Ýehowanyň ýatlatmalary ygtybarlydyr
«Men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin». 2 PET. 1:12
1. Hudaýyň halky haýsy temalary gaýta-gaýta öwrenýär we munuň bize nähili peýdasy bar?
SIZ «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlyk göreniňizde: «Biz bu temany öňem geçipdik ahyryn» diýipmidiňiz? Eger siz ýygnak duşuşyklaryna birnäçe ýyldan bäri gatnaşýan bolsaňyz, onda olarda käbir temalaryň gaýtalanýandygyna üns berensiňiz. Biz Hudaýyň Patyşalygy, töleg gurbany, şägirt taýarlamak, söýgi we iman ýaly zatlar barada yzygiderli öwrenip durýarys. Bu temalary gaýta-gaýta öwrenmeklik bize imanda berk durmaga we diňe bir «diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji bolmaga» ýardam edýär (Ýakup 1:22).
2. a) Mukaddes Ýazgylardaky «ýatlatma» diýlen söz köplenç nämäni aňladýar? b) Hudaýyň kanunlarynyň adamlaryň kanunlaryndan näme tapawudy bar?
2 Mukaddes Ýazgylardaky «ýatlatma» diýlen söz köplenç Hudaýyň halkyna berýän kada-kanunlaryny we görkezmelerini aňladýar. Adamlaryň çykaran kanunlaryny käte düzetmeli ýa-da täzelemeli bolýar. Emma Ýehowanyň kanunlary we görkezmeleri hemişe ygtybarlydyr. Bu kanunlar belli bir döwre ýa-da ýagdaýa görä berlen bolsa-da, olarda ýalňyşlyk ýokdur. Petrus resul şeýle ýazdy: «Bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin» (2 Pet. 1:12).
3, 4. a) Ýehowanyň ýatlatmalaryna ýene-de näme degişli? b) Ysraýyllylara Hudaýyň ýatlatmalaryna gulak asmagy nähili peýda getirerdi?
3 Siz Ýehowanyň ýatlatma hökmünde wagtal-wagtal duýduryş hem berýändigini gören bolsaňyz gerek. Hudaý pygamberleri arkaly ysraýyllylara gaýta-gaýta duýduryş berýärdi. Meselem, Musa olara Wada edilen diýara girmezleriniň öň ýanynda şeýle duýduryş berdi: «Seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp gulluk edäýmäň. Ýogsam size Rebbiň gahary geler» (Kan. tag. 11:16, 17). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň öz halky üçin ençeme ýatlatmalary berendigi aýdylýar.
4 Ýehowa käte ysraýyllylary Özünden gorkmaga, gulak asmaga we adyny şöhratlandyrmaga höweslendirýärdi (Kan. tag. 4:29—31; 5:28, 29). Olar bu ýatlatmalara eýerseler, köp bereketleri alyp bilerdiler (Lew. 26:3—6; Kan. tag. 28:1—4).
HUDAÝYŇ ÝATLATMALARYNA YSRAÝYLLYLARYŇ SESLENIŞI
5. Ýehowa Hizkiýa patyşa näme üçin kömek etdi?
5 Hudaýyň öz wadalaryny hemişe berjaý edýändigini ysraýyl halkynyň taryhyndan görse bolýar. Meselem, Aşur patyşasy Sanherip Ýahudany gabaýar we Hizkiýa patyşany tagtdan düşürmek isleýär. Emma Ýehowa perişdesini ýollap, oňa päsgel berýär. Hudaýyň perişdesi bir gijede Aşur goşunynyň «ähli batyr ýigitlerini» öldürýär. Sanherip bolsa, abraýdan gaçyp ýurduna dolanýar (2 Ýyl. 32:21; 2 Pat. 19:35). Hudaý Hizkiýa patyşa näme üçin kömek etdi? Sebäbi «Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi» (2 Pat. 18:1, 5, 6).
6. Ýoşyýa Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
6 Ýoşyýa patyşa hem Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asmakda gowy görelde galdyrdy. Ýoşyýa sekiz ýaşynda «Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulmady» (2 Ýyl. 34:1, 2). Ýoşyýa ysraýyldaky butlary ýok edip, hakyky seždäni dikeltdi we Ýehowa bil baglaýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, Hudaý diňe bir Ýoşyýany däl, eýsem, bütin halky patalady (2 Ýyl ýazgylary 34:33-i okaň)a.
7. Hudaýyň ýatlatmalaryny äsgermezlik eden ysraýyllylara näme boldy?
7 Gynansakda, ysraýyl halky Ýehowanyň ýatlatmalaryna doly bil baglamaýardy. Olar asyrlar boýy gulak asmaklyk babatda yraň atyp ýördüler. Ysraýyllylaryň imany gowşanda, olar Pawlusyň aýdyşy ýaly «her taglymatyň ýeli bilen kowlup, eýläk-beýläk iteklenýärdiler» (Efes. 4:13, 14). Ysraýyllylar Hudaýyň ýatlatmalaryna bil baglamagyny bes edenlerinde, eden işleriniň erbet netijesini gördüler (Lew. 26:23—25; Ýer. 5:23—25).
8. Biz ysraýyllylaryň eden işlerinden nähili sapak edinip bileris?
8 Biz ysraýyllylaryň eden işlerinden nähili sapak edinip bileris? Hudaý şu günler bize-de maslahat we görkezme berýär (2 Pet. 1:12). Biz Hudaýyň ylhamlanan Sözüni okanymyzda, Onuň berýän ýatlatmalaryny eşidýäris. Ýehowa bize erkinlik berdi, şol sebäpli Onuň görkezmesine gulak asmalymy ýa-da öz garaýşymyza görä ýaşamaly, muny her bir adamyň özi çözýär (Sül. tym. 14:12). Geliň, Ýehowanyň ýatlatmalaryna näme üçin bil baglamalydygyna we onuň berýän peýdasyna seredeliň.
HUDAÝA TABYN BOLUŇ WE ÝAŞAŇ
9. Ýehowa ysraýyllylary çölde gorap durýandygyny nädip ynandyrýardy?
9 Ysraýyllylar «ýowuz çölüň» içinde kyrk ýyl sergezdan bolanlarynda, Ýehowa olara nädip görkezme berjekdigini, gorajakdygyny we aladasyny etjekdigini jikme-jik aýtmandy. Emma ysraýyl halky Ýehowa we Onuň görkezmelerine doly bil baglap bilýärdi, sebäbi Ýehowa ynama mynasyp Hudaýdygyny gaýta-gaýta görkezdi. Ýehowa gündizine bulut, gijesine ot sütüni arkaly halkyna ýol görkezýärdi. Şeýdip, Ol ysraýyllylary howply we ýowuz çölüň içinde gorap durýandygyny ýatladýardy (Kan. tag. 1:19; Müs. çyk. 40:36—38). Ýehowa olaryň zerurlyklarynyň-da aladasyny edýärdi. «Olaryň eşikleri könelmeýärdi, aýaklary gabarmaýardy». Hakykatdan-da, olar «hiç zada zar» bolmandylar (Neh. 9:19—21).
10. Şu günler Ýehowa halkyna nädip görkezme berýär?
10 Şu günler Hudaýyň halky täze dünýäniň bosagasynda dur. Biz Ýehowanyň «uly muşakgatda» bizi halas etjekdigine ynanýarysmy? (Mat. 24:21, 22; Zeb. 119:40, 41). Elbetde, Ýehowa bizi täze dünýä alyp barmak üçin buludy ýa-da ot sütünini ulanmaýar. Ol bize guramasy arkaly ruhy taýdan oýa bolmaga kömek edýär. Meselem, Ýehowanyň guramasynda Mukaddes Ýazgylary okamak, maşgala okuwyny geçirmek, ýygnak duşuşyklaryna we wagza yzygider gatnaşmak ýaly çärelere köp üns berilýär. Bu bize ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýär. Biz berilýän görkezmelere eýermäge ýürekden jan edýärismi? Eger biz özgerişlikler etmäge taýyn bolsak, bu bize imanymyzy berkitmäge we täze dünýä gowuşmaga ýardam eder.
11. Hudaý biziň aladamyzy edýändigini nädip görkezýär?
11 Ýehowa bize ruhy taýdan oýa bolmaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, gündelik durmuşda duş gelýän meselelerde-de görkezme berýär. Meselem, Ol bizi maddy zatlara dogry garaýyşda bolmaga we gözümizi sada saklap, gerekmejek aladalardan gaça durmaga höweslendirýär. Şeýle-de egin-eşik, daş keşp, göwün açmalary saýlamak we bilim almak ýaly meselelerde peýdaly maslahatlar berilýär. Mundan başga-da jaýyň, ulagyň, Patyşalyk zalynyň howpsuzlygy we garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda özüňi nähili alyp barmalydygy babatda berilýän ýatlatmalar hakynda hem oýlanyň. Bu maslahatlar Hudaýyň aladamyzy edýändigini görkezýär.
ÝATLATMALAR IRKI MESIHÇILERE WEPALY GALMAGA KÖMEK ETDI
12. a) Isa şägirtlerine näme barada ýatladyp durýardy? b) Haýsy waka Petrusda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we bu bizi nämä höweslendirmeli?
12 Hudaý I asyrdaky mesihçilere-de hemişe ýatlatmalar berýärdi. Meselem, Isa şägirtlerine kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny gaýta-gaýta ýatladyp durýardy. Isa muny diňe bir sözde däl, eýsem, iş ýüzünde-de görkezdi. Ol ýerdäki ömrüniň iň soňky gijesi resullary bilen Pasha baýramyny bellemek üçin ýygnanyşýar. Isa şägirtleri bilen saçak başynda otyrka ýerinden turdy-da, olaryň aýaklaryny ýuwup, hyzmatkärleriň işini etdi (Ýahýa 13:1—17). Isanyň bildiren kiçigöwünliligi resullarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şol wakadan otuz ýyl geçenden soň hem, Petrus imandaşlaryna kiçigöwünlilik babatda maslahat berdi (1 Pet. 5:5). Isanyň galdyran göreldesi bizi birek-birege kiçigöwünliligi bildirmäge höweslendirmeli (Flp. 2:5—8).
13. Isa şägirtlerine haýsy häsiýeti ösdürmegiň wajypdygyny ýatladýardy?
13 Isa şägirtlerine imanyň berk bolmalydygy barada gaýta-gaýta aýdýardy. Bir sapar şägirtler tutgaýly ýaş oglandan jyny kowup bilmeýärler, şonda olar Isadan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soraýarlar. Isa şeýle jogap berýär: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolsa... size başartmajak zat bolmaz» (Mat. 17:14—20). Isa bütin gullugynyň dowamynda okuwçylaryna imanyň wajyp häsiýetdigini öwredýärdi (Matta 21:18—22-nji aýatlary okaň). Biz hem ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde berilýän bilimden peýdalanyp, imanymyzy berkitmäge jan edýärismi? Biz şeýle duşuşyklarda diňe bir şatlyk tapman, eýsem, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýäris.
14. Şu günler mesihi söýgini ösdürmek näme üçin wajyp?
14 Injilde birek-birege söýgini bildirmelidigi barada ençeme gezek ýatladylýar. Isa: «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýip, iň uly tabşyrygyň birini nygtap geçdi (Mat. 22:39). Isanyň enebir dogany Ýakup hem söýginiň iň wajyp häsiýetdigini görkezmek üçin, ony «patyşalyk kanuny» diýip atlandyrdy (Ýakup 2:8). Ýahýa resul hem şeýle diýdi: «Eý, söýgüli doganlar, men bir täze buýruk däl-de, ozal-başda alan gadymky buýrugyňyzy ýazýaryn» (1 Ýahýa 2:7, 8). Ýahýa «gadymky buýruk» diýmek bilen nämäni göz öňüne tutdy? Elbetde, söýgini. Bu buýruga «gadymky» diýilmeginiň sebäbi, Isa ol barada «ozal-başda», ýagny onlarça ýyl mundan öň aýdypdy. Ýöne muňa «täze» buýruk diýse-de bolar, çünki şägirtler täze ýagdaýlarda janaýamazlyk söýgini görkezmelidiler. Bu dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy ýakynymyza bolan söýgini sowadyp bilýär. Şol sebäpli biz Isanyň şägirtleri hökmünde, bu babatda berilýän ýatlatmalara minnetdar bolmaly dälmi näme?!
15. Isa ýer ýüzüne näme maksat bilen geldi?
15 Isa adamlar bilen ýürekden gyzyklanýardy. Ol syrkaw we maýyp adamlary sagaldýardy, hatda ölüleri-de direldýärdi. Emma Isanyň esasy maksady adamlary beden taýdan sagaltmak däldi. Onuň wagyz işi we öwreden zatlary adamlaryň durmuşyna has güýçli täsir etdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Isanyň sagaldan we direlden adamlary barybir garrap öldüler. Emma hoş habara seslenen adamlar ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik gazandylar (Ýahýa 11:25, 26).
16. Wagyz we şägirt taýarlamak işi nähili möçberde alnyp barylýar?
16 Isanyň I asyrda başlan wagyz işi şu günler has uly möçberde alnyp barylýar. Isa şägirlerine: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19). Isa bu işi diňe öz şägirtlerine däl, eýsem, bize-de tabşyrdy. Şu günler ýedi milliondan gowrak Ýehowanyň Güwäçileri 230-dan köpräk ýurtda Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz edýärler we millionlarça adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler. Bu alnyp barylýan wagyz işi soňky günlerde ýaşaýandygymyzyň aýdyň subutnamasydyr.
ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
17. Pawlus bilen Petrus imandaşlaryna nähili maslahat berdiler?
17 Ýatlatmalar irki mesihçilere imanda berk durmaga ýardam etdi. Pawlus resul Rimde tussagdaka Timoteosa: «Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny gaýym sakla» diýip ýazýar. Bu sözler Timoteosy, gör, nähili ruhlandyrandyr! (2 Tim. 1:13). Petrus resul hem imandaşlaryna sabyr, dogan söýgüsi we nebsiňe buýurmak ýaly häsiýetleri ösdürmäge höweslendirip, şeýle ýazdy: «Bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin» (2 Pet. 1:5—8, 12).
18. I asyrda ýaşan mesihçiler maslahatlara nähili garaýardylar?
18 Pawlus bilen Petrusyň ýazan hatlary «mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerine» gabat gelýärdi (2 Pet. 3:2). I asyrda ýaşan mesihçiler berlen maslahatlara nägile boldularmy? Ýok. Sebäbi bu maslahatlar Hudaýyň söýgüsini görkezýärdi we «Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösmäge» ýardam edýärdi (2 Pet. 3:18).
19, 20. Biz Ýehowanyň ýatlatmalaryna näme üçin bil baglamaly we munuň bize nähili peýdasy bar?
19 Ýehowanyň ýatlatmalaryna bil baglamaga bizde ençeme sebäpler bar, çünki olar ygtybarlydyr (Ýeşuwa 23:14-i okaň)b. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň müňlerçe ýylyň dowamynda bikämil adamlar bilen Özüni nähili alyp barandygyny barada aýdylýar. Bu taryhy wakalar biziň peýdamyz üçin ýazylypdyr (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11). Biz Mukaddes Ýazgylaryň pygamberlikleriniň ýerine ýetendigini görýäris. Şol pygamberlikleri öňünden aýdylan ýatlatmalar bilen deňeşdirse bolýar. Meselem, pygamberlikde aýdylşy ýaly «ahyrky günlerde» millionlarça adamlar Ýehowa hakykatda sežde etmäge ýygnanyşdylar (Iş. 2:2, 3). Dünýäniň erbetleşmegi-de, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetýändigini görkezýär. Bütin dünýäde uly depginde alnyp barylýan wagyz işi-de, Isanyň sözleriniň berjaý bolýandygyny aýdyň görkezýär (Mat. 24:14).
20 Ýaradyjymyz Özüniň ynama mynasyp Hudaýdygyny subut etmek üçin Mukaddes Ýazgylara ençeme wakalary ýazdyrdy. Olar bize peýda getirer ýaly näme etmeli? Biz Ýehowanyň ýatlatmalaryna iman etmeli. Rozalin uýamyz şeýle diýýär: «Men Ýehowa bil baglap başlanymda, Onuň mähirli gollary bilen goldap, güýçlendirýändigine has aýdyň göz ýetirdim». Geliň, biz hem Ýehowanyň ýatlamalaryna gulak asyp, Onuň patasyny alalyň!
a 2 Ýyl ýazgylary 34:33 Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler.
b Ýeşuwa 23:14 Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.