Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/6 sah. 25—29
  • Ruhy zatlara şatlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhy zatlara şatlanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihçiler bilen gatnaşyp şatlan
  • Wagyz edip şatlan
  • Maşgala okuwy ruhlandyrýar
  • Ruhdan düşürýän zatlardan gaça dur
  • «Meniň boýuntyrygymy dakynyň»
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • «Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Okan zatlaryňyzy gürrüň beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/6 sah. 25—29

Ruhy zatlara şatlanyň

«Meniň boýuntyrygymy dakynyň... janlaryňyz dynçlyk tapar» (MATTA 11:29).

1. Hudaý Sina dagynda beren Kanunynda näme diýdi we näme üçin?

HUDAÝYŇ Sina dagynda beren Kanunynda Sabat güni barada aýdylýardy. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllylara şeýle diýdi: «Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňüzdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar» (Müs. çyk. 23:12). Ýehowa Kanunynda halky «rahatlanar» ýaly, söýgi bilen dynç güni berdi.

2. Ysraýyllylara Sabat gününi berjaý etmek näme üçin peýdalydy?

2 Sabat güni diňe dynç almak üçin berlipdimi? Ýok, şol güni ysraýyllylara Ýehowa sežde etmek üçin berlipdi. Sabat güni maşgalabaşa maşgalasyny «dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi» öwretmäge mümkinçilik berýärdi (Gel. çyk. 18:19). Şeýle-de ysraýyllylar şol güni maşgalasy, dostlary bilen ýygnanyşyp, Ýehowanyň işleri barada çuňňur oýlanyp we şatlanyp bilýärdi (Iş. 58:13, 14). Galyberse-de, Sabat güni Isanyň müňýyllyk hökümdarlygynyň nusgasy bolup, şonda hakykatdanam şatlanjakdygymyzy görkezýär (Rim. 8:21). Şu günler barada näme diýse bolar? Ýehowanyň ýolunda ýöreýän mesihçiler nämelere we nädip şatlanyp biler?

Mesihçiler bilen gatnaşyp şatlan

3. I asyryň mesihçileri biri-birini nädip goldaýardy we bu nähili netije berdi?

3 Pawlus resul mesihçiler ýygnagyna «hakykatyň diregi hem daýanjy» diýdi (1 Tim. 3:15). I asyryň mesihçileri biri-birini ruhlandyryp, söýgüde ösüp, abatlap uly goltgy berýärdiler (Efes. 4:11, 12, 16). Pawlus resul Efesosda bolan wagty, Korintosdaky ýygnakdan gelen doganlary görüp, örän ruhlandy. Bu oňa nähili täsir edenine üns beriň: «Men Stefanyň, Fortunatusyň we Ahaýakusyň gelenine begenýärin... çünki olar meniň ruhuma... ynjalyk berdi» (1 Kor. 16:17, 18). Şonuň ýaly Titus Korintosdaky doganlara hyzmat etmek üçin iberlende, Pawlus resul şol ýerdäki ýygnaga: «Siziň baryňyz önuň göwnüni ynjaldypsyňyz» diýip ýazdy. Şu günlerem Ýehowanyň Güwäçileri imandaşlaryna göwünlik berýär (2 Kor. 7:13).

4. Bize näme üçin ýygnak duşuşyklary teselli berýär?

4 Sen ýygnak duşuşyklaryna baryp, köp şatlanýansyň. Biz ýygnakda «biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapýarys» (Rim. 1:12). Dogan-uýalarymyz ýygy-ýygydan görüşýän ýöne bir tanyşlarymyz däl. Olar biziň söýýän we sylaýan dostlarymyz. Biz olar bilen ýygnakda duşuşyp, şatlanýarys we teselli tapýarys (Flm. 7).

5. Biz kongreslerde biri-birimizi nädip ruhlandyryp bileris?

5 Şeýle-de biz kongreslere gatnaşyp şatlanýarys. Bu uly duşuşyklar Hudaýyň Sözündäki ýaşaýyş berýän hakykat suwundan içip, «göwnümizi giň tutmaga» ýardam berýär (2 Kor. 6:12, 13). Biz tanyşmaga çekinsek näme? Kongresde kömegimizi teklip edip, dogan-uýalar bilen tanşyp bileris. Halkara kongresine gelen dogan-uýalara we kongres geçirilýän ýeri arassalamaga kömek eden bir uýa şeýle diýýär: «Men ol ýerde maşgalamdan we birnäçe dostlarymdan başga hiç kimi tanamaýardym. Emma kongres geçirilýän ýeri arassalamaga kömek edip, köp dogan-uýalar bilen tanşyp, begendim!»

6. Biz işden we okuwdan rugsat günleri nämä şatlanyp bileris?

6 Ysraýyllylar Iýerusalime sežde etmek üçin ýylda üç gezek barýardy (Müs. çyk. 34:23). Olar Iýerusalime barmak üçin ekin meýdanlaryny we dükanlaryny goýup, tozanly ýoldan birnäçe gün pyýada ýöreýärdiler. Hudaýyň halky ybadathana baranda Ýehowany şöhratlandyryp, şatlandylar (2 Tar. 30:21). Şu günlerem Ýehowanyň Güwäçileri maşgalasy bilen Beýtele, ýagny Ýehowanyň Güwäçileriniň golaýdaky filialyna baryp, ruhlanýarlar. Sen işden we okuwdan indiki rugsat günleri maşgalaň bilen Beýtele gitmegi planlaşdyrsaň gowy bolardy.

7. a) Nähili oturşyk göwnüňi göterýär? b) Oturşyk ýatdan çykmaz we tertipli bolar ýaly näme etmeli?

7 Maşgalaň we dost-ýarlaryň bilen oturyşyk etmek hem göwnüňi göterýär. Akyldar Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Ynsan üçin iýip-içip çeken zähmetiniň hözirini görmekden başga gowy zat ýokdur» (Wag. 2:24). Şeýle oturşykdan diňe bir lezzet alman, eýsem imandaşlaryňa bolan söýgiň artýar we olar bilen ýakyndan tanyşýarys. Eger oturşyga az adam çagyrylsa, esasanam spirtli içgiler berlende gözegçilik edilse, bu duşuşyk ýatdan çykmaz we tertipli bolar.

Wagyz edip şatlan

8, 9. a) Isanyň hoş habarynyň kanunçylaryň we fariseýleriň öwredýän zatlaryndan näme tapawudy bardy? b) Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz etmek näme üçin peýdaly?

8 Isa yhlasly wagyz edip, şägirtlerini hem yhlasly wagyz etmäge höweslendirýärdi. Bu onuň şeýle diýen sözlerinden görünýär: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» (Mat. 9:37, 38). Isanyň wagyz eden «hoş habary» hakykatdanam göwünlik berýärdi (Mat. 4:23; 24:14). Bu fariseýleriň adamlara berýän kyn düzgünlerinden örän tapawutlanýardy (Matta 23:4, 23, 24-nji aýatlary okaň).

9 Biz adamlara Hudaýyň patyşalygy barada wagyz edende, olaryň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty özleşdirip, oňa bolan minnetdarlygymyzy artdyrýarys. Mezmurçy şeýle diýdi: «Rebbe sena ediň, çünki Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr; sena ýakymly we ýaraşyklydyr» (Zeb. 147:1). Sen wagyzda Ýehowany şöhratlandyryp begenýärmiň?

10. Üstünlikli wagyz etmegimiz adamlaryň hoş habara seslenmegine baglymy? Düşündiriň.

10 Dogrudadan-da, käbir ýerlerde adamlar başga ýerlere garanda hoş habary gowy kabul edýärler (Resullaryň işleri 18:1, 5—8-nji aýatlary okaň). Eger ýaşaýan ýeriňde adamlar hoş habara biperwaý garasalar, wagzyň gowy taraplaryna üns bermäge çalyş. Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin edýän tagallamyzyň boş däldigini unutma (1 Kor. 15:58). Galyberse-de, üstünlikli wagyz etmegimiz adamlaryň hoş habara seslenmegine bagly däl. Biz Ýehowanyň akýürekli adamlary görýändigine we olara hoş habary kabul etmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys (Ýahýa 6:44).

Maşgala okuwy ruhlandyrýar

11. Ýehowa ata-enelere nähili jogapkärli borjy ynandy we olar ony nädip ýerine ýetirip biler?

11 Hudaýdan gorkýan ata-eneler çagalaryny Ýehowa we onuň kada-kanunlary barada öwretmäge jogapkärli (Kan. tag. 11:18, 19). Ata-eneler, çagalaryňyza söýgüden doly Atamyz barada öwretmek üçin belli bir wagt sarp edýärsiňizmi? Şeýle wajyp borjy ýerine ýetirip, maşgalaňyzyň ruhy zerurlygyny kanagatlandyrar ýaly, Ýehowa bol ruhy iýmit, ýagny kitaplar, žurnallar, audioýazgylar we wideofilmler bilen üpjün edýär.

12, 13. a) Hepdede bir agşam maşgala okuwyny geçirmek näme üçin peýdaly? b) Ata-eneler maşgala okuwyny nädip gyzykly geçirip biler?

12 Şeýle-de sadyk hem akylly hyzmatkär maşgala okuwy üçin hepdede bir agşamy boşadar ýaly aladamyzy etdi. Şol sebäpli, maşgalaň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin her hepde bir agşam wagt tapmaly. Mesihçileriň köpüsi maşgala okuwynyň biri-birine bolan söýgüsini artdyryp, agzybir edendigine we Ýehowa ýakynlaşdyrandygyna göz ýetirdiler. Ata-eneler maşgala okuwyny nädip gyzykly geçirip biler?

13 Maşgala okuwyny ýürekgysgynç we talap ediji ýagdaýda geçirmeli däl. Sebäbi biz «mübärek Hudaýa» sežde edýäris we Ýehowa biziň şatlanyp sežde etmegimizi isleýär (1 Tim. 1:11; Flp. 4:4). Gyzyldan gymmatly hakykat barada pikir alyşmak uly bereketdir. Ata-eneler döredijilik we oýlap tapyjylyk ukyby arkaly her-hili ýollar bilen öwredip biler. Meselem, on ýaşly Branden atly oglana ata-enesi «näme üçin Mukaddes Ýazgylarda Şeýtan ýylana meňzedilýär?» diýen soraga jogap tapmagy ýumuş berdi. Bu sorag Brandeni örän biynjalyk edýärdi, sebäbi ol ýylanlary gowy görýärdi we Şeýtanyň ýylana meňzedilýändigine gynanýardy. Käbir maşgalalarda käwagt maşgalanyň her bir agzasy öz roluny Mukaddes Ýazgylaryň parçalaryndan okaýar ýa-da bir wakany sahnalaşdyrýar. Şeýle sahnalar çagalar üçin diňe bir gyzykly bolman, eýsem, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler olaryň ýüreginde ornaşara.

Ruhdan düşürýän zatlardan gaça dur

14, 15. a) Soňky günlerde nähili aldalar köpelip, ertirki güne ynamyň gaçýar? b)Biz ýene-de nähili kynçylyga duş gelýäris?

14 Zalym dünýäniň soňky günlerinde aladalar köpelip, ertirki güne ynamyň gaçýar. Millionlarça adamlar işsizlikden we ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Hatda işleýän adamlar hem köplenç öýüne getirýän gazanjynyň ýyrtyk kisä atylýan ýaly maşgalasyny eklemäge ýetmeýändigini bilýärler (Haggaý 1:4—6-nji aýatlary deňeşdiriň). Syýasy we başga ýolbaşçylar terrorizmi we zalymlygy ýok edip bilmeýändigine göz ýetirýärler. Adamlaryň köpüsi bolsa, öz kemçiliklerinden ýaňa göwnüçökgünlige düşýär (Zeb. 38:4).

15 Mesihçiler hem Şeýtanyň dünýäsinde kynçylyklara we yzarlamalara duş gelýär (1 Ýahýa 5:19). Käwagt Isanyň şägirtleri Ýehowa wepaly galmak üçin hem başga-da kynçylyga duşýarlar. Isa: «Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar» diýdi (Ýahýa 15:20). Ýöne biz yzarlansak-da, «terk edilen däldiris» (2 Kor. 4:9). Näme üçin?

16. Bize şatlanmaga näme kömek eder?

16 Isa şeýle diýdi: «Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin» (Mat. 11:28). Biz Isanyň töleg gurbanyna berk iman edip, özümizi Ýehowa tabşyrýarys. Bize «iň üstün gudrat» berilýär (2 Kor. 4:7). «Kömekçi», ýagny Hudaýyň mukaddes ruhy imanymyzy şeýle berkider welin, diňe bir synaglara we kynçylyklara döz gelmän, eýsem, hemişe şatlanarys (Ýahýa 14:26; Ýakup 1:2—4).

17, 18. a) Biz nämä garşy durmaly? b) Bar ünsümizi zalym dünýäniň höweslerine bersek, näme bolar?

17 Şu günler mesihçiler keýpe kowalaşýan dünýäniň erbet täsirine garşy durmaly (Efesliler 2:1—5-nji aýatlary okaň). Ýogsa biz «ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligiň» duzagyna düşüp bileris (1 Ýahýa 2:16). Biz ten höwesleri lezzet berýändir öýdüp, ýalňyşmagymyz mümkin (Rim. 8:6). Meselem, käbir adamlar keýp almak üçin narkotik edýär, spirtli içgileri içýär, pornografiýa seredýär, howply sport bilen meşgullanýar we kanuna garşy gelýän işleri edýär. Şeýtan «hileleri» arkaly lezzet almak barada nädogry düşünje berip adamlary aldaýar (Efes. 6:11).

18 Çeni-çaky bilen iýmegiň, içmegiň we göwün açmagyň hiç hili erbetligi ýok. Emma bu zatlar durmuşymyzda esasy orun eýelemeli däl. Biz soňky günlerde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutup, paýhasly bolmaly we özümize erk etmeli. Nebsimize çapsak, ruhdan düşeris we «Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz» bolarys (2 Pet. 1:8).

19, 20. Biz nädip hakykatdan şatlanyp bileris?

19 Pikirimiz Ýehowanyň kada-kanunyna laýyk gelende, biz bu dünýäniň keýpi-sapasynyň geçegçidigine Musa ýaly düşünýäris (Ýew. 11:25). Biz gökdäki Atamyzyň islegini berjaý etsek, hakykatdanam kalbymyzda rahatlyk duýarys, begenjimiziň çägi bolmaz we kanagat taparys (Mat. 5:6).

20 Biz ruhy zatlardan hemişe şatlanyp bileris. Şeýtmek bilen biz «hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip, mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşarys» (Titus 2:12). Geliň, Isanyň hökümdarlygyna tabyn bolup, görkezmesine eýerip, onuň boýuntyrygyny dakynmagy ýüregimize düweliň. Şeýtsek, biz şatlanarys we bagtly bolarys!

a Maşgala okuwyny gyzykly we peýdaly geçirmek barada goşmaça maglumaty 2009-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 29—31-nji sahypalaryna seret.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Şu günler Ýehowanyň halky nämelere şatlanýar?

• Adamlara wagyz edip, hem olary, hem özümizi nädip şatlandyryp bileris?

• Maşgalabaşy maşgala okuwyny nädip gyzykly geçirip biler?

• Bizi nämeler ruhdan düşürýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş