Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/6 sah. 17—21
  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZIŇ GOŇŞYMYZ KIM?
  • BIZ GOŇŞYMYZA SÖÝGIMIZI NÄDIP GÖRKEZIP BILERIS?
  • SÖÝGIŇI BILDIRMEGIŇ AJAÝYP USULY
  • HAKYKY SÖÝGINIŇ NUSGASY
  • GOŇŞYŇY ÖZÜŇI SÖÝŞÜŇ ÝALY SÖÝ
  • Goňşyňy söýmek näme
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Siz «goňşyňyzy özüňiz ýaly söýýärmisiňiz»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/6 sah. 17—21

«Goňşyňy özüň ýaly söý»

«Ikinji (tabşyryk) hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý“». MAT. 22:39

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biziň goňşymyz kim?

  • Goňşymyza söýgini bildirip bilýändigimizi we onuň wajypdygyny nireden bilýäris?

  • 1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlarda söýginiň nähili aýratynlyklary agzalýar?

1. Isanyň aýtmagyna görä, kanundaky iň uly ikinji tabşyryk näme?

BIR GEZEK fariseý Isany synajak bolup, oňa şeýle sorag berdi: «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa oňa şeýle jogap beripdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý“. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr». Soňra Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý“» (Mat. 22:34—39).

2. Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 Isanyň aýtmagyna görä, biz goňşymyzy özümizi söýşümiz ýaly söýmeli. Şol sebäpli biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Biziň goňşymyz kim? Biz goňşymyza söýgimizi nädip görkezip bileris?»

BIZIŇ GOŇŞYMYZ KIM?

3, 4. a) «Meniň goňşym kim?» diýlen soraga Isa haýsy tymsal arkaly jogap berdi? b) Samariýaly adam ýehuda nädip kömek etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Belki-de, biz golaýymyzda ýaşaýan adamlary we dost-ýarlarymyzy goňşymyz hasaplaýandyrys (Sül. tym. 27:10). Geliň, özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýen adama Isanyň näme jogap berendigine seredeliň. Şonda Isa samariýaly adam baradaky tymsaly gürrüň berdi (Luka 10:29—37-nji aýatlary okaň). Tymsalda garakçylar tarapyndan talanan, urlan we ölümiň bäriýany edip taşlanan adam barada gürrüň edilýär. Ýaralanan adama ysraýylly ruhany we lewili däl-de, Musanyň kanunyna hormat goýýan samariýaly kömek edýär. Ýehudylar bolsa samariýalylary ýigrenýärdiler (Ýahýa 4:9).

4 Samariýaly ýagşy adam talanan adamyň ýaralaryna şerap guýup, zeýtun ýagyny çalýar. Soňra ony myhmanhana eltip, onuň eýesine iki dinar berýär we iki gün onuň aladasyny etmegi haýyş edýär (Mat. 20:2). Şu tymsalda kimiň özüni hakyky goňşy ýaly alyp barandygyna düşünmek kyn bolmasa gerek. Biz Isanyň bu tymsalyndan goňşymyza söýgimizi we duýgudaşlyk bildirmegi öwrenip bileris.

Ýehowanyň gullukçylary goňşusyna höwes bilen söýgüsini bildirýärler 5-nji abzasa serediň)

5. Tebigy betbagtçylykda Ýehowanyň gullukçylary goňşusyny söýýändiklerini nädip görkezdiler?

5 Şu günler samariýaly ýaly oňat adamlar seýrek duş gelýär. Sebäbi bu zalym dünýäniň «soňky günlerinde» adamlar mukaddeslikden mahrum, zalym we ýagşylyga duşman bolýarlar (2 Tim. 3:1—3). Bu, esasan-da, tebigy betbagtçylyk bolanda aýdyň görünýär. Geliň, 2012-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Nýu-Ýork şäherinde bolan «Sendi» harasady turanda näme bolandygyna seredeliň. Şäheriň weýran bolan ýerlerinde adamlar elektrik çyrasynyň, pejiň we başga-da gerekli zatlaryň ýokdugy sebäpli ejir çekýärdiler. Emma ogrular bu ýagdaýdan peýdalanyp, ýaşaýjylary talaýardylar. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa imandaşlaryna we başga adamlara kömek edýärdiler. Sebäbi olar goňşularyny söýýärler. Goňşyňy söýýändigiňi ýene-de nädip görkezip bolýar?

BIZ GOŇŞYMYZA SÖÝGIMIZI NÄDIP GÖRKEZIP BILERIS?

6. Biz wagyz işine gatnaşmak bilen nämäni görkezýäris?

6 Adamlara ruhy taýdan kömek ediň. Biz «Ýazgylaryň tesellisi arkaly» adamlara ruhy taýdan kömek edýäris (Rim. 15:4). Biz olara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty yhlasly gürrüň berip, söýgimizi görkezýäris (Mat. 24:14). «Umyt» berýän Hudaýymyzyň Patyşalyk habaryny wagyz etmek, gör, nähili uly hormat! (Rim. 15:13).

7. Altyn düzgün näme we oňa eýerýänler nähili bereket alýarlar?

7 Altyn düzgüne eýeriň. Isa bu düzgüni Dagdaky wagzynda aýdypdy: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur» (Mat. 7:12). Biz Isanyň şu maslahatyna gulak assak, «Kanundaky», ýagny Töwratdaky we «Pygamberler ýazgylaryndaky», ýagny Zebur hem-de pygamberleriň kitaplaryndaky prinsiplere eýerdigimiz bolar. Bu Ýazgylardan görnüşi ýaly, Hudaý adamlara söýgi bildirýän gullukçylaryna bereket berýär. Meselem, Ýehowa Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň... Muny edýän ynsan... nähili bagtly!» (Iş. 56:1, 2). Biz goňşymyzy söýüp, olar bilen özümizi dogruçyl alyp barsak, Hudaýyň patasyny alarys we bagtly bolarys.

8. Biz duşmanymyzy näme üçin söýmeli we bu nähili netije berip biler?

8 Duşmanyňyzy söýüň. Isa şeýle diýdi: «Siz: „Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, Gökdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş okaň» (Mat. 5:43—45). Pawlus resul hem bu pikiri nygtap: «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa gandyr» diýdi (Rim. 12:20; Sül. tym. 25:21). Musanyň kanunyna görä, adam duşmanynyň malynyň agyr ýük astynda ýatandygyny görse, oňa kömek etmelidi (Müs. çyk. 23:5). Biz bu maslahatlara eýersek, duşmanlarymyz bilen dostlaşyp hem bileris. Mesihçiler adamlara söýgüsini bildirip, olaryň ýüreklerini ýumşatdylar. Biz hatda ýowuz yzarlaýan duşmanlarymyza söýgimizi bildirsek, olaryň hem hakykaty kabul etmekleri ahmal. Şeýle adamlaryň hakykata gelmegi bizi örän begendirse gerek!

9. Isa imandaşlar bilen parahatçylykda ýaşamak barada näme diýdi?

9 «Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşaň» (Ýew. 12:14). Biz imandaşlarymyz bilen parahat ýaşamak isleýäris, sebäbi Isa şeýle diýdi: «Gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» (Mat. 5:23, 24). Biz imandaşlarymyza söýgimizi bildirip, olar bilen parahat ýaşamak üçin jan etsek, Ýehowa bizi hökman patalar.

10. Biz näme üçin adamyň kemçiligini gözlemeli däl?

10 Adamyň kemçiligini gözlemäň. Isa şeýle diýdi: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň. Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňden agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň» (Mat. 7:1—5). Bu bize özüňdäki uly kemçiligi görmän, başgalaryň ujypsyzja kemçiligini görmekligiň nädogrudygyny görkezýär. Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme!

SÖÝGIŇI BILDIRMEGIŇ AJAÝYP USULY

11, 12. Goňşymyza söýgimizi bildirmegiň nähili ajaýyp usuly bar?

11 Goňşyňy söýýändigiňi görkezmegiň ajaýyp usuly bar. Isa ýaly biz hem Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris (Luka 8:1). Isa: «Bütin milletleri şägirt ediň» diýip, tabşyryk berdi (Mat. 28:19, 20). Biz bu tabşyrygy berjaý edip, goňşularymyza heläkçilige eltýän inli ýoly terk etmäge we ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ýöremäge kömek edýäris (Mat. 7:13, 14). Bu babatda biziň edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň patalajakdygyna şübhelenmän bileris.

12 Isa ýaly biz hem adamlara ruhy zerurlyklarynyň bardygyna düşünmäge kömek edýäris (Mat. 5:3). Biz «Hudaýyň Hoş Habaryna» seslenen adamlaryň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys (Rim. 1:1). Patyşalyk baradaky habary kabul edýän adamlar bolsa, Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşýarlar (2 Kor. 5:18, 19). Biz bu wajyp işe gatnaşyp, hakykatdan-da, goňşymyza söýgimizi bildireris.

13. Siz Patyşalyk baradaky ajaýyp habary wagyz etmeklige nähili garaýarsyňyz?

13 Biz adamlary ikilenç ideg edip we olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, Hudaýyň adyl kadalary boýunça ýaşamaga kömek edýäris. Bu olara durmuşyny özgertmäge ýardam edip biler (1 Kor. 6:9—11). Hudaýyň «ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlara durmuşyny özgertmäge we Özi bilen dostlaşmaga kömek edişini görmek, bizi örän ruhlandyrýar (Res. iş. 13:48). Göwnüçökgün we aşa köp alada edýän adamlaryň köpüsi begenip, gökdäki Atamyza bil baglap başlaýarlar. Hakykaty kabul edenleriň ruhy taýdan ösüşini görmek, diýseň, göwnüňi göterýär! Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde goňşyňa söýgiňi bildirmegiň hakyky şatlyk getirýändigi bilen, siz-de ylalaşsaňyz gerek?!

HAKYKY SÖÝGINIŇ NUSGASY

14. 1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlardaky söýginiň käbir aýratynlyklaryny öz sözüňiz bilen aýdyň.

14 Pawlusyň sözlerinden hakyky söýgini nädip bildirip bolýandygyny görse bolýar. Biz adamlar bilen iş salşanymyzda, Pawlusyň bu babatda beren maslahatlaryna eýersek, köp kynçylyklaryň öňüni alarys hem-de hakyky bagtyň we Hudaýyň berýän bereketleriniň eýesi bolarys (1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlary okaň). Geliň, häzir Pawlusyň söýgi barada aýdan sözlerine gysgaça seredip, olary durmuşda nädip ulanyp biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

15. a) Biz näme üçin sabyrly we şepagatly bolmaly? b) Biz göripçilikden we öwünjeňlikden näme üçin gaça durmaly?

15 «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr». Hudaý bikämil adamlara sabyrlylyk bildirýär we ýagşylyk edýär. Şol sebäpli biz hem adamlaryň kemçiliklerine, oýlanyşyksyz ýa-da gödeklik bilen aýdan sözlerine sabyrly bolmaly. «Söýgi göripçilik» edýän däldir. Hawa, hakyky söýgi adamyň zadyna ýa-da onuň ýygnakdaky borjuna göz gyzdyrmakdan saklaýar. Eger biz adamlary söýsek, özümizi öwüp, tekepbirlik bilen geplemeris. Sebäbi «badyhowa gözler, tekepbir ýürek we erbetleriň çyrasy günädir» (Sül. tym. 21:4).

16, 17. Biz 1 Korintoslylar 13:5, 6-njy aýatlardaky sözlere nädip eýerip bileris?

16 Söýgi bizi «goňşymyz» bilen özümizi edepli alyp barmaga höweslendirýär. Şol sebäpli biz adamlary aldamarys, ogurlyk etmeris, Hudaýyň kanunlaryna we prinsiplerine garşy gelýän zatlardan gaça durarys. Şeýle-de söýgi bizi öz bähbidimizi ileri tutman, adamlaryň aladasyny etmäge höweslendirer (Flp. 2:4).

17 Hakyky söýgi «gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir». Eger bizde şeýle söýgi bolsa, adamlaryň eden ýamanlyklaryny hasaba alyp ýörmeris (1 Sel. 5:15). Emma içimizde hylt saklasak, Hudaýa ýaranyp bilmeris we adamyň göwnüne degip, zordan ýanyp duran peltäni söndüren ýaly bolarys. Şeýlelikde, hem özümize, hem başgalara zyýan ýetireris (Lew. 19:18). Söýgi «adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr». Hatda bizi ýigrenýän adam kynçylyga uçrasa-da ýa-da adalatsyzlykdan ýaňa ejir çekse-de, biz begenmeris (Süleýmanyň tymsallary 24:17, 18-nji aýatlary okaň).

18. 1 Korintoslylar 13:7, 8-nji aýatlarda söýgi barada näme diýilýär?

18 Geliň, Pawlusyň söýgi barada aýdan başga-da sözlerine seredeliň. Onuň aýtmagyna görä, söýgi «her zada döz gelýändir». Eger kimdir biri biziň göwnümize degip, soňra ötünç sorasa, söýgi ony bagyşlamaga höweslendirýär. Söýgi Hudaýyň Sözünde ýazylan «her zada ynanýandyr». Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan ruhy iýmiti höwes bilen kabul edýäris. Şeýle-de söýgi Hudaýyň Sözündäki «her zada umyt baglaýandyr». Bu bizi gelejege bolan umydymyz barada adamlara gürrüň bermäge höweslendirýär (1 Pet. 3:15). Biz doga edip, erbet ýagdaýlaryň gowulaşjakdygyna ynanýarys. Söýgi «her zada çydaýandyr». Bize garşy günä etseler-de, yzarlamalara sezewar bolsak-da ýa-da başga kynçylyklara uçrasak-da, biz bularyň ählisine çydaýarys. Şeýle-de «söýgi asla tükenmez». Bu bolsa Hudaýa gulak asýan adamlaryň söýgini ebedi bildirjekdigini görkezýär.

GOŇŞYŇY ÖZÜŇI SÖÝŞÜŇ ÝALY SÖÝ

19, 20. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahat goňşymyzy hemişe söýmäge höweslendirmeli?

19 Biz Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara eýersek, mundan beýläk-de, goňşymyza söýgimizi bildireris. Biz söýgini diňe öz milletimizdäki adamlara däl-de, hemmelere bildirmeli. Şeýle-de biz Isanyň «goňşyňy özüň ýaly söý» diýen sözlerini unutmaly däl (Mat. 22:39). Hawa, Hudaý hem-de Isa Mesih biziň goňşymyzy söýmegimize garaşýar. Eger biz käbir ýagdaýlarda adamlar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyzy bilmesek, onda Hudaýa doga edip, mukaddes ruhuň görkezmesini dilemeli. Bu bize Ýehowanyň patasyny almaga we adamlary söýmäge kömek eder (Rim. 8:26, 27).

20 «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýen tabşyryga «patyşalyk kanuny» diýilýär (Ýakup 2:8). Pawlus Musanyň kanunyndaky käbir tabşyryklara salgylanyp, şeýle diýdi: «„Goňşyňy özüň ýaly söý“. Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir» (Rim. 13:8—10). Diýmek, biz goňşymyza söýgimizi hemişe bildirmeli.

21, 22. Biz Hudaýy we goňşymyzy näme üçin söýmeli?

21 Biz şu makalada goňşymyzy näme üçin söýmelidigimiz barada gürrüň etdik. Bu bize Isanyň Atasy barada aýdan şu sözlerini ýatladýar: «(Ýehowa) Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Mat. 5:43—45). Goňşymyz gowy adam bolsa-da, bolmasa-da, biz oňa söýgimizi bildirmeli. Ýokarda agzalyşy ýaly, adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip, söýgiňi bildirmek örän wajypdyr. Adam hoş habara seslenip, ony ýürekden kabul etse, ol Hudaýyň berýän bereketleriniň eýesi bolar!

22 Hawa, Ýehowany bütin durkumyz bilen söýmäge ençeme sebäpler bar. Goňşymyza söýgini bildirmegiň hem usullary az däl. Biz Hudaýa hem-de goňşymyza söýgimizi bildirsek, Isanyň bu barada beren tabşyryklaryna gulak asýandygymyzy görkezeris. Galyberse-de, biz söýgüden doly gökdäki Atamyzyň göwnünden turarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş