adamlary tutýan balykçy bolmaga çagyrypdy. Sabat günüdi. Kapernaumyň ýaşaýjylarynyň bary sinagoga barýarlar. Isa hem sinagoga baryp, adamlara tälim berip başlaýar. Adamlar hemişekisi ýaly onuň öwredişine haýran galýarlar. Sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi.

Sinagoga bir jynly adam hem barýar. Ol batly ses bilen şeýle diýýär: «Eý nazaretli Isa, sen bizi näme etjek bolýarsyň? Bizi ýok etmek üçin geldiňmi? Men seniň kimdigiňi gowy bilýärin, sen Hudaýyň Mukaddes gullukçysysyň» Emma Isa jyna käýäp: «Sem bol-da, onuň içinden çyk!» diýýär (Markus 1:24, 25).

Edil şol wagt jyn hemmeleriň gözüniň alnynda ol adamy sandyradyp, sesiniň ýetdiginden gygyrdýar. Emma şonda-da «hiç hili zyýan ýetirmän», onuň içinden çykýar (Luka 4:35). Sinagogadaky adamlar muny görüp, diýseň haýran galýarlar! Olar: «Bu näme boldugy? ...Onuň hatda jynlara-da buýruk bermäge ygtyýary bar, olar hem oňa gulak asýarlar» diýişýärler (Markus 1:27). Bu wakanyň bütin Jelile welaýatyna ýaýrandygy geň galdyrmasa gerek.

Şondan soň Isa şägirtleri bilen sinagogadan çykyp, Simunyň, ýagny Petrusyň öýüne gaýdýar. Petrusyň gaýynenesiniň gyzgyny galyp, syrkaw ýatyrdy. Şägirtleri Isadan ony sagaltmagyny haýyş edýärler. Şonda Isa onuň ýanyna baryp, elinden tutýar-da galdyrýar. Ol hem şol bada sagalýar, soňra Isa we onuň şägirtlerine hyzmat edip başlaýar. Ol gelen myhmanlara nahar bişirip beren bolmaly.

Gün ýaşyberende, giden märeke syrkaw adamlaryny getirip, Petrusyň öýüniň gapysynyň agzynda üýşýärler. Göräýmäge, şäheriň ähli ýaşaýjylary şol ýere ýygnanan ýalydy. Näme üçin? Syrkaw adamlar derdine şypa gözleýärdiler. «Adamlar onuň ýanyna dürli keselli syrkawlary getirýärler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup sagaldýardy» (Luka 4:40). Hawa, adamlaryň keseli nähili bolsa-da, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa olaryň baryny sagaldýar (Işaýa 53:4). Ol hatda jynlary hem kowup çykarýar. Olar adamlardan çykanda: «Sen Hudaýyň Oglusyň» diýip gygyrýardylar (Luka 4:41). Emma Isa olara käýäp, geplemäge ýol bermeýärdi. Jynlar Isanyň Mesihdigini bilýärdiler. Ýöne Isa olaryň hak Hudaýa gulluk edýän ýaly bolup görünmegini islemeýärdi.

JYNLY ADAMLAR

Kimdir biriniň içine giren jyn ýa-da jynlar oňa köp ejir çekdirip bilýärdiler (Matta 17:14—18). Emma içinden çykanda, adamyň akyl-huşy ýerine gelip, öňküsi ýaly sagdyn bolýardy. Isa Hudaýyň mukaddes ruhunyň güýji bilen köp adamlardan jynlary kowup çykarypdy (Luka 8:39; 11:20).

  • Sabat güni Kapernaumdaky sinagogada nähili waka bolýar?

  • Isa sinagogadan gaýdansoň nirä gidýär we ol ýerde nämeler edýär?

  • Isanyň eden işleri şäheriň ilatyna nähili täsir edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş