Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/1 sah. 7—11
  • Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA ÝEŞUWA BILENDI
  • ÜSTÜNLIK GAZANAR ÝALY NÄME ETMELI?
  • OLAR BATYRGAÝ HEREKET ETDILER
  • JANYNY HOWP ASTYNA SALAN ADAMLAR
  • ÝEHOWA BIZIŇ BILENDIR!
  • «Batyr we mert boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Biz batyrgaý bolup bileris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/1 sah. 7—11

Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!

«Dözümli hem mert bol... Hudaýyň Reb seniň bilendir». ÝEŞ. 1:9

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýeşuwa iman we batyrgaýlyk görkezmek üçin näme etmelidi?

  • Batyrgaý adamlaryň haýsysy sizi ruhlandyrýar?

  • Iman we batyrgaýlyk görkezen adamlaryň haýsysynyň göreldesi size wagyz etmäge kömek edip biler?

1, 2. a) Kynçylyklara hötde gelmäge haýsy häsiýetler kömek edýär? b) Siz iman sözüne nähili düşünýärsiňiz? Mysal getiriň.

ÝEHOWA gulluk etmek şatlyk getirýär. Emma biz ähli adamlar ýaly kynçylyklara uçraýarys we «dogrulyk üçin görgi görýäris» (1 Pet. 3:14; 5:8, 9; 1 Kor. 10:13). Kynçylyklara hötde gelmek üçin, bize iman we batyrgaýlyk gerek.

2 Iman näme? Pawlus resul şeýle diýdi: «Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» (Ýew. 11:1). Başga terjimede bolsa, şeýle diýilýär: «Iman bu hususy zadyňy tassyklaýan resminama. Iman gözüň bilen görüp bolmaýan zada ynamdyr» (The Simple English Bible). Eger bizde emlägimiziň resminamasy bar bolsa, biz onuň öz zadymyzdygyna doly ynamly bolýarys. Biz Hudaýyň ähli aýdan sözlerini berjaý etjekdigine ynanýarys, bu bolsa gymmatly resminama elimizde duran ýalydyr. Biziň imanymyz Mukaddes Ýazgylarda berilýän wadalaryň ýerine ýetişini görjekdigimize we «gözüň bilen görüp bolmaýan» zadyň bardygyna ynamly edýär.

3, 4. a) Batyrgaýlyk näme? b) Imany we batyrgaýlygy ösdürmek üçin näme etmeli?

3 Batyrgaýlyk — bu kynçylyklarda we howply ýagdaýlarda «ruhy, duýgy, ahlak taýdan dogumly we gorkman geplemegi hem-de hereket etmegi» aňladýar (The New Interpreter’s Dictionary of the Bible). Eger biz batyrgaý bolsak, onda ähli ýagdaýda berk, mert we gaýduwsyz bolup bileris (Mar. 6:49, 50; 2 Tim. 1:7).

4 Biziň ählimiz imanly we batyrgaý bolmak isleýäris. Emma käte bize iman we batyrgaýlyk ýetmeýän ýaly bolýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle häsiýetleri görkezen müňlerçe adamlaryň mysallary bar. Geliň, bu häsiýetleri ösdürmek üçin olaryň käbirine seredeliň.

ÝEHOWA ÝEŞUWA BILENDI

5. Ýeşuwa berlen tabşyrygy üstünlikli berjaý etmek üçin näme etmelidi?

5 Geliň, häzir 3 500 ýyl mundan ozal bolan waka seredeliň. Millionlarça ysraýyllylaryň Ýehowanyň güýçli gollary astynda Müsür gulçulygyndan çykanyna 40 ýyl geçipdi. Şonda bu halka Musa ýolbaşçylyk etdi. Ol 120 ýaşynda Wada edilen diýara uzakdan syn edip, Nebo dagynda dünýäden ötdi. Onuň ýerine «paýhaslylyk ruhundan doly» bolan Ýeşuwa (Ýeşuw) bellendi (Kan. tag. 34:1—9). Ysraýyllylar Kengan ýurduny basyp almaga taýýarlanýardylar. Ýeşuwa üstünlikli ýolbaşçylyk etmek üçin Hudaýyň akyldarlygy gerekdi. Şeýle-de ol Ýehowa iman edip, batyrgaý hem gaýduwsyzdygyny subut etmelidi (Kan. tag. 31:22, 23).

6. a) Ýeşuwa 23:6-a görä, biz mert bolmak üçin näme etmeli? b) Biz Resullaryň işleri 4:18—20 we 5:29-daky sözlerden näme öwrenýäris?

