1-nji oktýabr 2014
Isa näme üçin Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edýärdi?
Isa pygamber ýerde ýaşanda köp zatlar hakda gürrüň berýärdi. Meselem, şägirtlerine doga-dileg etmegi, Hudaýy razy etmegi, bagtly bolmagy öwredýärdi (Matta 6:5—13; Markus 12:17; Luka 11:28). Ýöne ol Hudaýyň Patyşalygy barada öwretmegi hasam gowy görýärdi (Luka 6:45).
Isa pygamber güýjüni we wagtyny gaýgyrman, «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz etdi (Luka 8:1). Ol adamlara Patyşalyk hakda öwretmek üçin ýüzlerçe kilometr ýöräp, tutuş Ysraýyla aýlandy. Isanyň wagzy barada Injiliň dört kitabynda ýazylan. Onda Hudaýyň Patyşalygy barada 100 gezekden gowrak gürrüň berilýär. Olaryň köpüsini Isa gürrüň berdi. Isanyň Patyşalyk hakda gürrüň beren zatlarynyň köpüsi Injilde ýazylmady (Ýahýa 21:25).
Isa näme üçin Hudaýyň Patyşalygyna köp üns berýärdi? Hudaý Isany Patyşalygynyň patyşasy edip belledi (Işaýa 9:6; Luka 22:28—30). Ýöne Isa Patyşalyk barada wagyz edende özüni arşa galdyryp, şöhrat gazanjak bolmaýardy (Matta 11:29; Markus 10:17, 18). Isa Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edende öz islegini öňe sürjek bolmaýardy. Ol öňem, häzirem Hudaýyň Patyşalygyny wajyp hasaplaýara. Sebäbi Patyşalyk arkaly gökdäki Atasynyň adynyň şöhratlanjakdygyny we Hudaýy razy etmek isleýän adamlaryň bol bereketleri aljakdygyny bilýärdi.
PATYŞALYK ARKALY HUDAÝYŇ ISLEGI AMALA AŞAR
Isa gökdäki Atasyny örän gowy görýär (Nakyllar 8:30; Ýahýa 14:31). Ol söýgüden doly, duýgudaş, adalatly Atasynyň bardygyna buýsanýar (5 Musa 32:4; Işaýa 49:15; 1 Ýahýa 4:8). Şonuň üçin ol Atasy barada aýdylýan ýalan zatlary, ýagny Hudaý adamlaryň kösenýändigine biperwaý garaýar, Hudaý bizi synamak üçin ýaratdy diýen ýalan zatlary ýigrenýär. Isa Hudaý baradaky hakykaty açmak üçin «Patyşalyk baradaky hoş habary» yhlasly wagyz edýärdi. Wagty gelende Patyşalyk arkaly Hudaýyň ady şöhratlanar (Matta 4:23; 6:9, 10). Nädip?
Ýehowa Patyşalygy arkaly adamlara uly ýagşylyk eder. Ol söýýän bendeleriniň «gözýaşlaryny süpürer». Hatda gözýaş dökmäge sebäp bolýan ähli kynçylyklary aýrar. Şonda «ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:3, 4). Şeýdip, Hudaý Patyşalygy arkaly adamlaryň ähli kynçylyklaryny köki bilen aýrarb.
Ine, şonuň üçinem Isa Hudaýyň Patyşalygy barada höwes bilen öwredýärdi. Adamlar Patyşalyk arkaly Hudaýyň Gudratygüýçli hem-de duýgudaşdygyny bilerler (Ýakup 5:11). Şeýle-de Isa Hudaýyň Patyşalygy arkaly adamlaryň köp bereketleri aljakdygyny bilýärdi.
PATYŞALYK ARKALY GULAK ASÝAN ADAMLAR BEREKET ALAR
Isa ýer ýüzüne gelmänkä, köp wagtlap gökde Atasy bilen ýaşady. Atasy ogly bilen ägirt giň Älem-jahany, ummasyz ýyldyzlary, galaktikalary, owadan Ýer şaryny we janly-jandarlary ýaratdy (Koloslylar 1:15, 16). Esasanam, Isa adamlar ýaradylanda hasam begendi (Nakyllar 8:31).
Isa wagyz edende-de adamlara bolan söýgüsini bildirdi. Ol akýürekli adamlara hoş habary wagyz etmäge gelendigini açyk aýtdy (Luka 4:18). Isa: «Adamlara kömek etmeli» diýip, diňe dilde aýtmaýardy. Onuň adamlary söýýändigi her bir edýän işinden görünýärdi (Matta 14:14). Bir gezek Isa ýanyna gelen uly märekäni görende, olara haýpy gelip, syrkawlary sagaltdy. Başga bir gün bolsa heýwere keselli adam Isanyň sagaltjakdygyna iman edip, onuň ýanyna gelýär. Isanyň ýüregi awap, ony sagaldýar (Luka 5:12, 13). Günlerde bir gün Isanyň ýakyn dosty Lazar aradan çykýar. Onuň jigisi Merýemiň hasrat çekýändigini görüp, Isanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy, «gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi» (Ýahýa 11:32—36). Şonda Isa görlüp-eşidilmedik gudrat görkezdi. Ol ölenine dört gün bolan adamy direltdi (Ýahýa 11:38—44).
Isa sagaldan adamlarynyň iru-giç kesellejekdigini we direlden adamlarynyň ahyry öljekdigini bilýärdi. Ýöne Isa Hudaýyň Patyşalygynyň şol kynçylyklary hemişelik çözjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Isa ýerde ýaşanda diňe gudrat görkezmän, «Patyşalyk baradaky hoş habary» hem yhlasly wagyz etdi (Matta 9:35). Onuň görkezen gudratlary Hudaýyň Patyşalygy arkaly ýer ýüzünde ägirt işleri etjekdigini görkezdi. Geliň, Mukaddes Kitapdan gelejekde nähili durmuşyň boljakdygyny bileliň.
Keselçilik bolmaz.
«Şonda körleriň gözi açylar, kerleriň gulagy eşider. Agsaklar keýik kimin böker, lallar şatlanyp aýdym aýdar». Şeýle-de «hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» (Işaýa 33:24; 35:5, 6).
Ölüm-ýitim bolmaz.
«Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).
«Ol ölümi hemişelik ýok eder, Älemiň Hökümdary Ýehowa ähli gözýaşlary süpürer» (Işaýa 25:8).
Ölenler direler.
«Mazarda ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär» (Ýahýa 5:28).
«Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine sabyrly garaşýaryn» (Resullar 24:15).
Her kimiň öz öýi, gowy görýän işi bolar.
«Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler. Olaryň guran jaýlarynda başgalar ýaşamaz, olaryň ýetişdiren hasylyny başgalar iýmez... Saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer» (Işaýa 65:21, 22).
Uruş bolmaz.
«Ol ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar» (Zebur 46:9).
«Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» (Işaýa 2:4).
Iýmit ýetmezçiligi bolmaz.
«Toprak bol hasyl berer, Hudaý, biziň Hudaýymyz bereket eçiler» (Zebur 67:6).
«Ýer ýüzünde galla köp bolar, daglaryň depesine çenli ýeter» (Zebur 72:16).
Ýeter-ýetmezlik bolmaz.
«Garyplar unudylmaz» (Zebur 9:18).
«Ol perýat edýän garyby, hossarsyz mätäji halas eder. Garyp-gasara rehim eder, mätäjiň janyny halas eder» (Zebur 72:12, 13).
Hudaýyň Patyşalygy arkaly berjek bereketleri hakda oýlananymyzda, Isanyň Patyşalyk barada näme üçin yhlasly wagyz edendigine düşünýäris. Ol akýürekli adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada höwes bilen gürrüň berýärdi. Isa ähli kynçylyklary Hudaýyň diňe Patyşalygy arkaly aýyrjakdygyny bilýärdi.
Sizem Hudaýyň Patyşalygy arkaly berjek bereketlerini alasyňyz gelýärmi? Onda Patyşalyk barada köpräk biliň. Şeýle-de şol bereketleri almak üçin näme etmelidigini öwreniň.
a Şu makalada Isanyň duýgulary we hereketleri häzirki zamanda aýdylýar. Sebäbi ol şu wagt gökde güýçli perişde we onuň üçin häzirem Hudaýyň Patyşalygy wajyp (Luka 24:51).
b Hudaýyň kynçylyklara ýol berýändiginiň sebäbini bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 11-nji babyny okaň. Ony Ýehowanyň Şaýatlary çykardy. Kitap jw.org saýtynda hem bar.