6 Ýeşuwanyň Kengan ýurduny basyp alanda görkezen mertligi, akyldarlygy we imany ysraýyllary ruhlandyran bolmaly. Emma uruşda edermen bolmakdan başga-da, olara Ýeşuwanyň beren görkezmesine eýermek üçin batyrgaýlyk hem gerekdi. Ýeşuwa ömrüniň ahyrynda şu sözleri aýtdy: «Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň» (Ýeş. 23:6)a. Ýehowa hemişe gulak asmak üçin bize-de batyrgaýlyk gerek. Adamlar Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlary etmegi talap edenlerinde, bu häsiýet has-da wajyp (Resullaryň işleri 4:18—20; 5:29-njy aýatlary okaň). Şeýle ýagdaýlarda biz Ýehowa doga edip, Oňa bil baglasak mert bolup bileris.

ÜSTÜNLIK GAZANAR ÝALY NÄME ETMELI?

7. Ýeşuwa batyrgaý bolup, üstünlik gazanar ýaly näme etmelidi?

7 Hudaýyň islegini berjaý edip biler ýaly batyrgaýlyk gerek. Munuň üçin biz Onuň Sözüni çuňňur özleşdirip, durmuşymyzda ulanmaly. Ýeşuwa Musanyň ýerine bellenende, Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir... Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (Ýeş. 1:7, 8). Ýeşuwa bu maslahata eýerip, «işlerinde üstünlik» gazandy. Biz hem onuň göreldesine eýersek, Hudaýa gulluk edenimizde batyrgaý bolarys we üstünlik gazanarys.

2013-nji ýylyň ýyllyk aýady: «Dözümli hem mert bol... Hudaýyň Reb seniň bilendir» (Ýeşuwa 1:9).

8. 2013-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we bu sözler bize nädip kömek eder?

8 Ýeşuwa Ýehowanyň şu sözlerini eşidende has-da ruhlanan bolmaly: «Dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!» (Ýeş. 1:9). Ýehowanyň bu sözleri bize-de degişli. Geliň, biz hem kynçylyklara uçranymyzda, «gorkmalyň we dowla düşmäliň». Esasan-da, biz şu sözlere üns bermeli: «Dözümli hem mert bol... Hudaýyň Reb seniň bilendir!» Bu sözler 2013-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde saýlandy. Bu aýatdaky sözler, iman we batyrgaýlyk görkezen adamlaryň göreldesi bütin ýylyň dowamynda güýjümize güýç goşar.

OLAR BATYRGAÝ HEREKET ETDILER

9. Rahaw nädip iman we batyrgaýlyk görkezdi?

9 Ýeşuwa iki içalyny Kengan ýurduna iberende, kemçin aýal Rahaw olary gizläp, duşmanlara başga ýoly salgy berdi. Rahaw batyrgaý we iman bilen hereket edendigi üçin, Eriha şäheri ýykylanda ysraýyllylar ony hem-de onuň öý-içerisini halas etdiler (Ýew. 11:30, 31; Ýakup 2:25). Elbetde, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin, Rahaw ahlaksyz durmuşyny özgertdi. Käbir mesihçiler hem Hudaýa ýaranmak üçin iman bilen, batyrgaý we ahlak taýdan dogumly hereket edip, durmuşyny özgertdiler.

10. Rut nähili ýagdaýda hakyky seždäniň tarapyna geçýär we nähili bereket alýar?

10 Ýeşuwa ölenden soň, mowaply aýal Rut hakyky seždäniň tarapyna geçmek üçin batyrgaýlyk görkezdi. Ol ysraýylly adama durmuşa çykýar we soňra dul galýar. Rut Ýehowa barada käbir zatlary bilen bolmaly. Onuň dul galan gaýynenesi Nagomy Mowapdan Ysraýylyň Beýtullaham şäherine dolanmagy ýüregine düwýär. Ol ýolda Ruta öz ýurduna dolanmagy haýyş edýär, emma mowaply Rut oňa şeýle jogap berýär: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme... Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» (Rut 1:16). Rut aýdyşy ýaly-da edýär. Mundan birnäçe wagt geçenden soň, Nagomynyň garyndaşy Bowaz Ruta öýlenýär we olaryň ogly bolýar. Onuň neslinden bolsa, Dawut we Isa dogulýar. Hawa, Ýehowa batyrgaýlyk we iman bilen hereket edýänleri patalaýar (Rut 2:12; 4:17—22; Mat. 1:1—6).

JANYNY HOWP ASTYNA SALAN ADAMLAR

11. Ýehoýada bilen Ýehoşeba nädip batyrgaýlyk görkezdiler we onuň netijesi nähili boldy?

11 Hudaý Öz islegini we imandaşlarynyň bähbidini özüniňkiden ýokary tutýan mesihçileri goldaýar. Muny bilmek bizi batyrgaý bolmaga höweslendirýär we imanymyzy berkidýär. Geliň, baş ruhany Ýehoýada bilen onuň aýaly Ýehoşebanyň mysalyna seredeliň. Ahaziýa patyşa ölenden soň, onuň ejesi Ataliýa patyşanyň tohum-tijiniň baryny öldürip, tagty eýeleýär. Emma Ahaziýanyň ogly Ýowaş diri galýar. Sebäbi Ýehoýada bilen Ýehoşeba janyny howp astyna salyp, ony halas edýärler we ony alty ýyl gizläp saklaýarlar. Ýedinji ýyl Ýehoýada bilen Ýehoşeba ony patyşa edip yglan edýärler we Ataliýany ölüme tabşyrýarlar (2 Pat. 11:1—16). Soňra Ýowaş patyşa Ýehoýadanyň goldawy bilen ybadathanada bejeriş işlerini geçirýär. Ýehoýada 130 ýaşap dünýäden ötende, ony «Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli... patyşalaryň ýanynda jaýladylar» (2 Tar. 24:15, 16). Ýehoýada we onuň aýalynyň görkezen batyrgaýlygy Dawudyň nesil şejeresini gorady, çünki bu nesilden Mesih gelmelidi.

12. Ebetmelek nähili batyrgaýlyk görkezdi?

12 Sidkiýa patyşanyň köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýa (Ýeremiýa) pygamber üçin janyny howp astyna salýar. Ýahudanyň ýolbaşçylary Ýermeýa töhmet atýarlar we patyşa pygamberi olaryň eline tabşyrýar. Olar Ýermeýany öldürmek üçin, ony läbikli guýa taşlaýarlar (Ýer. 38:4—6). Ebetmelek bolsa, Ýermeýa pygamberi halas etmek üçin özüni howp astyna salyp, Sidkiýa patyşa ýüz tutýar. Patyşa Ýeremiýany halas etmek üçin, oňa 30 sany adam berýär. Soňra babyllylar Iýerusalimi gabanda, Hudaý Ebetmelegi halas etjekdigini Ýermeýa arkaly wada berýär (Ýer. 39:15—18). Ol batyrgaýlygy üçin Hudaýyň sylagyny alýar.

13. Üç ýewreý ýigidi nähili batyrgaýlyk görkezdi we biz bu wakadan näme öwrenip bileris?

13 Hudaý iman we batyrgaýlyk görkezýän adamlary sylaglaýar. Muny b. e. öň VII asyrda Ýehowanyň üç ýewreý gullukçysy bilen bolan waka aýdyň görkezýär. Nebukadnesar patyşa Babylyň ýokary derejeli adamlaryny ýygnap, olardan altyndan ýasalan heýkele sežde etmegini talap etdi. Sežde etmedik adam ýanyp duran kürä, ýagny peje taşlanmalydy. Üç ýewreý ýigidi Nebukadnesar patyşa hormat bilen şeýle diýdiler: «Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý — bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder. Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun, biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris» (Dan. 3:16—18). Bu üç ýewreý ýigidiň halas edilişi hakda Danyýel (Daniýel) 3:19—30-njy aýatlarda örän gowy beýan edilýär. Biz şeýle synaga duçar bolmasak-da, aýypsyzlygymyz synalanda görkezen imanymyzy we batyrgaýlygymyzy Hudaýyň sylaglajakdygyna ynanyp bileris.

14. Danyýel kitabynyň 6-njy babyna görä, Danyýel nähili batyrgaýlyk görkezdi we munuň netijesi nähili boldy?

14 Danyýel-de iman we batyrgaýlyk görkezipdi. Onuň duşmanlary Darýuş patyşa ýüzlenip, ony şeýle perman çykarmaga yrdylar: «Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn». Danyýel bu permana gol çekilendigini eşiden badyna öýüne gaýtdy. «Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi» (Dan. 6:6—10). Şonda batyrgaý Danyýeli ýolbarsly çukura taşlasalar-da, Ýehowa ony halas edýär (Dan. 6:16—23).

15. a) Akila bilen Priskilla imanyny we batyrgaýlygyny nädip görkezdi? b) Isanyň 13:34-däki aýdan sözleri näme aňladýar we mesihçileriň köpüsi şeýle söýgini nädip görkezdiler?

15 Akila bilen Priskilla Pawlus üçin «öz janlaryny howp astyna saldylar», ýöne bu barada Mukaddes Ýazgylarda jikme-jik aýdylmaýar (Res. iş. 18:2; Rim. 16:3, 4). Olar Isanyň şu aýdan sözlerine eýerip, batyrgaýlyk görkezdiler: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň» (Ýahýa 13:34). Musanyň kanunynda ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmelidigi barada aýdylýar. Emma Isanyň beren «täze» tabşyrygyna görä, ýakynyňy diňe bir söýmek bilen çäklenmän, eýsem onuň üçin öz janyňy gurban etmäge-de taýyn bolmaly. Mesihçileriň köpüsi şeýle söýgini görkezip, imandaşlary üçin öz «janyny howp astyna saldylar», ýogsam, dogan-uýalar duşmanyň eline düşerdiler, olary gynardylar, hatda öldürerdiler (1 Ýahýa 3:16-ny okaň).

16, 17. Geçmişde ýaşan mesihçiler synaglarda imanyny nädip görkezdiler we şuňa meňzeş synaglarda biziň günlerimizdäki mesihçiler imanyny nädip görkezdiler?

16 Irki mesihçiler hem Isa ýaly diňe Ýehowa sežde etdiler we batyrgaýlyk görkezdiler (Mat. 4:8—10). Olar Rim imperatorynyň şanyna buhur ýakmakdan boýun gaçyrdylar (Surata serediň). Taryhçy Deniýel P. Manniks şeýle ýazdy: «Amatly bolar ýaly, meýdançada üstünde ot ýanyp duran gurbanlyk sypasy goýulsa-da, diňe ýek-tük mesihçi imandan dändi. Tussag edilen adamdan talap edilýän zat: ol bary-ýogy bir çümmük buhury alyp, oduň üstüne sepmelidi, soňra oňa gurbanlyk şahadatnamasy berilýärdi we ony azat edýärdiler. Şeýle-de oňa imperatora sežde etmändigi we diňe ony Rim döwletiniň ýolbaşçysy hökmünde Hudaý tarapyn iberilen adam hasaplandygy jikme-jik düşündirilýärdi. Muňa garamazdan, bir mesihçi-de bu mümkinçilikden peýdalanmandyr» (Those About to Die).

17 XX asyrda faşistleriň konslagerindäki mesihçiler Ýehowadan dänseler, olara azatlyga çykmaga mümkinçilik berilýärdi. Emma ýek-tük mesihçi muňa razy boldy. Ruandada taýpa arasyndaky gyrgynçylykda tutsi we hutu taýpasyna degişli mesihçiler biri-birini goradylar. Hawa, şeýle synaglarda batyrgaýlyk we iman gerekdi.

ÝEHOWA BIZIŇ BILENDIR!

18, 19. Mukaddes Ýazgylardaky iman we batyrgaýlyk görkezen adamlaryň mysaly bize wagyz işini ýerine ýetirmäge nädip kömek edip biler?

18 Biz şu günler dogan-uýalar bilen birlikde, Ýehowanyň beýik işine, ýagny Patyşalyk habaryny wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga gatnaşýarys. Bu biziň üçin uly hormat! (Mat. 24:14; 28:19, 20). Biz Isanyň görkezen ajaýyp göreldesine örän minnetdar! «Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi» (Luka 8:1). Şonuň ýaly bize-de Patyşalyk habaryny wagyz etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerek. «Hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turjakdygy» barada gaýduwsyz güwälik eden «dogrulyk wagyzçysy» Nuh ýaly, biz-de Hudaýyň kömegi bilen batyrgaý wagyz edip bileris (2 Pet. 2:4, 5).

19 Wagyz işini ýerine ýetirer ýaly doga etmeli. Mesihiň şägirtlerini yzarlanlarynda, olar «Hudaýyň sözüni» batyrgaýlyk bilen aýdar ýaly doga etdiler. Ýehowa-da olaryň dogasyna jogap berdi (Resullaryň işleri 4:29—31-nji aýatlary okaň). Eger siz öýden-öýe wagyz etmäge ýaýdanýan bolsaňyz, Ýehowa siziň-de iman we batyrgaýlyk barada eden dogaňyza jogap berer (Zebur 66:19, 20-nji aýatlary okaň)b.

20. Ýehowanyň gullukçylarynda nähili goldaw bar?

20 Bu zalym we erbet dünýäde Hudaýyň ýolunda ýöremek aňsat bolmaýar, emma biz ýeke däldiris. Hudaý biziň bilendir! Onuň Ogly bolsa, ýygnaga Ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de biziň bütin dünýäde 7 milliondan gowrak imandaşlarymyz bar. Geliň, ählimiz bilelikde, iman hem-de batyrgaýlyk bilen hoş habary wagyz edeliň we 2013-nji ýylyň ýyllyk aýadyndaky: «Dözümli hem mert bol... Hudaýyň Reb seniň bilendir» diýen sözleri unutmalyň (Ýeş. 1:9).

a Şundan şeýläk Ýewreý ýazgylaryndan getirilen aýatlar «Mukaddes Ýazgylar terjime instituty, 2012» kitabyndan alnar. Emma Zebur we Süleýmanyň tymsallary kitaplaryndan getirilen aýatlar «Araz Parwişiň» terjimesinden alnar.

b Batyrgaýlyk görkezen adamlar barada köpräk bilmek üçin, 2012-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňindäki» «Batyr we mert boluň» atly makala serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş